Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Köp içmegiň näme zyýany bar?

Köp içmegiň näme zyýany bar?

34-NJI BAP

Köp içmegiň näme zyýany bar?

Sen şu soraglara nähili jogap berersiň? Beren jogabyňda ✔ belligi goýup bilersiň.

Deň-duşlaryň gaty ýaş bolsa-da içýärlermi ýa-da çendenaşa köp içip, serhoş bolýarlarmy?

□ Hawa □ Ýok

Olar saňa-da içirjek boldularmy?

□ Hawa □ Ýok

Sen köp içip, serhoş bolupmydyň?

□ Hawa □ Ýok

SENIŇ heniz ýaşyň ýetmedigem bolsa, spirtli içgileri içmäge isleg döräpdimi ýa-da köp içip, serhoş bolup göresiň gelipdimi? Eger şeýle bolsa, onda sen ýeke däl. Ýaşlaryň köpüsi spirtli içgilere özüni aldyryp, serhoş bolýança içýärler a. Aslynda, serhoşlyk diýlende näme göz öňünde tutulýar? Käbirleri muňa gowy içip, keýpden çykmak diýip düşünýär. Emma ABŞ-nyň arakhorlygy öwrenýän milli institutynyň hasabatynda «erkek adam bir gezekde 5 ýa-da ondan köp bulgur, aýal maşgala bolsa 4 ýa-da ondan köp bulgur içse» eýýäm serhoş bolýandygy aýdylýar.

Senem özüňe: «Men spirtli içgileri näme üçin içmek isleýärin? Onuň maňa nähili täsir etjekdigini bilýärinmi?» diýen soraglary berip, oýlansaň gowy bolar. Mysal üçin, sen aşakdaky soraglara nähili jogap berersiň? Beren jogabyň gapdalynda ✔ belligi goýup, soňra bu babatda getirilen maglumatlary okap gör.

a. Ýaşlar spirtli içgileri içmegi gowy görýär.

□ Dogry □ Nädogry

b. Olar uly adamlara garanyňda, ýaş we sagdyn bolansoň, köp içselerem, kän bir zyýan çekmeýär.

□ Dogry □ Nädogry

ç. Adam köp içeni bilen ölesi ýok.

□ Dogry □ Nädogry

d. Mukaddes Ýazgylarda spirtli içgileri içmek gadagan edilýär.

□ Dogry □ Nädogry

e. Köp içseň, diňe jan saglygyňa zyýan ýetirýärsiň.

□ Dogry □ Nädogry

a. Ýaşlar spirtli içgileri içmegi gowy görýär. Jogaby — Nädogry. Awstraliýada spirtli içgiler babatda geçirilen barlaglarda ýaşlaryň 36 göterimi başgalardan tapawutlanmajak bolup içýändigini aýtdylar. ABŞ-da geçirilen barlagda bolsa, ýetginjekleriň 66 göteriminiň deň-duşlarynyň täsirine düşüp içýändigi anyklandy. Emma olaryň ýarysyndan gowragy az wagtlyk hem bolsa durmuşyň gaýgy-aladasyny unutmak üçin içýändigini aýtdylar.

b. Olar uly adamlara garanyňda, ýaş we sagdyn bolansoň, köp içselerem, kän bir zyýan çekmeýär. Jogaby — Nädogry. «Diskawer» atly žurnalyň bir makalasynda şeýle diýilýär: «Soňky wagtlarda geçirilen barlaglar spirtli içgileri içip, serhoş bolýan ýaşlaryň öz jan saglygyny howp astyna salýandygyny görkezdi. Sebäbi çendenaşa köp içýän ýaşlaryň aň-düşünjesine uly zyýan ýetip bilýär».

Hemişe içip ýören adamyň ýüzünde düwürtik köpelýär, ýygyrt emele gelýär, gaty semreýär, spirtli içgilere we neşe serişdelerine baglylyk döreýär. Onuň nerw ulgamynyň işleýşi hem bozulýar, bagryna we ýüregine zyýan ýetýär.

ç. Adam köp içeni bilen ölesi ýok. Jogaby — Nädogry. Çendenaşa köp içmekligiň netijesinde, adamyň beýnisine kislorod barmaýar, bedeniň kadaly işleýşi bozulýar. Şeýle ýagdaýda onuň ýüregi bulanyp, gaýtarýar, dem alşy kynlaşýar we huşuny ýitiribem bilýär. Käte bu adamyň ölmegine-de getirýär.

d. Mukaddes Ýazgylarda spirtli içgileri içmek gadagan edilýär. Jogaby — Nädogry. Mukaddes Ýazgylarda spirtli içgileri içmek gadagan edilmeýär we ýaşlaryň wagtyny hoş geçirmegi ýazgarylmaýar (Zebur 104:15; Wagyz kitaby 10:19). Emma döwletiň kanuny boýunça ýaşyň ýetmedik bolsa, spirtli içgileri içmeli däl (Rimliler 13:1).

