Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Geçmişden sapak edinýäris — Musa

Geçmişden sapak edinýäris — Musa

Geçmişden sapak edinýäris — Musa

Musa pygamberiň gowy mümkinçilikleri bardy. Ol faraonyň köşgünde önüp-ösdi we müsürlileriň bütin bilimlerinden tälim aldy (Resullaryň işleri 7:22). Musa alan bilimini nädip ulandy? Elbetde, ol abraýly wezipäni eýeläp, baýlyk toplap, şan-şöhrat gazanybam bilerdi. Emma Musa deň-duşlarynyň ýa-da öz höwesleriniň täsirine düşmedi. Onuň durmuşda saýlan ýoly köpleri haýran galdyran bolmaly. Sebäbi ol «Hudaýyň halky bilen bile görgi görmegi» saýlady (Ýewreýler 11:25). Musa bir gowy zady elden gidirdi diýse bolarmy? Ýok, Hudaýa gulluk etmegi we adamlara kömek etmegi saýlandygy üçin, onuň durmuşy has gyzykly geçdi we ol köp bereketleri aldy.

Sen mekdepde alýan bilimiňi nähili peýdalanarsyň? Senem köp adamlar ýaly baýlyga ýa-da ýokary wezipä kowalaşybam bilersiň. Ýa-da Musa pygamberden görelde alyp, durmuşyňy has wajyp zatlara bagyş edip bilersiň. Aň-düşünjäňi we güýjüňi Hudaýa gulluk etmek hem-de adamlara hyzmat etmek üçin ulansaň gowy bolar (Matta 22:35—40). Sebäbi durmuşda hiç bir zat şeýle köp şatlyk getirmeýär!