Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2-NJI BÖLÜM

Hak Hudaý kim?

Hak Hudaý kim?

Diňe ýeke-täk Hudaý bar. Onuň ady Ýehowa (Zebur 8:1). Ol Ruhdur, şol sebäpli biz ony görüp bilmeýäris. Hudaý bizi söýýär, biziň hem ony söýmegimizi isleýär. Şeýle-de Ol biziň başga adamlary söýmegimizi isleýär (Matta 22:35—40). Ol Gudratygüýçli, ähli zadyň Ýaradyjysy.

Hudaýyň ilkinji ýaradany güýçli ruhy şahsyýetdi, soňra ol Isa Mesih boldy. Şeýle-de Ýehowa perişdeleri ýaratdy.

Gökdäki...we ýerdäki zatlaryň ählisini Ýehowa ýaratdy. Ylham 4:11

Ýehowa ýyldyzlary, ýeri we ondaky zatlary ýaratdy (Gelip çykyş 1:1).

Ol toprakdan ilkinji ynsany Adam atany ýaratdy (Gelip çykyş 2:7).