Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?

Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?

37-NJI BAP

Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?

Awstraliýada ýaşaýan Elison atly gyza hepdäniň birinji güni mekdebe gitmek uly alada bolýar.

Ol şeýle gürrüň berýär: «Mekdepde her kim dynç günleri näme edendikleri barada gürrüň edýärler. Olar köp oturyşyklara gidip, birnäçe oglan bilen tanşandygyny, käbir ýagdaýlarda bolsa polisiýa işgärlerinden gaçmaly bolandygyny aýdyp gülüşýärler. Bu zatlar gorkunç ýaly bolup görünse-de, olaryň dynç alşy gaty hezil bolýar! Olar öýüne daňdan bäşde gelse-de, ene-atasynyň azaryna-da däl. Men welin olar heniz dynç alyp başlamanka, ýerime geçip ýatmaly bolýaryn.

Klasdaşlarym nähili dynç alandygyny gürrüň berip, menden nirelere gezelenje gidendigimi soraýarlar. Ýöne meniň bar gidýän ýerim ýygnak, wagyz bolansoň, olara özümiň hiç ýere gitmändigimi aýdýaryn. Şonda olar: „Onda näme üçin biziň bilen gitmediň?“ diýýärler.

Birinji günden soň ýagdaý biraz gowulaşaýjak ýaly welin, bu beýle bolup baranok. Ikinji gün okuwçylaryň hemmesi indiki dynç günleri näme etjekdigi barada gürrüň edip başlaýarlar. Meniň bolsa aýdara hiç zadym bolmansoň, ýöne oturyp, olaryň gürrüňini diňlemeli bolýaryn. Şonda men özümi hemme zatdan galyp ýören ýaly duýýaryn».

SENEM mekdepde şeýle kynçylyklara duş gelýärmiň? Belki, eneň-ataň seni hiç ýere çykarman, gapyny garawullap oturan ýaly bolup görünýändir. Ýa-da dynç alynýan seýilgähe baryp, münmäge rugsat bermändikleri üçin, hiç zatda uçman, yzyňa gaýdan ýaly bolýansyň. Elbetde, sen deň-duşlaryň ähli edýän zatlaryny etmek isleýän dälsiň. Ýöne käte gezelenje gidip, dynç alasyň gelýändir. Dynç alyş günleri seniň nirelere gidesiň gelýär? Aşakda görkezilen zatlaryň haýsysyny saýlardyň?

□ kafe

□ konsert

□ oturyşyk

□ kino

□ başga zatlar

Elbetde, her kimiňem dynç alasy gelýär. Aslynda, Ýaradyjymyz Ýehowa hem ýaşlaryň wagtyny hoş geçirmegini isleýär (Wagyz kitaby 3:1, 4). Käwagt eneň-ataň seni hiç ýere goýbermeýän ýaly bolup görünse-de, olaram seniň gezelenje gidip, göwnüňi açmagyňy isleýärler. Emma olar seniň näme bilen meşgullanjakdygyň we kimler bilen gitjekdigiň barada alada edýärler.

Dost-ýarlaryň seni gezelenje çagyrsa, eneň-ataň muňa nähili garajakdygyny bilmeseň näme etmeli? Gel, üç sany usula we olaryň getirip biljek netijelerine seredeli.

1-NJI USUL SORAMAN GIDÝÄRSIŇ

Seniň näme üçin şeýle hereket etmegiň mümkin? Sen dost-ýarlaryňa hiç kime garaşly däldigiňi görkezesiň gelýändir. «Men nirä gitmelidigini we näme etmelidigini özüm gowy bilýärin. Muny enem-atamdan soramak hökman däl» diýip pikir edýänsiň (Süleýmanyň tymsallary 14:18).

Netijesi: Elbetde, dostlaryň öňünde seniň biraz abraýyň artan ýaly bolar. Ýöne olar seniň mekirlik edendigiňi bilip: «Bu öz ene-atasyny aldan bolsa, bizem aldar» diýip pikir ederler. Eneň-ataňam seniň olardan soraşman gidendigiňi bilse, gaty gahary geler we seni gaýdyp hiç ýere goýbermez. Diýmek, eneň-ataňy äsgermezçilik edip, olara aýtman gitseň, akylsyz hereket etdigiň bolar (Süleýmanyň tymsallary 12:15).

