Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Göwnüçökgünligi nädip ýeňmeli?

Göwnüçökgünligi nädip ýeňmeli?

13-NJI BAP

Göwnüçökgünligi nädip ýeňmeli?

«Dost-ýarlarym kynçylyga düşende, olara derrew kömege ýetişsemem, soňra öýe gelip, özümem aglaýaryn. Ýöne muny hiç kim bilmeýär». Kelli

«Men käte gam-gussa batyp, özümi başgalardan çetde tutýaryn. Meni gezelenje çagyrsalaram, gitmejek bolup, bir bahana tapýaryn. Bu ýagdaýymy öýdäkilere-de bildirmejek bolýaryn. Şonuň üçin olar meniň bar zadym gül ýalydyr öýdýärler». Rik

SENEM Rik bilen Kelliniňki ýaly duýgulary başdan geçirýärmiň? Eger şeýle bolsa, özüňi ýazgaryp ýörme. Sebäbi her bir adam wagtal-wagtal göwnüçökgünlige düşýär. Hatda Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Hudaýa wepaly erkekdir aýallar hem käte gam-gussa batýardy (1 Şamuwel 1:6—8; Zebur 35:14).

Käbir ýagdaýlarda näme sebäpli göwnüçökgünlige düşýändigiňi bilseňem, käwagt munuň sebäbine düşünýänem dälsiň. 19 ýaşly Anna: «Durmuşyňda hiç hili betbagtçylyk bolmasa-da, käte gaty sustupes bolýarsyň. Hiç zat ýok ýerden gam-gussa batanyňy özüňem duýman galýarsyň» diýýär.

Göwnüçökgünlik näme sebäpli döräýende-de, ýüregiňdäki ünji seni gysyp-gowrup barýan bolsa näme etmeli? Şeýle ýagdaýda aşakdaky maslahatlara eýerseň peýdaly bolar.

1. Gam-gussaňy paýlaş. Eýýup pygamber jebir-jepa çekip ýörkä: «Ajy hasratdan geplärin» diýdi (Eýýup 10:1).

Kelli şeýle diýýär: «Gam-gussamy kimdir biri bilen paýlaşanymda, ýüregim giňeýär. Başgalar çekýän hasratyma düşünip, maňa gerekli kömegi berende, olar meni çuň guýudan çekip çykaran ýaly bolýar».

Maslahat: Göwnüçökgünlige düşeniňde, içiňi döküp biljek dostuň adyny ýaz.

․․․․․

2. Duýgularyňy kagyz ýüzüne geçir. Gam-gussa seniň durmuşyňy gara bulut kimin bürände, belki-de, kalbyňdaky duýgulary kagyz ýüzüne geçirmek islärsiň. Dawut pygamberem Hudaýyň ylhamy bilen ýazan mezmurlarynda gaýgy-hasratyny beýan edýärdi (Zebur 6:6). Eger senem şeýle etseň, «sagdyn öwüdi, paýhasy gözden salmarsyň» (Süleýmanyň tymsallary 3:21).

Hizer şeýle diýýär: «Gam-gussa sebäpli döreýän ýaramaz duýgulary kagyz ýüzüne geçirenimde, kellämdäki düşnüksiz pikirlerden saplanmaga kömek edýär. Göwnüçökgünlige näme sebäpli düşendigiňe göz ýetirip, duýgularyňy beýan etseň, ýüküň ýeňlän ýaly bolýar».

Maslahat: Göwnüçökgünligi ýeňmek üçin  93-nji sahypadaky çarçuwa seret.

3. Hudaýa doga et. Gaýgy-aladaň barada Ýehowa doga etseň, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy seniň ýüregiňi we pikirleriňi... gorar» (Filipililer 4:6, 7).

Ester şeýle diýýär: «Men näme üçin gam-gussa batýandygyma asla düşünip bilmeýärdim. Şonuň üçin şadyýan bolar ýaly, Ýehowa doga edip, kömek soradym. Men hiç zat ýok ýerden göwnüçökgünlige düşýändigime hasam erbet bolýardym. Ýöne, ahyrsoňy, muny ýeňmegi başardym. Sizem doga-dilegiň güýjüne hiç wagt kembaha garamaň».

Maslahat: Zebur 139:23, 24-nji aýatlardaky ýaly, senem Ýehowa ýürekden doga etjek bol. Hudaýa ýüregiňi döküp, näme sebäpli göwnüçökgünlige düşýändigiňi anyklar ýaly kömek sora.

Ýokarda berlen maslahatlardan daşary, Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylardan hem köp peýdaly görkezmeleri tapyp bilersiň. Ondaky ruhlandyryjy aýatlary okap, aň-düşünjäňi gowy zatlardan doldursaň, göwnüň göteriler (Zebur 1:1—3). Şu kitabyň iki tomunda-da getirilýän «Geçmişden sapak edinýäris» diýen bölüm Mukaddes Ýazgylary has gyzykly edip okamaga kömek eder. II tomuň (rusça) 227-nji sahypasynda Pawlus resulyň bikämillik sebäpli dörän ýaramaz duýgularyny nädip ýeňendigini okap bilersiň.

