Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Men tehniki enjamlary köp ulanýarynmy?

Men tehniki enjamlary köp ulanýarynmy?

36-NJY BAP

Men tehniki enjamlary köp ulanýarynmy?

«Men SMS ýazyşmagy şeýle bir gowy görýärin! Bu iň gyzykly zatmyka diýýärin. Durmuşymy şonsuz göz öňüne-de getirip bilemok». Alan

SENIŇ eneň-ataň ýetginjek döwri tehniki enjamlardan, esasan, telewizor bilen radio ulanylandyr. Telefonlar bolsa diňe gepleşmek üçin ulanylyp, hemişe toga çatylgy durandyr. Sen bu zatlary gaty yza galan hasaplaýansyň. Anna atly gyz: «Ejem bilen kakam ýaşka, tehnologiýa gaty yza galandy. Olar el telefonyny nädip ulanmalydygyny indi-indi öwrenip başladylar» diýýär.

Şu günler jübiňde göterýän ýekeje enjamyňda aýdym diňläp, wideo görüp, oýun oýnap, dost-ýarlaryň bilen hat ýazyşyp, surata düşürip hem-de Internete girip bolýar. Senem telewideniýäniň, Internetiň, el telefonlaryň we kompýuterleriň has ösen döwründe önüp-ösendigiň üçin, olara köp wagt sarp etmegi adaty zat hasaplaýansyň. Emma eneň-ataň olary çendenaşa köp ulanýandygyňy aýdýandyr. Ýöne olary döwürden yza galan adam hasaplap, aýdýan sözlerine biperwaý garama. Sebäbi olar seniň aladaňy edýär. Akyldar Süleýman patyşa: «Diňlemän jogap bermek adama akmaklykdyr» diýdi (Süleýmanyň tymsallary 18:13).

Sen eneň-ataň näme üçin beýle biynjalyklanýandygy barada oýlanyp görüpmidiň? Aşakda berlen maslahatlara görä özüňi barlasaň, tehniki enjamlary çendenaşa köp ulanýandygyňy ýa ulanmaýandygyňy anyklap bilersiň.

Özüňi çynlakaý barla

Bir kitapda «baglylyk» diýen söz şeýle düşündirilýär: «Adam edýän işiniň erbet netijeleri berýändigini bilse-de, oňa çendenaşa köp wagt sarp edýär we şol endigini goýup bilmeýär ýa-da asla taşlamak islemeýär». Gel, bu sözlere gowy düşünmek üçin, olaryň hersine aýratynlykda seredeli. Aşakdaky ýaşlaryň sözlerini okap, şeýle hereketleri edýändigiňi ýa-da etmeýändigiňi barlap gör. Soňra getirilen soraglara jogap berjek bol.

«Çendenaşa köp wagt sarp etmek». «Men wideooýunlary gaty köp oýnap, käte ukudanam galýaryn. Biri bilen gepleşip otyrkamam, bar edýän gürrüňim diňe şol oýun barada bolýar. Men oýna gyzygyp, wagtymy maşgala agzalarym bilenem geçirmän, hamala başga dünýäde gaýyp ýören ýaly bolýaryn» (Andre).

Seniň pikiriňçe, tehniki enjamlara näçe wagt sarp etseň paýhasly bolar? ․․․․․

Bu babatda eneň-ataň näme pikir edýär? ․․․․․

Sen her gün SMS ýazyşmaga, telewizor görmäge, Internetden surat ýa-da maglumat ýükläp almaga, wideooýunlary oýnamaga we başga-da zatlara jemi näçe wagt sarp edýärsiň? ․․․․․

Indi jogaplaryňa göz aýlap, oýlanyp gör. Sen tehniki enjamlara çendenaşa köp wagt sarp edýärmiň?

□ Hawa □ Ýok

«Endigini goýup bilmeýär ýa-da asla taşlamak islemeýär». «Ejem bilen kakam meniň hemişe SMS ýazyşyp oturanymy görüp, bu zatlara gaty köp wagtymy sarp edýändigimi aýdýar. Ýöne men beýleki oglan-gyzlar ýaly beýle bir köp ýazyşamog-a. Dogry, men ejem bilen kakama garanyňda, köp SMS ýazyşýaryn, emma meni olar bilen deňeşdirip bolýarmy näme? Biziň aramyz ýer bilen gök ýaly ahyryn! Men 15 ýaşymda, olar bolsa eýýäm 40-yndan agan adam-a!» (Alan).

Ejeň bilen kakaň ýa-da dostlaryň telefona we kompýutere çendenaşa köp wagt sarp edýändigiňi aýdýarlarmy?

□ Hawa □ Ýok

Bu zatlara sarp edýän wagtyňy çäklendirmek saňa kyn bolýarmy?

□ Hawa □ Ýok

«Erbet netijeler». «Meniň joralarym hatda maşyn sürüp barýarkalaram SMS ýazyşýarlar. Bu gaty howply ahyry!» (Juliýa).

«Men başda telefon alanymda, hökman biri bilen jaňlaşýardym ýa-da SMS ýazyşýardym. Meniň bar bilenim-bitenim şol zatlardy. Şeýdip, maşgala agzalarym, hatda käbir joralarym bilenem gatnaşygym sowaşdy. Biri bilen gepleşip otyrkaň, ol seniň sözüňi bölüp: „Bir minut duraý-da, men şuňa jogap bereýin-le“ diýip, telefonda gürleşip başlasa ýa-da SMS ýazyşsa, munuň nähili gelşiksiz bolýandygyna indi gowy düşünýärin. Şeýle adam bilen dostlaşasyňam gelmeýär» (Şerli).

