Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mekdebi taşlaýsammykam?

Mekdebi taşlaýsammykam?

19-NJY BAP

Mekdebi taşlaýsammykam?

Seniň pikiriňçe, mekdebi doly tamamlamak hökmanmy?․․․․․

Eneň-ataňam şeýle pikir edýärmi?․․․․․

SENIŇ jogabyň eneň-ataňky bilen gabat gelýärmi? Şeýle bolaýanda-da, sen kä günler mekdebe gidesiň gelmän, okuwyňy taşlamak barada oýlanýansyň. Belki, senem aşakda agzalýan oglan-gyzlaryňky ýaly duýgulary başdan geçirýänsiň.

«Käwagt şeýle bir ýadaýan welin, düşegimdenem galasym gelmeýär. Şonda öz ýanymdan: „Mekdepde öwrenýän zatlarymyň barybir maňa peýdasy degmejek bolsa, biderek gatnap ýörmek nämä gerek?!“ diýip pikir edýärin» (Reýçel).

«Köplenç mekdepden halys ýadap, bar zady taşlaýyn-da, gowusy, işe gireýin diýýärin. Sebäbi mekdepden-ä hiç hili derek ýok, işleseň welin, saňa aýlyk tölenýär» (Jon).

«Şäherdäki mekdepleriň birine geçenimde, täze ýere öwrenişmek maňa gaty kyn boldy. Sebäbi okuwçylar meni öz aralaryna goşmaýardylar. Şonuň üçinem köplenç ýeke özüm oturýardym. Hatda özüm ýaly ýekesiräp ýörenlerem meniň bilen gepleşmeýärdi. Men gowy okasamam, mekdebi taşlasym gelýärdi» (Raýan).

«Men günde 4 sagatlap öý işlerimi edýärdim! Mekdepde yzly-yzyna berilýän ýumuşlardan, barlag işlerden ýaňa halys başym çaşýardy. Bu zatlardan bizar bolup, mekdebi taşlamagyň pikirini edip başladym» (Sindi).

«Mekdebimizde üç sany okuwçy öz janyna kast etjek boldy. Bir okuwçy bolsa şeýle edip, aradanam çykdy. Mekdepde jenaýatçylyk gaty köp bolýardy. Bir gezek mekdebimizi ýarjak bolup, bomba-da goýdular. Käte men özüme: „Boldy, indi besdir! Men-ä okuwy taşlajak!“ diýýärdim» (Roza).

Senem şeýle kynçylyklara duş gelýärmiň? Mekdepdäki kynçylyklaryň haýsysy sebäpli okuwyňy taşlasyň gelýär?

․․․․․

Sen okuwyňy taşlamak barada çynlakaý oýlanýan bolmagyňam mümkin. Emma sen eýýäm ýeterlikli bilim aldyňmy? Ýa-da ýöne bir mekdepden bizar bolup, ondan dynasyň gelýärmi? Gel, ilki bilen, mekdebi taşlamagyň näme aňladýandygyna seredeli.

Mekdepden çykmagyň we ony taşlamagyň tapawudy

Sen mekdepden çykmagyň we ony taşlamagyň arasyndaky tapawudy nähili düşündirersiň?

․․․․․

Käbir ýurtlarda 5-8 klas okap, mekdepden çyksa bolýar. Käbir döwletlerde bolsa azyndan 10 ýyl okalýar. Görşümiz ýaly, bu babatda belli bir düzgün ýok.

Şeýle-de käbir ýurtlarda belli bir sapaklary ýa-da olaryň hemmesini öýde geçmäge rugsat berilýär. Eger çaganyň ene-atasy şeýle karara gelen bolsa, bu okuwça mekdebi taşlaýar diýip bolmaz.

Ýöne sen mekdebi doly tamamlamankaň okuwyňy taşlamaga hyýallanýan bolsaň, aşakdaky zatlar barada oýlansaň gowy bolar.

Ýurduňyzyň kanunynda näme talap edilýär? Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, mekdepde näçe ýyl okamalydygy barada her ýurduň öz kanuny bolýar. Siziň ýurduňyzda azyndan näçe ýyl okalýar? Senem şonça klasy okadyňmy? Eger sen Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýokary häkimiýetlere tabyn boluň» diýen tabşyrygy bozup, okuwyňy goýsaň, mekdebi taşladygyň bolar (Rimliler 13:1).

Sen ýeterlikli bilim aldyňmy? Sen bilim alanyňdan soň, durmuşda nähili maksatlara ýetmekçi? Bu barada häzirden oýlansaň gowy bolar. Ýogsam, sen özüniň nirä gidip barýandygyny bilmän, otla münen adama meňzärsiň. Şonuň üçin eneň-ataň bilen 139-njy sahypadaky « Bilim almagymyň maksady näme?» diýen çarçuwadaky soraglara jogap ber. Şonda sen nämä ymtylýandygyňa göz ýetirersiň hem-de mekdepden çykmalymy ýa-da ony doly tamamlamalydygyny eneň-ataň bilen maslahatlaşyp, çözüp bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 21:5).

