Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI BAP

«Biragyzdan makul bildik»

«Biragyzdan makul bildik»

Ýolbaşçylyk maslahatynyň gelen karary ýygnaklary agzybir edýär

Resullar 15:13—35

1, 2. a) Iýerusalimdäki Ýolbaşçylyk maslahaty haýsy soraglaryň jogabyny bilmelidi? b) Olara dogry karara gelmäge näme kömek etdi?

 RESULLAR we ýaşulular Iýerusalimdäki otaga ýygnanyşypdylar. Otagyň içi dym-dyrslykdy, hiç kimden ses-üýn çykmaýardy. Olar wajyp meseläni çözmelidi. Orta atylan mesele ýöne-möne mesele däldi. Sünnetlenmek meselesi başga-da wajyp meseleler bilen baglanyşyklydy. Ýolbaşçylyk maslahaty belli bir karara gelmek üçin şu soraglaryň jogabyny bilmelidi: mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamalymy? Ýehowa ýehudylary başga milletli mesihçilerden ýokary tutýarmy?

2 Jogapkär doganlar sünnetlenmek meselesi bilen bagly aýatlary, bolup geçen wakalary ýatladylar. Olar Hudaýyň Sözündäki pygamberliklere we Ýehowanyň başga milletli adamlary kabul edýändigi hakdaky subutnamalara seretdiler. Doganlaryň hemmesi öz bilýän zatlaryny, pikirlerini açyk aýtdylar. Belli bir karara geler ýaly maglumat köpdi. Ýehowa-da mukaddes ruhy arkaly islegine düşünmäge kömek edýärdi. Indi doganlar Ýehowanyň görekezmesine gulak asarmy?

3. Resullar 15-nji bapdan nämeleri öwreneris?

3 Mukaddes ruhuň görkezmesine eýermek üçin doganlar güýçli iman etmelidi we batyrgaý bolmalydy. Gelen karary sebäpli doganlar ýehudy dini ýolbaşçylarynyň gözüne has-da ýigreniji görünerdi. Onsoňam, ýygnakdaky dogan-uýalaryň hem käbiriniň Ýolbaşçylyk maslahatynyň gelen kararyna gulak asasy gelmezdi, sebäbi Musanyň kanuny olaryň aňyna, ganyna siňendi. Olar Hudaýyň halky şol kanun boýunça ýaşamaly diýip pikir edýärdiler. Ýolbaşçylyk maslahaty nähili karara geler? Muny şu bapdan bileris. Şeýle-de biz häzirki Ýolbaşçylyk maslahatynyň I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatyndan nähili görelde alýandygy barada gürrüň ederis. Biz hem belli bir karara gelmeli bolanda, kynçylyklar ýüze çykanda olardan köp zatlary öwrenip bileris.

«Pygamberler kitabynda hem» aýdylýar (Resullar 15:13—21)

4, 5. Ýakup haýsy sözlere salgylandy?

4 Belki-de, şol duşuşygy Isanyň inisi Ýakup alyp barandyr a. Ol söze başlap, pikirini aýdýar. Onuň pikiri bilen beýleki doganlar hem ylalaşandyr. Ýakup duşuşyga ýygnanan doganlara şeýle diýýär: «Simonyň birin-birin gürrüň berişi ýaly, Hudaý başga milletli adamlary saýlap, adyny göterjek halky döredýär. Pygamberler kitabynda hem: (şeýle) ... diýilýär» (Res. 15:14, 15, 18).

5 Ýakup Simony, ýagny Simun Petrusy we Barnabas bilen Pawlusy diňledi. Belki-de, Ýakubyň Ýehowanyň görkezmesine düşünmäge kömek etjek aýatlar ýadyna düşendir (Ýah. 14:26). Ýakup Amos 9:11, 12-nji aýatlardaky sözleri aýtdy. Amos kitaby ýewreý ýazgylarynyň soňky böleginde ýerleşýär. Ýewreý ýazgylarynyň şol bölegine «Pygamberler kitaby» hem diýilýär (Mat. 22:40; Res. 15:16—18). Belki-de, siz Ýakubyň şol sözleriniň häzirki Amos kitabyndaky sözlere gabat gelmeýändigine üns berensiňiz. Ýakup şonda «Septuagintany», ýagny ýewreý ýazgylarynyň grek terjimesini ulanan bolmaly.

