Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çilim çekmegiň näme zyýany bar?

Çilim çekmegiň näme zyýany bar?

33-NJI BAP

Çilim çekmegiň näme zyýany bar?

Bularyň haýsysy saňa degişli bolsa, gapdalynda ✔ belligi goý.

□ Men çilimi ýöne bir çekip göresim gelýär.

□ Gaýgy-aladamy basjak bolýaryn.

□ Deň-duşlarym ýaly bolasym gelýär.

□ Horlanjak bolýaryn.

EGER sen babyň başyndaky zatlaryň haýsy-da bolsa birini bellik eden bolsaňam, çilim çekýän ýa-da oňa başlamakçy bolýan deň-duşlaryňky ýaly duýgulary başdan geçirýänsiň a. Gel, bu babatda käbir mysallara seredeli.

Çilimi ýöne bir çekip göresiň gelýär. «Men onuň nähilidigini bilesim geldi. Şonuň üçinem mekdepde bir gyzdan çilim alyp, hiç kime bildirmän çekdim» (Treýsi).

Gaýgy-aladaňy basjak bolýarsyň we deň-duşlaryň ýaly bolasyň gelýär. «Mekdepdäki okuwçylaryň käbiri: „Çilim çekmesem boljak däl öýdýärin“ diýip gidýärler. Soňam çilim çekýärler-de: „Özüme geläýdim-aý“ diýýärler. Käte meniňem gaýgy-aladam köpelende: „Çilim çeksem, maňa-da kömek etmezmikä?“ diýip pikir edip başlaýaryn» (Niki).

Horlanjak bolýarsyň. «Gyzlaryň käbiri horlanjak bolup çilim çekýär, sebäbi bu berhiz saklamakdan has aňsat-da!» (Samanta).

Emma sen çilim çekip başlamankaň, saklan-da, gowy oýlan. Çeňňegiň ujundaky gurçuga aldanýan balyk ýaly bolma. Şol gurçugy iýensoň, balygyň garnyna bir zat düşse-de, onuň özem ele düşüp, heläk bolýar. Şonuň üçin senem Mukaddes Ýazgylardaky maslahata eýerip, «sagdyn pikirlenseň» gowy bolar (2 Petrus 3:1). Sen aşakdaky soraglara nähili jogap berersiň?

Sen çilim çekmek barada nämeleri bilýärsiň?

Bularyň dogrudygyny ýa nädogrudygyny belle.

a. Çilim çeksem, gaýgy-aladam ýeňlär.

□ Dogry □ Nädogry

b. Men çilimiň tüssesini barybir üfläp daşyna çykarýaryn.

□ Dogry □ Nädogry

ç. Çilim çeksemem, garraýançam maňa hiç zat bolasy ýok.

□ Dogry □ Nädogry

d. Gyzlar çilim çekýän oglanlary gowy görýär.

□ Dogry □ Nädogry

e. Men özümden başga hiç kime zyýan ýetirmerin.

□ Dogry □ Nädogry

ä. Hudaý seniň çilim çekýäniňe ýa çekmeýäniňe üns bermeýär.

□ Dogry □ Nädogry

Jogaplary

a. Nädogry. Çilim çekeniň bilen, gaýgy-aladaň biraz aýrylan ýaly bolsa-da, alymlaryň aýtmagyna görä, çilimiň düzümindäki nikotin adamyň has gaharjaň bolmagyna getirip, gaýgy-aladasyny öňküdenem beter artdyrýar.

b. Nädogry. Geçirilen barlaglara görä, çilimiň tüssesindäki zäherli maddalaryň 80 göterimi adamyň içinde galýar.

ç. Nädogry. Çilimi her gezek çekeniňde, onuň howpy gitdigiçe güýjeýär. Emma onuň ýetirýän zyýany dessine bildirýär. Adam ýekeje çilim çekensoňam, oňa bagly bolup bilýär. Çilim çekýän adamyň öýkeni kiçelip, dem alşy kynlaşýar we köp üsgürýär. Şeýle-de ol wagtyndan öň garraýar, jynsy kuwwaty peselýär, ýüreginde birden howsala döräp, sustupes bolup gezýär.

d. Nädogry. Loýd Jonston atly alym barlag geçirip, gyzlaryň çilim çekýän oglanlary kän bir halamaýandygyny anyklady.

e. Nädogry. Çilimiň tüssesinden her ýyl müňlerçe adam ölýär. Senem çilim çekseň, onuň tüssesi maşgala agzalaryňa we dost-ýarlaryňa zyýan ýetirer.

ä. Nädogry. Hudaýyň göwnünden turmak isleýän adam «bedeni... hapalaýan islendik zatdan özüni arassalamaly» (2 Korinfliler 7:1). Çilim bolsa adamyň bedenini hapalaýar. Eger sen çilim çekseň, özüňe-de, başgalara-da zyýan ýetirersiň, Hudaý bilenem dostlaşyp bilmersiň (Matta 22:39; Galatýalylar 5:19—21).

