Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Medeniýetiň tapawutlanýandygy üçin iki oduň arasynda galan bolsaň näme etmeli?

Medeniýetiň tapawutlanýandygy üçin iki oduň arasynda galan bolsaň näme etmeli?

22-NJI BAP

Medeniýetiň tapawutlanýandygy üçin iki oduň arasynda galan bolsaň näme etmeli?

Ejeň ýa kakaň asly başga ýerlimi?

Hawa □ Ýok

Mekdebiňizdäki okuwçylaryň dili ýa-da medeniýeti siziňkiden tapawutlanýarmy?

Hawa □ Ýok

«Biziň maşgalamyz italiýaly. Adatça, italýanlar göwnaçyk hem-de mähirli bolýar. Häzir biz Angliýada ýaşaýarys. Bu ýeriň adamlary sypaýy bolsa-da, özüni gaty rahat alyp barýar. Men ne italýan, ne-de iňlis ýaly bolup, käte haýsy millete degişlidigime özümem düşünmän galýaryn». Joşua (Angliýada ýaşaýar)

«Mekdepde mugallym bir zat düşündirende ýüzüne seredip diňlemelidigimizi aýdýar. Öýde welin kakamyň göni gözüne seretsem, ol munuň edepsizlik bolýandygyny düşündirýär. Men-ä özümi iki oduň arasynda galan ýaly duýýaryn». Patrik (Fransiýada alžir maşgalasynda dünýä indi)

ENEŇ-ATAŇ bu ýere göçüp gelende, köp kynçylyklara duş gelendir. Daş-töwerekdäki adamlaryň geýnişi, dili we medeniýeti olaryňkydan düýpgöter tapawutlanandyr. Olaryň başga ýerlidigi hemmelere mese-mälim bolup durandyr. Şonuň üçin adamlar olary kän bir halaman, äsgermezçilik eden bolmagy-da mümkin.

Adamlar saňa-da şeýle garaýarmy? Aşakda käbir ýaşlaryň duş gelen kynçylyklary agzalýar. Saňa olaryň haýsysy has kyn düşýän bolsa, gapdalynda ✔ belligi goýup bilersiň.

Üstüňden gülýärler. Nori atly gyz kiçijik çagaka, maşgalasy bilen Iordaniýadan Demirgazyk Amerika göçýär. Ol: «Adamlar biziň geýnişimize seredip, üstümizden gülýärdiler. Biz bolsa amerikanlaryň degişmesine asla düşünmeýärdik» diýýär.

Haýsy millete degişlidigiňe özüňem düşünmeýärsiň. Nadýa atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Men Germaniýada doguldym. Ýöne enem-atam italýan bolansoň, nemes dilinde arassa gepläp bilmeýärdim. Mekdepdäki çagalar maňa „özüni oňarmaýan gelmişek“ diýýärdiler. Italiýa baranymda bolsa, maňa italýan dilini nemes dili bilen garyp gepleýändigimi aýtdylar. Şonuň üçin nirelidigime käte özümem düşünmeýärin. Nirä barsamam, meni gelmişek hasaplaýarlar».

Medeniýetiň tapawutlanmagy maşgala-da täsir edýär. Anna 8 ýaşyndaka, maşgalasy bilen Angliýa göçýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Oglan jigim ikimiz Londonda ýaşamaga derrew öwrenişdik. Ejem bilen kakama bolsa bu gaty kyn düşdi. Sebäbi olar bütin ömrüne diýen ýaly Portugaliýanyň kiçijik Madeýra adasynda ýaşadylar».

Wona 3 ýaşyndaka, onuň kambojaly maşgalasy Awstraliýa göçýär. Ol şeýle diýýär: «Enem-atam täze şertlere hiç öwrenişip bilmedi. Men kakamyň aýtjak bolýan zatlaryna we garaýşyna gowy düşünmeýärdim, onuň bolsa muňa gahary gelip, jany ýanýardy».

Öýde düşünişmek kyn bolýar. Ýan 8 ýaşyndaka, ene-atasy bilen Nýu-Ýorkdan Ekwadora göçýär. Olaryň ABŞ-da ýaşaýanyna eýýäm 6 ýyl boldy. Ýan şeýle diýýär: «Häzir men köplenç ispança däl-de, iňlisçe gepleýärin. Sebäbi mekdepdäki mugallymlaram, dost-ýarlarymam, oglan jigimem iňlisçe gürleýär. Meniň hatda pikirlenişimem iňlisçe bolup, ispan dili ýadymdanam çykyp barýar».

Awstraliýada kambojaly maşgalada dünýä inen Liýa: «Men ejem bilen kakama bir zady jikme-jik gürrüň berjek bolanymda, pikirimi olaryň dilinde gowy düşündirip bilmeýärin» diýýär.