2-NJI USUL SORAMAÝARSYŇAM, GITMEÝÄRSIŇEM

Seniň näme üçin şeýle hereket etmegiň mümkin? Seni bir ýere çagyrsalar, gowy oýlanyp, şol ýere gitmegiň Mukaddes Ýazgylara laýyk gelmeýändigine ýa-da bile dynç aljak adamlaryň gowy däldigine göz ýetirmegiň ahmal (1 Korinfliler 15:33; Filipililer 4:8). Emma şonda-da seniň gidesiň gelse, eneň-ataňdan soramaga çekinmegiň mümkin.

Netijesi: Eger şol ýere gitmegiň nädogrudygyna doly düşünseň, deň-duşlaryňa gitmeýändigiňi aýtmaga ýaýdanmarsyň. Ýöne sen diňe eneň-ataňdan soramaga çekinendigiň üçin galsaň, gezelenje gidip bilmeýändigiň üçin öýde tukat bolup oturarsyň.

3-NJI USUL SORAP GÖRÝÄRSIŇ

Seniň näme üçin şeýle hereket etmegiň mümkin? Sen eneň-ataňa gulak asyp, olaryň garaýşyna hormat goýmalydygyňa düşünýärsiň (Koloslylar 3:20). Şeýle-de sen eneň-ataňy gowy görýändigiň üçin, ýalan sözläp, olary ynjydasyň gelmeýär (Süleýmanyň tymsallary 10:1). Onsoňam, sen olara öz ýagdaýyňy açyk düşündirip bilýärsiň.

Netijesi: Eneň-ataň seniň olary gowy görýändigiňi we olara hormat goýýandygyňy biler. Olar seniň haýyş edýän zadyň hiç hili erbetlige eltmejekdigine göz ýetirseler, saňa gezelenje gitmäge rugsat bererler.

Olaryň seni näme üçin goýbermezligi mümkin?

Eger eneň-ataň seni goýbermese näme? Seniň muňa gaharyň gelmegi mümkin. Ýöne olaryň saňa näme üçin «ýok» diýýändigine düşünseň, olaryň aýdýan zady bilen ylalaşmak aňsat bolar. Aslynda, olaryň seni goýbermezliginiň birnäçe sebäbi bolup biler. Gel, olaryň käbirine seredeli.

Olaryň durmuş tejribesi we düşünjesi bar. Eger sen deňizde suwa düşmekçi bolsaň, kenarda halas edijileriň bolanyny kem görmezdiň. Sebäbi suwa düşüp ýörkäň, özüňe abanýan howpy görmeýärsiň. Halas edijiler bolsa kenarda oturyp, ýokardan ähli zady görüp bilýärler.

Kenardaky halas edijiler ýaly, eneň-ataň hem durmuş tejribesi we düşünjesi bolansoň, olar seniň görüp bilmeýän howplaryňy görýärler. Olar saňa dynç almaga päsgel bermek däl-de, seni şatlykdan mahrum etjek zatlardan goramak isleýärler.

Olar seni gowy görüp, aladaňy edýärler. Ejeň bilen kakaň seni gowy görýändigi üçin, saňa ýagşy işlere gatnaşmaga rugsat berip, ýamanlykdan goramak isleýärler. Sen eneň-ataňdan bir zada rugsat soranyňda, olar, ilki bilen, munuň nähili netije getirjekdigi barada oýlanyp görýärler. Olar şol zadyň saňa hiç hili zyýan ýetirmejekdigine göz ýetirensoň rugsat berýärler.

Olar seni gezelenje goýberer ýaly näme etse bolar?

Aşakda getirilen 4 maslahat saňa gowy kömek edip biler.

