Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň islegi näme?

Hudaýyň islegi näme?

Allatagala biziň ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamagymyzy isleýär!

«Dogrudan-da, şeýle durmuş bolarmyka?» diýip, siziň soramagyňyz mümkin. Mukaddes Ýazgylara görä, bu Hudaýyň Patyşalygy arkaly amala aşar. Allatagala bu Patyşalyk we onuň berjek bereketleri barada ähli adamlaryň bilmegini isleýär (Zebur 37:11, 29; Işaýa 9:7).

Allatagala biziň bagtly bolmagymyzy isleýär.

Aladaçyl atanyň öz çagalaryna ýagşy zatlary isleýşi ýaly, gökdäki Atamyz hem biziň hemişe şatlanyp ýaşamagymyzy isleýär (Işaýa 48:17, 18). Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň islegini ýerine ýetiren, baky galar» diýilýär (1 Ýahýa 2:17).

Allatagala beren kada-kanunlary boýunça ýaşamagymyzy isleýär.

Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle diýilýär: «Ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder» (Işaýa 2:2, 3). Allatagala ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlara islegini aýan etmek üçin, «Öz adyna bir halk» döretdi (Resullaryň işleri 15:14).

Allatagala agzybir sežde etmegimizi isleýär.

Ýehowa Hudaýa edýän seždämiz bize birek-biregi söýmäge hem-de agzybir bolmaga kömek edýär (Ýahýa 13:35). Şu günler adamlary Hudaýa agzybirlikde sežde etmäge kim höweslendirýär? Siz bu soragyň jogabyny şu broşýuradan tapyp bilersiňiz.