Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Enem-atam maňa erkinlik berer ýaly näme etmeli?

Enem-atam maňa erkinlik berer ýaly näme etmeli?

3-NJI BAP

Enem-atam maňa erkinlik berer ýaly näme etmeli?

«Men enem-atamyň islän ýerime gitmäge rugsat bermegini isleýärin». Sara (18 ýaşynda)

«Men joralarym bilen dynç almaga gitjek bolanymda, ejem bilen kakam maňa ynanmazçylyk edýär. Men munuň sebäbini soranymda, olar maňa: „Biz saňa däl-de, gatnaşýan joralaryňa ynanamyzok“ diýýärler». Kristina (18 ýaşynda)

SARA bilen Kristina ýaly senem özüňe köpräk erkinlik berilmegini isleýärmiň? Munuň üçin eneň-ataň ynamyny gazanmaly. Ynamy pul bilen deňeşdirse bolar. Ony gazanmak kyn, sowmak bolsa aňsat. Puluň näçe köp bolsa-da, ol hemişe azlyk edýär. 16 ýaşly Elina şeýle diýýär: «Men bir ýere gitjek bolanymda, ejem bilen kakam: „Nirä barýaň? Kim bilen gidýäň? Näme bilen meşgullanjak bolýaňyz? Öýe näçede gelýäň?“ diýip, sorag baryny ýagdyrýarlar. Olaryň ene-ata hökmünde alada edýänine düşünsemem, şeýle soraglary berip başlasalar janym ýanýar!»

Eneň-ataň ynamyna girmek we köpräk erkinlik gazanmak üçin näme edip bilersiň? Bu soragyň jogabyny bilmezden öň, gel, ene-atalara öz çagalaryna ynanmagyň näme üçin kyn bolýandygyna seredeli.

Ýetginjeklik döwri döreýän kynçylyklar

Mukaddes Ýazgylarda: «Erkek adam ata-enesini goýar» diýilýär (Matta 19:5, 6). Bu sözler aýal maşgala-da degişli. Hawa, oglan-gyzlar ýetginjeklik döwri uly adam bolup ýetişmäge we maşgala gurmaga taýýarlanýar a.

Emma bu seniň belli bir ýaşa ýetmek bilen uly adam bolup ýetişýändigiňi aňlatmaýar. Uly adam bolup ýetişmekligi bir otagdan beýleki otaga geçmeklige däl-de, basgançakdan ýokaryk çykmaklyga meňzetse bolar. Elbetde, şol «basgançakdan» näçeräk ýokaryk çykandygyň babatda eneň-ataň garaýşy seniňkiden tapawutlanyp biler. Mariýa atly bir gyz şeýle diýýär: «Men 20 ýaşymda bolsamam, enem-atam meniň gatnaşýan adamlarymy dogry saýlaýandygyma şübhelenýär. Olar synaga düşenimde berk durup bilmerin öýdýärler. Men erbet zatlardan eýýäm ençeme gezek gaça durandygymy aýtsamam, olaryň maňa ynanasy gelmeýär».

Mariýanyň sözlerinden görnüşi ýaly, ene-atalaryň öz çagalaryna ynanmazçylyk etmegi maşgalada agzalalyk döredýär. Siziňem maşgalaňyzda şeýle ýagdaý bolýarmy? Onda eneň-ataň saňa ynanar ýaly näme edip bilersiň? Eger paýhassyz hereket edip, ynamdan gaçan bolsaň, ýene-de ynama girer ýaly näme etmeli?

Ynama mynasypdygyňy görkez

Pawlus resul I asyrdaky mesihçilere özlerini «barlap durmagy» maslahat berdi (2 Korinfliler 13:5). Ol bu sözleri, esasan, ýetginjeklere ýüzlenip aýtmasa-da, onuň maslahaty hemmelere degişli. Eneň-ataň saňa erkinlik berer ýaly, sen olara ynama mynasypdygyňy subut etmeli. Elbetde, senden kämillige garaşylmaýar, sebäbi ýalňyşmaýan adam ýok (Wagyz kitaby 7:20). Emma oýlanyp gör, belki-de, eneň-ataň saňa ynanmazçylyk etmegine özüňi alyp barşyň sebäp bolýandyr.

