Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mekdepde wagyz etmäge näme üçin çekinýärkäm?

Mekdepde wagyz etmäge näme üçin çekinýärkäm?

17-NJI BAP

Mekdepde wagyz etmäge näme üçin çekinýärkäm?

«Mekdepde wagyz etmäge gowy mümkinçilikler boldy, ýöne men olardan peýdalanmadym». Kaleb

«Mugallymymyz bizden ewolýusiýa nähili garaýandygymyzy sorady. Men munuň wagyz etmäge gowy mümkinçilikdigine düşünsemem, gorkup, hiç zat diýmedim. Ýöne şondan soň, muňa gaty ökündim». Jasmin

EGER senem Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Kaleb bilen Jasminiňki ýaly duýgulary başdan geçirýänsiň. Senem Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlary gymmat saýyp, olary başga adamlara-da gürrüň bermek isleýänsiň. Ýöne söze başlamaly bolanyňda, ýüregiňe gorky aralaşýandyr. Emma sen gorkyňy ýeňip, batyrgaý bolup bilersiň. Munuň üçin aşakdaky maslahatlara eýerjek bol:

1. Nämeden gorkýandygyňy anykla. Ynanýan zatlaryňy başgalara nädip gürrüň berjekdigiň hakda oýlansaň, döräp biläýjek kynçylygy göz öňüne getirmek aňsat bolar. Nämeden gorkýandygyňy söz bilen ýa-da hat üsti bilen beýan etseň, bu saňa gorkyňy ýeňmäge kömek eder.

Aşakda öz pikiriňi ýaz:

● Mekdepde wagyz etsem, şeýle bolar öýdüp gorkýaryn: ․․․․․

Şeýle gorky mesihçi ýaşlaryň köpüsinde döräp bilýär. Mysal üçin, 14 ýaşly Kristian: «Başgalar meniň üstümden gülüp, munuň akyly üýtgäpdir diýerler öýdüp gorkýaryn» diýýär. Babyň başynda agzalan Kaleb hem: «Maňa sorag berseler, aljyrap, jogap berip bilmerin öýdýärin» diýýär.

2. Kynçylykdan gaçman, oňa döz geljek bol. Elbetde, seniň gorkmagyňa degerli sebäpler bar bolmagy-da mümkin. 20 ýaşly Eşli: «Käbir okuwçylar gürrüň berýän zatlarym bilen gyzyklanan bolup, soňam başgalaryň ýanynda meni ýaňsylap, üstümden gülýärdiler» diýýär. 17 ýaşly Nikol atly gyz hem şonuň ýaly ýagdaýy başdan geçirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir oglan meniň okap beren aýadymy öz Mukaddes Ýazgylary bilen deňeşdirip gördi. Olaryň biraz tapawutlanýan ýerleri bardy. Şonuň üçinem ol maňa: „Seniň okaýan kitabyň üýtgedilipdir“ diýdi. Şonda men aljyrap, näme diýjegimi bilmän galdym» a.

Elbetde, şonuň ýaly ýagdaýlar seni howsala düşürýändir. Ýöne kynçylykdan gaçman, oňa döz gelseň gowy bolar. Sebäbi şeýle ýagdaýa her bir mesihçi duş gelýär (2 Timoteos 3:12). On üç ýaşly Metýu atly oglan: «Isa şägirtleriniň yzarlanjakdygyny aýtdy. Şonuň üçin biz ynanýan zatlarymyzy hemmeleriň kabul etmejekdigine düşünýäris» diýýär (Ýahýa 15:20).

3. Peýdaly taraplary barada oýlan. Ynanýan zatlaryňy gürrüň bereniňde käte kyn ýagdaýa düşseňem, bu saňa peýda berip biler. 21 ýaşly Ember: «Mukaddes Ýazgylara hormat goýmaýan adamlara ynanýan zatlaryňy düşündirmek kyn bolsa-da, şeýle gürrüňdeşlik öz imanyňam berkitmäge kömek edýär» diýýär (Rimliler 12:2).

1-nji maslahatyň aşagynda bellik eden zadyňa ýene-de göz aýlap gör. Şol ýagdaýyň nähili gowy netije berip biljekdigi hakda oýlanyp, aşakda görkezilen ýerde pikiriňi ýaz.

1 ․․․․․

2 ․․․․․

Maslahat: Oýlanyp gör, ynanýan zatlaryňy wagyz etseň, özüňe bolan ynamyňy artdyrmaga nädip kömek eder? Bu seniň Ýehowa bolan söýgiňe nähili täsir eder? Hudaý saňa nähili garar? Deň-duşlaryň saňa bolan garaýşy nädip üýtgäp biler? (Süleýmanyň tymsallary 23:15).

