Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mukaddes Ýazgylary näme üçin okamaly?

Mukaddes Ýazgylary näme üçin okamaly?

Siz Mukaddes Ýazgylary okap gördüňizmi? Dünýäde Mukaddes Ýazgylar ýaly giňden ýaýran kitap ýokdur. Ol adamlara göwünlik we umyt berýär, ondaky berilýän maslahatlar bolsa durmuşdaky kynçylyklary ýeňmäge kömek edýär. Emma şu günler köp adamlar Mukaddes Ýazgylar bilen tanyş däl. Siz Hudaýa ynansaňyz-da, ynanmasaňyz-da bu kitap barada bilesiňiz gelýändir. Bu broşýura size Mukaddes Ýazgylar barada umumy düşünje almaga kömek eder.

MUKADDES ÝAZGYLARY okap başlamazdan öň, ol barada käbir zatlary bilseňiz peýdaly bolar. Mukaddes Ýazgylar 66 kitapdan ybarat. Ol Gelip çykyş kitabyndan başlap, Ylham kitaby bilen tamamlanýar.

Mukaddes Ýazgylaryň awtory kim? Bu örän gyzykly sowal. Mukaddes Ýazgylary takmynan 1 600 ýylyň dowamynda 40-a golaý adam ýazýar. Emma şol adamlaryň hiç biri özüni Mukaddes Ýazgylaryň awtory hasaplamandyr. Ony ýazan bir adam: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamydyr» diýdi (2 Timoteos 3:16). Başga biri bolsa: «Ýehowanyň ruhy men arkaly gepledi, Onuň sözi dilimdedir» diýdi (2 Şamuwel 23:2). Diýmek, olar Mukaddes Ýazgylaryň awtorynyň älemiň Hökümdary Ýehowa Hudaýdygyny aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, Hudaý özüni adamlara tanatmak isleýär.

Mundan başga-da, Mukaddes Ýazgylara düşünmek üçin ýene-de bir wajyp zady bilmeli. Mukaddes Ýazgylaryň bir esasy temasy bar. Hudaý gökdäki Patyşalygy arkaly adamzadyň üstünden höküm sürmäge haklydygyny tassyklar. Bu tema Gelip çykyş kitabyndan tä Ylham kitabyna çenli eriş-argaç bolup geçýär.

Geliň, indi bütin dünýä belli bolan Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüň edeliň.

^ abzas 9 Bu broşýuradaky «b. e.» — «biziň eramyz», «b. e. öň» — «biziň eramyzdan öň» diýmegi aňladýar. Siz muny her sahypanyň aşagyndaky wagt uzynlygynda görersiňiz.