Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ölüm hasratyna nädip döz gelmeli?

Ölüm hasratyna nädip döz gelmeli?

16-NJY BAP

Ölüm hasratyna nädip döz gelmeli?

Şu bapda ene-atanyň ölümi sebäpli döreýän gam-gussa barada aýdylsa-da, ondaky prinsipler başga-da hossarlaryny ýa-da ýakyn dostuny ýitiren adamlara-da peýdaly bolar.

«Ejemiň aradan çykmagy maňa gaty agyr degdi, şonda meniň dünýäm daralan ýaly boldy. Sebäbi ol biziň maşgalamyzyň diregidi». Kerin

ENE-ATANYŇ aradan çykmagy ähli zatdan agyr degýär. Belki, senem şondan soň her hili ýaramaz duýgulary başdan geçirensiň. 13 ýaşyndaka kakasy ýüregagyrydan aýrylan Braýan şeýle diýýär: «Şonda biz biri-birimizi gujaklap, bütin gijämizi aglap geçirdik». 10 ýaşyndaka kakasy rak keselinden aradan çykan Nataliýa bolsa: «Meniň ýüregim doňup, kalbym boşap galan ýaly boldy» diýýär.

Ýakynynyň ölümi her kime her hili täsir edýär. Mukaddes Ýazgylarda «her kesiň öz ýürek hasratynyň» bardygy aýdylýar (2 Ýyl ýazgylary 6:29). Şonuň üçin senem ejeň ýa-da kakaň aradan çykmagynyň saňa nähili täsir edendigi barada oýlanyp gör. Aşakda görkezilen ýerde 1) onuň ýogalan wagty özüňi nähili duýandygyňy, 2) häzir özüňi nähili duýýandygyňy ýaz a.

1 ․․․․․

2 ․․․․․

Eger sen häzir öňkiň ýaly hasrat çekmeýän bolsaň, bu seniň aradan çykan ejeňi ýa-da kakaňy unudandygyňy aňlatmaýar. Emma onuň aradan çykanyna esli wagt geçenem bolsa, ýüregiňdäki ünji aýrylman, gaýtam, güýjeýän bolmagy-da mümkin. Belki-de, seniň çekýän hasratyň kä güýjäp, kä peselýän deňiz tolkunlaryna meňzeýändir. Elbetde, seniň ýagdaýyňa düşünse bolýar. Onda şeýle gaýgy-hasrata nädip döz gelip bolar?

Gözýaşyňy saklama. Aglasaň biraz ýüregiň giňär. Emma senem özüňi 19 ýaşyndaka ejesi aýrylan Alisa ýaly duýmagyň mümkin. Ol şeýle ýatlaýar: «Men ýöne aglap otursam, daş-töwerekdäkiler meniň imanym gowşakdyr öýder diýip pikir etdim». Isa pygamber Hudaýa berk iman eden kämil adam bolsa-da, dosty Lazar aýrylanda, onuň ýakynlarynyň hasrat çekýändigini görüp aglady (Ýahýa 11:35). Şonuň üçin senem gözýaşyňy saklama. Bu seniň imanyň gowşakdygyny aňlatmaýar. Alisa hem: «Men muňa düşünenimde, gözýaşymy saklaman, her gün köp aglap başladym» diýýär b.

Özüňi günäkärläp ýörme. 13 ýaşyndaka ejesi aradan çykan Karina şeýle diýýär: «Men hemişe ýatmazymdan öň ejemiň ýanyna baryp, ony mähir bilen ogşardym. Ýöne bir gün men muny etmändim. Ertesi irden ejem aradan çykdy. Bu geň bolup görünse-de, men şol gije ejemiň ýanyna barmandygym we ertesi günki bolan wakalar üçin özümi günäkärläp başladym. Kakam iş saparyna gideninde, gyz doganym ikimize ejemize seretmegi tabşyrypdy. Ýöne biz şol gün gaty giç turupdyrys. Ejemiň ýanyna baryp görsek, ol eýýäm jan beripdir. Şonda men özümi gaty erbet duýdum, sebäbi kakam gidende ejemiň ýagdaýy gowudy».

