Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Doganlarym bilen nädip oňuşmaly?

Doganlarym bilen nädip oňuşmaly?

6-NJY BAP

Doganlarym bilen nädip oňuşmaly?

Doganlaryň bilen araň nähili?

ýakyn dost

oňuşmazça däl

elmydama dawalaşýarys

KÄBIR doganlar biri-birini gaty gowy görýärler. Mysal üçin, 19 ýaşly Felişa: «Meniň gyz jigim Irena 16 ýaşynda. Ol meniň iň ýakyn joram» diýýär. 17 ýaşly Karina bolsa 20 ýaşly oglan dogany Riki barada: «Biz gaty gowy oňuşýarys, hiç haçan sögüşmeýäris» diýýär.

Emma käbirleri biri-biri bilen itde-pişik bolup geçýär. Lora bilen Merli barada hem şeýle diýse bolar. Lora: «Biz biderek ýere, hatda ujypsyz zatlar üçinem dawalaşýarys» diýýär. 12 ýaşly Alisa bolsa 14 ýaşly oglan dogany Denis barada şeýle diýýär: «Ol meniň gaty gaharymy getirýär. Otagyma girip, edil kiçijik çaga ýaly, islän zadyny soraman alyp gidiberýär». Belki, senem Alisanyň sözleri bilen ylalaşýansyň.

Seniňem doganlaryň gaharyňy getirýärmi? Elbetde, maşgalada agzybirligiň hem-de tertip-düzgüniň bolmagyna ene-ata jogapkär. Emma senem başgalar bilen oňşukly ýaşamagy iru-giç öwrenmeli bolarsyň. Şonuň üçin birek-birek bilen ylalaşmagy, ilki bilen, öýde öwrenseň gowy bolar.

Doganyň ýa-da jigiň bilen, esasan, näme sebäpden dawalaşýandygyň barada oýlanyp gör. Aşakda agzalýan zatlaryň haýsysy sebäpli doganyňa gaharyň gelýän bolsa ✔ belligi goýup bilersiň.

Seniň zadyňy alýar. Ol seniň zadyňy soraman alýar.

Gylyk-häsiýetini halamaýarsyň. Ol diňe özüni bilýär, oýlanyşyksyz hereket edýär ýa-da saňa näme etmelidigini öwretjek bolýar.

Şahsy durmuşyňa goşulýar. Ol otagyňa soraşman girýär, elektron hatlaryňy we SMS-leriňi birugsat okaýar.

Başga zatlar ․․․․․

Eger doganyň ýa-da jigiň hemişe saňa näme etmelidigiňi öwredip ýa-da şahsy durmuşyňa goşulyp, gaharyňy getirýän bolsa, dawalaşman ýaşamak kyn bolmagy mümkin. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda: «Burny gysmakdan gan çykyşy ýaly, gazaby gysmakdan hem dawa çykýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 30:33). Hawa, ýüregiňde öýke-kine saklasaň, gaharyňy saklap bilmän, dawalaşyp başlamagyň mümkin. Netijede, ýagdaý öňküden-de erbetleşer (Süleýmanyň tymsallary 26:21). Onda dawa turmaz ýaly gaharyňy nädip basyp bolar? Munuň üçin, ilki bilen, düşünişmezligiň düýp sebäbini anyklamaly.

Düşünişmezligiň düýp sebäbini anyklamak näme üçin wajyp?

Doganlaryň arasyndaky düşünişmezligi düwürtige meňzetse bolar. Düwürtik adamyň ýüzüne çyksa-da, aslynda, muňa bedendäki kesel dörediji mikroblar sebäp bolýar. Şonuň ýaly-da, doganlaryň arasynda dawanyň döremegine sebäp bolýan zatlar bar.

Düwürtigi sykyp aýyrsaňam bolýar. Ýöne ýüzüňde onuň yzynyň galmagy we kesel dörediji mikroblaryň hasam köpelmegi mümkin. Şonuň üçin, ilki bilen, şol mikroblara garşy göreşseň gowy bolar. Şonda düwürtigiň ýene-de çykmagynyň öňüni alarsyň. Doganlaryň bilen araňdaky düşünişmezligiň hem düýp sebäbini anyklasaň, dawadan gaça durup bilersiň. Şeýdip, sen Süleýman patyşanyň: «Adamyň paýhasy onuň gaharyny köşeşdirýändir» diýen sözlerine eýerersiň (Süleýmanyň tymsallary 19:11).

