Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BÖLÜM

Olar Şeýtana gulak asdylar. Bu nämä eltdi?

Olar Şeýtana gulak asdylar. Bu nämä eltdi?

Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmadylar, şonuň üçin öldüler. Gelip çykyş 3:6, 23

How ene ýylana gulak asyp, miwäni iýdi. Soňra ol Adam ata berdi, ol hem iýdi.

Olaryň eden işi nädogrudy, ýagny günädi. Hudaý olary Jennetden kowdy.

Olaryň hem, çagalarynyň hem durmuşy kynlaşdy. Olar garradylar we öldüler. Olar göge ýa-da başga ýere gitmediler, diňe ýaşamagyny bes etdiler.

Ölen adamlar toprak ýaly jansyzdyr. Gelip çykyş 3:19

Adam ata bilen How enäniň neslinden bolandygymyz üçin, biz hem ölýäris. Ölen adamlar hiç zady görüp, eşidip ýa-da edip bilmeýärler (Wagyz kitaby 9:5, 10).

Ýehowa adamlaryň ölmegini islemeýärdi. Tizden ol ölen adamlary direlder. Eger olar Hudaýa gulak assalar, ebedi ýaşarlar.