Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BAP

«Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý wagyz etdiler»

«Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý wagyz etdiler»

Pawlus bilen Barnabas pesgöwünli boldy, batyrgaý hem yhlasly wagyz etdi

Resullar 14:1—28

1, 2. Listrada nähili wakalar boldy?

 LISTRADAN goh-galmagalyň, şatlyk-şowhunyň sesi gelýärdi, sebäbi adamlaryň gözüniň alnynda dogabitdi maýyp adam ýöräp başlaýar. Ony sagaldan adamlary şäheriň ýaşaýjylarynyň hiç biri tanamaýardy. Adamlar gudrat görkezen iki adamy taňrydyr öýdýärler. Zewsiň ruhanysy olara geýdirer ýaly täç getirýär, birgiden öküzleri gurban berjek bolýar. Adamlar hem olara sežde etjek bolýar. Şol iki adam Pawlus bilen Barnabasdy. Ýöne doganlar ýalbaryp, donlaryny ýyrtyp, adamlary saklajak bolýarlar.

2 Köp wagt geçip-geçmänkä, Antakyýadan we Ikoniýadan gelen ýehudylar Listradaky adamlary Pawlus bilen Barnabasa garşy öjükdirýär. Ýaňky Pawlusa sežde etjek bolup duran adamlary indi tanar ýaly däldi. Olar Pawlusy özünden gidýänçä daşlaýarlar. Soňra ölendir öýdüp şäheriň daşyna süýräp çykarýarlar-da, taşlap gaýdýarlar.

3. Şu bapda haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Pawlus bilen Barnabas Listra şäherine gelmänkä nähili wakalar boldy? Şu günler wagyzçylar Pawlusdan, Barnabasdan, Listra şäherinde bolan wakadan näme öwrenip bilerler? Ýaşulular Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý wagyz eden Pawlusdan we Barnabasdan nähili görelde alyp biler? (Res. 14:3).

Köp adamlar iman etdiler (Resullar 14:1—7)

4, 5. Pawlus bilen Barnabas näme üçin Ikoniýa bardylar? Ol ýerde näme boldy?

4 Şondan birnäçe gün öň, Pawlus bilen Barnabas Pisidiýanyň Antakyýa şäherinde wagyz edipdi. Ýehudylaryň käbiri olara garşy çykyp, şäherden kowup goýberdi. Adamlar diňlemese-de, olar ruhdan düşmediler, gaýtam «aýagynyň tozanyny kakyp» şäherden çykyp gaýtdylar (Res. 13:50—52; Mat. 10:14). Pawlus bilen Barnabas adamlara gaharlanman, olary Hudaýa tabşyrdy (Res. 18:5, 6; 20:26). Şeýle garşylyklar doganlaryň birjik-de badyny gowşatmady. Olar başga şäherlere wagyz etmäge gitdiler. Doganlar günorta-gündogara tarap takmynan 150 kilometr ýol geçensoň, Toros bilen Soltan dag gerişleriniň arasyndaky düzlüge bardylar.

5 Pawlus bilen Barnabas başda Ikoniýa şäherine barýar. Ol Rimiň Galatýa welaýatyndaky uly şäherleriň biridi a. Grek medeniýetiniň bolsa ösen ýeridi. Ikoniýa şäherinde köp ýehudylar we ýehudy dinine geçen başga milletli adamlar ýaşaýardy. Ikoniýadaky adamlar köplenç sinagoga barýardylar. Şonuň üçin Pawlus bilen Barnabas hem sinagoga baryp wagyz edip başladylar (Res. 13:5, 14). Olar şeýle gowy wagyz etdiler welin, «köp ýehudylar we grekler iman etdiler» (Res. 14:1).