6. Doganlara Hudaýyň islegine düşünmäge mukaddes kitaplar nädip kömek etdi?

6 Ýehowa Amos pygamber arkaly «Dawudyň çadyryny» dikeltjekdigini pygamberlik etdi. Pygamberlige görä, Dawudyň nesline patyşalyk berilýär we Mesihi Patyşalyk döredilýär (Hyz. 21:26, 27). Hudaýyň Patyşalygy diňe ysraýyl halky üçin dikeldilermi? Pygamberlikde «ähli milletli» adamlaryň ýygnanyp, Hudaýyň «adyny göterýän» halk boljakdygy aýdylýar. Petrus resul hem «iman edendikleri üçin, Hudaý olaryň (başga milletleriň) ýüregini arassalap, biziň (ýehudy mesihçiler) bilen deň tutandygyny» düşündirdi (Res. 15:9). Diýmek, Hudaý diňe ýehudylara däl-de, başga milletli adamlara-da Patyşalygy miras bermek isleýärdi (Rim. 8:17; Efes. 2:17—19). Hiç bir pygamberlikde başga milletli adamlaryň sünnetlenmelidigi ýa-da Patyşalygy miras aljak bolsalar, hökman ýehudy dinine geçmelidigi aýdylmaýar.

7, 8. a) Ýakup näme diýdi? b) Ýakubyň «meniň pikirimçe» diýen sözleri nämäni aňladýar?

7 Pygamberlikleri, Petrusyň, Barnabasyň, Pawlusyň sözlerini göz öňünde tutup, Ýakup şeýle diýdi: «Meniň pikirimçe, Hudaýa iman eden başga halklaryň üstüne agyr ýük atmaly däl. Ýöne olara butlara berlen sadakalardan, ahlaksyzlykdan, haram ölen haýwanlaryň etinden we gandan gaça durmalydygyny aýdalyň. Sebäbi gadymy döwürden bäri ähli şäherlerde Musanyň sözleri wagyz edilýär, ýazan kitaplary her Sabat güni sinagogalarda okalýar» (Res. 15:19—21).

8 Ýakubyň «meniň pikirimçe» diýen sözleri soňky karara men gelýärin diýmegi aňladýarmy? Ol doganlara nähili karara gelmelidigini aýtmaga hakym bar diýjek boldumy? Ýok! Ýakup doganlara derek karara geljek bolmady. Gaýtam ol meseläni eşiden zatlaryna, Mukaddes Kitapdaky aýatlara görä çözmegi teklip etdi.

9. Ýakubyň teklibi näme üçin gowudy?

9 Ýakubyň teklibini hemmeler haladymy? Hawa, resullar hem, ýaşulular hem onuň teklibini iki elläp goldadylar. Ýakubyň teklibi näme üçin gowudy? Birinjiden, Ýakubyň teklibi başga milletli mesihçilere «agyr ýük» bolmaýardy, sebäbi olara Musanyň kanuny boýunça ýaşamak gerek däldi (Res. 15:19). Ikinjiden, şol teklip ýyllarboýy «her Sabat güni» Musanyň kanunyny okap gelen ýehudy mesihçileriň hem ynsabyna hormat goýýardy b (Res. 15:21). Ýakubyň teklibi ýehudylar bilen başga milletli mesihçileri agzybir edýärdi. Esasanam, ol Hudaýyň niýetine laýyk gelip, ony begendirýärdi. Ahyry doganlar ýygnagyň agzybirligine, parahatlygyna zyýan ýetirýän meseläni çözdüler. Şeýdip, şol doganlar häzirki ýygnaklara-da gowy görelde galdyrdylar.

1998-nji ýylda geçirilen halkara kongresde Albert Şrýoder çykyş edýär

10. Häzirki Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň göreldesine nädip eýerýär?

10 Geçen bapda aýdylyşy ýaly, şu günler hem Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň göreldesine eýerýär. Olar ähli meselede älemiň Hökümdary Ýehowanyň we ýygnagyň başy Isanyň görkezmesine eýerýär c (1 Kor. 11:3). Albert Şrýoder 1974-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bellenilýär. Ol 2006-njy ýylyň mart aýynda ýerdäki ömrüni tamamlaýar. Ol şeýle diýipdi: «Ýolbaşçylyk maslahaty her hepdäniň çarşenbe güni ýygnanyşýar. Doganlar duşuşygyň başynda doga edip, Ýehowadan mukaddes ruhy arkaly görkezme bermegini dileýärler. Olar her bir meseläni çözende we karara gelende Mukaddes Kitabyň prinsiplerini göz öňünde tutýarlar». Milton Henşel dogan hem 2003-nji ýylyň mart aýynda ýerdäki ömrüni tamamlaýança, Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk etdi. Ol Gilead mekdebiniň 101-nji klasyny gutarýan talyplara şeýle sorag berýär: «Ýer ýüzünde Mukaddes Kitaba görä karara gelýän şundan başga gurama we Ýolbaşçylyk maslahaty barmy?» Elbetde, jogaby köre mälim. Beýle gurama başga hiç ýerde ýok.