Ýokarda agzalan Alisa dogany Denis barada: «Ol otagyma girip... islän zadyny soraman alyp gidiberýär» diýýär. Şeýdibem, düşünişmezlik döreýär. Seniň pikiriňçe, munuň düýp sebäbi nämekä? Megerem, Denis öz uýasyny sylaýan däldir. Elbetde, Alisa dogany Denise otagyna gaýdyp soraşman girmezligi we hiç zadyny ellemezligi çürt-kesik aýdyp biler. Ýöne bu ýagdaýda düşünişmezligiň düýp sebäbi çözülmän, gaýtam, dawa turar. Eger Alisa Denisiň oňa hormat goýmalydygyny, şahsy durmuşyna goşulmaly däldigini we zadyny soraşman almaly däldigini sypaýyçylyk bilen düşündirse, onuň bilen arasyny sazlap biler.

Düşünişmezligi çözmegi we dawadan gaça durmagy öwren

Elbetde, düşünişmezligi çözmek üçin diňe bir onuň düýp sebäbine göz ýetirmek ýeterlikli däl. Onda düşünişmezligi çözmek we dawadan gaça durmak üçin näme etmeli? Munuň üçin aşakdaky 6 maslahata eýerip bilersiň.

1. Özara maslahatlaşyp, ylalaşjak boluň. Doganyň ýa-da jigiň bilen, esasan, näme sebäpden dawalaşýandygyňy anyklanyňdan soň, käbir zatlar barada öz araňyzda maslahatlaşyp, ylalaşjak boluň. Mysal üçin, doganyň seniň zadyňy soraman alýandygy üçin dawalaşýan bolsaňyz, biri-biriňiziň zadyny hemişe sorap almalydygyňyz barada gürleşip bilersiňiz. Şeýle-de her biriňiziň öz zadyny bermezlige hakynyň bardygyna düşünjek boluň. Doganyň bilen bu zatlar barada maslahatlaşanyňda, Isanyň: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şony etmeli» diýen tabşyrygyny göz öňünde tut (Matta 7:12). Şonda sen doganyň bilen ylalaşykly ýaşap bilersiň. Soňra öz araňyzda gelen kararyňyzy ene-ataňyza gürrüň beriň (Efesliler 6:1).

2. Gelen kararyňyza özüňem eýer. Pawlus resul: «Başgalara öwredip, näme üçin özüňe öwretmeýärsiň? Başgalara „ogurlama“ diýip, näme üçin özüň ogurlyk edýärsiň?» diýdi (Rimliler 2:21). Sen bu prinsipe nädip eýerip bilersiň? Eger sen doganyň şahsy durmuşyňa goşulmagyny islemeýän bolsaň, onda özüňem onuň otagyna birugsat girme, elektron hatlaryny ýa-da SMS-lerini soraşman okama.

3. Sähel zady göwnüňe alyp durma. Bu maslahata eýerseň näme üçin peýdaly bolar? Mukaddes Ýazgylarda: «Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar» diýilýär (Wagyz kitaby 7:9). Eger sähel zady göwnüňe alyp dursaň, gam-gussa batyp gezersiň. Elbetde, doganlaryň we jigileriň edýän hereketi ýa-da aýdýan sözi bilen seniň göwnüňe degmegi mümkin. Ýöne sen: «Belki, menem öňler özümi şeýle alyp barandyryn» diýip oýlansaň gowy bolar (Matta 7:1—5). Jenni şeýle diýýär: «Men 13 ýaşymdakam, öz pikirimi hemişe dogry hasaplaýardym, başgalaram meni hökman diňläýmeli diýip pikir edýärdim. Indi gyz jigimem özüni edil şonuň ýaly alyp barýar. Şonuň üçin men onuň aýdýan zatlaryny göwnüme almajak bolýaryn».

4. Bagyşla-da, bolan zady unut. Elbetde, dörän düşünişmezligi çözmek üçin açyk gürleşmeli. Ýöne sen doganyň her goýberen ýalňyşy üçin dawalaşyp durmalymy? Ýehowa Hudaý «ýazygy geçýän» adamy gowy görýär (Süleýmanyň tymsallary 19:11). 19 ýaşly Elison şeýle diýýär: «Men gyz jigim Reýçel bilen gowy düşünişýärin. Sebäbi biz birek-birekden derrew ötünç soraýarys we düşünişmezligiň näme sebäpden dörändigi barada açyk gürleşýäris. Käte men kynçylyk dörände, gowy oýlanyp karara geler ýaly, ertesi güne çenli garaşýaryn. Ertesi gün bolsa biziň aramyzdaky düşünişmezligiň beýle bir uly mesele däldigine göz ýetirýärin. Şonda jigimi bagyşlamak hem-de bolan zady unutmak kyn düşmeýär».

