Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BÖLÜM

Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesi» näme üçin çykaryldy?

Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesi» näme üçin çykaryldy?

Kongo (Kinşasa)

Ruanda

Simmaha terjimesindäki Zebur 69:31-de Ýehowanyň ady bar. B. e. III ýa-da IV asyry.

Köp ýyllardan bäri Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Ýazgylaryň dürli terjimelerini ulanýardylar, çap edýärdiler we adamlara paýlaýardylar. Emma wagtyň geçmegi bilen, biz täze terjimäniň gerekdigine düşündik. Bu terjime adamlara Hudaýyň islegine doly düşünmäge we «hakykat bilimine» ýetmäge kömek etmelidi (1 Timoteos 2:3, 4). Şeýlelikde, 1950-nji ýylda «Täze Dünýä terjimesiniň» bir bölegi iňlis dilinde çykdy. Şu günler bu dogry we düşnükli terjimäni 120-den gowrak dillerde okap bolýar *.

Düşünmesi aňsat bolan Mukaddes Ýazgylar gerekdi. Wagtyň geçmegi bilen, dilleriň ählisi özgerip durýar. Şol sebäpli köp terjimelerde düşünmesi kyn we könelişen sözlere duş gelse bolýar. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyna laýyk gelýän gadymy golýazmalar tapyldy. Olar gadymy ýewreý, arameý, grek dillerinde ýazylan Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek edýär.

Hudaýyň islegini dogry düşündirýän terjime gerekdi. Mukaddes Ýazgylary terjime edýän adamlar özbaşdak hereket etmeli däldiler. Olar Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyna eýerip terjime etmelidiler. Gynansak-da, Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinden Hudaýyň mukaddes adyny aýyrdylar.

Ýazgylaryň Awtoryny şöhratlandyrýan terjime gerekdi (2 Şamuwel 23:2). Mukaddes Ýazgylaryň gadymy golýazmalyrynda Hudaýyň adyna 7 müň gezek duşsa bolýar. Ýehowanyň ady «Täze Dünýä terjimesinde» doly dikeldildi (Zebur 8:1, 9; 68:20). Onuň asyl nusgasy aşakdaky suratda görkezilýär. Birnäçe ýylyň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde, Hudaýyň pikirlerini anyk we aýdyň düşündirýän terjime peýda boldy. Adamlar bu Mukaddes Ýazgylary okap lezzet alýarlar. Geliň, Mukaddes Ýazgylary her gün okalyň! (Ýeşuwa 1:8; Zebur 1:2, 3).

^ abzas 3 Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesi» türkmen dilinde ýok. Emma siz ony rus ýa-da başga dillerde okap bilersiňiz.

  • Näme üçin Mukaddes Ýazgylar täzeden terjime edildi?

  • Hudaýy tanamak isleýän adamlar nämäni endik edinmeli?