Ýokarda agzalan Nori atly gyz bolsa şeýle ýatlaýar: «Kakam biziň öýde arap dilinde gürleşmegimizi talap edýärdi. Biziň welin şol dilde asla gepläsimiz gelmeýärdi. Onsoňam, arap dilini öwrenmek bize artykmaç ýükdi. Hemme dost-ýarlarymyz iňlisçe gepleýärdi, telewizorda görkezilýän zatlaram iňlisçedi. Şonuň üçin arap dilini öwrenmek bize nämä gerek diýip pikir edýärdik».

Näme etse bolar?

Ýokarda getirilen sözlerden görnüşi ýaly, başgalaram seniňki ýaly kynçylyklara duş gelýär. Käwagt sen olara döz gelmegiň deregine, maşgalaňyzyň medeniýetini we adatlaryny düýbünden unudyp, täze medeniýete görä ýaşanyňy kem görýän dälsiň. Ýöne şeýle etseň, eneň-ataň göwnüne degersiň we kynçylygyň çözülmeýändigine özüňem gynanarsyň. Şonuň üçin kynçylyklaryň hötdesinden gelmegi öwrenjek bol. Sen düşen ýagdaýyň gowy taraplaryna üns berseň, peýdaly bolar. Gel, bu babatda käbir maslahatlara seredeli.

Üstüňden gülenlerinde özüňi nähili alyp barmaly? Näme edäýeniňde-de, her kimiň göwnünden turup bolmaýar. Başgalary kemsitmegi gowy görýänler adamyň üstünden gülmäge zat tapýarlar (Süleýmanyň tymsallary 18:24). Şonuň üçin sen olaryň nädogry garaýşyny düzetjek bolma. Akyldar Süleýman patyşa: «Masgaralaýjy adam käýinji halaýan däldir» diýdi (Süleýmanyň tymsallary 15:12). Başgalar üstüňden gülse, seniň, dogrudanam, kemçiligiň bardygyny aňlatmaýar. Aslynda, başgalary kemsidýänler özleriniň akylsyzdygyny görkezýär.

Iki oduň arasynda galan bolsaň näme etmeli? Adatça, biz bir maşgala ýa-da medeniýete degişli bolasymyz gelýär. Ýöne adamyň maşgalasyna ýa medeniýetine seredip baha bermek nädogry bolardy. Adamlar saňa şol zatlaryň esasynda baha bermegi mümkin, emma Hudaý beýle etmeýär. Petrus resul: «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar... Ol Özünden gorkýan we dogrulyk edýän islendik halkdan bolan adamy kabul edýändir» diýdi (Resullaryň işleri 10:34, 35). Senem Ýehowa Hudaýyň göwnünden turmak üçin eliňde baryny etseň, ol seni öz maşgalasynyň agzasy hasaplar (Işaýa 43:10; Markus 10:29, 30). Eýsem, şondan gowy zat barmy näme?!

Medeniýetiň tapawutlanmagy sebäpli maşgalada döreýän düşünişmezligi nädip çözmeli? Her bir maşgalada-da ene-ata bilen çagalaryň arasynda düşünişmezlik bolýar. Siziň araňyzda-da käte dawa turýan bolmagy mümkin. Eneň-ataň öz ýurdunyň adatlaryna eýermegiňi talap edýändir. Sen bolsa göçüp baran ýeriňiziň medeniýetine görä ýaşasyň gelýändir. Emma düşünişmezligiň çözülmegini isleýän bolsaň, sen «ata-eneňe hormat goýmaly» (Efesliler 6:2, 3).

Maşgalaňyzyň käbir adatlaryna garşy çykmagyň deregine, eneň-ataň olary näme üçin gymmat saýýandygyna düşünjek bol (Süleýmanyň tymsallary 2:10, 11). Özüňe şeýle soraglary ber: «Bu zatlar Mukaddes Ýazgylara garşy gelýärmi? Eger beýle däl bolsa, men şol adatlaryň nämesini halamaýaryn? Muny enem-atama nädip sypaýyçylyk bilen düşündirip bilerin?» (Resullaryň işleri 5:29). Elbetde, eneň-ataňa hormat goýmak, olaryň garaýşyna düşünmek we duýgularyňy beýan etmek üçin olaryň dilini gowy bilmeli.

Öýde birek-birege gowy düşünmek üçin näme etmeli? Käbir maşgalalar öýde diňe öz ene dilinde gürleşseler, çagalarynyň iki dili hem öwrenip bilýändigine göz ýetirdiler. Sizem şeýle etseňiz gowy bolmazmy? Şeýle-de ejeň bilen kakaňdan saňa ene diliňizde okamagy we ýazmagy öwretmegini haýyş edip bilersiň. Germaniýada önüp-ösen Stilas atly grek oglan şeýle diýýär: «Enem-atam her gün meniň bilen gündelik aýat barada pikir alyşýardy. Olar sesli okaýardylar, men bolsa şol zatlary ýazyp alýardym. Indi men grekçe-de, nemesçe-de okap hem ýazyp bilýärin».

