Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gyzlar meni näme üçin gowy görmeýärkä?

Gyzlar meni näme üçin gowy görmeýärkä?

28-NJI BAP

Gyzlar meni näme üçin gowy görmeýärkä?

Bu gyz men diýip öläýjek bolýandyr. Sebäbi men oňa nähili ýurtlary aýlanyp gelendigimi, bet oglanlar bilen tirkeşýändigimi hem-de soňky çykan zatlary satyn alýandygymy aýtdym. Ol indi meni sypdyrmasa gerek!

Şu oglandan bir zat edip dynyp bolmazmyka?! Göwnüne degmejek bolýaryn welin, aýlap aýdanyňa-ha hiç düşünenok. Ol meni öz günüme goýar ýaly näme etsemkäm?

SENIŇEM ýaşyň ýeten bolsa, imandaşlaryň arasyndan gowy görýän gyzyň bilen duşuşasyň gelýändir (1 Korinfliler 7:39). Belki, sen öňem birnäçe gezek gyza söz aýtmaga synanyşansyň, ýöne bary biderek bolandyr. Bu näme üçin beýle bolýarka? Gyzlar diňe görmegeý oglanlara üns berýärmikä? Liza atly gyz: «Men daýaw oglanlary gowy görýärin» diýýär. Emma gyzlaryň köpüsi oglanyň diňe daş keşbine seretmeýär. 18 ýaşly Kariýa: «Käbir görmegeý oglanlaryň gylyk-häsiýeti onçakly öwerlik bolmaýar» diýýär.

Gyzlar oglanlaryň haýsy häsiýetlerine üns berýärkä? Bir gyz bilen ýakyndan tanyşmakçy bolsaň nämeleri göz öňünde tutmaly? Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerine eýermeli?

Ilki bilen...

Bir gyz bilen ýakyn gatnaşyk açmazdan öň, käbir häsiýetleriň üstünde işleseň gowy bolar. Sebäbi bu saňa başga adamlar bilenem dostlukly gatnaşykda bolmaga kömek eder. Gel, haýsy zatlara üns bermelidigiňe seredeli.

Gowy häsiýetleri ösdürjek bol. Mukaddes Ýazgylarda söýginiň «özüni gelşiksiz alyp barmaýandygy» aýdylýar (1 Korinfliler 13:5). Senem özüňi edepli alyp barsaň, başgalara hormat goýýandygyňy we ruhy taýdan ýetişen mesihçidigiňi görkezersiň. Emma gowy edim-gylym adamlara göz etmek üçin geýip, öýe geleniňden soň çykarylýan penjek ýaly däldir. Şonuň üçin: «Men öýde maşgala agzalarym bilenem özümi sylaşykly alyp barýarynmy?» diýip oýlanyp gör. Eger muny öýde etmeýän bolsaň, başgalar bilen iş salşanyňda özüňi edepli alyp barjak bolsaňam, ýasama hereket edýändigiň bilner. Galyberse-de, düşünjeli gyz seniň nähili adamdygyňy bilmek üçin, maşgala agzalaryň bilen özüňi nähili alyp barýandygyňa üns berer (Efesliler 6:1, 2).

Gyzlar näme diýýär: «Oglan özüniň edep-ekramlydygyny kiçi zatlarda-da, uly zatlarda-da görkezse gowy görýärin. Meselem, ol öňüňden gapyny açyp berse ýa-da diňe bir seniň özüňe däl, eýsem, maşgalaňdakylara-da hormat goýsa, diýseň ýakymly bolýar» (Tina).

«Biri bilen tanşyp-tanyşmankaň, ol saňa: „Seniň halaşýanyň barmy? Nähili maksatlaryň bar?“ diýip, gelşiksiz soraglary berip başlasa, gaharym gelýär. Bu gaty gödeklik bolýarmyka diýýärin, sebäbi şeýle soraglar adamy oňaýsyz ýagdaýa salýar» (Keti).