Pawlus resul: «Biz... ähli zatda özümizi dogruçyl alyp barmak isleýäris» diýip ýazdy (Ýewreýler 13:18). Senem özüňe: «Enem-atam meniň nirä gidýändigimi ýa-da näme edýändigimi soranda, olara dogrymy aýdýarynmy?» diýen soragy ber. Gel, iki sany ýetginjek gyzyň aýdan sözlerine seredeli. Olar dogruçyl bolmak babatda öz üstlerinde işlemelidigine göz ýetirdiler. Sen olaryň sözlerini okap, aşakda getirilen soraglara jogap berip bilersiň.

Lori: «Men enem-atamdan gizlinlikde bir oglan bilen hat ýazyşýardym. Olar muny bilende, gaýdyp şeýle etmezligi berk tabşyrdylar. Şonda men olara şol oglan bilen gatnaşygymy kesjekdigimi söz berdim. Ýöne men sözümde durman, hat ýazyşmagymy dowam etdim. Bu ýagdaý bir ýyla çekdi. Her gezek enem-atam muny bilende, men ötünç sorap, gaýdyp gaýtalamajakdygymy söz bersemem, sözümde tapylmaýardym. Netijede, olar maňa asla ynanman başladylar».

Seniň pikiriňçe, Lori näme üçin ene-atasynyň ynamyndan gaçdy? ․․․․․

Sen Loriniň ene-atasynyň ýerine bolan bolsaň näme ederdiň we näme üçin? ․․․․․

Lori ene-atasy bilen ilkinji gezek gürleşenden soň näme eden bolsa gowy bolardy? ․․․․․

Bewerli: «Enem-atam oglanlara gezek galanda maňa asla ynanmaýardy. Munuň sebäbine indi gowy düşünýärin. Men iki oglan bilen näz-kereşme edýärdim. Olar menden iki ýaş uludy. Men olar bilen birnäçe sagatlap telefonda gürleşýärdim, oturyşyklarda-da diňe şol oglanlar bilen gepleşýärdim. Şonuň üçin ejem bilen kakam telefonymy elimden alyp, bir aýlap bermediler. Şeýle-de meni şol oglanlaryň barýan ýerlerine goýbermeýärdiler».

Sen Bewerliniň ene-atasynyň ýerine bolan bolsaň näme ederdiň we näme üçin? ․․․․․

Bewerliniň ene-atasynyň goýan çäklendirmelerini paýhassyz hasaplaýarmyň? Näme üçin? ․․․․․

Bewerli ene-atasynyň ynamyna girer ýaly näme edip bilerdi? ․․․․․

Ynama girmek üçin näme etmeli?

Ýokarda agzalan gyzlar ýaly, senem paýhassyz hereket edip, eneň-ataň ynamyndan gaçan bolsaň näme? Nähili bolaýanda-da, sen ýene-de olaryň ynamyna girip bilersiň. Ýöne munuň üçin näme etmeli?

Eger sen beren sözüňde tapylsaň, eneň-ataň ynamyna girip bilersiň. Şonda olar saňa erkinlik berer. Anita hem munuň şeýledigine göz ýetirdi. Ol: «Ýaşkaň ynama mynasyp bolmagyň wajypdygyna doly düşünmeýärsiň. Men indi özümi has jogapkärli alyp barýaryn we enem-atamyň ynamyna girmäge jan etmelidigime düşünýärin» diýýär. Mundan nähili sapak edinse bolar? Eneň-ataň saňa ynanmazçylyk edýändigine zeýrenmän, gaýtam, ynamdar adamdygyňy görkezmäge çalyşsaň gowy bolar. Şonda olar saňa köpräk erkinlik berer.

Sen aşakda agzalýan ýagdaýlarda özüňi jogapkärli alyp barýarmyň? Bularyň haýsysynyň üstünde işlemeli bolsaň, gapdalyndaky dörtburçlukda ✔ belligi goýup bilersiň.