Dogruçyl bol. Ilki bilen, özüňi çynlakaý barlap, şeýle soraglary ber: «Bu gezelenje näme üçin gidesim gelýär? Aslynda, men şol ýere gitmegi gowy görýärinmi ýa-da deň-duşlarymdan tapawutlanmajak bolýarynmy? Men şol ýere halaýan oglanymyň (ýa-da gyzymyň) barýandygy üçin gitjek bolýarynmy?» Soňra eneň-ataň bilen gepleşeniňde, olara dogryňy aýt. Olaram ýaş bolup gördüler. Onsoňam, olar seni gowy tanaýarlar we seniň näme niýet bilen gitjek bolýandygyňy derrew aňarlar. Eger ähli zady açyk aýtsaň, olar seniň dogruçyllygyňy görüp begenerler we paýhasly maslahat bererler (Süleýmanyň tymsallary 7:1, 2). Emma ejeň bilen kakaňa ýalan sözleseň, ynamdan gaçarsyň we olar seni hiç ýere goýbermez.

Amatly wagty gürleş. Ejeň bilen kakaň ýaňy işden gelende ýa-da bir wajyp zat bilen meşgullanyp otyrka, seni gezelenje goýbermeklerini sorap, kellesini agyrdyp durma. Olar dem-dynjyny alyp, arkaýyn otyrkalar gürleşjek bol. Ýöne edil gitmeli wagtyň rugsat sorap, olary howlukdyrma. Sebäbi eneň-ataň gyssanyp karara gelmek islemez. Şonuň üçin olara biraz oýlanmaga wagt bolar ýaly, öňräginden rugsat sora. Şonda olaryň ýagdaýyna düşünýändigiňi görüp, eneň-ataň hasam begener.

Hiç zady ýaşyrma. Ähli zady bolşy ýaly aýdyp, näme isleýändigiňi açyk düşündir. Eneň-ataň senden: «Ol ýere başga kim gidýär? Araňyzda uly ýaşly adam barmy? Öýe haçan gelersiň?» diýip soranda, «Bilemok» diýip jogap berseň, olary alada goýarsyň.

Dogry garaýyşda bol. Ejeň bilen kakaňy özüňe duşman saýman, olaryň saňa ýakyn adamlardygyna düşünjek bol. Şonda olar bilen dawalaşman, agzybirligi saklap bilersiň. «Siz maňa ynanmaýarsyňyz», «Ol ýere hemmeler gidýär-ä» ýa-da «Dostlarymyň-a ene-atasy goýberýär» diýip hüňürdeme. Gaýtam, ejeň bilen kakaň gelen kararyna hormat goýup, ýetişen adamdygyňy görkez. Şonda olaram seniň garaýşyňy göz öňünde tutar we indiki gezek gezelenje gitmäge rugsat bermegi mümkin.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 30-NJY BABYNY OKAP BILERSIŇ

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Oglum... akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr». Süleýmanyň tymsallary 27:11

MASLAHAT

Oturylyşyga gideniňde, şol ýerde galmaga ynsabyň çatmasa, öýe gaýtmak üçin näme diýjekdigiň ýa-da etjekdigiň barada öňünden oýlan.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Çagalaryny söýýän ene-atalar karara gelende, örän seresaply bolýarlar. Eger olar seniň nämäni haýyş edýändigiňe doly düşünmese ýa-da käbir zatlary ýaşyrýandygyňy duýsa, saňa rugsat bermezler.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Eger haýsydyr bir kinony görmäge ýa-da oturyşykda galmaga ynsabym ýol bermese, men ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Eneň-ataňdan bir zady haýyş edeniňde näme üçin hemme zady açyk aýdasyň gelmeýär?

● Olardan käbir zatlary ýaşyryp, gitmäge rugsat alsaň nähili netije berip biler?

[268-nji sahypadaky sitata]

«Men gaty akmak bolupdyryn. Göwün açmalymyşyn diýip, edip görmedik zadym galmady. Ýöne şol zatlar sebäpli tas ömrüm kül bolupdy. Men ejem bilen kakama gulak asmandygyma gaty ökünýärin» Braýan

[269-njy sahypadaky surat]

Kenardaky halas edijiler ýaly, eneň-ataň hem saňa abanýan howplary görüp bilýär