4. Öňünden gowy taýýarlan. Süleýmanyň tymsallary 15:28-de: «Dogrynyň ýüregi jogap berende köp oýlanýandyr» diýilýär. Senem diňe bir aýtjak sözleriň barada däl-de, başgalaryň saňa berip biljek soraglary hakda hem oýlan. Edebiýatlarymyzdan şol temalar barada gözleg geçirip, ynandyryjy jogaplary berip biler ýaly öňünden gowy taýýarlan (127-nji sahypadaky « Nädip jogap bermeli?» diýen çarçuwa seredip bilersiň).

5. Gürrüňe başla. Indi sen ynanýan zatlaryň barada wagyz etmäge taýýarlandyň, ýöne gürrüňe nädip başlamaly? Munuň iki usuly bar. Ynanýan zatlaryňy gürrüň bermegi derýada suwa düşmek bilen deňeşdirse bolar. Käbir adamlar suwuň gyrasyndan ýuwaşlyk bilen girýärler, käbirleri bolsa ylgap bökýärler. Şonuň ýaly senem gürrüňdeşligi din bilen bagly zatlardan başlaman, suwa ýuwaşlyk bilen girýän ýaly, ilki, gündelik durmuşdaky zatlar barada gürrüň edip bilersiň. Ýöne şeýle edeniňde kynçylyk dörär öýtseň, suwa ylgap bökýän ýaly, göni wagyz edip başlasaňam bolar (Luka 12:11, 12). On ýedi ýaşly Endrýu şeýle diýýär: «Ynanýan zatlarym barada wagyz etmek kyn bolup görünse-de, onuň pikir edişim ýaly beýle bir kyn däldigine göz ýetirdim» b.

6. Paýhasly bol. Süleýman patyşa: «Ähli paýhasly adamlar bilim bilen işleýändir» diýip ýazdy (Süleýmanyň tymsallary 13:16). Derýanyň ýalpak ýerinde suwa çümüp bolmaýşy ýaly, senem biderek ýere jedelleşmejek bol. Geplemegiň hem-de dymmagyň öz wagtynyň bardygyny unutma (Wagyz kitaby 3:1, 7). Käwagt Isa-da soraglara jogap bermeýärdi (Matta 26:62, 63).

Ýöne sen jogap bermek isleseň, gysga hem-de paýhasly geple. Meselem, klasdaşyň saňa: «Sen näme üçin çilim çekmeýärsiň?» diýip, üstüňden güljek bolsa, oňa: «Men saglygyma zyýan ýetiresim gelenok» diýip bilersiň. Şondan soň onuň berjek jogabyna görä, ynanýan zatlaryňy düşündirmelidigini ýa däldigini anyklap bilersiň.

Şu bapda berlen 6 maslahat saňa imanyň baradaky soraglara «jogap bermäge hemişe taýyn bolar» ýaly kömek eder (1 Petrus 3:15). Elbetde, bu seniň hiç wagt aljyramajakdygyňy aňlatmaýar. Ýöne 18 ýaşly Alina şeýle diýýär: «Biraz gorksaňam, ynanýan zatlaryňy düşündirseň, uly iş bitiren ýaly bolýarsyň. Sebäbi sen gorkyňy ýeňip, kyn ýagdaýdan baş alyp çykmagy öwrenýärsiň. Eger adam seniň aýdan zatlaryňa gowy seslense, batyrgaýlyk bilen gürrüňe başlandygyňa hasam begenýärsiň».

INDIKI BAPDA

Mekdepde köp kynçylyklara duş gelýän bolsaň näme etmeli?

[Çykgytlar]

a Mukaddes Ýazgylaryň terjimelerinde ulanylýan sözler biri-birinden tapawutlanýar. Olaryň käbiri edil asyl nusgadaky ýaly terjime edildi.

b 124-nji sahypadaky « Gürrüňe başlamak üçin» diýen çarçuwa seredip bilersiň.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Umydyňyz hakda sorag beren her kese jogap bermäge hemişe taýyn boluň, ýöne muny ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen ediň». 1 Petrus 3:15

MASLAHAT

Klasdaşlaryňa nämä ynanyp, nämä ynanmaly däldigini aýtmagyň deregine, öz dini ynançlaryňy ynamly gürrüň berip, şol zatlary näme üçin dogry hasaplaýandygyňy düşündir.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Klasdaşlaryň käbiri Mukaddes Ýazgylardaky ýokary ahlak kadalaryna görä ýaşaýandygyň üçin seni hasam sylaýandyr. Ýöne olar senden dini ynançlaryň barada soramaga çekinýän bolmagy mümkin.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Men şu klasdaşyma wagyz etmekçi (azyndan biriniň adyny ýaz): ․․․․․

Şu tema oňa has gyzykly bolar: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Klasdaşlaryň näme üçin seniň üstüňden gülýän bolmagy mümkin?

