Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Özüňe bolan ynamy nädip artdyrmaly?

Özüňe bolan ynamy nädip artdyrmaly?

12-NJI BAP

Özüňe bolan ynamy nädip artdyrmaly?

Hawa Ýok

Sen aýna seredeniňde, □ □

özüňden hoşal bolýarmyň?

Özüňi ukyply hasaplaýarsyňmy? □ □

Deň-duşlaryň täsirine garşy □ □

durup bilýärmiň?

Saňa düzedişi kabul etmek □ □

aňsat bolýarmy?

Sen barada erbet zatlary □ □

aýdanlarynda, özüňi ele almak

başardýarmy?

Başgalar seni gowy görýär diýip □ □

pikir edýärmiň?

Jan saglygyň aladasyny □ □

edýärsiňmi?

Başgalaryň üstünliklerine □ □

begenýärmiň?

Seniň edeniň ugruna bolýarmy? □ □

Eger bu soraglaryň käbirine «Ýok» diýip jogap beren bolsaň, onda sen diňe gowşak taraplaryňa üns berýänsiň. Emma şu bapda berilýän maslahatlar saňa gowy taraplaryňam görmäge kömek eder.

ÝAŞLARYŇ köpüsi özüni başgalar bilen deňeşdirip, daş keşbinden we ukyplaryndan närazy bolýar. Senem özüňi şeýle duýýan bolsaň, ýeke dälsiň!

«Men öz kemçiliklerim sebäpli ruhdan düşýärin. Köplenç öz-özümi kötekläp geçýärin» (Litisiýa).

«Sen nähili owadan ýa görmegeý bolaýanyňda-da, sendenem has owadan oglan-gyzlaryň bardygyny görýärsiň» (Heli).

«Men başgalaryň ýanynda özümi arkaýyn duýup bilmeýärin. Sebäbi olaryň maňa göwni ýetmez öýdýärin» (Reýçel).

Eger sende-de käte şeýle duýgular döreýän bolsa, ruhdan düşme. Sen olary ýeňip bilersiň. Gel, özüňe dogry garaýyşda bolup, ynamyňy artdyrmaga kömek etjek üç zada seredeli.

Başgalara kömek et

Esasy aýat. «Bermek almakdan has bagtly edýändir» (Resullaryň işleri 20:35).

Bu nämäni aňladýar? Sen başgalara kömek etmek bilen, özüňe-de kömek edýärsiň. Bu nädip beýle bolýar? Mukaddes Ýazgylarda: «Sahy adamyň berekedi artar, suw berene suw berler» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 11:25, «Mukaddes Kitap terjime instituty»). Dogrudan-da, adam başgalara kömek edende, özüni bagtly duýýar a.

«Men başgalara nädip kömek edip biljekdigim barada oýlanyp, ýygnagymyzdaky dogan-uýalary goldamaga çalyşýaryn. Adamlara söýgi bildirip, olara gerekli kömegi berenimde, özümi diýseň bagtly duýýaryn» (Briýana).

«Hoş habary wagyz etmek — uly bereket. Sebäbi adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňda, özüň barada pikir etmän, olaryň aladasyny edip başlaýarsyň» (Jeýwon).

Duýduryş: Adamlara kömek edeniňde, yzyna bir zat gaýtararlar diýip hantama bolma (Matta 6:2—4). Sebäbi niýetiň dogry bolmasa, özüňi bagtly duýmarsyň. Onsoňam, adamlar seniň ýürekden kömek etmeýändigiňi aňarlar (1 Selanikliler 2:5, 6).

Indi bolsa öz pikiriňi ýaz. Sen öň kime kömek edendigiňi ýadyňa sal. Sen onuň üçin näme etdiň?

․․․․․

Şondan soň özüňi nähili duýduň?

․․․․․

Sen ýene kime kömek edip biljekdigiň barada oýlanyp, ony nädip goldap biljekdigiňi ýaz.

․․․․․

Gowy dostlary tapjak bol

Esasy aýat. «Hakyky dost seni her wagt söýýändir, ol aladaly gün üçin doglan dogan ýalydyr» (Süleýmanyň tymsallary 17:17, «Täze dünýä terjimesi»).

Bu nämäni aňladýar? Gowy dost kyn günüňde ýanyňda bolup, seni goldap bilýär (1 Şamuwel 18:1; 19:2). Kimdir biriniň seniň aladaňy edýändigi barada oýlanmaklygyň özi hem göwnüňi göterýär (1 Korinfliler 16:17, 18). Şonuň üçin senem özüňe gowy täsir edýän dostlary tapjak bol.

«Hakyky dostlar seni hemişe ruhlandyryp durýar» (Donal).

«Kimdir biriniň ýürekden aladaňy edýändigini göreniňde, özüňi gerekli duýýarsyň» (Helen).

Duýduryş: Dostlaryňa ýaranjak bolup, özüňi başga adam ýaly alyp barma (Süleýmanyň tymsallary 13:20; 18:24; 1 Korinfliler 15:33). Olara gowy görünjek bolup, akylsyz hereket etseň, özüňi kemsidilen we taşlanan ýaly duýarsyň (Rimliler 6:21).