6. Pawlus bilen Barnabas nädip adamlaryň ýüregine täsir edip bildi? Biz olardan näme öwrenip bileris?

6 Pawlus bilen Barnabas nädip köp adamlaryň ýüregine täsir edip bildi? Pawlus mukaddes kitaplary şeýle gowy bilýärdi welin, bilimi daş ýarýardy. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek üçin mukaddes kitaplardaky wakalary, pygamberlikleri we Musanyň kanunyny ökdelik bilen düşündirýärdi (Res. 13:15—31; 26:22, 23). Barnabas bolsa adamlary gowy görýärdi, olaryň aladasyny edýärdi (Res. 4:36, 37; 9:27; 11:23, 24). Ýöne doganlaryň ikisi hem öz düşünjesine däl-de, Ýehowanyň kömegine bil baglaýardy. Bizem Pawlus bilen Barnabasdan ökdelik bilen wagyz etmegi öwrenip bileris. Munuň üçin Mukaddes Kitaby, haýsy aýatlaryň gyzyklanýan adamyň ýüregine täsir etjekdigini bilmeli. Şeýle-de adamlara göwünlik bermegi öwrenmeli. Olara öz sözümizi däl-de, Hudaýyň Sözüni öwretmeli.

7. a) Adamlar hoş habara nähili seslenýärler? b) Dogan-garyndaşlarymyz näme sebäpden garşy çykyp biler?

7 Pawlus bilen Barnabasyň aýdan habary Ikoniýadakylaryň köpüsine ýakmady. Lukanyň aýtmagyna görä, «iman etmedik ýehudylar... başga milletli adamlaryň aňyny zäherläp, doganlara garşy öjükdirdiler». Doganlar «Ikoniýada esli wagt bolup... batyrgaý wagyz etmeli» diýen netijä geldiler. Sebäbi şol ýerde hoş habary diňlejek adamlar köpdi. Şeýlelikde, «şäheriň halky... iki topara bölünip, biri ýehudylary, beýlekisi resullary goldady» (Res. 14:2—4). Şu günlerem adamlaryň köpüsi hoş habary diňlese, käbirleri ýüz öwürýär, üstesine, garşy hem çykýar (Mat. 10:34—36). Siziňem dogan-garyndaşlaryňyz Ýehowa sežde edýändigiňiz üçin garşy çyksa, ruhdan düşmäň. Adamlar köplenç biz barada ýalan gep-gürrüňleri aýdyp, olaryň aňyny zäherleýär. Ýöne siz ýagşy edim-gylymyňyz bilen olaryň aýdýan gep-gürrüňleriniň ýalandygyny subut edip bilersiňiz. Şonda bize garşy çykýan dogan-garyndaşlarymyzyň hem garaýşy üýtgär (1 Pet. 2:12; 3:1, 2).

8. Pawlus bilen Barnabas näme üçin Ikoniýa gaýtdy? Olardan näme öwrenip bilýäris?

8 Biraz wagtdan soň şäheriň ýaşaýjylary dil düwşüp, Pawlus bilen Barnabasy daşlajak bolýarlar. Doganlar muny bilip, başga şäherlere wagyz etmäge gidýärler (Res. 14:5—7). Şu günlerem mesihçiler haçan, nirede, nädip wagyz etmelidigini gowy bilýärler. Meselem, adamlar olar barada ýalan gep-gürrüňleri aýtsalar, dymyp durman batyrgaýlyk bilen wagyz edýärler (Flp. 1:7; 1 Pet. 3:13—15). Ýöne özleriniň ýa-da dogan-uýalaryň janyna howp abananda paýhasly hereket edýärler, özlerini oda urmaýarlar (Nak. 22:3).

Biribary tanadyň (Resullar 14:8—19)

9, 10. Listra şäheri nirede ýerleşýärdi? Onuň ýaşaýjylary nähilidi?

