Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Geçmişden sapak edinýäris — Timoteos

Geçmişden sapak edinýäris — Timoteos

Geçmişden sapak edinýäris — Timoteos

Timoteos öýünden gitmekçi bolýar. Ýöne ol maşgalasyndaky kynçylyklardan gaçmak däl-de, Pawlus resulyň ýany bilen gidip, missioner gullugyna başlamak isleýär. Şol wagt Timoteos takmynan 20 ýaşlaryndady. Muňa garamazdan, ol eýýäm ruhy taýdan ýetişen adamdygyny görkezipdi. Onuň «Listrada we Ikoniýada ýaşaýan doganlaryň arasynda ýagşy ady bardy» (Resullaryň işleri 16:2). Pawlus resul Timoteosyň Hudaýyň işine köp goşant goşjakdygyna ynanýardy. Bu şeýle-de boldy. Timoteos ençeme ýyllaryň dowamynda köp ýerlere aýlanyp, dogan-uýalary berkidýärdi we täze ýygnaklaryň döremegine ýardam edýärdi. Timoteosyň Hudaýa ýaramly häsiýetleriniň bolandygy üçin, Pawlus ony gaty gowy görýärdi. Şondan takmynan 11 ýyl geçensoň, Pawlus resul filipililere ýazan hatynda: «Siz hakda onuň ýaly ýürekden alada etjek başga adam ýokdur» diýdi (Filipililer 2:20).

Senem Hudaýa köpräk gulluk etmäge jan edýärmiň? Onda saňa bol bereketler garaşýar! Ýehowa Hudaý höwes bilen gulluk edýän ýaşlary gowy görýär (Zebur 110:3). Şonuň üçin senem Ýehowanyň «edýän işleriňi... unutmajakdygyna» ynamly bolup bilersiň, sebäbi ol adalatsyz däldir (Ýewreýler 6:10).