Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-NJI BÖLÜM

Isa gudrat görkezýär

Isa gudrat görkezýär

Isanyň görkezen gudratlary ol Patyşa bolanda güýjüni nädip ulanjakdygyny aýan edýär

ISA adamlaryň edip bilmejek işlerini edýärdi, çünki bu ukyby oňa Hudaý beripdi. Isa örän köp gudratlary görkezdi. Köp adamlar onuň gudratlaryny gözi bilen gördüler. Isanyň görkezen gudratlary onuň duşmanlary ýeňip biljekdigini we bikämil adamlaryň elinden gelmeýän zatlaryna güýjüniň ýetýändigini subut etdi. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

Açlyk. Isa iki gezek müňlerçe adamy bary-ýogy birnäçe çörek we balyk bilen doýurdy. Iki gezek hem iýmit örän boldy. Bir sapar Isa suwy gowy şeraba öwürdi, bu onuň ilkinji gudratydy.

Keselçilik. Isa «her hili syrkawlary, hassalary bejererdi» (Matta 4:23). Ol körleri, kerleri, maýyplary, agsaklary, heýwere kesellileri, garaguş tutgaýyndan ejir çekýänleri we ysmazlary sagaltdy. Onuň bejerip bilmeýän keseli ýokdy.

Tebigy betbagtçylyk. Bir gezek Isa şägirtleri bilen gämide Jelile kölünden ýüzüp barýardy. Birden güýçli tupan turýar, şägirtler örän gorkýar. Şonda Isa tupana: «Sem bol, dek otur!» diýýär. Şeýlelikde, ýel ýatyp, imi-salalyk bolýar (Markus 4:37—39). Ýene-de bir sapar gaty güýçli tupan turanda, Isa suwuň ýüzünde ýöreýär (Matta 14:24—33).

Zalym ruhlar. Zalym ruhlar ähli adamlardan örän güýçli. Şol sebäpli adamlar Hudaýyň bu zalym duşmanlarynyň süteminden dynyp bilmeýär. Emma Isa ençeme gezek jynlary adamlardan kowup, olara gaýdyp girmezligi buýurdy. Isa zalym ruhlardan gorkmaýardy, gaýtam, olar ondan gorkýardy, çünki Isada ygtyýar bardy.

Ölüm. Ölüme «soňky duşman» diýip ýerlikli aýdylan. Ony hiç bir ynsan ýeňip bilmeýär (1 Korintoslylar 15:26). Emma Isa ölüleri direldýärdi: ol bir dul hatynyň ýekeje ogluny we hasrat çekýän ata-enäniň gyzyny direltdi. Şeýle-de Isa söýgüli dosty Lazaryň ölenine dört gün geçse-de, ony adamlaryň gözüniň öňünde direltdi. Bu görlüp-eşidilmedik gudratdy! Hatda Isanyň ganym duşmanlary-da, onuň bu gudratyny inkär edip bilmediler (Ýahýa 11:38—48; 12:9—11).

Isa näme üçin gudrat görkezdi? Eýsem, onuň kömek eden adamlary soň ölmedimi? Hawa, öldi. Isanyň görkezen gudratlary Mesihi Patyşa baradaky ajaýyp pygamberlikleriň ählisiniň hökman ýerine ýetjekdigini subut edýär. Hudaýyň bellän Patyşasy açlygy, keselçiligi, tebigy betbagtçylygy, zalym ruhlary we ölümi doly ýok eder. Biz muňa şübhelenmän bileris, çünki Isa gudrat görkezen güýjüniň Hudaýdandygyny aýan etdi.

Matta, Markus, Luka we Ýahýa kitaplaryna esaslanýar.