Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Synaglara nädip garşy durmaly?

Synaglara nädip garşy durmaly?

9-NJY BAP

Synaglara nädip garşy durmaly?

Oturyşyga gelen Karina 10 minut töweregi wagt geçensoň, iki sany oglanyň eli birtopar zatly gapydan girenini görýär. Olaryň näme getirendigini hemmeler bilýärdi. Oturyşyga ýaňy gelende, şol oglanlaryň: «Bu gün içip, keýpimizi kökläris» diýen sözleri Karinanyň gulagyna degipdi.

Birdenem Karinanyň arkasyndan: «Sen näme bärde dursuň? Beýle ýürekgysgynç bolmasana!» diýen tanyş ses eşidildi. Ol yzyna öwrülende, jorasy Jessikanyň eli iki sany piwoly duranyny gördi. Jessika onuň birini Karina uzadyp: «Men heniz piwo içerden gaty ýaş bir diýmäberi!» diýýär.

Karina içesi gelmese-de, jorasynyň ýüzünden geçip bilmeýär. Ol jorasy Jessikanyň gözünde ýürekgysgynç adam bolasy gelmeýär. Karina içini gepledip: «Jessika akylly-başly gyz. Eger ol içýän bolsa, diýmek, munuň hiç hili erbetligi ýok. Onsoňam, bu ýöne bir piwo ahyry. Men neşe çekemok ýa ahlaksyzlyk edemog-a» diýýär.

ÝAŞLAR köp synaglara duş gelýär. Bu köplenç oglan-gyzlaryň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly bolýar. 17 ýaşly Reýmon: «Mekdepdäki gyzlar özlerini gaty gelşiksiz alyp barýarlar. Olar ýok diýeniňe-de seretmän, hiç ýanyňdan aýrylanoklar» diýýär. 17 ýaşly Diýana hem şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek oglanlaryň biri gelip, meni gujaklady. Şonda men onuň elini kakyp aýyrdym-da: „Edýäniň näme?! Biz tanşam-a däl!“ diýdim».

Senem köp synaglara duş gelýänsiň. Käte olar asla aýrylmajak ýaly bolup görünýändir. Yzy üzülmeýän synaglar gapyňy açmasaňam, ony garşy-garşy kakyp duran adama meňzeýär. Senem häli-şindi synaga düşýärmiň? Saňa aşakda agzalýan zatlaryň haýsysyna garşy durmak kyn bolýar?

□ Çilim çekmek

□ Pornografiýa görmek

□ Spirtli içgileri içmek

□ Ahlaksyzlyk etmek

□ Neşe çekmek

□ Başga zatlar ․․․․․

Eger sen bu zatlaryň birine ✔ belligi goýan bolsaň, Hudaýa gulluk etmäge mynasyp däldirin diýip pikir etme. Sen erbet höwesleriňe erk edip, synagda berk durup bilersiň. Ýöne munuň üçin synagyň näme sebäpli döreýändigine düşünmeli. Gel, bu babatda üç zada seredeli.

1. Bikämillik. Erbetlik etmek islegi her bir adamda döräp bilýär. Pawlus resul ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolsa-da: «Men özümde şeýle kanuny görýärin: dogry zat edesim gelende, erbetlik peýda bolýar» diýip boýun alýar (Rimliler 7:21). Görşümiz ýaly, düşünjeli adam hem käte «ten höwesleri, göz höwesi» bilen göreşmeli bolýar (1 Ýahýa 2:16). Emma erbet höwesleriň barada mydama oýlanyp ýörseň, ýagdaý öňküdenem beterleşer. Mukaddes Ýazgylarda: «Höwes güýjäp, adamy günä iterýär» diýilýär (Ýakup 1:15).

