Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Biz näme üçin elmydama dawalaşýarys?

Biz näme üçin elmydama dawalaşýarys?

2-NJI BAP

Biz näme üçin elmydama dawalaşýarys?

Aşakda getirilýän mysalda Reýçeliň goýberen üç ýalňyşy sebäpli dawa turýar. Sen onuň nähili ýalňyşlyk goýberendigini ýazyp, öz jogaplaryňy 20-nji sahypadaky « Jogaplar» diýen çarçuwa bilen deňeşdirip bilersiň.

․․․․․

Çarşenbe güni agşam 17 ýaşly Reýçel öýüniň işlerini sag-aman dynyp, dynç almak üçin oturýar-da, telewizory açýar.

Edil şol wagtam ejesi gelýär-de, gaharlanyp: «Reýçel, beýdip oturanyňdan, jigiň öý işine kömek etseň bolmaýarmy? Sen hiç wagt aýdylany etmeýärsiň!» diýýär.

Şonda Reýçel: «Ýene-de başlandy-da» diýip hüňürdeýär.

Ejesi muny eşidip: «Näme diýdiň?» diýýär.

Reýçel: «Hiç zadam diýemok, eje» diýip, uludan demini alýar-da, gözüni alardýar.

Ejesiniň muňa hasam gahary gelip: «Meniň bilen beýle gepleşme!» diýýär.

Şonda Reýçel: «Sen gepläniňde bolýar-da, men geplänimde bolanokmy?» diýip, ejesine dil gaýtarýar.

Şeýdip, dynç almagyň deregine... dawa başlanýar.

SENIŇ bilenem şeýle ýagdaý bolýarmy? Senem köplenç eneň-ataň bilen dawalaşýarsyňmy? Onda siziň, esasan, näme sebäpli dawalaşýandygyňyz barada oýlanyp, aşakdaky dörtburçluklarda ✔ belligi goýup ýa-da «Başga zatlar» diýen ýerde öz jogabyňy ýazyp bilersiň.

□ Özüňi edepli alyp barmak

□ Öýüň işleri

□ Egin-eşik

□ Öýe wagtynda gelmek

□ Dynç almak

□ Dost-ýarlar

□ Duşuşyp başlamak

□ Başga zatlar ․․․․․

Siz näme sebäpli çekeleşseňiz-de, dawa-jenjel seniň özüňe-de, eneň-ataňa-da erbet täsir edýär. Elbetde, sen ejeň we kakaň bilen ähli zatda ylalaşýansyran bolup, sesiňi çykarmanam oturyp bilersiň. Ýöne Hudaý seniň şeýle etmegiňi isleýärmi? Ýok, Mukaddes Ýazgylarda: «Ata-eneňe hormat goý» diýilýär (Efesliler 6:2, 3). Emma şol bir wagtyň özünde «pikirlenmek ukybyňy» ulanyp, «düşünjeli» bolmak hem maslahat berilýär (Süleýmanyň tymsallary 1:1—4; Rimliler 12:1). Seniň käbir zatlara garaýşyň ejeň bilen kakaňkydan tapawutlanyp biler. Ene-atalaryň we ýaşlaryň ähli zatda pikiri deň gelmese-de, olar Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerip, asuda gürleşip biler (Koloslylar 3:13).

Onda eneň-ataň bilen gürleşeniňde dawa turmaz ýaly näme etmeli? Belki-de, sen: «Ejem bilen kakamyň özi günäkär. Olar ömür menden närazy» diýýänsiň. Ýöne sen başgalaryň, şol sanda eneň-ataň garaýşyny üýtgetjek bolman, gaýtam, öz üstüňde işleseň gowy bolar. Eger eneň-ataň bilen dawalaşmaz ýaly eliňde baryny etseň, olaryň gaharyny getirmersiň. Şonda olar seniň aýtjak bolýan zadyňy ünsli diňlär.

