Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

6-NJY BÖLÜM

Nuhuň tupanyndan näme öwrenýäris?

Nuhuň tupanyndan näme öwrenýäris?

Hudaý ýene-de erbetleri ýok edip, gowy adamlary halas eder. Gelip çykyş 7:11, 12, 23

Kyrk gije-gündiz ýagyş ýagýar we bütin ýer ýüzüni suw alýar. Ähli erbet adamlar ölýär.

Pitneçi perişdeler ynsan bedenlerini taşlap, jyn boldular.

Gäminiň içindäkiler halas boldular. Wagtyň geçmegi bilen Nuh we onuň maşgalasy öldi, ýöne Hudaý olary direldip ebedi ýaşaýşy berer.

Hudaý erbet adamlary ýok etdi, ýöne Nuh pygamberi we onuň maşgalasyny halas etdi. Matta 24:37—39

Şeýtan we jynlar adamlary aldamagyny dowam edýär.

Şu günler adamlar Nuhuň günlerindäki ýaly Hudaýyň söýgi bilen berýän görkezmesini inkär edýärler. Tizden Ýehowa ähli erbet adamlary ýok eder (2 Petrus 2:5, 6).

Käbir adamlar Nuh pygamber ýaly Hudaýa gulak asýarlar. Olar Ýehowanyň Şaýatlary.