Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Halaşýan oglanyň seni taşlasa näme etmeli?

Halaşýan oglanyň seni taşlasa näme etmeli?

31-NJI BAP

Halaşýan oglanyň seni taşlasa näme etmeli?

«Biz biri-birimizi 5 ýyldan bäri tanaýardyk. Duşuşyp ýörenimize bolsa ýarym ýyl bolupdy. Emma hiç zat ýok ýerden, ol birden meniň bilen gatnaşygyny kesdi. Ol munuň sebäbinem düşündirmän, gepleşmegini bes etdi. Şonda ýüregim para-para bolup, özümi gaty erbet duýdum. Öz-özüme: „Men nämäni ýalňyş etdimkäm?“ diýip, dynman sorag berýärdim». Reýçel

HALAŞÝAN oglanyň seni taşlan bolsa, ýüregiň gyýylyp, gözýaş dökmekden ýaňa ýylgyrmagyň nämedigini unudyp barýan bolmagyň mümkin. Gel, Jef hem-de Suzanna bilen bolan ýagdaýa seredeli. Olar 2 ýyllap duşuşyp, biri-birine has ysnyşdylar. Jef oňa her gün SMS arkaly mähirli sözleri ýazýardy. Käte bolsa sowgat berip, söýgüsini bildirýärdi. Suzanna şeýle diýýär: «Jef meni ünsli diňläp, ýagdaýyma düşünmäge jan edýärdi. Şonda men şatlykdan ýaňa uçaýjak bolýardym».

Jef bilen Suzanna toý tutmak barada-da gürrüň edipdiler. Olar hatda toýdan soň nirede ýaşajakdyklaryny hem maslahatlaşypdylar. Jef bir gepinde Suzanna ýüzük dakyp, bellejekdiginem ýaňzydypdy. Emma birden ol Suzanna bilen gatnaşygyny kesdi oturyberdi. Şonda Suzannanyň depesinden gaýnag suw guýlana döndi. Onuň ýüregi doňan ýaly bolup, özüniň näme işläp ýörenini hem bilmeýärdi. Suzanna: «Meniň kalbym boşap galan ýaly boldy, hiç janyma jaý tapyp bilmedim» diýýär a.

Näme üçin beýle agyr degýärkä?

Eger senem Suzannanyňky ýaly ýagdaýa düşen bolsaň, öz ýanyňdan: «Ýürek derdim, heý, bir wagt ýeňlärmikä?» diýip oýlanýan bolmagyň mümkin. Elbetde, seniň ýagdaýyňa düşünse bolýar. Süleýman patyşa hem: «Yşk ölüm deý güýçli» diýip ýazdy (Nagmalar nagmasy 8:6). Seniňem durmuşyňda bolan zatlaryň hiç biri ýüregiňe şeýle ýara salan däldir. Käbirleri halaşýany bilen arasy kesilende, ölümiň bäri ýanyndan gaýdan ýaly bolandyklaryny aýdýarlar. Belki, senem hasrat çekip, aşakdaky ýaly duýgulary başdan geçirýänsiň.

Öz göwnüňi aldamak. «Ýok, bu beýle bolup bilmez, ol birki günden pikirini üýtgeder».

Gaharlanmak. «Ol nädip beýle edip bildikä? Men ony ýigrenýärin».

Göwnüçökgünlige düşmek. «Men hiç kime gerek däl. Indi meni hiç kim gowy görmez».

Dogry düşünjek bolmak. «Hemme zat gül ýaly bolar. Häzir maňa agyr degýänem bolsa, bu zatlar bolmadyk ýaly geçip gider».

Wagtyň geçmegi bilen, senem öz ýagdaýyňa dogry düşünip başlarsyň. Muňa näçe wagt gerekdigi siziň araňyzdaky gatnaşyklaryň näderejede ysnyşykly bolandygyna bagly bolar. Ýöne bu derdiňe döz gelmek üçin häzir näme edip bilersiň?

Durmuş dowam edýär

Sen ähli zady wagt bejerer diýenlerini eşidensiň. Ýöne häzir bu saňa mümkin däl ýaly bolup görünýändir. Sebäbi wagtdan başga ýene bir zat gerek. Mysal üçin, bir ýeriň ýaralanan bolsa, wagtyň geçmegi bilen, onuň bitjekdigini bilýänsiň. Ýöne sen onuň häzirki agyrysyny aýyrmak üçinem jan edersiň. Ilki bilen, sypjyrylan ýeriň ganyny durzup, ony sararsyň. Şeýle-de ýara iriňlemez ýaly, oňa wagtly-wagtynda seredip durmaly bolarsyň. Ýürek ýarasy barada hem şeýle diýse bolar. Sen özüňi häzir erbet duýýan bolsaňam, göwnüçökgünligi ýeňip, gahar-gazaba özüňi aldyrmaz ýaly, käbir zatlary etmeli bolarsyň. Wagt geçse ähli zat düzelip başlar, ýöne sen öz tarapyňdan näme edip bilersiň? Aşakdaky maslahatlara eýerjek bol.

Gözýaşyňy saklama. Aglamagyň hiç hili erbetligi ýok. Mukaddes Ýazgylarda: «Aglamagyň öz wagty bar, ýas tutmagyň öz wagty bar» diýilýär (Wagyz kitaby 3:1, 4). Aglamak gowşaklygyň alamaty däldir. Edermen serkerde bolan Dawut patyşa hem ajy perýat edip: «Her gije aglamakdan düşegimi gark edýärin. Gözýaşlarym bilen ýorganymy öl edýärin» diýipdi (Zebur 6:6).