Elbetde, mugallymlaryň ýa-da başga adamlaram seniň mekdepde näçe ýyl okamalydygyň babatda maslahat berip biler. Ýöne gutarnykly karara eneň-ataň gelýär (Süleýmanyň tymsallary 1:8; Koloslylar 3:20). Eger sen eneň-ataň bilen bellik eden maksatlaryňa ýetmänkäň, okuwyňy goýsaň, mekdebi taşladygyň bolar.

Mekdebi näme sebäpli taşlajak bolýarsyň? Sen öz-özüňi aldama (Ýermeýa 17:9). Adam köplenç bir zady gowy niýet bilen edýändigini aýdyp, özüni aklaýar (Ýakup 1:22).

Seniň pikiriňçe, okuwyňy doly tamamlamadyk bolsaňam, mekdepden çykmaga nähili degerli sebäpler bar? Olary aşakda ýazyp bilersiň.

․․․․․

Indi bolsa nämelerden dynmak üçin mekdebi taşlamakçy bolýandygyňy ýaz.

․․․․․

Sen ýokarky setirde nähili degerli sebäpleri ýazdyň? Belki-de, sen maşgalaňyzyň eklenjine goşant goşmak ýa-da Hudaýa köpräk gulluk etmek isleýänsiň. Aşakda ýazan zatlaryňda bolsa mekdepdäki ekzamenlerden we öý işlerden dynjak bolýandygyňy bellik edensiň. Ýöne sen diňe öz bähbidiňi gözleýärmiň ýa-da mekdepden çykmaga degerli sebäpler barmy? Bu barada çynlakaý oýlansaň gowy bolar.

Ýokarda bellik eden zatlaryňa ýene-de göz aýlap, mekdebi näme sebäpli taşlamakçy bolýandygyň barada oýlan. Eger sen ýöne bir kynçylyklardan gaçmak isleýän bolsaň, onda ähli zat seniň pikir edişiň ýaly gowy bolar öýtme.

Mekdebi taşlamagyň näme erbetligi bar?

Mekdebi taşlamak barmaly ýeriňe ýetmänkäň, otludan bökýän ýalydyr. Otluda gitmek oňaýsyz bolmagy mümkin. Ýolagçylaram beýle bir göwnaçyk däldir. Ýöne sen otludan bökseň, barmaly ýeriňe baryp bilmersiň, özüňem bir ýeriňi agyrdyp, uly zyýan çekersiň. Şonuň ýaly-da, mekdebi taşlasaň, ýeterlikli bilim alyp bilmersiň we köp kynçylyklara duş gelersiň.

Häzir dörejek kynçylyklar: Saňa iş tapmak kyn bolar. Işe giräýeniňde-de, mekdebi doly tamamlamandygyň üçin aýlygyň az bolar. Onsoňam, günde iýjek çöregiňi gazanjak bolup, mekdepdäkidenem has oňşuksyz adamlaryň arasynda ençeme sagatlap işlemeli bolarsyň.

Gelejekde dörejek kynçylyklar: Geçirilen barlaglara görä, mekdebi taşlaýanlaryň köpüsi jenaýat işine baş goşup, türmä düşýär ýa-da döwletiň hasabyna ýaşaýar, olaryň saglygy hem gowşak bolýar.

Elbetde, okuwy doly tamamlanyň bilen, hiç hili kynçylyga duş gelmersiň diýip bolmaz. Ýöne mekdebi taşlap, biderek ýere özüňe kynçylyk döretmek nämä gerek?!

Okuwy dowam etmegiň peýdasy

Eger sen ekzamenden ýykylan bolsaň ýa-da mekdepde kynçylyk dörän bolsa, bu zatlardan bizar bolup, mekdebi taşlasyň gelýändir. Belki-de, sen: «Men-ä şundan beter kynçylyk bolar öýdemok» diýýänsiň. Ýöne sen aňsat bolup görünýän ýoly saýlamazdan öň, babyň başynda agzalan oglan-gyzlaryň okuwyny dowam edip, nähili peýda alandygy barada oýlanyp gör.

«Men düşünjämi hasam artdyryp, çydamly bolmagy öwrendim. Onsoňam, durmuşyň manyly bolmagy üçin, kynçylyklara bolan garaýşyňy üýtgetmelidigine göz ýetirdim. Mekdepde öwrenýän zatlarym gowy görýän kärim boýunça işlänimde-de kömek eder» (Reýçel).

«Men ýürekden tagalla etsem, maksatlaryma ýetip biljekdigime düşündim. Mekdebiň ýokary klasynda okap, saýlan kärimi gowy ýerine ýetirmäge kömek etjek ukyplary ösdürýärin» (Jon).

