Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Geçmişden sapak. Pawlus

Geçmişden sapak. Pawlus

Geçmişden sapak. Pawlus

Pawlus resul özüniň bikämildigine düşünýärdi. Ol muny şeýle sözler bilen düşündirýär: «Dogry zat edesim gelende, erbetlik peýda bolýar». Ýöne Pawlusyň ýüregi päkdi. Ol: «Men içki dünýämde Hudaýyň kanunyndan diýseň lezzet alýaryn» diýip ýazýar. Onda Pawlus näme sebäpden dogry işleri edip bilmeýärdi? Ol: «Bedenimde başga bir kanuny görýärin. Ol aňymdaky kanuna garşy söweşip, meni bedenimdäki günä kanunyna ýesir edýär» diýýär. Onuň ýalňyşlyklary bagtly bolmagyna päsgel berýärdi. Şol sebäpli: «Ne biçäre adam men!» diýip belläp geçýär (Rimliler 7:21—24).

Sen hem ýalňyşlyk goýbereniňde özüňi bagtsyz duýýarmyň? Eger şeýle bolsa, Pawlusyň hem käte bu duýgulary başdan geçirendigini ýatdan çykarma! Emma ol Isa Mesihiň bikämil adamlar üçin ölendigine düşünýärdi. Şonuň üçinem «Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaýa minnetdardyryn!» diýen sözleri aýdýar (Rimliler 7:25). Pawlus resul töleg gurbanynyň hut özüne berlen sowgatdygyna düşünýärdi. Ol şeýle ýazýar: «Hudaýyň Ogly... meni söýdi we meniň üçin janyny gurban etdi» (Galatýalylar 2:20). Senem lapykeç bolanyňda, Isanyň töleg gurbany hakda pikirlen! Onsoňam, ýalňyşlyklaryň sebäpli ruhdan düşeniňde, Isanyň kämil adamlar üçin däl-de, günäli adamlar üçin ölendigini hiç haçan ýadyňdan çykarma!