Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Geçmişden sapak edinýäris — Eýýup

Geçmişden sapak edinýäris — Eýýup

Geçmişden sapak edinýäris — Eýýup

Eýýup pygamberiň durmuşynda uly harasat gopan ýaly boldy. Ilki ol hojalygynyň bar emläginden mahrum boldy. Soňra ölüm sebäpli çagalaryndan jyda düşdi. Şondan soň ol jan saglygyny hem ýitirdi. Bu zatlaryň ählisi göz açyp-ýumasy salymda duýdansyz bolup geçdi. Eýýup pygamber çekýän hasratyndan ýaňa: «Durmuşymy ýigrenýärin... uýada galan men, agyrdyr derdim» diýdi (Eýýup 10:1, 15). Eýýup şeýle uly betbagtçylyklara sezewar bolsa-da, Ýaradyjysy Ýehowadan ýüz döndermedi (Eýýup 2:10). Eýýubyň durmuşy üýtgese-de, onuň özi üýtgemedi. Ol çydamly bolmak babatda gowy görelde galdyrdy.

Senem kyn ýagdaýlara duş geleniňde, «durmuşyňy ýigrenýän» bolmagyň mümkin. Muňa garamazdan, Eýýup pygamberiň göreldesine eýerip, durmuşyňdaky üýtgäp durýan ýagdaýlara özüňi üýtgetmäge ýol berme. Şeýle-de kynçylyklar sebäpli Ýehowa Hudaýa gulluk etmegiňi bes etme. Ýakup şägirt şeýle ýazdy: «Biz kynçylyklara çydaýan adamlary bagtly saýýarys. Siz Eýýubyň çydamlylygy we Ýehowanyň oňa pata berendigi hakda eşidensiňiz. Hawa, Ýehowa mähirli we rehimdardyr» (Ýakup 5:11). Eýýup pygamberiň aladasyny eden Hudaý seniňem aladaňy eder!