Mukaddes Ýazgylarda çendenaşa köp içmeklik ýazgarylýar. Süleýmanyň tymsallary 20:1-de: «Şerap biabraý edýändir; içgi galmagallydyr; oňa ýykgyn edýän akyldar däldir» diýilýär. Hawa, içip serhoş bolýan adam biabraý bolýar. Içgi adamyň az wagtlaýyn keýpini göterse-de, ol ony «ýylan kimin çakyp», başyna birtopar bela getirýär (Süleýmanyň tymsallary 23:32).

e. Köp içseň, diňe jan saglygyňa zyýan ýetirýärsiň. Jogaby — Nädogry. Eger sen içip serhoş bolsaň, özüňi bela-beterden gorap bilmersiň, seni hatda zorlamaklary hem ahmal. Emma seniň özüňem näme işläp ýöreniňi bilmän, başgalara howp salmagyň mümkin. Mukaddes Ýazgylarda-da köp içip, serhoş bolýan adamyň «gözleriniň geň-taň zatlary görjekdigi... aňynyň egri sözler aýtjakdygy» duýdurylýar (Süleýmanyň tymsallary 23:33, «Mukaddes Kitap terjime instituty»). Gysgaça aýdanyňda, sen köp içip, serhoş bolsaň, akmak ýaly görnersiň. Şeýle-de ýakyn adamlaryň bilen gatnaşygyň bozular. Mekdepde sapaklaryňa ýetişigiň peselip ýa-da işiňde kynçylyk döräp, netijede, garyp galmagyň hem mümkin. Hatda jenaýat işine baş goşup, kanun tarapyndan jogapkärçilige çekilmegiňem ahmal (Süleýmanyň tymsallary 23:21).

Esasanam, çendenaşa köp içmekligiň Ýehowa Hudaý bilen gatnaşygyňa nähili täsir etjekdigi barada oýlan. Hudaý biziň «bütin aň-düşünjämiz bilen» gulluk etmegimizi isleýär. Diýmek, biz özümizi arakhorlyga aldyrmajak bolmaly (Matta 22:37). Hudaýyň Sözünde diňe bir «serhoşlyk» däl-de, «içhä-içişlik» hem ýazgarylýar (1 Petrus 4:3). Hawa, köp içip, serhoş bolmak Ýaradyjymyzyň islegine garşy gelýär we onuň bilen dostlaşmaga päsgel berýär.

Sen näme edersiň?

Senem serhoşlygyň hiç hili zyýany ýok diýip pikir edýän deň-duşlaryň ýaly hereket edersiňmi? Mukaddes Ýazgylarda: «Siz kimdir birine hemişe tabyn bolýan bolsaňyz, onuň guly bolýandygyňyzy bilýänsiňiz. Eger siz günäniň guly bolsaňyz, ölersiňiz. Emma Hudaýyň guly bolup, oňa tabyn bolsaňyz, dogry adam bolarsyňyz» diýilýär (Rimliler 6:16). Elbetde, sen deň-duşlaryň ýa-da spirtli içgileriň guly bolmak isleýän dälsiň.

Ýöne sen eýýäm içgä özüňi aldyran bolsaň näme? Onda haýal etmän eneň-ataňdan ýa-da ruhy taýdan ýetişen dostuňdan kömek sora. Ýehowanyň seni goldamagy üçin, oňa ýalbaryp doga et. Sebäbi ol «muşakgatlarda tiz tapylýan kömekdir» (Zebur 46:1). Şeýle-de seni içmeklige köplenç deň-duşlaryň iterýändir. Şonuň üçin olar bilen gatnaşygyňy kesip, gowy dostlary tapynsaň paýhasly bolar b. Elbetde, bu saňa aňsat düşmez, ýöne Ýehowanyň kömegi bilen muny hökman başararsyň.

INDIKI BAPDA

Neşekeşligi taşlap bolýar. Nädip?

[Çykgytlar]

a 249-njy sahypadaky « Kimler içýär?» diýen çarçuwa seredip bilersiň.

b Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 8, 9-njy baplaryna we II tomuň 15-nji babyna seredip bilersiň.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Içegen... garyp bolýandyr». Süleýmanyň tymsallary 23:21

MASLAHAT

Spirtli içgileri näme üçin içesiň gelýändigini anyklajak bol. Soňra göwnüňi hoşlap, ýadawlygyňy aýyrmagyň başga usullary barada oýlanyp gör.

BILÝÄRSIŇMI... ?

ABŞ-da geçirilen bir barlaga görä, «köp içip, serhoş bolýanlaryň klasyndan galmagy, sapaklaryna ýetişmezligi, özlerine zyýan ýetirip, ýaralanmagy we garyp düşmegi beýlekilere garanyňda, 8 esse köp bolýar».

SEN NÄME ETMEKÇI?

Deň-duşlarym maňa köp içirjek bolsa, olara şeýle diýerin: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Deň-duşlaryň näme üçin seniňem olar bilen içmegiňi isleýärkä?

● Köp içseň, gyzlara gowy görnerin öýdýärmiň? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

[250-nji sahypadaky sitata]

«Klasdaşlarym maňa içgi hödürlänlerinde, men olara: „Wagtyňy hoş geçirmek üçin içmek hökman däl“ diýýärin» Mark

[249-njy sahypadaky çarçuwa]

 Kimler içýär?

Angliýanyň, Şotlandiýanyň we Uelsiň orta mekdeplerinde geçirilen barlaglara görä, 13-14 ýaşly okuwçylaryň dörtden biri «bir gezekde azyndan 5 bulgur spirtli içgileri içendiklerini» aýtdylar. 15-16 ýaşlaryndaky okuwçylaryň ýarysyna golaýy hem şeýle edendiklerini boýun aldylar. ABŞ-nyň Saglygy goraýyş we jemgyýetçilik ministrliginiň habar bermegine görä, «12—20 ýaşlaryndaky ýetginjekleriň takmynan 10,4 milliony spirtli içgileri içýär. Olaryň 5,1 milliony çendenaşa köp içýär, 2,3 milliony bolsa aýda azyndan 5 gezek içip, serhoş bolýar». Awstraliýada geçirilen barlaglaryň netijesinde, şol ýurtda oglanlara garanyňda, gyzlaryň has köp içýändigi anyklandy. Olar bir gezekde 13—30 bulgur spirtli içgileri içýärler.

[251-nji sahypadaky surat]

Spirtli içgiler ýylan kimin çakýandyr