Belki, Karina ýaly senem bir zady etmändigiň üçin özüňi günäkärläp, «Wah, men ejemiň halyndan irräk habar alan bolsadym» ýa-da «Lukman çagyran bolsadym» diýen ýaly pikirler bilen özüňi horlap ýörensiň. Eger şeýle pikirler kelläňden çykmaýan bolsa, bir wajyp zady unutma: «Bir zady beýle etmän, başgaça eden bolsam gowy bolardy» diýen pikir her kimde-de döräp bilýär. Elbetde, senem şeýle boljagyny bilen bolsaň, başgaça hereket ederdiň. Ýöne sen beýle boljagyny bilmändiň ahyryn. Şonuň üçin özüňi günäkärläp ýörme. Sebäbi ejeň ýa kakaň ölümine sen günäkär däl c.

Ynamdar adama ýüregiňi dök. Süleýmanyň tymsallary 12:25-de: «Ýüregindäki ýük adamy çökerýändir; ýagşy söz bolsa ýüregini begendirýändir» diýilýär. Senem gaýgy-aladaňy içiňe salyp ýörseň, ýüregiňdäki hasrata döz gelmek kyn bolar. Emma ynamdar adama ýüregiňi dökseň, «ýagşy söze» mätäç wagtyň teselli taparsyň.

Hudaýa doga et. Esasanam, Ýehowa Hudaýa doga edip, «ýüregiňi... dökseň» kalbyň rahatlanar (Zebur 62:8). Doga etmeklige ýöne bir ýüregiňe giňlik berýän zat ýaly garama. Sebäbi sen doga edeniňde, «bütin teselliler Hudaýyna» ýüzlenýärsiň. «Ol bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär» (2 Korinfliler 1:3, 4). Hudaý bize öz Sözi bolan Mukaddes Ýazgylar arkaly göwünlik berýär (Rimliler 15:4). Şonuň üçin senem teselli beriji aýatlary wagtal-wagtal okap dursaň gowy bolar d.

Elbetde, ölümiň çekdirýän hasraty bir günüň içinde aýrylmaýar. Emma sen Mukaddes Ýazgylardan teselli tapyp bilersiň. Sebäbi Hudaý gelejekde boljak Jennetde «ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» diýip wada berýär (Ylham 21:3, 4). Senem şol wadalar barada oýlansaň, ejeňi ýa-da kakaňy ýitirendigiň sebäpli çekýän hasratyňa döz gelip bilersiň.

[Çykgytlar]

a Bu soraglara jogap bermek häzir kyn düşýän bolsa, muny soň edip bilersiň.

b Ýöne hasrat çekýändigiňi görkezmek üçin hökman aglamalydyr öýtme. Adamlaryň hasrat çekişi dürli-dürli bolýar. Nähili bolaýanda-da, «aglamagyň öz wagtynyň» bardygyny hem unutma (Wagyz kitaby 3:4).

c Eger şeýle pikirler seni biynjalyk edýän bolsa, hossarlaryň birine içiňi döküp bilersiň. Wagtyň geçmegi bilen, seniň ýagdaýyň gowulaşar.

d Şu aýatlar köplere teselli berýär: Zebur 34:18; 102:17; 147:3; Işaýa 25:8; Ýahýa 5:28, 29.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Hudaý olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar. Sebäbi öňki zatlar geçip gitdi». Ylham 21:4

MASLAHAT

Aradan çykan ýakynyň barada käbir pikirleri ýazyp, özüň üçin bellik et. Şonda biraz ýüregiň giňär.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Aglamak gowşaklygyň alamaty däl. Hatda Ybraýym, Ýusup, Dawut hem-de Isa ýaly batyrgaý adamlaram ýakynlarynyň aradan çykandygyna gynanyp aglapdylar (Gelip çykyş 23:2; 50:1; 2 Şamuwel 1:11, 12; 18:33; Ýahýa 11:35).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Ýüregim gyýlyp, hasrat çekip başlasam, men ․․․․․

Şu mesele boýunça ejemden ýa kakamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Aradan çykan ýakynyň bilen geçiren şatlykly günleriňi ýatlamagyň nähili peýdasy bar?

● Öz duýgularyňy ýazsaň, çekýän hasratyňy nädip ýeňledip bilersiň?