5. Ene-ataňyzdan kömek soraň. Eger araňyzdaky düşünmezligi çözüp bilmeseňiz, ene-ataňyzdan kömek soraň (Rimliler 14:19). Emma düşünişmezligi olara ýetirmän öz araňyzda çözseňiz, düşünjelidigiňizi görkezersiňiz.

6. Doganlaryň gowy häsiýetlerine üns ber. Sen doganyň ýa-da jigiň käbir häsiýetlerini gowy görýänsiň. Saňa olaryň haýsy häsiýeti ýaraýan bolsa, aşakda ýazyp bilersiň.

Ady

․․․․․

Ýaraýan häsiýeti

․․․․․

Doganlaryň kemçiligini gözlemän, gaýtam, olara haýsy häsiýetlerini halaýandygyňy aýtsaň gowy bolmazmy? (Zebur 130:3; Süleýmanyň tymsallary 15:23).

Mukaddes Ýazgylarda doganyň ýa-da jigiň saňa hemişe iň ýakyn dost bolup bilmeýändigi aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 18:24). Ýöne doganyňdan «öýkelemäge sebäbiň bolsa-da, sabyrly bolup... ýürekden bagyşlasaň», onuň bilen ylalaşykly ýaşap bilersiň (Koloslylar 3:13). Şonda doganlaryň seniň kän bir göwnüňe degmez, senem olary ynjytmarsyň.

INDIKI BAPDA

Eneň-ataňdan aýry ýaşamaga taýyndygyňy nädip bilmeli?

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Goý, siziň paýhaslylygyňyz hemmelere görünsin». Filipililer 4:5

MASLAHAT

Doganyň ýa-da jigiň bilen oňuşmak kyn bolsa, muňa gowy häsiýetleri ösdürmäge mümkinçilik hökmünde gara.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Sen maşgalaňyzdan aýry ýaşap başlanyňda, gödek, diňe özüni bilýän we seniň ýagdaýyňy göz öňünde tutmaýan adamlar bilen iş salyşmaly bolarsyň. Şeýle ýagdaýlarda ylalaşykly ýaşap biler ýaly, häzirden agzybir bolmagy öwrenmeli.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Doganlarym bilen şu zatlar hakda açyk gürleşmekçi: ․․․․․

Doganlarymyň göwnüne degmez ýaly, şeýle ederin: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Düşünişmezligiň düýp sebäbini anyklamak näme üçin wajyp?

● Jigi-doganlaryň bolmagynyň nähili gowy taraplary bar?

[46-njy sahypadaky sitata]

«Eger jigi-doganlarym bolmadyk bolsa, çagalygymdaky gyzykly pursatlar bolmazdy. Şonuň üçin men size: „Doganlaryňyzyň gadyryny biliň!“ diýesim gelýär» Merelin

[42-nji sahypadaky çarçuwa]

Bellik depderçäm

Düşünişmezligiň düýp sebäbini anykla

Sen doganyň bilen araňdaky düşünişmezligiň düýp sebäbini anyklamak isleýärmiň? Onda Isanyň gürrüň beren mysalyny okap bilersiň. Bu mysalda öýünden gidip, ähli puluny sowran oglan hakda aýdylýar (Luka 15:11—32). Ol öýlerine dolananda, uly doganynyň özüni nähili alyp barandygyna üns berjek bol. Soňra aşakdaky soraglara jogap ber.

Uly doganynyň nämä gahary geldi? ․․․․․

eniň pikiriňçe, onuň gaharlanmagynyň düýp sebäbi näme? ․․․․․

Kakasy düşünişmezligi çözmek üçin näme etdi? ․․․․․

Düşünişmezlik çözüler ýaly, uly dogany näme etmelidi? ․․․․․

Indi sen öz doganyň ýa-da jigiň bilen ýaňy-ýakynda araňyzda bolan düşünişmezlik barada oýlanyp gör. Soňra aşakdaky soraglaryň jogabyny ýaz. ․․․․․

Siz nämäniň üstünde dawalaşdyňyz? ․․․․․

Seniň pikiriňçe, düşünişmezligiň düýp sebäbi nämekä? ․․․․․

Bu düşünişmezligi çözmek hem-de dawanyň öňüni almak üçin, doganyň bilen näme barada maslahatlaşyp bilersiň? ․․․․․

[43-nji sahypadaky surat]

Doganlaryň arasyndaky düşünişmezligi düwürtige meňzetse bolar. Ony aýyrmak üçin düýp sebäbine göz ýetirmeli