Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI BÖLÜM

Isanyň ölüminiň saňa nähili peýdasy bar?

Isanyň ölüminiň saňa nähili peýdasy bar?

Isa pygamber biziň ebedi ýaşamagymyz üçin öldi. Ýahýa 3:16

Isa ölenden üç gün geçensoň, birnäçe aýal Isanyň gabrynyň ýanyna gelip onuň boşdugyny gördüler. Ýehowa Isany direltdi.

Soňra Isa resullaryna göründi.

Ýehowa Isany güýçli we ölmeýän ruhy şahsyýet edip direltdi. Isanyň şägirtleri onuň göge galanyny gördi.

Hudaý Isa pygamberi direldip, gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy edip belledi. Danyýel 7:13, 14

Isa adamzat üçin janyny töleg hökmünde berdi (Matta 20:28). Bu töleg arkaly Hudaý bize ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär.

Ýehowa Isany bütin ýer ýüzüne Patyşa edip belledi. Bu Patyşalykda Isanyň ýeke özi höküm sürmez. Onuň bilen bile gökde ýaşamak üçin 144 müň direlen wepaly adamlar höküm sürer (Ylham 14:1—3).

Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüni jennede öwrer. Uruş, jenaýatçylyk, garyplyk we açlyk bolmaz. Adamlar hakykatdanda bagtly bolar (Zebur 145:16).