«Käbir oglanlar gyzlarda hiç hili ýürek ýok ýaly, olaryň duýgusyny oýnap, özlerini gaty gelşiksiz alyp barýarlar. Olar gyzlaryň hemmesi: „Maňa üns beren oglan tapylmazmyka?“ diýip, durmuşa çykasy gelip ölüp barýandyr öýdýärler» (Aleksiýa).

Arassaçyl bol. Arassaçyl bolsaň, diňe bir başgalara däl, eýsem, özüňe-de hormat goýýandygyňy görkezersiň (Matta 7:12). Eger öz mertebäňe hormat goýsaň, başgalaram seni sylar. Emma kän bir arassaçyl bolmasaň, gyzyň göwnüni awlap bilmersiň.

Gyzlar näme diýýär: «Meniň bilen ýakyndan tanyşmak islän bir oglanyň agzyndan ýakymsyz ys gelýärdi. Muňa üns bermez ýaly däldi» (Kelli).

Gürrüňdeş bolmagy öwren. Biri bilen ýakyn gatnaşyk saklamak üçin gowy gürrüňdeş bolmagy öwrenmeli. Emma diňe öz gyzyklanýan zatlaryň barada däl-de, gyzyň halaýan zatlary barada hem gürrüň etmeli (Filipililer 2:3, 4). Şonuň üçin onuň aýdýan zatlaryny ünsli diňläp, garaýşyna hormat goýjak bol.

Gyzlar näme diýýär: «Ýürekden gürrüňdeş bolup, aýdan zatlaryňy ýadyndan çykarmaýan we gürrüňi gyzykdyrmak üçin ýerlikli soraglary berýän oglana sylag-hormatyň hasam artýar» (Kristina).

«Oglanlar görýän zadyna üns berse, „gyz gulagyndan“ diýlişi ýaly, gyzlar, esasan, eşidýän zadyna üns berýär» (Laura).

«Elbetde, oglan saňa sowgat berse ýakymly bolýar. Ýöne ol seniň bilen gürrüňdeş bolup, ruhlandyrsa we gerek ýerinde teselli berse, has göwnüň göterilýär» (Emi).

«Meniň bir tanyş oglanym sypaýy bolsa-da, kän bir suwjaryp ýörmeýär. Onuň bilen gürrüňdeş bolmak maňa gaty ýaraýar. Ol maňa: „Sen şu gün gaty owadan bolupsyň, gözel gyz“ diýen ýaly suwjuk sözleri aýtmaýar. Ol meni ünsli diňlemegi başarýar. Bu hemme gyzyňam göwnüne ýaraýan bolsa gerek» (Beýti).

«Men degişmegi başarýan we gerek ýerinde özüni agras alyp barýan oglan bilen tanyşlyk açmaga garşy bolup durmazdym» (Kelli).

Özüňi jogapkärli alyp bar. Mukaddes Ýazgylarda: «Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» diýilýär (Galatýalylar 6:5). Ýaltalyk edip ýa-da wagtyny biderek zatlara sarp edip, işläsi gelmeýän oglanlara gyzlar asla göwün bermese gerek.

Gyzlar näme diýýär: «Oglanlar özüni jogapkärli alyp barsa gowumyka diýýärin. Ýogsam, gyzlaryň olardan göwni geçýär» (Kariýa).

«Käbir oglanlaryň durmuşda anyk maksatlary bolmaýar. Olar bir gyz bilen tanşyp, onuň nähili maksatlarynyň bardygyny bilýärler-de: „Meniňem şeýle maksatlarym bar!“ diýýärler. Olaryň edýän işleri welin, munuň beýle däldigini görkezýär» (Beýti).

Bu sözlerden görnüşi ýaly, jogapkärli adam bolsaň, gowy görýän gyzyň göwnüni awlap bilersiň. Sen onuň bilen duşuşyp başlamaga özüňi, dogrudanam, taýyn hasaplaýan bolsaň näme edip bilersiň?