● Wagyz edeniňde, özüňi ynamly alyp barmak näme üçin wajyp?

[126-njy sahypadaky sitata]

«Çagakam beýlekilerden kän bir tapawutlanasym gelmeýärdi. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, ynanýan zatlarymyň maňa diňe peýda berýändigine göz ýetirdim. Men muňa düşünenimde, özümi has ynamly duýup, ynanýan zatlaryma buýsanyp başladym» Jeýson

[124-nji sahypadaky çarçuwa]

 Gürrüňe başlamak üçin...

«Tomus aýlary sen näme etmekçi?» (Jogap bereninden soň, kongrese gitmek ýa-da Hudaýa köpräk gulluk etmek ýaly ruhy maksatlaryň hakda gürrüň ber).

● Habarlarda eşiden zatlaryňy göz öňünde tutup, şeýle sorag ber: «Habarlarda näme diýlendigini eşitdiňmi? Sen bu barada nähili pikir edýärsiň?»

«Seniň pikiriňçe, dünýädäki pul ýetmezçilik (ýa-da başga kynçylygy agza) ýaly kynçylyklar haçanam bolsa çözülermikä? (Jogap bersin). Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?»

«Sen Hudaýa ynanýarmyň?»

«Öňümizdäki bäş ýylyň içinde nähili maksatlara ýetsem diýýärsiň?» (Jogap berensoň, özüň nähili ruhy maksatlary goýandygyňy gürrüň ber).

[127-nji sahypadaky tablisa]

 (Teksti doly görmek üçin edebiýata serediň)

Bellik depderçäm

Nädip jogap bermeli? Çap edip al

Maslahat: Şu çarçuwany eneň-ataň we ýygnagyňyzdaky deň-duşlaryň bilen ara alyp maslahatlaş. Çarçuwanyň boş ýerlerini doldur. Soňra klasdaşlaryň başga-da berip biläýjek soraglary barada oýlanyp, olara ynandyryjy jogap berer ýaly öňünden taýýarlan.

Bitaraplygy saklamak

Sorag

Sen näme üçin baýdaga tagzym etmeýärsiň? Sen öz ýurduňy gowy görmeýärmiň?

Jogap

Men öz ýurduma sarpa goýýaryn, ýöne onuň baýdagyna sežde etmeýärin.

Indiki sorag

Onda sen öz watanyň üçin söweşjegem dälmi?

Jogap

Ýok, başga ýurtlarda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary hem baýdaga biziň ýurdumyza garşy söweşmez

Gan goýbertmek

Sorag

Sen näme üçin gan goýbertmeýärsiň?

Jogap

Maňa AIDS ýa-da gepatit geçmez ýaly, howpsuz bejergi alasym gelýär. Mukaddes Ýazgylarda hem gandan gaça durmalydygy aýdylýar. Şonuň üçinem men gan goýbertmeýärin.

Indiki sorag

Ýöne gan goýbertmeseň birden ölseň näme? Hudaý şeýle ýagdaýda-da seni bagyşlamazmy?

Jogap

․․․․․

Erkinlik meselesi

Sorag

Siziň diniňizdäki pylan-a şeýle etdi. Näme, sen edeniňde bolanokmy?

Jogap

Bize Hudaýyň tabşyryklary öwredilse-de, olary ýerine ýetirmäge hiç kim bizi mejbur etmeýär. Muny her kimiň özi çözýär.

Indiki sorag

Onda siziň diniňizde islän zadyňy edibermelimi?

Jogap

․․․․․

Ýaradylyş

Sorag

Sen näme üçin ewolýusiýa ynanmaýarsyň?

Jogap

Men oňa näme üçin ynanmaly? Muňa alymlaryň özem şübhelenýär-ä!

Indiki sorag

․․․․․

Jogap

․․․․․

[125-nji sahypadaky surat]

Ynanýan zatlaryň gürrüň bermäge derýada suwa düşmek bilen deňeşdirseň bolar. Sen suwuň grasyndan ýuwaşlyk bilen girip ýa-da ylgap böküp bilersiň