Synaga nädip garşy durmaly?

Saňa biri çilim hödürlese näme edersiň? Şeýle ýagdaýda dogumly jogap berip: «Ýok, sagbol. Men çilim çekemok» diýip bilersiň. Emma ol şonda-da seniň ýüregiňe düşüp dursa ýa-da üstüňden gülse, çilim çekmelimi ýa çekmeli däldigini özüň çözýändigiňi unutma. Sen oňa şeýle diýip bilersiň:

● «Men çilimiň saglygyňa gaty zyýanlydygyna göz ýetirdim, şonuň üçinem çilim çekmek islemeýärin».

● «Meniň-ä heniz ölesim gelenok».

● «Sen maňa öz diýeniňi etdirjek bolýarsyňmy?»

Ýokarda agzalan ýaşlar ýaly, belki, saňa-da çilim çekmek babatda, esasanam, öz islegiňe garşy durmak kyn bolýandyr. Aşakdaky soraglar barada oýlansaň, şol islegiňi ýeňmäge kömek eder.

● «Çilim çekmek maňa peýda berermikä? Men deň-duşlaryma ýaranjak bolup çilim çekenim bilen, olar meni öz aralaryna goşarmyka? Biziň barybir başga zatlarda-da garaýşymyz tapawutlanýar ahyryn. Maňa çilim çekdirip, jan saglygyma howp salýan adamlar bilen dostlaşmak nämä gerek?!»

● «Çilim almaga we saglygyma seretdirmäge näçe pulum gider? Çilim çeksem, başgalaryň öňünde sylag-hormatym gaçmazmy?»

● «Hudaý bilen dostlugymy çilime çalşanyma degermi?»

Ýöne sen eýýäm çilim çekip ýören bolsaň näme? Ony nädip taşlap bilersiň?

Nädip taşlamaly?

1. Taşlamagy berk ýüregiňe düw. Bir kagyza çilimi taşlamagyňa nähili degerli sebäpleriň bardygyny ýaz we eden bellikleriňe wagtal-wagtal seredip dur. Hudaýyň öňünde arassa galmak isleseň, çilimiňi hökman taşlap bilersiň (Rimliler 12:1; Efesliler 4:17—19).

2. Başgalardan kömek sora. Eger sen çilim çekýändigiňi hiç kime bildirmän gezen bolsaň, indi ony ýaşyryp ýörmän, gaýtam, ýakynlaryňa çilimiňi taşlajak bolýandygyňy aýdyp, kömek sorasaň gowy bolar. Hudaýyň gullukçysy bolmak isleýän bolsaň, ýürekden doga edip, ondan hem kömek sorap bilersiň (1 Ýahýa 5:14).

3. Taşlajak senäňi belle. Iki hepdä golaý wagtyň içinde çilimiňi goýjak bol. Taşlajak senäňi kalendarda bellik edip, maşgala agzalaryňa we dost-ýarlaryňa çilimiňi şol güne çenli goýjak bolýandygyňy aýt.

4. Çilime degişli ähli zady aýyr. Çilimiňi taşlamak üçin bellän senäňden öň, öýüňizi, maşynyňy we egin-eşikleriňi gowy barlaşdyryp, galan-gaçan çilim bar bolsa aýyr. Zažigalka we kül atylýan gaplaryňy hem zyň.

5. Islegiňi basjak bol. Köpräk suw ýa-da miwe şiresini iç, gowy ýatyp ukyňy al. Häzir saňa biraz kyn bolsa-da, netijede, köp peýda aljakdygyňy unutma.

6. Synaga düşürip biljek ýagdaýlardan gaça dur. Çilim çekmäge iterip biljek ýagdaýlardan we ýerlerden uzakda dur. Şeýle-de çilim çekýänler bilen gatnaşma (Süleýmanyň tymsallary 13:20).

Özüňi aldatma

Çilim öndürýän kompaniýalar çilimiň reklamasyna her ýyl milliardlarça pul sarp edýärler. Olar, esasan, kimleriň ünsüni çekjek bolýarka? Bir kompaniýanyň resminamasynda: «Häzirki ýaşlar biziň hemişelik müşderilerimizdir» diýilýär.

Senem olara özüňi aldadyp, bar puluňy çilime harçlama. Sebäbi şol adamlaram, çilim çekdirjek bolýan deň-duşlaryňam seniň aladaňy etmeýär. Şonuň üçin olara gulak asma-da, Mukaddes Ýazgylardaky maslahata eýerjek bol. Şonda sen diňe peýda taparsyň (Işaýa 48:17).

INDIKI BAPDA

Dost-ýarlaryň saňa spirtli içgileri içirjek bolýarmy? Çägiňi bilip içmek näme üçin wajyp?

