Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Oglanlar meni näme üçin gowy görmeýärkä?

Oglanlar meni näme üçin gowy görmeýärkä?

27-NJI BAP

Oglanlar meni näme üçin gowy görmeýärkä?

Ol meniň elýetmez gyzdygyma düşünen bolsa gerek, sebäbi men başga-da birgiden oglanyň yzymda sergezdan bolup ýörendigini aýtdym. Men öz joralarymyň ýeňilkelledigi barada gürrüň berenimde, ol hezil edip güldi. Ol meniň akylly-başly gyzdygymy bilýändir, gepleşip otyrkagam men ony näçe gezek düzetdim. Ol maňa näme üçin henizem söz aýtmaýarka?

Bu gyzyň owadanlyg-a hiç neneň däl welin, ol gaty guşkelle-laý! Özem gaty köp ýaňraýar, geplemäge-de maý berenok. Agzyňdan bir söz çykyp-çykmanka, derrew düzedip başlaýar. Mundan çaltrak dynyp bolmazmyka?

BELKI, senem oglanlaryň saňa kän bir üns bermeýändigi üçin biynjalyk bolýansyň. Gyzlaryň köpüsi, hatda daşyndan göräýmäge her kimiň göwnüni awlap biljeklerem şeýle duýgulary başdan geçirýär. Mysal üçin, Joanna owadan, düşünjeli we şähdaçyk gyz. Ýöne ol: «Oglanlar maňa asla üns bermeýän ýaly görünýär. Göwnüme ýaran oglanlaryň käbiri, ilkibada, meniň bilen gyzyklanan ýaly etselerem, soňra ýüzüme-de seretmeýärler» diýýär.

Eýsem, oglanlara nähili gyzlar ýaraýarka? Olar nämäni halamaýarka? Gepi-sözi ýerlikli we düşünjeli ýigidiň söýgüsini nädip gazanyp bolarka?

Näme etmeli?

Öz garaýşyňa we duýgularyňa düşünjek bol. Ýetginjeklik döwri sen oglanlar bilen gyzyklanyp başlansyň. Elbetde, bu adaty zat. Ýöne sen ýüregiňi sähel galpylda düşüren oglana derrew göwün berseň, özüňi biderek ýere gynap, ruhy taýdanam gowşarsyň. Şonuň üçin, ilki bilen, Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürip, «pikiriňi özgertmeli» we durmuşda käbir maksatlaryňa ýetmeli (Rimliler 12:2; 1 Korinfliler 7:36; Koloslylar 3:9, 10).

Dogry, käbir oglanlar heniz akyly goýalyşmadyk has sada gyzlary gowy görýärler. Ýöne olar gyzlaryň diňe daş keşbine üns berýärler. Emma düşünjeli oglan özüne mynasyp ýar boljak edep-ekramly gyzy gözlär (Matta 19:6).

Oglanlar näme diýýär: «Men mertebesini saklap, öz kellesi bilen hereket edýän gyzlary gowy görýärin» (Jeýms).

«Men öz pikirini sypaýyçylyk bilen açyk düşündirýän gyzlary halaýaryn. Gyz nähili owadan bolsa-da, diňe meniň eşidesim gelýän zady aýdyp, näme diýsem ylalaşyp otursa, ondan kän bir göwnüň suw içmeýär» (Daren).

Sen bu oglanlaryň aýdan zatlaryna nähili garaýarsyň?

․․․․․

Başgalara hormat goý. Gyzlar özüniň söýülmegini, oglanlar bolsa hormat goýulmagyny isleýär. Şonuň üçinem Mukaddes Ýazgylarda äriň öz aýalyny söýmelidigi, aýalyň hem «ärine çuňňur hormat goýmalydygy» aýdylýar (Efesliler 5:33). Geçirilen barlaglar hem bu tabşyrygyň, hakykatdanam, peýdalydygyny tassyklaýar. Erkek adamlaryň ýüzlerçesinden soranlarynda, ýaş oglanlaryň 60 göterimi, uly adamlaryň bolsa 70 göteriminden gowragy olara hormat goýulmagyny söýgüden has wajyp saýýandyklaryny aýtdylar.