Göwnüçökgünlik uzaga çekse...

Raýan atly bir oglan: «Käte ýene bir güni manysyz geçirenimden, irden düşegimden galman ýatanymy gowy görýärin» diýýär. Ol agyr göwnüçökgünlikden (depressiýa) ejir çekýär. Bu keselden ejir çekýänler az däl. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýetginjekleriň 4-den 1-iniň agyr göwnüçökgünlige düşýändigi anyklandy.

Şeýle kesele duçar bolandygyňy nädip bilmeli? Onuň käbir alamatlary şulardan ybarat: adamyň keýpi gaçýar, özüni alyp barşy üýtgeýär, özüni başgalardan çetde tutýar, hiç zada göwni galmaýar, işdäsi hem-de ukusy bozulýar, özüni dereksiz we günäkär duýýar.

Elbetde, bu agzalan zatlaryň käbiri her bir adamda-da bolup bilýär. Ýöne olar iki hepdeden uzaga çekse, lukmana ýüz tutmak babatda eneň-ataň bilen gürleşseň gowy bolar. Lukman seniň agyr göwnüçökgünlige düşendigiňi ýa düşmändigiňi anyklamaga kömek eder a.

Eger senem agyr göwnüçökgünlikden ejir çekýän bolsaň, öz ýagdaýyňdan utanma. Köpler bejergi alansoň, lapykeçligi ýeňip, özlerini bagtly duýup başladylar. Göwnüçökgünlige näme sebäpli düşenem bolsaň, Zebur 34:18-däki: «Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» diýen teselli beriji sözleri unutma.

INDIKI BAPDA

Dünýäden doýup, janyňa kast etmek barada oýlanýan bolsaň näme etmeli?

[Çykgyt]

a Sustupeslik has uzaga çekse, ýaşlaryň käbiri janyna kast etmek barada pikirlenip başlaýar. Eger seniňem kelläňe şeýle pikirler gelýän bolsa, muny haýal etmän ynamdar adamlaryň birine aýt. (Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 14-nji babyna seredip bilersiň.)

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr». Zebur 34:18

MASLAHAT

Göwnüçökgünlige düşeniňde nähili duýgulary başdan geçirýändigiňi we gam-gussa batmagyňa nämäniň sebäp bolýandygyny anyklap ýaz. Bir aý geçensoň, ýazan zatlaryňy okap gör. Seniň garaýşyň öňküden üýtgedimi? Onda bu babatda saňa nämäniň kömek edendigini hem bellik et.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Sen oglan bolsaňam, aglamaga utanma. Hatda Dawut patyşa-da bir gezek: «Her gije aglamakdan düşegimi gark edýärin. Gözýaşlarym bilen ýorganymy öl edýärin» diýdi (Zebur 6:6).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Biraz göwnüm açylar ýaly, men... ․․․․․

Şu dostlarym bilen gürrüňdeş bolsam, ýüregim giňär: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Aglamak näme üçin peýdaly bolup biler?

● Köpçüligiň içinde bolsaň, gam-gussaňy ýeňmäge nädip kömek eder?

[96-njy sahypadaky sitata]

«Gam-gussa batanymda, özümi başgalardan çetde tutmajak bolýaryn. Elbetde, käte pikirlenmek ýa-da aglamak üçin ýeke galasyň gelýär. Ýöne köpçüligiň içinde bolsaň, göwnüçökgünlige düşürýän pikirlerden ünsüň sowulýar» Kristina

[93-nji sahypadaky tablisa]

 Bellik depderçäm

Göwnüçökgünligi ýeňmek üçin

Tablisany doldur

Ýagdaý

Mugallymym meniň göwnüme degýär

Nädogry

Men indi onuň sapagyna gowy taýýarlanjak däl

Dogry

Şu kitabyň 20-nji babyna seret

Ýagdaý

Dostum meni äsgermezçilik edýär

Nädogry

Men ony başgalara ýamanlajak

Dogry

Şu kitabyň II tomunyň 10-njy babyna seret

Ýagdaý

Ejem bilen kakam aýrylyşýar

Nädogry

Olary hiç haçan bagyşlamaryn

Dogry

Şu kitabyň 4-nji babyna seret şu kitabyň

Ýagdaý

․․․․․

Nädogry

․․․․․

Dogry

․․․․․

Ýagdaý

․․․․․

Nädogry

․․․․․

Dogry

․․․․․

[95-nji sahypadaky surat]

Başgalaryň berýän kömegini kabul edip, tagalla etseň, gam-gussanyň çuň guýusyndan çykyp bilersiň