[Çykgyt]

a Şu bapda, esasan, çilim çekmegiň ýetirýän zyýany barada aýdylsa-da, ondaky prinsipler temmäki (çilim ýasamak üçin ulanylýan ösümlik) çeýnemeklige hem degişli.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Bedeni... hapalaýan islendik zatdan özümizi arassalalyň». 2 Korinfliler 7:1

MASLAHAT

«Çilimi ýekeje gezek çekenim bilen, hiç zat bolasy ýok-la» diýip, özüňi aldama. Köp adamlar şondan soň çilime doly bagly bolýar (Ýermeýa 17:9).

BILÝÄRSIŇMI... ?

Temmäkide çilimden hem köp nikotin we rak emele getirýän 25-e golaý zäherli maddalar bar. Şol sebäpli temmäki çeýneýän adamda bokurdagyň we agyz boşlugynyň rak keseli döräp bilýär.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Klasdaşym maňa çilim çekdirjek bolsa, oňa şeýle diýerin: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Çilim çekmegiň howpludygyny bilseňem, sende näme üçin çilim çekmäge isleg döremegi mümkin?

● Sen çilim çekmegi näme üçin zyýanly hasaplaýarsyň?

[240-njy sahypadaky sitata]

«Maňa çilim hödürleseler, men ýöne ýylgyrýan-da: „Ýok, sagbol. Meniň rak kesel bolasym gelenok“ diýýärin» Alina

[241-nji sahypadaky çarçuwa]

Marihuana çekmek zyýanlymy?

Irlandiýada ýaşaýan Elen şeýle diýýär: «Käbirleri kynçylyklardan gaçjak bolup, marihuana b çekýär. Olar munuň hiç hili zyýany ýok diýýärler». Senem marihuana barada şeýle zatlary eşidipmidiň? Gel, onuň ýetirýän zyýany barada käbir zatlary bileli.

Ýalan. Marihuana çekmek zyýanly däl.

Hakykat. Adama edýän täsiri: ýatkeşligi we öwrenmek ukyby pese düşýär, immuniteti gowşaýar, erkegiňem, aýalyňam jynsy kuwwaty peselýär. Şeýle-de ýüreginde howsala döräp, sähel zatdanam gorkup başlaýar, gözüne her hili zat görnüp, akylyndanam azaşyp bilýär. Marihuana çekýän aýaldan doglan çaganyň özüni alyp barşy geň bolýar, oňa ünsüni jemlemek we belli bir karara gelmek gaty kyn bolýar.

Ýalan. Marihuana çilim ýaly zyýanly däl.

Hakykat. Temmäkiniň tüssesine garanyňda, marihuananyň tüssesi sebäpli dem alyş ýollaryna 4 esse köp zäherli maddalar üýşýär, gana 5 esse köp zäherli gaz düşýär. Bäş sany marihuananyň düzüminde çilimiň bir paçkasyndaky ýaly rak emele getiriji zäherli maddalar bar.

Ýalan. Marihuana baglylyk döretmeýär.

Hakykat. Psihiki we duýgy taýdan ejir çekýän ýaşlarda marihuana dessine baglylyk döräp bilýär. Käbirleri bolsa ony birnäçe gezek çekensoň baglylyk döreýär. Şeýle-de geçirilen barlaglar marihuana çekýän ýaşlaryň kokain ýaly başga-da neşe serişdelerine bagly bolup bilýändigini görkezdi.

[Çykgyt]

b Neşe serişdeleriniň bir görnüşi. Meň bilen marihuana bir ösümlikden ýasalýar. Ýöne meňiň täsiri marihuananyňkydanam 5 esse güýçli.

[244-nji sahypadaky çarçuwa]

Çilimiň ýetirýän zyýany

Çilimi reklama edenlerinde, adamy sagdyn edip görkezýärler. Emma çilim çekýän adama, hakykatdan, näme bolýandygyna seredip gör.

Agyz boşlugy we bokurdak Rak döräp bilýär

[Surat]

Diliň rak keseli

Ýürek Arteriýa gan damarlary gatap, daralýar, ýürege kislorod ýetmeýär, ýüregagyry keseliniň döremek howpy 4 esse artýar

[Surat]

Daralan arteriýa gan damary

Öýken Howa haltasy we dem alyş ýollary zaýalanýar, öýkende rak keseliniň döremek howpy 23 esse artýar

[Surat]

Çilimkeşiň öýkeni

Beýni Adamyň beýnisine gan inmek howpy 4 esse artýar

Ten Adam tiz garraýar

Diş Reňki saralýar

Aşgazan Rak döreýär

Aşgazanasty mäz Rak döreýär

Peşew haltasy Rak döreýär

Böwrek Rak döreýär

[239-njy sahypadaky surat]

Çeňňege düşen balyk ýaly, çilimkeşem az wagtlaýyn lezzet alsa-da, özüne uly zyýan ýetirýär