Indiki ädim

Ýüregiňdäkini açyk aýt. Sen bir gyzy gowy görüp, onuň saňa mynasyp ýar boljakdygyna göz ýetiren bolsaň, muny oňa duýduryp, ýüregiňdäkini açyk aýt. Elbetde, seniň gaty tolgunmagyň mümkin, sebäbi gyz saňa «ýok» diýer öýdüp gorkýansyň. Ýöne duýgularyňy açyk aýtmak bilen, sen uly adam bolup ýetişendigiňi görkezersiň. Emma ýadyňda bolsun, sen gyza durmuşa çykmagy däl-de, duşuşmagy teklip edýärsiň. Şonuň üçin paýhasly hereket etjek bol. Eger sen gyza çendenaşa suwjaryp ýa-da has agraslyk bilen söz aýtsaň, ol muňa gaty geňirgenmegi mümkin.

Gyzlar näme diýýär: «Men adamlaryň pikirini okap bilmeýärin. Şonuň üçin oglan meniň bilen ýakyndan tanşasy gelýän bolsa, muny açyk aýtsa gowy bolardy» (Nina).

«Oglan bilen köp wagtdan bäri gatnaşyp ýören bolsaň, onuň saňa söz aýtmagy birbada garaşylmadyk ýagdaý bolmagy mümkin. Ýöne ýüregindäkini açyk aýdandygy üçin, men oňa has hormat goýardym» (Helen).

Gyzyň gelen kararyna hormat goý. Söz aýdan gyzyň seniň bilen duşuşmak islemese näme etmeli? Şeýle ýagdaýda gyzyň gelen kararyna hormat goýup, «ýok» sözüni ýöne bir ikigöwünli bolup diýmeýändigine düşünjek bol. Gyzyň sende göwnüniň ýokdugyny bilseňem, ýüregine düşüp ýörseň, ruhy taýdan ýetişen adam däldigiňi görkezersiň. Ol saňa çürt-kesik jogap berensoňam, yzyndan galmasaň ýa-da oňa gaharlanyp gezseň, diňe öz bähbidiňe çapdygyň bolmazmy? (1 Korinfliler 13:11).

Gyzlar näme diýýär: «Oglana çürt-kesik „ýok“ diýeniňden soňam, yzyňa düşüp ýörse, gaty gaharyň gelýär» (Kelen).

«Men bir oglana onda asla göwnümiň ýokdugyny düşündirsemem, ol telefon belgimi sorap, halys edäýdi. Men onuň bilen sypaýyçylykly gürleşjek boldum. Sebäbi ýüregindäkini açyk aýtmak oňa-da aňsat bolan däldir. Ýöne hiç günüme goýmansoň, onuň bilen gatyrak gürleşmeli boldum» (Sara).

Näme etmeli däl?

Käbir oglanlara gyzlar bilen arasyny sazlamak kyn bolmaýar. Olar haýsymyz köp gyzyň ýüregini awlap bilerkäk diýip, öz aralarynda jedelem edýärler. Emma bu olaryň doňýürekdigini görkezýär we abraýdanam gaçyrýar (Süleýmanyň tymsallary 20:11). Sen aşakdaky maslahatlara eýerseň, şeýle erbet zatlardan gaça durup bilersiň.

Näz-kereşme etme. Näz-kereşme edýän adam özüne üns berdirjek bolup, suwjuk sözleri aýdýar we kelçik hereket edýär. Onuň ýakyndan tanşyp, durmuş gurmak maksady bolmaýar. Adamyň şeýle hereketi we garaýşy Mukaddes Ýazgylardaky «ýaş uýalara... jigiň ýaly garap, päk ýürekden hormat goý» diýen maslahata garşy gelýär (1 Timoteos 5:2). Näz-kereşme ýakyn dostlugy we maşgalany bozup bilýär. Akylly-başly gyzlar bolsa muňa gowy düşünýär.