9 Pawlus bilen Barnabas Ikoniýadan günorta-günbatara tarap 30 kilometr ýol geçip, Rimiň golastyndaky Listra şäherine gelýärler. Listra bilen Pisidiýanyň Antakyýa şäheri köp zatda meňzeşdi. Ýöne Listrada ýehudylar köp däldi. Listradaky adamlar grek dilinde geplän bolmaly. Aslynda, olaryň ene dili likoniýalylaryň dilidi. Belki-de, şäherde sinagoga bolan däldir. Şonuň üçin hem Pawlus bilen Barnabas köpçülik ýerinde wagyz edýärler. Edil Petrusyň Iýerusalimde maýyp adamy sagaldyşy ýaly, Pawlus hem Listrada dogabitdi ýöräp bilmeýän adamy sagaldýar (Res. 14:8—10). Petrusyň eden gudratyny görüp, köp adamlar iman edipdi (Res. 3:1—10). Ýöne Pawlusyň gudratyny gören adamlar düýbünden başgaça hereket etdiler.

10 Listrada ýaşaýan adamlar ýalan taňrylara ynanýardylar. Olar dogabitdi maýyp adamyň sagalandygyny görüp, Pawlus bilen Barnabasa taňrydyr öýdýärler. Şonuň üçin olar Barnabasa grekleriň esasy taňrysy Zewsiň, Pawlusa bolsa Zewsiň ogly we taňrylaryň habarçysy Germesiň adyny dakýarlar (« Listrada Zews we Germes taňrylaryna sežde edilýär» diýen çarçuwa serediň). Ýöne Pawlus bilen Barnabas halka özleriniň taňry däldigini aýtdylar. Şeýle-de olar wagyz etmäge we gudrat görkezmäge hak Hudaý Ýehowanyň kömek edendigini düşündirjek boldular (Res. 14:11—14).

«Ýeri-gögi... ýaradan Biribara sežde ediň» (Resullar 14:15)

11—13. a) Pawlus bilen Barnabas Listradaky adamlara näme diýdi? b) Doganlaryň aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

11 Adamlar nähili seslense-de, Pawlus bilen Barnabas wagyz etmegini goýmadylar. Luka Pawlus bilen Barnabasyň Listranyň ýaşaýjylaryna aýdan sözlerini ýazýar. Onuň ýazan sözlerinden Hudaýa iman etmeýän adamlara nädip wagyz etmelidigini öwrenýäris. Pawlus bilen Barnabas adamlara şeýle diýdiler: «Adamlar, edýäniňiz näme? Bizem siziň ýaly adam ahyryn. Biz siziň biderek zatlardan el çekip, ýeri-gögi, deňzi we olardaky zatlary ýaradan Biribara sežde etmegiňiz üçin hoş habary wagyz edýäris. Hudaý geçmişde ähli halklara islän zatlaryny etmäge ýol beripdi. Emma ol ýagşylyk edip, özi hakda şaýatlyk edýärdi. Hudaý gökden ýagmyr ýagdyrýardy, möwsüminde bol hasyl berip doýurýardy we ynsan kalbyny şatlykdan doldurýardy» (Res. 14:15—17).

12 Pawlus bilen Barnabasyň Listradaky adamlara wagyz edişinden üç zady öwrense bolýar. Birinjiden, olar adamlardan özlerini ýokary tutmadylar. Olar maýyp adamy sagaldany üçin özlerine buýsanmadylar, gaýtam pesgöwünli bolup: «Biziňem sizden üýtgeşik ýerimiz ýok» diýdiler. Aslynda, Pawlus bilen Barnabasa buýsanara zat köpdi. Ýehowa olara mukaddes ruhuny berýärdi. Olar Hudaý barada hakykaty bilip, ýalan däp-dessurlardan azat bolupdylar. Şeýle-de olaryň Isa bilen gökde höküm sürmäge umydy bardy. Ýöne Pawlus bilen Barnabas bir zada düşünýärdi: eger Listradaky adamlar Ýehowa iman etse, olaram Hudaýdan şol bereketleri alyp bilýärdi.