Gel, maşgalada dawa turmaz ýaly seniň näme edip biljekdigiňe seredeli. Şu aşakdaky berlen maslahatlara eýerseň, eneň-ataň dilini tapmagy öwrenersiň. Şonda olaram, özüňem muňa gaty begenersiň.

Bir zat diýmezden öň gowy oýlan. Ejeň bilen kakaň saňa her bir zat üçin igenýän ýaly bolup görünse, derrew kelläňe gelen zady aýtma. Aýdaly, ejeň saňa: «Sen näme üçin gap-gaçlary ýuwmadyň. Sen hiç wagt aýdylany etmeýärsiň!» diýýär. Şonda sen gaharlanyp: «Siz maňa ýöne iňirdäp ýörsüňiz» diýmegiň deregine, paýhasly bolup, ejeň duýgusyna düşünmäge jan et. «Hiç wagt» we «hemişe» diýen sözleri göni manyda kabul etme. Bu sözleriň aňyrsynda nämäniň durandygyna göz ýetirjek bol.

Belki-de, ejeň öýüň işleriniň hysyrdysy bilen gaty ýadaýandyr. Ol seniň kömegiňe mätäç bolup, senden hoş söze garaşýandyr. Şeýle ýagdaýda sen ejeňe: «Siz maňa ýöne iňirdäp ýörsüňiz» diýseň, öýde dawa turmagyna sebäp bolarsyň. Şonuň üçin hüňürdemän, gaýtam, hormat-sylag bilen: «Bolýar eje, men häzir gap-gaçlary derrew ýuwaýaryn» diýseň, ony köşeşdirersiň. Ejeňe duýgudaşlyk bildirseň, ol biraz rahatlanar we saňa gaýgy-aladalaryny gürrüň berer a.

Eneň-ataň aýdan haýsy sözleri seni gaharlandyrýan bolsa, aşakda görkezilen ýerde ýazyp bilersiň.

․․․․․

Indi bolsa ejeň bilen kakaň duýgusyna düşünmäge jan edip, olara nähili jogap berip biljekdigiň barada oýlan.

․․․․․

Sylag-hormat bilen gepleş. Mişel atly gyz ejesi bilen gürleşende äheňiňe üns bermegiň wajypdygyna göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Men ejem bilen näme barada gürleşsemem, ol meniň gepleýiş äheňimi halamaýar». Eger seniňem şonuň ýaly kynçylygyň bar bolsa, onda ýumşak gürleşmegi öwren we gözüňi alardyp ýa-da şoňa meňzeş hereketleri edip, nägilelik bildirme (Süleýmanyň tymsallary 30:17). Gaharyň gelip başlasa, içiňden gysgaça doga et (Nehemýa 2:4). Emma eneň-ataň saňa igenmezligi barada dileg etmän, özüňe erk edip, gaharyňy basmak üçin Hudaýdan kömek sorasaň gowy bolar (Ýakup 1:26).

Özüňi alyp barşyň barada oýlanyp, nämelerden gaça durmalydygyňy aşakda görkezilen ýerde ýazyp bilersiň.

Aýdýan sözleriň:

․․․․․

Ýüz-gözüň we hereketleriň:

․․․․․

Ünsli diňle. Mukaddes Ýazgylarda: «Gepi köpüň ýazygy bardyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 10:19, «Mukaddes Kitap terjime instituty»). Şonuň üçin senem ejeň bilen kakaňa pikirini aýtmaga mümkinçilik berip, ünsli diňle. Özüňi aklajak bolup, olaryň sözüni bölme. Olara bar ünsüňi berip diňle. Olar gepläp bolanyndan soň, sorajak zatlaryňy sorap, pikiriňi aýdyp bilersiň. Eger sen kesirlik edip, olaryň sözüni bölseň we öz diýeniňi gögertjek bolsaň, ýagdaýy öňküdenem beterleşdirersiň. Eneň-ataňa käbir zatlary aýtmaly bolsaňam, käte «dymmaly» bolýandygyny unutma (Wagyz kitaby 3:7).