«Men okuwa yhlasly ýapyşyp, gowy okamagy we ýazmagy öwrendim. Mekdepde başgalaryň berýän maslahatyny kabul etmegi hem-de öz pikirimi dogry we açyk düşündirmegi öwrendim. Bu maňa ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýär» (Raýan).

«Mekdepde okap, men islendik ýagdaýda ýüze çykýan kynçylyklara döz gelmegi öwrendim. Men okuwda, adamlar bilen gatnaşanymda hem-de tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirenimde döreýän kynçylyklary çözmegi öwrenýärin. Bu maňa uly adam bolup ýetişmäge kömek edýär» (Sindi).

«Mekdepde okamak maňa gelejekde işe girenimde döräp biljek kynçylyklara taýýarlanmaga kömek etdi. Şeýle-de mekdepde dörän köp ýagdaýlarda Hudaýa näme üçin ynanýandygymy barlap, imanymy berkitdim» (Roza).

Akyldar Süleýman patyşa: «„Öňüm gelenden soňum gelsin“ diýlendir; sabyrly tekepbirden gowudyr» diýip ýazdy (Wagyz kitaby 7:8). Şonuň üçin senem okuwyňy taşlaman, mekdepdäki kynçylyklaryňa döz geljek bol. Şonda sen olaryň soňunyň gowulyk bilen gutarýandygyna göz ýetirersiň.

INDIKI BAPDA

Mugallymyň bilen oňuşmaýandygyň üçin mekdebe gidesiň gelmeýän bolsa näme etmeli?

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Alňasak adamlaryň barysy diňe garyplyga barýandyr». Süleýmanyň tymsallary 21:5

MASLAHAT

Eger mekdepde köp kynçylyklara duş gelýän bolsaň, olara döz gelip, okuwyňy soňuna çenli dowam edip biler ýaly, eneň-ataňdan kömek sorap bilersiň.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Sapaklardan galýan okuwçylaryň köpüsi ahyrsoňy mekdebi taşlaýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Belli bir sapak kyn düşýän bolsa, men ondan gaçman, gaýtam ․․․․․

Halys ýadap, mekdebi taşlasym gelse, bu ýagdaýa döz gelmek üçin, men ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Gowy okamagy, ýazmagy we hasaplamagy öwrenmek näme üçin wajyp?

● Belli bir maksat goýup okasaň, sapaklaryň has peýdaly bolmagyna nädip kömek eder?

● Mekdebi tamamlanyňdan soň saýlajak käriň barada häzirden oýlanmak näme üçin wajyp?

[140-njy sahypadaky sitata]

«Elbetde, kynçylyklardan gaçyp-gutulyp bolmaýar, ýöne mekdepde okasaň, biraz dogumlyrak bolmagy öwrenýärsiň. Bu bolsa işde we başga ýerlerde-de gowy kömek edýär» Ramona

[139-njy sahypadaky çarçuwa]

 Bellik depderçäm

Bilim almagymyň maksady näme?

Bilim alsaň, gelejekde özüňi we maşgalaňy eklemek üçin iş tapyp bilersiň (2 Selanikliler 3:10, 12). Sen nähili käri saýlamakçy? Mekdepde alýan bilimiň saýlan käriň boýunça işläniňde nädip kömek edip biler? Bu barada oýlanyp, aşakdaky soraglara jogap ber.

Men nämeleri öwrendim? Meselem, adamlar bilen oňuşýarynmy, zähmet çekmegi ýa-da bir zatlary ýasamagy we bejermegi gowy görýärinmi? Her ýagdaýda oýlanyşykly hereket edýärinmi? Kynçylyklary çözüp bilýärinmi? ․․․․․

Bu zatlaryň maňa haýsy işde kömegi deger? ․․․․․

Ýaşaýan ýerimde nähili iş tapmak aňsat? ․․․․․

Iş tapmak aňsat bolar ýaly haýsy sapaklara köpräk üns bersem gowy bolar? ․․․․․

Saýlan kärim boýunça işe girip biler ýaly häzirden nämeleri öwrenip bilerin? ․․․․․

Mekdepde alýan bilimiň saňa işe gireniňde peýda berjekdigini unutma. Emma bar küýüňi-pikiriňi okuwa berip, başga zatlary ünsden düşürmekden seresap bol. Ýogsam, maşgaladaky jogapkärçiliklerden gaçjak bolup, «otludan» düşmän oturan ýaly bolarsyň a. ․․․․․

[Çykgyt]

a Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň II tomunyň 38-nji babyna seredip bilersiň.

[138-nji sahypadaky surat]

Mekdebi taşlasaň, barmaly ýeriňe ýetmänkäň, otludan böken ýaly bolarsyň