2. Daş-töwerekdäkileriň täsiri. Biz her ädimde diýen ýaly synaga düşýäris. Trudi atly gyz şeýle diýýär: «Mekdepde, işde adamlar diňe ahlaksyzlyk barada gürrüň edýärler. Telegepleşiklerde we kinolarda ahlaksyzlygy gowy zat ýaly edip arşa çykarýarlar. Onuň erbet netijelerini bolsa kän bir görkezmeýärler». Trudi telewizorda görýän zatlarynyň we deň-duşlarynyň täsiriniň örän güýçli bolýandygyna öz durmuşynda göz ýetirdi. Ol şeýle ýatlaýar: «Men 16 ýaşymdakam, bir oglany gowy görýärdim. Bir gün ejem oturyp, meniň bilen açyk gürleşdi. Ol meniň şol oglan bilen gatnaşygymy kesmesem, göwreli boljakdygymy aýtdy. Ejem men barada şeýle pikir eder diýip, ýatsam-tursam kelläme-de gelmeýärdi. Ýöne şondan iki aý geçensoň, men, dogrudanam, göwreli boldum».

3. «Ýaşlyk höwesleri» (2 Timoteos 2:22). Muňa ýaşlarda döreýän höwesleriň ählisi, şol sanda başgalaryň ýanynda özüňi uly adam ýaly görkezmek islegi hem degişli bolup biler. Elbetde, şeýle isleglere nädogry diýip bolmaz. Ýöne olara erk edip bilmeseň, synaga garşy durmak kyn bolar. Mysal üçin, sen beýlekileriň ýanynda özüňi uly adam ýaly görkezjek bolup, eneň-ataň beren edep-terbiýesini unutmagyň mümkin. Stiw atly oglan hem 17 ýaşyndaka şeýle ýagdaýy başdan geçirdi. Ol: «Ýehowanyň Şaýady bolup suwa çümdürilenime köp wagt geçmänkä, men ejem bilen kakamyň garşysyna gidip, olaryň etme diýen zatlaryny edip başladym» diýýär.

Synaga nädip garşy durmaly?

Dogrudan-da, ýokarda agzalan üç ýagdaý sebäpli synaga garşy durmak kyn bolýar. Muňa garamazdan, sen synagda berk durup bilersiň. Nädip?

● Ilki bilen, sen haýsy zatlar sebäpli synaga düşýändigiňi anykla. (65-nji sahypada bu babatda eýýäm bellik edensiň).

● Soňra şol synagyň haçan döreýändigi barada oýlanyp, aşakda görkezilen ýerde ✔ belligi goý.

□ Mekdepde

□ Ýeke galanymda

□ Işde

□ Başga zatlar ․․․․․

Synagyň haçan döreýändigini anyklasaň, ondan bütinleý gaça durup bilersiň. Gel, babyň başynda agzalýan mysaly ýada salaly. Karina oturyşykda erbet zadyň boljakdygyny haçan bildi?

․․․․․

Ol synaga düşmez ýaly näme edip bilerdi?

․․․․․

● Synagyň haýsy zatlar sebäpli we haçan döreýändigini anyklanyňdan soň, aýgytly hereket etjek bol. Synaga düşmez ýaly näme edip biljekdigiň barada oýlanyp, aşakda görkezilen ýerde özüň üçin bellik et.

․․․․․

(Mysal üçin, mekdepden soň, öýüňize gaýdyp barýarkaň, klasdaşlaryň saňa çilim çekdirjek bolýan bolsa, olara sataşmaz ýaly başga ýoldan gaýdyp bilersiň. Ýa-da Internetde pornografiýa saýtlaryna girmeseň-de, ahlaksyz zatlar çykýan bolsa, şeýle saýtlardan saňa hiç hili maglumat gelmez ýaly edip sazlap bilersiň. Şeýle-de Internetiň «Gözleg» diýen ýerine ýazýan sözleriňe ünsli bol.)

Elbetde, sen synaglaryň ählisinden gaça durup bilmersiň. Käte garaşylmadyk ýagdaýda synaga düşmegiň mümkin. Şeýle ýagdaýda berk durup biler ýaly näme edip bilersiň?

Öňünden gowy taýýarlan

Şeýtan Isany synanda, Isa oňa dessine jogap berdi (Markus 1:13). Näme üçin? Sebäbi ol jedelli meselede kimiň tarapyny tutjakdygyny anyk bilýärdi. Ol hemişe Atasyna gulak asmagy ýüregine düwüpdi (Ýahýa 8:28, 29). Muny Isanyň: «Men gökden öz islegimi däl-de, meni ibereniň islegini berjaý etmäge geldim» diýen sözlerinden hem görse bolýar (Ýahýa 6:38).