Ötünç soramaga ýaýdanma. Eger sen dawanyň turmagyna sebäp bolan bolsaň, eneň-ataňdan araňyzda düşünişmezligiň bolandygy üçin ýürekden ötünç sorasaň gowy bolar (Rimliler 14:19). Muny söz bilen aýdyp bilmeseň, hat arkaly beýan edip bilersiň. Şeýle-de öz üstüňde işlemek üçin «iki menzil ýol geçmäge-de» taýyn bol (Matta 5:41). Eger öýüň işlerini etmändigiň sebäpli dawa turýan bolsa, olary derrew etmäge çalyş. Şeýtseň, eneň-ataň senden hoşal bolar. Öýüň işlerini etmegi halamasaňam, olary gowy ýerine ýetirjek bol. Sebäbi ýüzleý edilen iş hiç bir adamyň göwnünden turmaýar (Matta 21:28—31). Eneň-ataň bilen araňdaky agzalalygy aýyrmak üçin eliňde baryny etmegiň getirjek peýdasy barada oýlan.

Bagtly maşgalalarda-da düşünişmezlik bolýar, ýöne olar ony asudalykda çözmäge çalyşýarlar. Eger senem şu bapda berlen maslahatlara eýerseň, eneň-ataň bilen islendik meseläni dawalaşman çözüp bolýandygyna göz ýetirersiň.

INDIKI BAPDA

Eneň-ataň saňa köpräk erkinlik bermegini isleýän bolsaň näme etmeli?

[Çykgyt]

a Bu barada köpräk bilmek üçin, II tomuň 21-nji babyna seredip bilersiň.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Dogrynyň ýüregi jogap berende köp oýlanýandyr». Süleýmanyň tymsallary 15:28

MASLAHAT

Eneň-ataň seniň bilen gepleşende, aýdym-sazyňy öçür, telefonyňy we şuňa meňzeş zatlaryňy aýyr, ýüzüňi başga tarapa sowman, ünsli diňle.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Dawanyň öňüni almagy ýa-da ony çözmegi öwrenseň, bu seniň özüňe peýda getirer. Mukaddes Ýazgylarda: «Merhemetli adam öz janyna ýagşylyk edýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 11:17).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Men, ilki bilen, bapdaky şu maslahata eýermekçi:․․․․․

Bu maslahatyň üstünde işläp başlajak wagtym (senesini ýaz):․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym:․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Seniň deň-duşlaryň käbiri dawada ene-atasyndan üstün çykmagy näme üçin dogry hasaplaýar?

● Ýehowa Hudaý dawalaşýan adamy näme üçin akmak hasaplaýar? (Süleýmanyň tymsallary 20:3).

● Eneň-ataň bilen araňdaky agzalalygy aýyrsaň, saňa nähili peýda berer?

[18-nji sahypadaky sitata]

«Käte ejem ötünç sorap, meni gujaklaýar. Şondan soň biz bar bolan zady unudýarys. Menem ejemiň göreldesine eýermäge çalyşýaryn. Boýnuýogynlyk etmän, ýürekden ötünç soramak hemişe aňsat bolmasa-da, gowy netije berýär» Loren

[20-nji sahypadaky çarçuwa]

 Jogaplar

1. Reýçeliň: «Ýene-de başlandy-da» diýip hüňürdemegi ejesiniň öňküdenem beter gaharyny getirdi.

2. Onuň gözüni alardyp, nägile bolmagy dawanyň turmagyna sebäp boldy.

3. Reýçeliň: «Sen gepläniňde bolýar-da, men geplänimde bolanokmy?» diýip, ejesine dil gaýtarmagy ýagdaýy hasam erbetleşdirdi.

[19-njy sahypadaky surat]

Eneň-ataň bilen dawalaşmak ylgaw enjamynda ylgan ýalydyr. Näçe güýç sarp etseňem, şol bir duran ýeriňde durarsyň