Jan saglygyňa seret. Beden maşklaryny etseň we wagtynda naharlansaň, güýjüňe güýç goşup, ýaramaz duýgularyňy ýeňmäge kömek eder. Mukaddes Ýazgylarda: «Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr» diýilýär (1 Timoteos 4:8).

Sen saglygyň haýsy ugurlaryna üns berseň gowy bolar?

․․․․․

Ünsüňi başga zatlara sowjak bol. Gowy görýän işleriň bilen meşgullan. Özüňi başgalardan çetde tutma (Süleýmanyň tymsallary 18:1). Seniň aladaňy edýän adamlar bilen gürrüňdeş bolsaň, ünsüňi gowy zatlara gönükdirmäge kömek eder.

Sen nähili maksatlary goýup bilersiň?

․․․․․

Hudaýa doga edip, ýüregiňi dök. Emma muny etmek kyn bolmagy mümkin. Käbirleri halaşýany bilen arasy kesilensoň, özlerini hamala Hudaý terk eden ýaly duýýarlar. Olar: «Men Hudaýa köp doga edip, gowy ýanýoldaş tapmaga kömek etmegini dileýärdim. Emma munuň soňy, gör, näme bilen gutardy!» diýýärler (Zebur 10:1). Ýöne Hudaýa gökde oturan «sawçy» ýaly garamak nädogry bolardy. Ol kimdir biriniň halaşýany bilen gatnaşygyny kesmegine günäkär däl. Emma biz Ýehowanyň «aladamyzy edýändigini» bilýäris (1 Petrus 5:7). Şonuň üçin senem Ýehowa doga edip, ýüregiňi dök. Mukaddes Ýazgylarda: «Her ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap... ýalbaryň. Şonda ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi Mesih Isa arkaly gorar» diýilýär (Filipililer 4:6, 7).

Ýürek derdiň biraz ýeňlär ýaly, Ýehowa doga edeniňde nämeleri jikme-jik aýdyp bilersiň?

․․․․․

Gelejegiň barada oýlan

Wagtyň geçmegi bilen, ýürek ýaraň bitişip, halaşýan oglanyň bilen araň kesilmegine nämeleriň sebäp bolandygyna gowy düşünip başlarsyň. Ýüregiň biraz giňänsoň, 224-nji sahypadaky « Men özüme näme sapak edindim?» atly çarçuwada getirilen soraglaryň jogabyny ýazjak bol.

Dogry, halaşýan oglanyň bilen araň kesilende, eden tamaň çykan däldir. Ýöne bir zady ýatdan çykarmasaň gowy bolar. Ýagynly howada asmanyň ýüzüni gara bulut büräp, güýçli çabga ýagsa-da, ýagyş diňensoň, howa açylyp, bulutlar aýrylýar. Babyň başynda agzalan gyzlaryň hem ýagdaýy, wagtyň geçmegi bilen, gowulandy. Senem munuň şeýle boljakdygyna ynanyp bilersiň.

INDIKI BAPDA

Ahlak taýdan bozuk adamlardan nädip goransa bolar?

[Çykgyt]

a Şu bapda, esasan, gyzlar barada aýdylsa-da, ondaky prinsipler oglanlara-da degişli.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«(Ýehowa) göwni synyklara şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar». Zebur 147:3

MASLAHAT

Babyň başynda agzalan Suzanna göwnüçökgünlige düşen wagty okamak üçin Mukaddes Ýazgylardan käbir aýatlary ýazyp aldy. Senem şu bapda getirilen aýatlaryň käbirini özüň üçin bellik edip bilersiň.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Oglan-gyzlaryň köpüsi ýetginjeklik döwri halaşan adamy bilen durmuş gurmaýar. Käbiri durmuş guraýanda-da, uzak ýaşaşman aýrylyşýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Ýüregimdäki dert biraz ýeňlär ýaly, men ․․․․․

Men ýene-de şeýle ýagdaýa düşmez ýaly, şu häsiýetlerimiň üstünde işlemekçi: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Halaşýan oglanyň bilen araň kesilmegi özüňi gowy tanamaga nädip kömek etdi?

● Sen oglanlar barada näme bildiň?

[227-nji sahypadaky sitata]

«Ýüregiňdäki dert biraz ýeňlänsoň, hemme zada dogry göz bilen seredip başlaýarsyň we bolan ýagdaýa nämäniň sebäp bolandygyna düşünýärsiň. Şeýle-de özüňi gowy tanap, nähili adamyň saňa ýanýoldaş bolmalydygyna göz ýetirýärsiň we öňki eden ýalňyşyňy gaýtalamajak bolýarsyň» Karina

[224-nji sahypadaky çarçuwa]

 Bellik depderçäm

Men özüme näme sapak edindim?

Gatnaşygyňyzyň kesilmegine näme sebäp boldy? Munuň sebäbi ujypsyz bolup görünýän bolsa-da, aşakda ýaz. ․․․․․

Seniň pikiriňçe, araňyza tow düşmegine ýene näme sebäp bolduka? ․․․․․

Bu zatlaryň soňy şeýle gutarmaz ýaly näme etseň gowy bolardy? ․․․․․

Sen bu bolan ýagdaýdan ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolmak üçin, haýsy häsiýetleriň üstünde işlemelidigiňe göz ýetirdiň? ․․․․․

Indiki gezek nähili ýalňyşlyklary goýbermejek bolarsyň? ․․․․․

[223-nji sahypadaky surat]

Halaşýanyň bilen araň kesilmegi awuşap duran ýara ýalydyr. Häzir agyryly bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen, biter