Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY BÖLÜM

Maşgala okuwy näme üçin geçirilýär?

Maşgala okuwy näme üçin geçirilýär?

Günorta Koreýa

Braziliýa

Awstraliýa

Gwineýa

Ýehowa maşgala agzalarynyň wagtyny bilelikde geçirip, ruhy taýdan berkemegini we maşgala gatnaşyklarynyň ysnyşykly bolmagyny isleýär (Kanun taglymaty 6:6, 7). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary her hepde maşgala okuwyny geçirýärler. Olar muny asuda şertlerde geçirip, maşgalanyň ruhy zerurlyklaryna degişli temalar hakda pikir alyşýarlar. Eger siz ýeke ýaşaýan bolsaňyz, onda Mukaddes Ýazgylara esaslanan bir temany saýlap, Hudaý bilen ýakyndan dostlaşmak üçin wagt sarp etseňiz peýdaly bolar.

Ýehowa ýakynlaşdyrýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8). Mukaddes Ýazgylar bize Ýehowany has gowy tanamaga kömek edýär, çünki onda Hudaýyň häsiýetleri we eden işleri barada aýdylýar. Maşgala okuwyny nädip geçirse bolýar? Ähtimal, siz maşgala okuwynda Mukaddes Ýazgylary sesli okamak islärsiňiz. Siz bu babatda her hepde geçirilýän «Durmuş we wagyz» duşuşygynda Mukaddes Ýazgylary okamagyň tertibine eýerip bilersiňiz. Okalmaly aýatlary maşgala agzalaryňyza paýlaň we soňra olardan näme öwrenendiklerini gürrüň bermegi haýyş ediň.

Maşgalany agzybir edýär. Mukaddes Ýazgylary bilelikde okamaklyk är bilen aýalyň we ata-eneler bilen çagalaryň dostlukly gatnaşygyny berkidýär. Şeýle okuw maşgala üçin şatlykly, asuda we sabyrsyzlyk bilen garaşylýan gün bolmaly. Ata-eneler maşgala okuwy üçin temany «Garawul diňi» žurnalyndan we jw.org web-saýtymyzdan saýlap bilerler. Emma olar çagalarynyň ýaşyny hem göz öňünde tutmaly. Meselem, mekdepde ýüze çykaýjak kynçylyk barada we çagalaryňyzyň oňa nädip hötde gelip biljekdikleri hakynda pikir alşyp bilersiňiz. JW teleýaýlymyny (tv.pr418.com) bile görseňiz we pikir alyşsaňyz gowy bolar. Şeýle-de maşgala okuwynda ýygnak duşuşyklarynda aýdyljak aýdymlary aýtsa bolýar. Siz maşgala okuwyndan soňra çaý içip ýa-da oýun oýnap bilersiňiz.

Ýehowa sežde etmek üçin her hepde wagt sarp etseňiz, maşgala agzalaryňyzyň ählisi Hudaýyň Sözünden köp şatlyk taparlar. Ýehowa siziň edýän tagallalaryňyzy hökman sylaglar (Zebur 1:1—3).

  • Biz näme üçin maşgala okuwyna wagt sarp edýäris?

  • Ata-eneler maşgala okuwynyň gyzykly bolmagy üçin näme edip bilerler?