Hormat goýmaklyk näme diýilse, köre-körlük bilen boýun egip, öz garaýşyňy asla düşündirmeli däldigini aňlatmaýar (Gelip çykyş 21:10—12). Ýöne öz garaýşyňy nädip düşündirýändigiň oglany ýa saňa ýakynlaşdyryp, ýa-da senden daşlaşdyryp biler. Eger sen hemişe onuň aýdanlaryna garşy çykyp ýa-da düzedip dursaň, ol özüni hormat goýulmaýan ýaly duýar. Emma sen onuň garaýşyny göz öňünde tutup, ýeri gelende öwgüli sözleri aýtsaň, ol hem seniň garaýşyňy gymmat saýar. Şeýle-de akylly-başly ýigit maşgala agzalaryň we başga adamlar bilenem özüňi sylaşykly alyp barýandygyňa üns berer.

Oglanlar näme diýýär: «Gatnaşyk açmakda esasy zat hormat-sylagmyka diýýärin, sebäbi söýgi soňam döräp bilýär» (Adriýan).

«Eger gyz maňa hormat goýýan bolsa, ol meni söýübem biler» (Mark).

Sen bu oglanlaryň aýdan zatlary barada näme pikir edýärsiň?

․․․․․

Salykatly geýin we arassaçyl bol. Geýnişiň we özüňe serenjam berişiň, seniň pikiriňi hem-de garaýşyňy aýan edýär. Oglan bilen gepleşip başlamankaň, ol egin-eşigiňe seredip, seniň nähili adamdygyňa göz ýetirýär. Gelşikli we salykatly geýinseň, adamlar sen barada gowy pikirde bolar (1 Timoteos 2:9). Emma özüne çekiji we sallam-sajak geýinseň, sen barada erbet pikir ederler.

Oglanlar näme diýýär: «Gyzyň geýnişinden onuň dünýägaraýşyny bilse bolýar. Ol açyk we sallam-sajak zatlary geýýän bolsa, başgalaryň ünsüni özüne çekjek bolýan ýaly görünýär» (Adriýan).

«Men saçyna timar berip, üst-başyna seredýän we mähirli gepleşýän gyzlary halaýaryn. Bir gezek men bir owadan gyzy gowy gördüm, ýöne ol özüne kän bir gowy seretmeýän eken. Şonuň üçinem onuň bilen aramy kesdim» (Raýan).

«Özüne çekiji geýinýän gyz birbada gözüňe ýakymly görünse-de, men-ä şeýle gyz bilen ýakyn gatnaşyk açmazdym» (Nikolas).

Sen bu oglanlaryň aýdan zatlaryna nähili garaýarsyň?

․․․․․

Näme etmeli däl?

Näz-kereşme etme. Gelin-gyzlar erkek adamlara güýçli täsir edip bilýär. Ony gowulyga-da, erbetlige-de ulanyp bolýar (Gelip çykyş 29:17, 18; Süleýmanyň tymsallary 7:6—23). Eger sen her gören oglanyň başyny-gözüni aýlajak bolup ýörseň, ýeňilkelle adyny alarsyň.

Oglanlar näme diýýär: «Owadan gyzyň egnine eliňi goýup oturmak ýakymly bolsa-da, gepleşip otyrkaň, gyz saňa häli-şindi elini degrip otursa, ol özüniň gaty ýeňildigini görkezýär» (Nikolas).

«Eger gyz gören oglanynyň elinden tutup ýa-da her geçen oglana gözüni oýnadyp dursa, onuň ýeňildigini bilse bolýar. Men-ä şonuň ýaly gyzlardan daşrakda duranymy kem göremok» (Žoze).