Indiki sahypada köplenç duş gelýän synagyňa näme üçin garşy durmalydygyňy we şol synagda berk durup biler ýaly nämeleri etjekdigiňi ýaz.

Synaga näme üçin garşy durmaly?

1 ․․․․․

2 ․․․․․

Synagda berk durup biler ýaly sen näme etmekçi?

1 ․․․․․

2 ․․․․․

Eger synaglara garşy durmasaň, öz höwesleriň guly bolýandygyňy unutma (Titus 3:3). Höwesleriňe öz üstüňden agalyk etmäge ýol bermän, gaýtam, düşünjeli adam ýaly hereket edip, ýüregiňdäki erbet islegleriňe erk etjek bol (Koloslylar 3:5). Bu babatda Ýehowa doga edip, kömek sorap bilersiň (Matta 6:13) a.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 15-NJI BABYNY OKAP BILERSIŇ

INDIKI BAPDA

Soňky wagtlar özüňi duýşuň ugry ýokmy? Jan saglygyň aladasyny nädip etmelidigini bilesiň gelýärmi?

[Çykgyt]

a Şeýle-de şu kitabyň 33, 34-nji baplaryna seredip bilersiň.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Hudaý beren sözüne wepalydyr. Ol siziň güýjüňizden artyk synalmagyňyza ýol bermez, gaýtam, synaga uçranyňyzda, döz gelip bilmegiňiz üçin çykalga-da açar». 1 Korinfliler 10:13

MASLAHAT

«Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar» atly kitabyň II tomunyň 132, 133-nji sahypalaryndaky «Erbet täsirden gaça durmak üçin şulary etmekçi» diýen bölüme seredip, deň-duşlaryň saňa erbetlik etdirjek bolanlarynda näme jogap berjekdigiňe taýýarlan.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Ýehowa Isanyň wepaly galjakdygyny öňünden aýtdy. Emma bu Isanyň robot ýaly belli bir programma boýunça hereket edendigini aňlatmaýar. Onuň erkinligi bardy. Ol Ýehowa wepaly galmagy ýüregine düwdi. Eger Hudaý onuň ömrüni öňünden kesgitläp goýan bolsa, Isa agyr synaglarda oňa doga edip, kömek soramazdy (Ýewreýler 5:7).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Synaga garşy durmaga taýýarlanmak üçin, men ․․․․․

Men şu adamlardan, ýerlerden we ýagdaýlardan gaça durmakçy: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Kämil perişdeler synaga düşüp bilermi? (Gelip çykyş 6:1—3; Ýahýa 8:44).

● Synaga garşy durup, Hudaýa wepaly galsaň, başgalara nähili täsir eder? (Süleýmanyň tymsallary 27:11; 1 Timoteos 4:12).

[68-nji sahypadaky sitata]

«Meniň arkamda Älemde iň güýçli şahsyýet bar. Men ondan islendik wagt kömek sorap bilýärin. Bu maňa synaglara garşy durmaga kömek edýär» Kristofer

[67-nji sahypadaky çarçuwa]

Şuny edip gör

Kompasy al-da, onuň nähili işleýändigine syn et. Onuň dili hemişe demirgazygy görkezýär. Indi bolsa kompasyň golaýyna magnit getir. Şonda oňa näme bolar? Indi onuň dili demirgazygy görkezmän, magnite tarap öwrüler.

Seniň ynsabyňy hem kompasa meňzetse bolar. Eger ynsabyňy terbiýeleseň, ol hemişe «demirgazyk» tarapy görkezip, her ýagdaýda paýhasly karara gelmäge kömek eder. Emma ýaman ýaranlar bilen gatnaşsaň, olar magnit kimin seni ters ýola salmagy mümkin. Mundan näme sapak edinse bolar? Erbetlik etmäge iterýän adamlardan we ýagdaýlardan gaça durjak bol (Süleýmanyň tymsallary 13:20).

[69-njy sahypadaky surat]

Synaglara garşy durmasaň, öz höwesleriň guly bolarsyň