Sen ýolda barýarkaň, klasda ýa-da ýygnak duşuşygynda otyrkaň SMS ýazyşýarmyň?

□ Hawa □ Ýok

Eneň-ataň ýa-da dost-ýarlaryň bilen gepleşip otyrkaň, elektron poçtaňa gelen hatlara, telefonyňdaky jaňlara we SMS-lere jogap bermek üçin gürrüňi bölüp durýarsyňmy?

□ Hawa □ Ýok

Tehniki enjamlara köp wagt sarp edip, ukudan galýarsyňmy, mekdepde sapaklaryňdan ünsüň sowulýarmy?

□ Hawa □ Ýok

Sen käbir zatlary üýtgetmelidigiňe göz ýetirdiňmi? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky maslahatlara eýermäge jan et.

Paýhasly bol

Eger sen kompýuter, telefon ýaly tehniki enjamlary ulanýan bolsaň, aşakda getirilýän 4 soragyň üstünde oýlansaň gowy bolar. Mukaddes Ýazgylaryň esasynda şu bapda berilýän maslahatlara we görkezmelere eýerseň, tehniki enjamlaryň guly bolmarsyň.

Meniň görýän, eşidýän we ýazýan zatlarym peýdalymy? «Diňe hakyky, wajyp, dogry, päk, söýgä höweslendirýän, ýagşy, öwgä we şöhrata mynasyp zatlar hakda oýlanyň» (Filipililer 4:8).

✔ Dost-ýarlaryň we dogan-garyndaşlaryň bilen gatnaşyp, gowy habarlary aýt we ruhlandyryjy pikirler bilen paýlaş (Süleýmanyň tymsallary 25:25; Efesliler 4:29).

✘ Gep-gybat ýa-da ahlaksyz suratlary ýaýratma we gelşiksiz sözler bilen SMS ýazma, ahlaksyz klipleri we telegepleşikleri görme (Koloslylar 3:5; 1 Petrus 4:15).

Men muny haçan ulanýaryn? «Her zadyň öz wagty bar» (Wagyz kitaby 3:1).

✔ Telefonda jaňlaşmaga, SMS ýazyşmaga, telewizor görmäge we wideooýunlary oýnamaga näçe wagt sarp etjekdigiňi öňünden kesgitle.

✘ Tehniki enjamlara maşgalaň we dost-ýarlaryň bilen wagtyňy geçirmäge, okamaga we ruhy işlere gatnaşmaga päsgel berdirme (Efesliler 5:15—17; Filipililer 2:4).

Men kim bilen gatnaşyk saklaýaryn? «Aldanmaň. Erbetler bilen gatnaşyk etmek gowy endikleri bozýandyr» (1 Korinfliler 15:33).

✔ Tehniki enjamlary saňa gowy täsir edýän adamlar bilen gatnaşmak üçin ulan (Süleýmanyň tymsallary 22:17).

✘ Özüňi aldama, sebäbi elektron poçta we SMS arkaly habarlaşýan ýa-da telewizorda hem-de Internetde görýän adamlaryň gepleýşi, özüni alyp barşy we garaýşy saňa güýçli täsir edip bilýär (Süleýmanyň tymsallary 13:20).

Men muňa näçe wagt sarp edýärin? «Iň wajyp zatlara düşüniň» (Filipililer 1:10).

✔ Kompýutere, telefona we telewizora näçe wagt sarp edýändigiňi barlap dur.

✘ Eneň-ataň we dostlaryň tehniki enjamlara çendenaşa köp wagt sarp edýändigiňi aýtsa, olaryň maslahatyna sowuk-sala garama (Süleýmanyň tymsallary 26:12).

Ýokarda agzalan Andre şeýle diýýär: «Kompýuteri we telefony ulanmak gowy zat, ýöne çägiňi bilmeli. Men bu zatlar sebäpli ýakynlaryň we dostlaryň bilen araňa tow düşürmeli däldigine düşündim».

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 30-NJY BABYNY OKAP BILERSIŇ

INDIKI BAPDA

Eneň-ataň käwagt seni gezelenje goýberer ýaly näme etse bolar?

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Öz gözüňe akyldar görünme; Rebden gork we ýamandan gaça dur». Süleýmanyň tymsallary 3:7

MASLAHAT

Telefona sarp edýän wagtyňy azaltmak üçin, dost-ýarlaryň elektron poçta arkaly ýazýan hatlaryna, SMS-lerine ýa-da jaňlaryna derrew jogap bermejekdigiňi duýduryp goý.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Seniň häzir Internetde goýýan suratlaryňy we şahsy maglumatlaryňy gelejekde işiňdäki başlyklar ýa-da başga adamlar köp ýyl geçensoňam görüp bilýärler.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Eger ․․․․․sarp edýän wagtymy çäklendirmek maňa kyn düşse, ony hepdede diňe ․․․․․gezek ulanaryn.

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Adam tehniki enjamlara çendenaşa köp wagt sarp edýändigini näme üçin özem duýman galmagy mümkin?

● El telefona, kompýutere we şuňa meňzeş zatlara sarp edýän wagtyňy çäklendirmeseň nähili kynçylyklar döräp biler?

[262-nji sahypadaky sitata]

«Maňa telewizor görmek endigimi goýmaga birnäçe zat kömek etdi. Men özüme zor salyp, oňa sarp edýän wagtymy azaltdym. Şeýle-de bu kynçylygym barada ejem bilen gürrüňdeş bolup, köp doga etdim» Ketlin

[263-nji sahypadaky surat]

Sen hojaýynmy ýa-da gul?