[112-nji sahypadaky sitata]

«Men ähli gaýgy-aladamy içime salyp gezýärdim. Ýöne kimdir birine ýüregimi döken bolsam, has gowy bolardy. Şonda biraz derdim ýeňlärdi Deýwid

[113-nji sahypadaky çarçuwa]

ŞANTELA

‘‘Kakam bäş ýyllap ýarawsyz ýatdy. Soňra onuň ýagdaýy hasam agyrlaşdy. Men 16 ýaşymdakam, ol öz janyna kast etdi. Şonda ejem oglan doganym ikimize bar bolan zatlary açyk gürrüň berdi. Ol biziň bilen kakamy nädip jaýlamalydygy barada hem maslahatlaşdy. Bu zatlar bize agyr ýagdaýa döz gelmäge kömek etdi. Meniň pikirimçe, çagalardan bir zat gizleseler, hasam şeýle elhenç wakany ýaşyrsalar, olar muny halamaýar. Menem soňabaka kakamyň ölümi barada açyk gürrüň etmäge çekinmedim. Agym tutanda nirädir bir ýere ýa-da joramyň ýanyna gidip aglaýardym. Meniň size berjek maslahatym: maşgala agzalaryňyz we dost-ýarlaryňyz bilen gepleşip, olara içiňizi döküň. Gam-gussany ýeňmek üçin eliňizde baryny ediň’.

[113-nji sahypadaky çarçuwa]

LIÝA

‘‘Men 19 ýaşymdakam, ejemiň beýnisine gan inip, ol üç ýyldan aradan çykdy. Şondan soň men öňkümden dogumlyrak bolmalydygyma düşündim. Sebäbi menem ejizlesem, kakama has agyr degjekdi. Çagakam syrkawlasam ýa sähel özümi erbet duýsam, ejem mydama meniň ýanymda bolardy. Elini meniň maňlaýyma degrip, gyzgynymy barlardy. Indi ejemiň ýanymda ýokdugyna gaty gynanýaryn. Men çekýän hasratymy içime salanymda, özümi hasam erbet duýýaryn. Şonuň üçin käte ejemiň suratlaryny elime alyp aglaýaryn. Joralarym bilen gürleşsemem biraz ýüregim giňeýär. Mukaddes Ýazgylarda ölen adamlaryň Jennetde direljekdigi wada berilýär (Ýahýa 5:28, 29). Men ejemi ýene-de görjekdigime umyt edip, direlende onuň öňünden çykyp biler ýaly näme etmelidigim barada oýlananymda, kän bir gam-gussa batmaýaryn’’[2].

[114-nji sahypadaky çarçuwa]

BETANI

‘‘Kakama ony gowy görýändigimi aýdanymy ýadyma düşürjek bolýaryn. Wah, men ony gowy görýändigimi aýdandyryn-la, ýöne hiç göz öňüme gelenok-da, sebäbi ol ýogalanda men bary-ýogy bäş ýaşymdadym. Gije kakamyň beýnisine gan inip, ony keselhana äkitdiler. Irden turanymda, maňa onuň ýogalandygyny aýtdylar. Şondan soň kakam barada gürrüň etseler, özümi erbet duýýardym. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, men ol hakda edilýän gürrüňleri höwes bilen diňläp başladym, sebäbi onuň nähili adam bolandygyny bilesim gelýärdi. Eger sizem ejeňizi ýa kakaňyzy ýitiren bolsaňyz, onuň bilen geçiren her bir pursadyňyzyň gadyryny biliň. Şol ýatlamalary unutmaz ýaly, olary ýazyp bellik ediň. Onsoňam, Jennetde boljak direlişde ýakynyňyzy garşy alyp biler ýaly, Hudaýa wepaly galmaga jan ediň’’[3].

[116-njy sahypadaky çarçuwa]

Bellik depderçäm

Öz pikiriňi ýaz

Aradan çykan ejeň ýa kakaň bilen geçiren şatlykly pursatlaryň käbirini ýaz. ․․․․․

Eger ol diri bolan bolsa, oňa näme diýerdiň?

Eger seniň jigileriň biri ejeň ýa kakaň ölümi üçin özüni günäkärleýän bolsa, oňa nädip teselli berjekdigiňi ýaz. (Bu seniň özüňe-de kömek eder.) ․․․․․

Aradan çykan ejeň ýa kakaň barada nämäni bilesiň gelýär? Olaryň iki-üç sanysyny ýaz. Soňra bu zatlary hossarlaryň birinden sorap, gürrüňdeş bol. ․․․․․

Resullaryň işleri 24:15-i oka. Bu aýatdaky sözler saňa ýüregiňdäki hasrata döz gelmäge nädip kömek eder? ․․․․․

[115-nji sahypadaky surat]

Seniň çekýän hasratyňy duýdansyz gelip, kenara urýan güýçli tolkunlara meňzetse bolar