Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI BÖLÜM

Biz Hudaýa nädip gulak asyp bileris?

Biz Hudaýa nädip gulak asyp bileris?

Hudaý biziň bilen Mukaddes Ýazgylar arkaly gepleşýär. 2 Timoteos 3:16

Hak Hudaý öz pikirlerini adamlara bir kitapda ýazdyrdy. Bu kitap Mukaddes Ýazgylar. Hudaý seniň ondaky wajyp zatlary bilmegiňi isleýär.

Hudaý bize nämäniň has gowudygyny bilýär. Ol akyldarlygyň Gözbaşy. Oňa gulak assaň, sen hakykatdan-da akyldar bolarsyň (Süleýmanyň tymsallary 1:5).

Hudaý her bir adamyň Mukaddes Ýazgylary okamagyny isleýär. Ol köp dillerde bar.

Eger Hudaýa gulak asmak isleseň, onda sen Mukaddes Ýazgylary okamaly we düşünmeli.

Dünýäniň ähli ýerinde adamlar Hudaýa gulak asýarlar. Matta 28:19

Ýehowanyň Şaýatlary saňa Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek eder.

Olar bütin ýer ýüzünde Hudaý barada hakykaty öwredýärler.

Okuw mugtuna geçirilýär. Şeýle-de sen Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli Ýygnak jaýlarynda Hudaý barada öwrenip bilersiň.