□ Öýe wagtynda gelmek

□ Beren sözüňde durmak

□ Her zady öz wagtynda etmek

□ Puly tygşytly sowmak

□ Öýüň işlerine kömekleşmek

□ Wagtynda turmak

□ Otagyňy arassa saklamak

□ Dogryňy aýtmak

□ Telefona ýa-da kompýutere çendenaşa köp wagt sarp etmezlik

□ Ýalňyşyňy boýun alyp, ötünç soramak

□ Başga zatlar ․․․․․

Bellik eden zatlaryň üstünde işläp, ynama mynasypdygyňy subut etmäge çalyşsaň gowy bolar. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky şu maslahatlara eýermäge jan et: «Öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykaryň» (Efesliler 4:22). «„Hawa“ diýeniňiz „hawa“... bolsun» (Ýakup 5:12). «Her biriňiz ýakynyňyza dogryňyzy aýdyň» (Efesliler 4:25). «Ata-eneňize hemişe gulak asyň» (Koloslylar 3:20). Şonda eneň-ataňam, başgalaram sendäki gowy özgerişikleri hökman görerler (1 Timoteos 4:15).

Emma näçe jan etseňem, eneň-ataň saňa erkinlik bermeýän ýaly bolup görünse näme etmeli? Bu barada olar bilen açyk gürleşip bilersiň. Ejeň bilen kakaň saňa ynanmazçylyk edýändigi üçin igenmän, olaryň ynamyna girmek üçin seniň näme edip biljekdigiňi sypaýyçylyk bilen sora. Şeýle-de bu babatda nähili tagalla edýändigiňi düşündir.

Ýöne eneň-ataň saňa dessine erkinlik berer öýtme. Sebäbi olar seniň sözüňde tapylýandygyňa doly göz ýetirjek bolar. Şonuň üçin muňa ynama mynasypdygyňy görkezmäge mümkinçilik hökmünde gara. Wagtyň geçmegi bilen, sen eneň-ataň ynamyna girersiň we olar saňa köpräk erkinlik berer. Ýokarda agzalan Bewerli bilenem şeýle boldy. Ol: «Ynamdan gaçmak gaty aňsat, ony gazanmak welin juda kyn. Häzir ejem bilen kakam maňa doly ynanýar, men muňa diýseň begenýärin» diýýär.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 22-NJI BABYNY OKAP BILERSIŇ

INDIKI BAPDA

Ejeň bilen kakaň aýrylyşanmy? Olaryň aýrylyşandygy sebäpli bütin dünýäň ýumrulan ýaly bolup görünse-de, ruhdan düşmez ýaly näme edip bilersiň?

[Çykgyt]

a Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 7-nji babyna seredip bilersiň.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Azatlygyňyzy erbet işleriň üstüni örtmek üçin... ulanmaň». 1 Petrus 2:16

MASLAHAT

Özüňden uly doganlaryňa köp erkinlik berilýändigi barada däl-de, häzir saňa çagalyk wagtyňdakydan köpräk erkinlik berilýändigi barada oýlan.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Çäksiz erkinlik ene-atanyň öz çagasyny söýýändigini däl-de, onuň aladasyny etmeýändigini görkezýär.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Men şu ýagdaýlarda has ynama mynasyp bolasym gelýär: ․․․․․

Eger enem-atamyň ynamyndan gaçsam, men ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym:․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Ynama mynasypdygyňy subut etmäge çalyşsaňam, eneň-ataň saňa erkinlik bermäge näme üçin ýaýdanmagy mümkin?

● Eneň-ataň saňa köpräk erkinlik berer ýaly, olar bilen açyk gürrüňdeş bolmak näme üçin wajyp?

[24-nji sahypadaky sitata]

«Men ejem bilen kakama ähli kynçylyklarymy we biynjalyklanýan zatlarymy açyk aýdýaryn. Şonuň üçin olar maňa ynanýarlar» Diana

[23-nji sahypadaky shema]

Ynamdar adam bolup ýetişmekligi basgançakdan ýokaryk çykmaklyga meňzetse bolar

[Shema]

(Doly görmek görmek üçin, kitaba serediň)

ÝETIŞEN ADAM

ÝETGINJEK

ÇAGA