Gyzlar näme diýýär: «Saňa üns berip, ýakymly sözleri aýdýan oglanyň geçen aý başga bir joraňa-da şeýle sözleri aýdandygyny bileniňde erbet bolýarsyň. Oglanlaryň özüni şeýle alyp barmagy gaty gelşiksizmikä diýýärin» (Helen).

«Bir görmegeý oglan maňa üns berip, şol daşymda pyrlanyp ýörýärdi we häli-şindi özi barada gürrüň edýärdi. Ýöne birnäçe wagtdan ol başga bir jorama-da şeýdip başlady. Şondan soň onuň ýene bir gyz bilen suwjaryşyp ýörenini gördüm. Heý, şeýle-de bir zat bolarmy?!» (Tina).

Gyzlaryň duýgusyny oýnama. Dost-ýarlaryň bilen özüňi nähili alyp barýan bolsaň, gyzlar bilenem şeýle bolmalydyr öýtme. Näme üçin? Aýdaly, sen bir dost oglanyňa geýen zadynyň gowy gelşendigini aýdýarsyň ýa-da köp wagtyňy onuň bilen geçirip, hemişe içki syryňy paýlaşýarsyň. Şeýle ýagdaýda dostuň sen oňa aşyk bolansyň öýdermi? Elbetde, ýok! Emma sen gyzyň daş keşbine üns berip, oňa öwgüli sözleri aýdyp dursaň ýa-da köp wagtyňy onuň bilen geçirip, hemişe içki syryňy paýlaşsaň, ol öz ýanyndan: «Bu oglan maňa aşyk boldumyka?» diýip pikir eder.

Gyzlar näme diýýär: «Oglanlar gyzlar bilen gatnaşanda, özüni dost-ýarlary bilen gatnaşandaky ýaly alyp barmaly däldigine düşünmeýärler» (Şeril).

«Oglan meniň telefon belgimi alyp, SMS ýazyp başlasa, men onuň näme niýetiniň bardygyny nireden bileýin. Gyzyň ýüreginde şol oglana duýgy döräp biler. Ýöne adamy diňe SMS arkaly tanap bolýarmy näme?!» (Melori).

«Oglan bir gyza üns berip, onuň bilen köp wagtyny geçirse, gyzyň ýüreginde çalt duýgy döräp biljekdigine düşünmeýär. Elbetde, bu gyzlaryň oglan diýip ölüp ýatandygyny aňlatmaýar. Sebäbi her kimem özüne mynasyp taý tapynyp, söýlüp ýaşasy gelýär» (Elison).

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 3-NJI BABYNY OKAP BILERSIŇ

INDIKI BAPDA

Hakyky söýgi bilen aşyklygyň näme tapawudy bar?

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Hudaýyň islegine laýyk gelýän hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere geýniň». Efesliler 4:24

MASLAHAT

Uly adamlardan oglanlarda, esasan, haýsy häsiýetleriň bolmalydygyny sora. Soňra oýlanyp gör, belki, senem şol häsiýetleriň üstünde işlemelisiň.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Daş keşbiň owadanlygy däl-de, içki dünýäň gözelligi has wajyp.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Özümi has edep-ekramly alyp barmak üçin, men şu häsiýetimiň üstünde işlemekçi: ․․․․․

Gowy gürrüňdeş bolmagy öwrenmek üçin, men ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Sen öz mertebäňi saklaýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

● Gyzyň pikirine we duýgusyna hormat goýýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

[198-nji sahypadaky sitata]

«Oglanlar gyzyň göwnüni awlamak üçin daş keşbiňe üns berip, owadan geýinmelidir öýdýärler. Bu zatlar belli bir derejede wajyp bolsa-da, gyzlaryň köpüsi, esasan, oglanyň häsiýetlerine üns berýär» Keýt

[197-nji sahypadaky surat]

Gowy edim-gylym adamlara göz etmek üçin geýip, öýe geleniňden soň çykarylýan penjek ýaly däldir