Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY BÖLÜM

Hudaýa gulak asýan adamlara nähili bereketler garaşýar?

Hudaýa gulak asýan adamlara nähili bereketler garaşýar?

Ölen adamlaryň köpüsi ýer ýüzünde ýaşamak üçin direler. Resullaryň işleri 24:15

Eger sen Ýehowa gulak assaň, gelejekde nähili bereketleri aljakdygyňy göz öňüne getir! Sen tut ýaly sagdyn bolarsyň. Hiç kim kesellemez ýa-da maýyp bolmaz. Ol ýerde erbetleriň bolmaýandygy üçin sen her bir adama ynanyp bilersiň.

Agyry, horluk we gözýaş bolmaz. Hiç kim garramaz we ölmez.

Sen dost-ýarlaryň we maşgalaň bilen bile bolarsyň. Jennetde lezzet alyp ýaşarsyň.

Hiç hili gorky bolmaz. Adamlar hakykatdan-da bagtly bolar.

Hudaýyň Patyşalygy horluklaryň soňuna çykar. Ylham 21:3, 4