Ýüregedüşgünç bolma. Oglan bilen gyz durmuş guransoň, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «bir ten bolýar» (Gelip çykyş 2:24). Şonda olaryň erkinligi öňküden has çäklenip, biri-birine bagly bolýar (1 Korinfliler 7:32—34). Emma sen oglan bilen heniz duşuşyp ýören bolsaň, ondan her äden ädimi barada hasabat soramaly däl. Ol hem öz gezeginde seniň erkinligiňe hormat goýmaly a. Eger onuň dost-ýarlary bilen wagtyny geçirmäge hakynyň bardygyna düşünseň, onuňam saňa bolan sylag-hormaty artar. Şeýle-de sen onuň öz erkinligini nädip ulanýandygyna üns berip, ony has gowy tanap bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 20:11).

Oglanlar näme diýýär: «Gyzyň menden başga işi ýok ýaly häli-şindi „Nirä gitdiň? Näme etdiň?“ diýip sorap dursa, halys ýüregiňe düşýär» (Daren).

«Tanşan gyzym maňa yzyny üzmän SMS ýazyp, „Häzir ýanyňda kim bar? Kim ol gyz?“ diýip, sorag baryny ýagdyryp başlasa, gowulygyň alamaty dälmikä diýýärin» (Raýan).

«Duşuşýan gyzyň dost-ýarlaryň bilen wagtyňy geçirmäge hiç hili mümkinçilik bermese ýa-da bir ýerik gideniňde ýanyň bilen alyp gitmeseň, gahary gelse, halys degnaňa degýär» (Adriýan).

Sen bu oglanlaryň aýdan zatlary barada näme pikir edýärsiň?

․․․․․

Öz mertebäňi sakla

Belki-de, sen oglanlara ýaranjak bolup, hiç zatdan gaýtmaýan gyzlary tanaýansyň. Olaryň käbiri oglan bilen duşuşmak we durmuşa çykmak üçin öz edep-ekramyndanam geçýändir. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Adam näme ekse, şony-da orar» diýilýär (Galatýalylar 6:7—9). Eger sen öz mertebäňi saklamasaň we edep-ekramyň gadyryny bilmeseň, oglanlaram seni äsgermez.

Elbetde, sen hemme oglanyň göwnüne ýaranyp bilmersiň, munuň gowy taraplary hem bar. Ýöne sen diňe daşky owadanlygyňa däl-de, içki gözelligiňe hem üns berseň, Hudaýyň nazarynda has gymmatly bolarsyň we özüňe mynasyp ýar boljak oglanyň söýgüsini gazanarsyň (1 Petrus 3:4).

INDIKI BAPDA

Oglanlar, siz: «Gyzlar meni näme üçin gowy görmeýärkä?» diýip oýlanýarsyňyzmy? Onda munuň jogabyny tapyp bilersiňiz.

[Çykgyt]

a Oglan bilen gyz adaglanansoň, biri-biriniň öňünde has jogapkär bolýar.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Näziklik aldawçydyr, owadanlyk puçdur; diňe Rebden gorkýan aýal öwülýändir». Süleýmanyň tymsallary 31:30

MASLAHAT

Ýüzüňe kosmetiki serişdelerini çendenaşa köp çalma. Ýogsam, diňe özüň barada pikir edip, başgalaryň ünsüni çekjek bolýan ýaly görnersiň.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Oglanyň diňe saňa üns bermegini talap etseň, ony özüňden daşlaşdyrarsyň.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Men şu häsiýetimiň üstünde işlemekçi: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Oglanyň pikirine we duýgusyna hormat goýýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

● Sen öz mertebäňi saklaýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

[190-njy sahypadaky sitata]

«Dogrymy aýtsam, men köplenç owadan gyzlara üns berýärin. Emma gyzyň durmuşda anyk we degerli maksatlary bolmasa, ondan göwnüm sowaşýar. Ýöne ol durmuşa çynlakaý garap, eýýäm käbir maksatlaryna ýeten bolsa, meniň gözümde onuň arzysy hasam artýar» Deýmon

[191-nji sahypadaky surat]

Tigiriň iki tekeriniňem gerek bolşy ýaly, oglan bilen gyzyň arasyndaky gatnaşykda söýgi hem-de hormat wajypdyr