Eneň-ataň dilini öwrenmegiň ýene-de nähili peýdasy bar? Ýokarda agzalan Joşua şeýle diýýär: «Men enem-atam bilen şatlygymy-gaýgymy deň paýlaşyp, esasanam, ruhy zatlar barada gürrüň edip, olara hasam ýakynlaşasym gelýärdi. Şonuň üçin men olaryň dilini öwrendim. Biz indi biri-birimiziň ýagdaýyna has gowy düşünýäris».

Päsgelçilik däl-de, köpri

Sen öz medeniýetiňize nähili garaýarsyň? Oňa başgalar bilen gatnaşygyňy bozýan päsgelçilik ýaly däl-de, olara ýakynlaşdyrýan köpri ýaly seredip bilermiň? Mesihçi ýaşlaryň köpüsi medeniýetiň tapawutlanýandygyna garamazdan, ylalaşykly ýaşamaga ýene-de bir degerli sebäbiň bardygyna göz ýetirdiler. Olar özleri ýaly başga ýerden göçüp gelen adamlara Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek isleýärler (Matta 24:24; 28:19, 20). Bäş ýaşyndaka ene-atasy bilen Londona göçüp baran Selmon şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylardaky aýatlary iki dilde düşündirip bilseň gowy dälmi näme?! Men öz ene dilimi bütinleý unudyp barýardym, ýöne soňra portugal ýygnaga geçdim. Indi iňlisçe-de, portugalça-da arkaýyn gepläp bilýärin».

Ýokarda agzalan Nori atly gyz hem arap dilinde gepleýän wagyzçylaryň ýetmeýändigine göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Häzir men ýörite kurslara gatnaýaryn. Öňler gowy mümkinçilikleri elden gidirendigime gaty gynanýaryn. Indi meniň garaýşym düýbünden üýtgedi. Men dil öwrenmäge jan edýärin we käte meni düzedip durmaklaryny isleýärin».

Eger sen iki halkyň medeniýetini we dilini gowy bilýän bolsaň, bu mümkinçiligiňden peýdalanjak bol. Sebäbi sen adamlaryň duýgusyna düşünip, olaryň Hudaý baradaky soraglaryna jogap tapmaga kömek edip bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 15:23). Angliýada hindi maşgalada dünýä inen Priti şeýle diýýär: «Men iki medeniýeti gowy bilýändigim üçin, wagyz edenimde özümi ynamly duýýaryn. Sebäbi men şol adamlaryň ynanýan zatlaryna we garaýşyna düşünýärin».

Senem öz düşen ýagdaýyňa kynçylyk hökmünde däl-de, gowy mümkinçilik hökmünde garasaň paýhasly bolmazmy? Ýehowanyň seni söýýändigini we milletiňe seredip baha bermeýändigini unutma. Şu bapda agzalan oglan-gyzlar ýaly, senem bilimiňi we tejribäňi ulanyp, öz diliňde gürleýän adamlara hiç kimi ala tutmaýan, söýgüden doly Ýehowany tanamaga kömek etjek bol. Şonda sen özüňi gaty bagtly duýarsyň! (Resullaryň işleri 20:35).

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Hudaý hiç kimi ala tutmaýar». Resullaryň işleri 10:34

MASLAHAT

Başga milletden bolandygyň üçin deň-duşlaryň üstüňden gülse, muny kän bir göwnüňe alyp durma. Olar seniň hiç hili gaharyň gelmeýändigini görüp, azar bermegini bes ederler.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Iki dil bilýän adama iş tapmagam aňsat bolýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Enem-atamyň gepleýän dilini gowy öwrenmek üçin, men ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Maşgalaňyzyň medeniýetini gowy bilseň, bu saňa özüňi gowy tanamaga nädip kömek eder?

● Dürli medeniýetli adamlaryň arasynda ýaşap görmedik oglan-gyzlara garanyňda, seniň nähili gowy mümkinçilikleriň bar?

[160-njy sahypadaky sitata]

«Men başgalara kömek edip bilýändigime diýseň begenýärin. Men rus, fransuz we moldowan dilinde gepleýän adamlara Mukaddes Ýazgylary düşündirip bilýärin» Oleg

[161-nji sahypadaky surat]

Maşgalaňyzyň medeniýetine seni başgalar bilen birleşdirýän köpri ýaly garajak bol