Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Enem-atama hemme zady aýtmak hökmanmy?

Enem-atama hemme zady aýtmak hökmanmy?

15-NJI BAP

Enem-atama hemme zady aýtmak hökmanmy?

Aşakdaky ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barjakdygyň barada oýlanyp, görkezilen ýerde ✔ belligi goý.

1. Otagyňda otyrkaň, doganyň ýa-da jigiň soraşman gapydan girýär.

□ «Aý, zyýany ýok-la, meniň özümem käte şeýdýärin».

□ «Bu-la bir edepsizlik bolýar. Men eşigimi çalşyp oturan bolsam näme?!»

2. Gapydan girip-girmänkäň, ejeň bilen kakaň: «Nireden gelýärsiň? Näme işläp ýörsüň? Kim bilen gitdiň?» diýip, saňa sorag baryny ýagdyryp başlaýar.

□ «Aý, zyýany ýok-la, men olara şonsuzam hemme zady gürrüň berýärin».

□ «Ýene ýürege düşüp başladylar. Olar maňa haçan görseň ynanmazçylyk edip ýör».

ÇAGAKAŇ seniň başgalardan kän bir gizlin zadyň bolan däldir. Doganyň ýa jigiň otagyňa giräýende-de, onuň soraşman girenine ünsem beren dälsiň. Eneň-ataň bir zat sorasa-da, derrew jogap berensiň. Şonda sen başgalardan syr saklamadyk bolsaňam, indi ýüregiňdäki käbir zatlary aýdasyň gelýän däldir. 14 ýaşly Kerri atly bir oglan: «Men içki syrymy başgalar bilen paýlaşasym gelmeýär» diýýär. Gel, haýsy iki ýagdaýda kynçylygyň ýüze çykyp biljekdigine seredeli.

Ýeke özüň bolasyň gelse...

Käte wagtyňy ýekelikde geçirip, hiç kimiň seni bimaza etmegini isleýän dälsiň. Belki-de, seniň «az-owlak dynç alasyň» gelýändir (Markus 6:31). Ýa-da Isanyň maslahat berişi ýaly, «otagyňa girip, gapyny ýapyp... Ataňa doga etmekçi» bolýansyň (Matta 6:6; Markus 1:35). Ýöne şonda eneň-ataň seniň doga edýändigiňi bilmän, başga bir zat bilen meşgullanýansyň öýtmegi mümkin. Jigi-doganlaryňam seniň otagyňda ýeke galmak isleýändigiňe düşünmän biler.

Seniň etmeli zadyň. Öýüňizdäkiler bilen dawalaşman, aşakdaky maslahatlara eýerjek bol.

● Jigi-doganlaryňa ýeke özüň galasyň gelýändigiňi düşündirip, ylalaşjak bol. Bu babatda ejeň bilen kakaňdanam kömek sorap bilersiň a.

● Eneň-ataň garaýşyna düşünjek bol. 16 ýaşly Rebeka şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam köplenç meniň ýagdaýym bilen gyzyklanyp durýar. Dogrusyny aýtsam, meniň özümem ene bolsam, çagalarymdan sorag-ideg edip durardym, sebäbi şu günler ýaşlara erbet täsir edýän zatlar gaty köp!» Senem Rebeka ýaly, ýagdaýa başgaça seredip, eneň-ataň duýgusyna düşünip bilermiň? (Süleýmanyň tymsallary 19:11).

● Özüňi çynlakaý barlap, şeýle soraglary ber: «Enem-atamyň maňa müňkür bolmagyna özümi alyp barşym sebäp bolýarmyka? Men olardan bir zatlary ýaşyrýarynmy? Belki, şonuň üçin olar meni haçan görseň yzarlap ýörendir?» Sen hiç hili erbetlik etmeseňem, eneň-ataň saňa ynanmazçylyk edýän bolsa, olara sypaýyçylyk bilen ýagdaýyňy düşündir. Eneň-ataň aýdýan zatlaryny ünsli diňle we nädogry hereket etmeýändigiňe göz ýetirjek bol (Ýakup 1:19).

Kimler bilen gatnaşýandygyňy bildirmejek bolsaň...

Elbetde, sen dost-ýarlaryň bilen gatnaşasyň gelýändir. Eneň-ataňam seniň kimler bilen gatnaşýandygyňy we näme bilen meşgullanýandygyňy bilmek isleýändir. Ýöne sen: «Ejem bilen kakam öte alada edýär» diýmegiň mümkin. 16 ýaşly Emi hem: «Men telefonda ýa-da Internetde hat alşyp otyrkam, ejem bilen kakam her 5 minutdan gelip, kim bilen gepleşýänimi biljek bolup, jyklap dursa, gaty gaharym gelýär» diýýär.