«Iki adamy... iberdiler» (Resullar 15:22—29)

11. Doganlar gelnen karary ýygnaklara nädip ýetirdiler?

11 Iýerusalimdäki Ýolbaşçylyk maslahaty biragyzdan karara-ha geldi. Indi ol gelen kararyny ýygnaklara ýetirmelidi. Ýöne ýygnakda agzybirlik bozulmaz ýaly, habary düşnikli hem ýumşaklyk bilen aýtmalydy. Doganlar muny nädip etdiler? Resullar kitabynda şeýle diýilýär: «Resullar, ýaşulular we ýygnagyň agzalary özara maslahatlaşyp, Antakyýa iki adamy ibermegi makul bildiler. Olar Barsabat diýilýän Ýahudany we Silasy saýlap, Pawlus hem Barnabas bilen iberdiler. Olar doganlaryň arasynda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärdi». Şeýle-de olar doganlara hat berip, ony Antakyýadaky, Siriýadaky, Kilikiýadaky ýygnaklara okap bermegi haýyş etdiler (Res. 15:22—26).

12, 13. a) Ýolbaşçylyk maslahaty ýygnaklara näme üçin Ýahuda bilen Silasy iberdi? b) Ýolbaşçylyk maslahaty näme üçin ýygnaklara hat ýazyp iberdi?

12 Ýahuda bilen Silas «doganlaryň arasynda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärdi». Şonuň üçin hem olar Ýolbaşçylyk maslahatynyň wekili bolup bilýärdi. Ýolbaşçylyk maslahaty ýöne ýere dört dogany ibermedi. Olar diňe bir sünnetlenmek meselesiniň çözülendigini aýtman, Ýolbaşçylyk maslahatynyň täze görkezmesini ýetirmelidi. «Saýlanan doganlar» baransoň, dürli ýerlerde ýaşaýan başga milletli mesihçiler Iýerusalimdäki mesihçiler bilen hasam agzybir boldular. Ýolbaşçylyk maslahatynyň doganlary ibereni gowy boldy. Hudaýyň halkynyň agzybirligi, söýgüsi öňküden hem berkedi.

13 Şol hatda başga milletli mesihçiler üçin anyk görkezme berlipdi. Onda diňe bir sünnetlenmek meselesi hakda däl-de, Ýehowany razy edip berekedini almak üçin näme etmelidigi ýazylan. Hatyň esasy böleginde şeýle diýilýär: «Biz mukaddes ruhuň kömegi bilen şu wajyp zatlardan başga hiç zady sizden talap etmezligi makul gördük: butlara berlen sadakalardan, gandan, haram ölen haýwanlaryň etinden we ahlaksyzlykdan gaça duruň. Şu zatlary etmeseňiz, işiňiz ugruna bolar. Sag-salamat boluň!» (Res. 15:28, 29).

14. Hudaýyň halky nädip agzybir ýaşaýar?

14 Şu günler hem Ýehowanyň Şaýatlary agzybirligi bilen tanalýar. Bütin dünýädäki 100 000-den gowrak ýygnaklarda 8 000 000-dan gowrak Ýehowanyň Şaýady bar. Olar dünýäniň dürli künjeginde ýaşasalar-da, şol bir bilimi alýarlar we şol bir işi ýerine ýetirýärler. Şeýle agzala, biri-birini ýigrenýän adamlaryň arasynda nädip agzybir ýaşap bolýar? Munuň esasy sebäbi ýygnagyň başy Isa Mesih bize anyk hem düşnükli görkezme berýär. Ol muny «wepaly hem paýhasly hyzmatkär», ýagny Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly edýär (Mat. 24:45—47). Bütin dünýädäki dogan-uýalar Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine höwes bilen gulak asyp, agzybirligiň bolmagyna goşant goşýar.

«Ruhlandylar we ýürekden begendiler» (Resullar 15:30—35)

15, 16. Ýygnaklar Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesini nähili kabul etdiler we näme üçin?

15 Resullar kitabynda doganlaryň Iýerusalimden Antakyýa gelendigi we «ähli doganlary çagyryp, haty berendigi» aýdylýar. Antakyýadaky doganlar Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesini nähili kabul etdiler? «Olar haty okap, örän ruhlandylar we ýürekden begendiler» (Res. 15:30, 31). Ýahuda bilen Silas «ençeme nutuklar bilen çykyş edip, doganlary ruhlandyrdylar we imanyny berkitdiler». Barnabas, Pawlus we käbir doganlar ýaly, Hudaýyň islegini öwredendigi üçin şol doganlara-da «pygamber» diýilýär (Res. 13:1; 15:32; 2 Mus. 7:1, 2).