Indi bolsa öz pikiriňi ýaz. Aşakda görkezilen ýerde saňa gowy täsir edip, özüňe bolan ynamy artdyrmaga kömek etjek dostlaryň adyny ýaz.

․․․․․

Sen bu dostlaryň bilen wagtyňy köpräk geçirseň gowy bolmazmy? Ýöne dostlary diňe deň-duşlaryň arasyndan tapyp bolýandyr öýtme.

Ýalňyşsaňam, ruhdan düşme

Esasy aýat. «Hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» (Rimliler 3:23).

Bu nämäni aňladýar? Biziň ählimiz bikämil. Diýmek, senem käte nädogry zatlary aýdýansyň ýa-da paýhassyz hereket edýänsiň (Rimliler 7:21—23; Ýakup 3:2). Ýöne sen ýalňyşsaňam, lapykeç bolman, dogry garaýşy saklap bilersiň. Mukaddes Ýazgylarda: «Dogry adam ýedi gezek ýykylsa-da, galýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 24:16).

«Gowşak taraplaryňy başgalaryň güýçli taraplary bilen deňeşdireniňde, özüňden göwnüň geçýär» (Kewin).

«Her bir adamyň gowy häsiýetem, erbet häsiýetem bolýar. Biz gowy häsiýetlerimiziň bardygyna begenip, erbet häsiýetlerimiziň üstünde işlemeli» (Loren).

Duýduryş: Men bikämil bolandygym üçin günä edýärin diýip, özüňi aklama (Galatýalylar 5:13). Bilgeşleýin günä etseň, Ýehowa Hudaýyň merhemetinden mahrum bolarsyň (Ýewreýler 10:26, 27).

Indi bolsa öz pikiriňi ýaz. Sen haýsy häsiýetiň üstünde işlemekçi?

․․․․․

Bu häsiýetiň gapdalyndan şu günki senäni ýaz. Onuň üstünde nädip işläp biljekdigiň barada edebiýatlarymyzdan gözleg geçir hem-de bir aýyň dowamynda nähili özgerişleri edendigiňi barlap gör.

Hudaý seni gymmat saýýar

Mukaddes Ýazgylarda «Hudaýyň bizi özümizden hem gowy tanaýandygy» aýdylýar (1 Ýahýa 3:20). Hawa, ol seniň özüňde görmeýän zadyňy hem görüp bilýär. Onda bikämilligiň sebäpli Hudaýyň nazarynda seniň gadyr-gymmatyň gaçýarmy? Aýdaly, seniň 100 dollaryň bar. Ýöne onuň gyrasy çalaja ýyrtylypdyr. Sen bu pul indi derde ýaranok diýip, ony zyňarsyňmy? Elbetde, ýok! 100 dollaryň gyrasy ýyrtyk bolsa-da, bolmasa-da onuň hümmeti gaçmaýar.

Şonuň ýaly seniňem kemçilikleriň bolsa-da, Hudaýyň nazarynda gymmatyň gaçmaýar. Hudaýyň göwnünden turmak üçin edýän tagallalaryň özüňe ujypsyz zat ýaly bolup görünse-de, ol muny gymmat saýýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý siziň edýän işleriňizi... onuň adyna görkezýän söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» diýilýär (Ýewreýler 6:10).

INDIKI BAPDA

Sen käte gam-gussa batýarmyň? Şeýle ýagdaýda näme etse bolar?

[Çykgyt]

a Eger sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegiň köp şatlyk getirýändigi hakda oýlan (Işaýa 52:7).

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Goý, her kim öz edýän işlerini barlasyn, olary başgalaryňky bilen deňeşdirmesin. Şonda ol edýän işlerinden şatlyk tapar». Galatýalylar 6:4

MASLAHAT

Özüňe: «Meniň başarýan zadym ýok» ýa-da «Mydama özümi oňarman ýörün» diýme. Bular seni has-da göwnüçökgünlige düşürer. Şonuň üçin gowşak taraplaryňy bilseňem, başarýan zatlaryň bardygyny hem unutma.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Seniň özüňe baha berişiň başgalaryň saňa bolan garaýşyna täsir edip bilýär.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Deň-duşlarym üstümden gülse, men ․․․․․

Eger diňe gowşak taraplaryma üns berip başlasam, men․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Ýaşlyk döwri adamyň näme üçin özüne kän bir ynamy bolmaýar?

● Özüňe belli bir derejede hormat goýmak näme üçin wajyp?

[88-nji sahypadaky sitata]

«Adam gaty owadan bolsa-da, özüni betgelşik hasaplamagy mümkin. Ýa-da kän bir gelşikli bolmasa-da, owadanlykda özünden öňe geçjek adam ýokdur öýdýändir. Hawa, bar zat garaýşyňa bagly bolýar» Alisa

[90-njy sahypadaky surat]

Gyrasynyň ýyrtykdygy sebäpli puluň hümmetiniň gaçmaýşy ýaly, bikämilligiň sebäpli seniňem Hudaýyň nazarynda gymmatyň gaçmaýar