Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI BÖLÜM

Pionerler üçin nähili mekdepler bar?

Pionerler üçin nähili mekdepler bar?

Amerikanyň Birleşen Ştatlary

Gilead mekdebi (Patterson, Nýu-Ýork ştaty)

Panama

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýörite mekdepleri bar. Bu mekdeplerde Hudaýa doly wagtly gulluk edýän wagyzçylara «gullugyny birkemsiz ýerine ýetirip» bilmegi üçin tälim berilýär (2 Timoteos 4:5, TD).

Pionerler mekdebi. Bir ýyl gulluk eden pioner ýerli Patyşalyk zalynda geçiriljek alty günlük mekdebe çagyrylýar. Bu mekdebiň maksady pionerlere Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge, wagyz gullugynyň ähli görnüşlerinde ökdeleşmäge we wepaly gulluk etmäge kömek etmekdir.

Hoş habarçylar mekdebi. Bu iki aýlyk mekdep öýünden we dogan-garyndaşlaryndan aýra düşüp, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmäge taýyn tejribeli pionerlere tälim bermek üçin niýetlenendir. Bu pionerler beýik Hoş Habarçy Isa Mesihiň göreldesine eýerip: «Ine, men; meni iber!» diýýärler (Işaýa 6:8; Ýahýa 7:29). Olar göçüp barýan ýerleriniň ýaşaýyş şertlerine, medeniýetine, howasyna we iýmitine öwrenişmeli bolýarlar. Şeýle-de olar ýerli halkyň dilini öwrenýärler. Hoş habarçylaryň mekdebi 23—65 ýaş aralygyndaky durmuş guran we gurmadyk dogan-uýalara gullugyny birkemsiz ýerine ýetirip biler ýaly Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmäge we Ýehowanyň guramasynda dürli ýollar bilen gulluk etmek üçin ukyplaryny artdyrmaga kömek edýär.

Gilead mekdebi. «Gilead» diýen ýewreý sözi «şaýatlar üýşmegi» diýmegi aňladýar. Bu mekdep 1943-nji ýylda açyldy. Şondan bäri, Gilead mekdebinde okan 8 müňden gowrak missionerler «ýeriň ujuna çenli» üstünlikli wagyz edýärler (Resullaryň işleri 13:47). Missionerler Peru ýurduna baranlarynda ýekeje ýygnak hem ýokdy. Indi bolsa ol ýerde müňden gowrak ýygnak bar. Gilead mekdebini gutaran wagyzçylar Ýaponiýada gulluk edip başlanlarynda ol ýerdäki Şaýatlaryň sany 10 müňe hem ýetmeýärdi. Häzir bolsa ol ýerde 200 müňden gowrak wagyzçy bar. Gilead mekdebinde Ýehowanyň Şaýatlary bäş aýyň dowamynda Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenýärler. Bu mekdebiň maksady — bütin dünýädäki ýygnaklary we filiallary berkitmäge kömek etmek. Muňa ýörite pionerler, missionerler, etrap gözegçileri ýa-da filiallarda gulluk edýän dogan-uýalar okamaga çagyrylýar.

  • Pionerler mekdebi näme üçin geçirilýär?

  • Hoş habarçylaryň mekdebine kimler çagyrylýar?