16 Ýolbaşçylyk maslahatynyň karary Ýehowa-da ýarady, ýygnaklary hem ruhlandyrdy. Näme üçin? Sebäbi Ýolbaşçylyk maslahaty mukaddes ruhuň görkezmesine eýerdi. Ol Hudaýyň Sözüne esaslanyp, tüýs wagtynda anyk görkezme berdi. Şeýle-de Ýolbaşçylyk maslahaty ýygnaklara kararyny aýdar ýaly, ýumşak we mähirli doganlary iberdi.

17. Etrap gözegçileri kimlerden görelde alýarlar?

17 Şu günlerem Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň göreldesine eýerýär. Ol bütin dünýädäki ýygnaklara öz wagtynda, anyk görkezmeleri berýär. Käte Ýolbaşçylyk maslahaty kararyny etrap gözegçisiniň üsti bilen ýygnaklara ýetirýär. Şol janaýamaz doganlar ýygnaklara baryp, görkezme berýärler we dogan-uýalary ruhlandyrýarlar. Olaram Pawlus bilen Barnabas ýaly, Hudaýa gulluk etmek üçin wagtyny gaýgyrmaýarlar. «Doganlar bilen hoş habary wagyz edýärler we Ýehowanyň sözüni öwredýärler» (Res. 15:35). Ýahuda bilen Silas ýaly ençeme nutuklar bilen çykyş edip, dogan-uýalaryň imanyny berkidýärler.

18. Ýehowa halkyny näme edende ýalkaýar?

18 Häzirki agzala dünýäde bütin dünýädäki ýygnaklar nädip agzybirligi we parahatlygy saklap bilýär? Ýakup şägirt hatynda şeýle diýdi: «Gökden inýän akyldarlyk bolsa, ilki bilen päk, soňra parahat, paýhasly we gulak asmaga taýyndyr... parahatlygy döredýän adamlar üçin dogruçyllygyň miwesi parahat şertlerde ekilýändir» (Ýak. 3:17, 18). Belki-de, Ýakup şu sözleri ýazanda Iýerusalimde geçirilen duşuşygy ýadyna salandyr. Muny anyk bilmesek-de, Resullar 15-nji bapdan bir wajyp zady öwrenýäris: eger agzybir bolsak, doganlaryň berýän görkezmelerine gulak assak, Ýehowa hökman ýalkar.

19, 20. a) Görkezme berlensoň Antakyýadaky ýygnagyň agzybir bolandygy nämeden görünýär? b) Pawlus bilen Barnabas Antakyýada galyp näme etdi?

19 Ýolbaşçylyk maslahatynyň kararyny eşidensoň, Antakyýadaky ýygnakda-da agzybirlik we parahatlyk boldy. Olar Iýerusalimdäki doganlaryň gelen kararyny goldap, Ýahuda bilen Silasyň gelenine minnetdar boldular. Resullar 15:33-de: «Olar Antakyýada birnäçe wagt bolandan soň, ýerli doganlar olary ýagşy arzuwlar bilen ugratdylar» diýilýär d. Ýahuda bilen Silas gören-eşiden zatlaryny gürrüň berende Iýerusalimdäki doganlaram begenendirler. Ýehowanyň kömegi bilen şol doganlar özlerine tabşyrylan ýumşy gowy ýerine ýetirdiler.

20 Sünnetlenmek meselesi çözlensoň, Pawlus bilen Barnabasam Antakyýada galdy. Olar bar güýjüni we ünsüni wagyz işine berdiler. Şu günler etrap gözegçileri hem ýygnaklary idänlerinde şeýle edýärler (Res. 13:2, 3). Etrap gözegçileri Ýehowadan uly bereket! Indiki bapda Ýehowanyň Pawlus bilen Barnabasa nähili ýumuşlary tabşyrandygyny, olary nädip goldandygyny bileris.

Ýehowa Ýolbaşçylyk maslahaty we onuň wekilleri arkaly halkynyň ruhy taýdan aladasyny edýär

a « Ýakup — „Halypamyzyň dogany“» diýen çarçuwa serediň.

b Ýakup Musa pygamberiň ýazan kitaplaryna salgylanýar. Musanyň kitaplarynda diňe Kanun däl-de, Hudaýyň adamlardan nämä garaşýandygy we olara islegini nädip düşündirendigi hakda ýazylan. Meselem, 1 Musa kitabyndan Hudaýyň gana, biwepalyga we butparazlyga garaýşyny bilip bolýar (1 Mus. 9:3, 4; 20:2—9; 35:2, 4). Diýmek, Ýehowanyň prinsipleri ähli adamlara, hatda ýehudylara-da, başga milletli adamlara-da degişlidi.

c « Ýolbaşçylyk maslahaty nämeleri edýär?» diýen çarçuwa serediň.

d Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde 34-nji aýatda Silasyň Antakyýada galandygyny görkezýän sözler ýazylan («Korol Ýakowyň terjimesi»). Ýöne şol sözler Resullar kitaby ýazylandan soň goşulan bolmaly.