Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

15-NJI BÖLÜM

Ýesirlikdäki pygamber görnüş görýär

Ýesirlikdäki pygamber görnüş görýär

Daniýel Hudaýyň Patyşalygy we Mesihiň gelşi barada pygamberlik edýär. Babylyň ýykylmagy

IÝERUSALIM weýran edilmezinden öň, Hudaýa örän wepaly ýaş Daniýeli Babyla sürgün edýärler. Ýahuda patyşalygyndan sürgün edilen Daniýele we başga-da käbir ýehudylara çäkli erkinlik berlipdi. Daniýel Babylda uzak ömür sürýär. Hudaý oňa bol bereket berýär, hatda ony ýolbarsly çukurda ölümden halas edýär. Pygamber Hudaý tarapyndan uzak gelejek barada görnüş görýär. Daniýel, esasan, Mesih we onuň hökümdarlygy barada pygamberlik edýär.

Daniýel Mesihiň haçan gelmelidigini bilýär. Daniýele Iýerusalimiň diwarlarynyň dikeldilmegi hakynda karar çykandan soň, 69 hepdeden «Hökümdar Mesihiň» geljekdigi barada aýdylýar. Bu karar Daniýel ölenden has soň, ýagny b. e. öň 455-nji ýylda çykýar. Bir hepdede ýedi gün, ýyl hepdesinde bolsa ýedi ýyl bolýar. Diýmek, b. e. öň 455-nji ýylda başlan 69 «hepde» 483 ýyl dowam edip, b. e. 29-njy ýylynda tamamlanýar. Şonda näme bolandygy barada indiki bölümde bileris. Şeýle-de Daniýel günäleriň bagyşlanmagy üçin Mesihiň «öldüriljegi» barada hem öňünden aýýar (Daniýel 9:24—26).

Mesih gökde Patyşa bolar. Daniýel Mesih barada täsin görnüş görýär: gökde «ynsan ogluna meňzeş biri» Ýehowanyň tagtynyň öňüne getirilýär. Hudaý oňa «hökümdarlyk, mertebe hem patyşalyk» berýär. Bu Patyşalyk ebedilik berkarar ediler. Daniýel Mesihi Patyşalyk barada ýene bir tolgundyryjy jikme-jikligi bilýär: Patyşa bilen bile höküm sürjekler bar, olara «hemmelerden Beýigiň mukaddesleri» diýilýär (Daniýel 7:13, 14, 27).

Patyşalyk ynsan hökümetlerini ýok eder. Hudaý Daniýele Babylyň patyşasy Nebukadnezary aljyraňňylyga salan düýşüni ýormaga kömek edýär. Patyşa düýşünde äpet heýkel görýär. Onuň başy altyndan, döşi we elleri kümüşden, garny hem budy misden, aýaklary demirden, dabany bolsa demir bilen toýun gatyşykdy. Dagdan bir daş gopup, onuň dabanlaryna urýar we heýkeli çym-pytrak edýär. Pygamber heýkeliň altyndan ýasalan böleginiň Babyly, galan bölekleri bolsa yzly-yzyna gelýän beýleki dünýä imperiýalaryny aňladýandygyny düşündirýär. Daniýel zalym dünýäniň iň soňky imperiýasynyň hökümdarlyk edýän döwründe, Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürüp başlajakdygyny aýdýar. Bu Patyşalyk dünýädäki ähli hökümetleri ýok eder, özi bolsa ebedi höküm sürer (Daniýel kitabynyň 2-nji baby).

Daniýel garranda, Babylyň ýykylyşyny görýär. Pygamberleriň welilik edişi ýaly, Kir patyşa şäheri basyp alýar. Biraz soňra ýehudylar bellenilen wagtda, ýagny 70 ýyl dolanda ýesirlikden azat edilip, boşap galan ýurduna dolanýarlar. Olar Hudaýa wepaly hökümdarlaryň, ruhanylaryň, pygamberleriň ýolbaşçylygynda Iýerusalimi we Ýehowanyň ybadathanasyny dikeldýärler. Geliň, indi ýokarda agzalan 483 ýyl geçensoň näme bolandygyna seredeliň.

Daniýel kitabyna esaslanýar.