13 Bizem wagyz edenimizde Pawlus bilen Barnabas ýaly pesgöwünli bolýarysmy ýa-da özümizi ýokary tutup öwünýäris? Çarlz Teýz Rassel dogan gowy görelde galdyrdy. Ol XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda wagyz işine gözegçilik eden ökde mugallymlaryň biridi. Rassel dogan şeýle ýazypdyr: «Gazanan üstünliklerimiz üçin adamlaryň bizi arşa galdyryp, mukaddes ata ýa mugallym diýmeklerini islemeýäris». Rassel doganam Pawlus bilen Barnabas ýaly pesgöwünlidi. Bizem şol doganlar ýaly, at-abraý gazanmak üçin däl-de, adamlara «Biribary» tanatmak üçin wagyz edýäris.

14—16. Pawlus bilen Barnabasyň wagyz edişinden ýene nämeleri öwrenýäris?

14 Ikinjiden, Pawlus bilen Barnabas adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, şoňa görä bolýardy. Listradaky adamlar Ikoniýadaky ýehudylardan we ýehudy dinine geçen adamlardan tapawutlanýardy. Olaryň käbiri mukaddes kitaplary, Hudaýyň ysraýyl halkyna eden ýagşylyklary hakda biraz bilýärdi, käbirleri asla bilmeýärdi. Ýöne Pawlus bilen Barnabasy diňläp duran adamlaryň köpüsi daýhandy. Listrada ýagyş köp ýagansoň, adamlar ýerden bol hasyl alýardy. Olar mes toprakly ýerden bol hasyl alanlarynda, süýji-süýji ir-iýmişleri iýenlerinde Ýaradyjynyň ýagşylyklaryny, häsiýetlerini görüp bilýärdiler. Şonuň üçinem Pawlus bilen Barnabas Hudaýyň ýaradan zatlary hakda wagyz etdi (Rim. 1:19, 20).

15 Bizem Pawlus bilen Barnabas ýaly, wagyz edenimizde adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup bileris. Geliň, bir mysala seredeliň. Daýhan şol bir tohumy dürli ýerlere sepmek isleýär. Ýöne ol ýeri ekişe taýýarlamak üçin dürli usullary ulanýar. Käbir ýerler ýumşak bolansoň, tohumy şol bada sepip bolýar. Käbir ýerlere bolsa tohumy sepmezden öň, topragy ýumşadyp gowy taýýarlamaly bolýar. Patyşalyk baradaky hoş habary hem tohuma meňzetse bolýar. Biz adamlara şol bir habary aýdýarys, ýagny şol bir tohumy sepýäris. Ýöne ekin meýdanlarynyň dürli-dürli bolşy ýaly, adamlaram dürli-dürli. Şonuň üçin biz wagyz edenimizde Pawlus bilen Barnabasdan görelde alyp, adamlaryň ýagdaýyny, dini garaýşyny göz öňünde tutmaga jan edýäris. Eger şeýle etsek, adamlara wagyz edenimizde dürli usullary ulanarys (Luka 8:11, 15).

16 Üçünjiden, biz näçe jan etsegem, käte sepen tohumymyzy Şeýtan sogrup alýar ýa-da ol daşlyk ýere düşýär (Mat. 13:18—21). Eger sizde-de şeýle bolan bolsa, ruhdan düşmäň. Pawlus Rimdäki şägirtlere şeýle sözleri ýazypdy: «Her birimiz (wagyz eden adamlarymyz hem) eden işlerimiz üçin Hudaýyň öňünde jogap bereris» (Rim. 14:12).

