Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY BÖLÜM

Akyldar patyşa Süleýman

Akyldar patyşa Süleýman

Ýehowa Süleýman patyşa paýhasly ýürek berýär; Süleýmanyň hökümdarlygynda ysraýyllylar parahatlykda we bagtly ýaşaýar

EGER patyşa we onuň halky Ýehowany öz Hökümdary edip kabul etse, onuň kanunlaryna gulak assa, ýaşaýyş nähili bolardy? Muny Süleýman patyşanyň 40 ýyl hökümdarlyk eden döwründe ýaşan halkyň durmuşy görkezýär.

Dawut ölüminiň öňüsyrasynda ogly Süleýmany patyşa edip belleýär. Hudaý Süleýmanyň düýşünde näme isleginiň bardygyny soraýar. Süleýman halka adalatly we paýhas bilen kazylyk eder ýaly, Hudaýdan akyldarlyk hem-de düşünje dileýär. Bu Ýehowa ýaraýar we oňa akyldarlyk hem düşünje berýär. Eger ol Hudaýa gulak assa, Ýehowa oňa baýlyk, şöhrat we uzak ömür berjekdigini hem wada edýär.

Süleýman akyldarlygy bilen tanalýar. Bir gezek onuň ýanyna iki aýal ýaňy doglan çagany getirýär. Olaryň ikisi-de bäbejigiň ejesidigini aýdyp, bu meseläni çözüp bermegi soraýarlar. Süleýman oglanjygy ikä bölüp, her aýala bir bölegini bermeli diýen karar çykarýar. Aýallaryň biri razylaşýar, ýöne çaganyň hakyky ejesi ony beýleki aýala bermegi haýyş edýär. Süleýman bu aýalda ene söýgüsini görüp, çaganyň hakyky ejesidigine düşünýär we oglanjygy oňa berýär. Tizden bütin ysraýyl halky Süleýmanyň çykaran kararyny eşidip, onda Hudaýyň akyldarlygynyň bardygyna düşünýär.

Süleýman Ýehowa ybadathana gurup, uly üstünlik gazanýar. Iýerusalimdäki bu ajaýyp ybadathana Ysraýylda seždäniň merkezi bolup hyzmat etmelidi. Ybadathananyň dabaraly açylyşynda, Süleýman şeýle doga edýär: «Ine, Seni gök, gökleriň gögi özüne sygdyryp bilmeýär, meniň bu salan öýüm nämejik!» (1 Patyşalar 8:27).

Süleýmanyň at-abraýy başga ýurtlara-da, hatda Arabystandaky Şebä hem ýetýär. Şebäniň melikesi Süleýmanyň şöhratyny, baýlygyny görmäge we onuň çuňňur akyldarlygyny synamaga gelýär. Süleýmanyň akyldarlygy we Ysraýylyň gülläp ösüşi melikä örän täsir edýär, ol Ýehowa şeýle akyldar patyşany belländigine alkyş aýdýar. Hawa, Süleýman Ýehowanyň ak patasy bilen hökümdarlyk edýär. Şol sebäpli Ysraýyl taryhda görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösýär we abadanlaşýar.

Gynansak-da, Süleýman Ýehowanyň akyldarlygyny gymmat saýman başlaýar. Ol Hudaýyň tabşyrygyny ret edip, özüne ýüzlerçe aýal alýar, olaryň köpüsi ýalan taňrylara sežde edýär. Bu aýallar onuň ýüregini kem-kemden azdyryp, Ýehowadan daşlaşdyrýar we ol butlara sežde edýär. Ýehowa Süleýmana patyşalygynyň elinden alynjagyny aýdýar. Ýöne Dawudyň hatyrasyna patyşalygyň bir bölegini onuň neberesine galdyrýar. Süleýman hak Hudaýa gulluk etmegini bes etse-de, Ýehowa Dawut bilen baglaşan Patyşalyk ähtine wepaly galýar.

1 Patyşalar 1—11-nji, 2 Taryhlar 1—9-njy baplaryna we Kanun taglymaty 17:17-ä esaslanýar.