Seniň etmeli zadyň. Dostlaryň sebäpli eneň-ataň bilen araňa tow düşmez ýaly, aşakdaky maslahatlara eýerjek bol.

● Kim bilen gatnaşýandygyňy eneň-ataňdan gizlemän, gaýtam, dostlaryňy olar bilen tanyşdyr. Elbetde, sen ejeň bilen kakaň häli-şindi seni yzarlap ýörmegini isleýän dälsiň. Ýöne kimler bilen gatnaşýandygyňy gizleseň, olaryň şondan başga alajy bolarmy?! Olar seniň kimler bilen gatnaşýandygyňy bilse, erbet adamlar bilen tirkeşmeýändigiňe göz ýetirip, biraz arkaýynlaşar.

● Özüňi çynlakaý barlap, şeýle sorag ber: «Aslynda, men ejem bilen kakamyň şahsy durmuşyma goşulmagyny islämokmy ýa-da olardan bir zatlary gizlejek bolýaryn?» 22 ýaşly Britani şeýle diýýär: «Eneň-ataň sen barada alada edýän bolsa, senem hiç hili erbetlik etmeýän bolsaň, ony ýaşyrmak nämä gerek?! Ýöne bir zady ýaşyrýan bolsaň, diýmek, sen bolgusyz zada baş goşansyň».

Sen öz tarapyňdan näme edip bilersiň?

Käte ýeke özüň galasyň gelýän bolsa ýa-da ýüregiňdäkini hiç kim bilen paýlaşasyň gelmeýän bolsa, aşakdaky soraglaryň üstünde oýlanyp, berilýän maslahatlara eýerjek bol.

1-nji ädim: Kynçylygy anykla. Sen haýsy ýagdaýlarda wagtyňy ýekelikde geçirmek isleýärsiň?

․․․․․

2-nji ädim: Eneň-ataň garaýşyny göz öňünde tut. Seniň pikiriňçe, olar näme üçin biynjalyklanýar?

․․․․․

3-nji ädim: Kynçylygy çözjek bol. Sen bir zady bilgeşleýin etmeseňem, özüňi alyp barşyň bilen eneň-ataň saňa müňkür bolmagyna sebäp döredýärmiň? Onda edýän hereketiňde nämeleri üýtgetseň gowy bolar? Sen eneň-ataň näme etmegini isleýärsiň?

․․․․․

4-nji ädim: Eneň-ataň bilen gepleş. Eneň-ataň bilen gürrüňdeş bolup, olara ýagdaýyňy düşündir. Olar bilen gürrüňe nädip başlajakdygyňy ýaz.

․․․․․

INDIKI BAPDA

Ejeň ýa-da kakaň aradan çykan bolsa nireden teselli tapyp bilersiň?

[Çykgyt]

a Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 6-njy babyna seredip bilersiň.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Hudaýyň halaýan adamy bolmak üçin eliňde baryňy et... Özüňi utanmaýan işçi hökmünde alyp bar». 2 Timoteos 2:15

MASLAHAT

Eneň-ataň bilen gürleşeniňde, seniň şahsy durmuşyňa goşulýandyklary üçin igenmän, olara ýagdaýyňy düşündir. Eýsem, bularyň näme tapawudy bar? Sen igenseň, diňe olaryň nädogry hereket edýändigine üns berdigiň bolar. Emma ýagdaýyňy düşündirseň, bu size kynçylygy çözmäge kömek eder.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Eneň-ataňdan hiç zat gizlemeseň, olar saňa müňkürlik etmez.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Enem-atamyň ynamyna girmek üçin, men... ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Eneň-ataň seniň durmuşyň bilen gyzyklanmaga näme üçin haky bar?

● Eneň-ataň bilen açyk gürrüňdeş bolmagy öwrenseň, başga adamlar bilen düşünişmäge nädip kömek eder?

[108-nji sahypadaky sitata]

«Ene-atalar bizi ýamanlykdan gorajak bolýar, ýöne käte olar şahsy durmuşymyza goşulýan ýaly görünmegi mümkin. Belki-de, biz muny halaýan däldiris, ýöne menem olaryň ýerine bolan bolsam, şeýle ederdim» Alina

[109-njy sahypadaky surat]

Ynamy hem aýlyk ýaly gazanyp bolýar