Olary «Ýehowa Hudaýyna tabşyrdylar» (Resullar 14:20—28)

17. Pawlus bilen Barnabas Derbi şäherinden gaýdansoň nirä gitdiler we näme üçin?

17 Listranyň adamlary Pawlusy ölendir öýdüp, şäheriň daşyna taşlap gidýärler. Ýarygije şägirtler gelip oňa kömek edýärler we şähere alyp gidýärler. Ertesi gün Pawlus bilen Barnabas 100 kilometr uzakda ýerleşýän Derbi şäherine gidýär. Göz öňüne getiriň, Pawlusy daşlanlaryna köp wagtam geçmändi. Ol endam-janyndaky agyrylardan ýaňa her bir ädimini zordan basýardy, şonda-da agyrylaryna çydap, uzak ýoly geçýär. Pawlus bilen Barnabas Derbä baransoň, «birnäçe adama şägirt bolmaga kömek etdiler». Derbi şäheri Siriýanyň Antakyýa şäherinden uzakda däldi. Ýöne olar öýlerine gitmän, yzyna «Listra, Ikoniýa, (Pisidiýanyň) Antakyýa» şäherine gaýtdylar. Doganlar şol şäherlere näme üçin gitdiler? Olar «şägirtleri ruhlandyrdylar we imanda berk durmaga höweslendirdiler» (Res. 14:20—22). Gör, nähili ajaýyp görelde! Pawlus bilen Barnabas özlerine amatly bolmasa-da, dogan-uýalaryň imanyny berkitmek üçin şol şäherlere dolandylar. Etrap gözegçileri we missioner dogan-uýalaram Pawlus bilen Barnabasdan görelde alýarlar.

18. Ýygnakda ýaşulular nädip bellenýär?

18 Pawlus bilen Barnabas diňe şägirtleri ruhlandyrman, ýygnaklarda ýaşululary hem bellediler. Doganlar mukaddes ruh arkaly saýlananam bolsa, «agyz bekläp, doga edip... ýaşululary... Ýehowa Hudaýyna tabşyrdylar» (Res. 13:1—4; 14:23). Şu günlerem ýygnaklarda ýaşulular şeýdip bellenýär. Dogan ýaşuly bellenmänkä, ýygnagyndaky ýaşulular maslahaty doga edip, onuň Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelýändigine ýa-da gelmeýändigine seredýärler. Soňra şol dogany ýaşuly bellemäge teklip edýärler (1 Tim. 3:1—10, 12, 13; Tit. 1:5—9; Ýak. 3:17, 18; 1 Pet. 5:2, 3). Ýaşulular şol doganyň köp wagtdan bäri mesihçi bolandygyna däl-de, gep-sözüne, özüni alyp barşyna, ýygnakdaky abraýyna üns berýärler. Onuň ýaşaýşyndan mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýändigi görünmeli. Eger dogan Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelýän bolsa, ýygnakda ýaşuly bellenip biler (Gal. 5:22, 23). Ýygnakda hyzmatçylary we ýaşululary etrap gözegçisi belleýär (1 Timoteos 5:22-ni deňeşdiriň).

19. Ýaşulular näme üçin dogan-uýalaryň aladasyny edýärler? Olar Pawlus bilen Barnabasdan nädip görelde alýarlar?

19 Ýaşulular ýygnagyň aladasyny edişi hakda Hudaýyň öňünde hasabat bererler (Ýew. 13:17). Olar Pawlus bilen Barnabas ýaly, dogan-uýalara wagyz etmäge kömek edýärler, ruhlandyrýarlar, imanyny berkidýärler. Şeýle-de ýaşulular öz peýdasyny däl-de, hemişe dogan-uýalaryň peýdasyny gözleýärler (Flp. 2:3, 4).

20. Yhlasly dogan-uýalaryň wagyz edişi hakda näme üçin okamaly?

20 Pawlus bilen Barnabas köp şäherlere aýlanyp, Siriýadaky Antakyýa şäherine dolanyp gelenlerinde, «Hudaýyň kömegi bilen eden işlerini we başga halklaryň iman edişini gürrüň berdiler» (Res. 14:27). Biz dogan-uýalaryň yhlasly wagyz edişi, Ýehowanyň olara bereket berişi hakda okanymyzda örän ruhlanýarys. Şol dogan-uýalar ýaly, bizem «Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý wagyz ederis».

a « Ikoniýa — frigiýalylaryň şäheri» diýen çarçuwa serediň.