Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-NJI BÖLÜM

Etrap gözegçileri bize nädip kömek edýärler?

Etrap gözegçileri bize nädip kömek edýärler?

Malawi

Wagyz duşuşygy

Wagyzda

Ýygnak ýaşululary bilen duşuşyk

Injilde Barnabas bilen Pawlus resul hakynda ençeme sapar agzalýar. Olar etrap gözegçi bolup gulluk edip, ilkinji mesihçiler ýygnaklaryny ideg edýärdiler. Näme üçin? Barnabas bilen Pawlus resul imandaşlarynyň ýürekden aladasyny edýärdiler. Pawlus Barnabasa: «Indi yzymyza dolanyp... doganlara görme-görüşe baryp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi. Pawlus imandaşlaryny ruhy taýdan berkitmek üçin ýüzlerçe kilometr geçmäge taýyndy (Resullaryň işleri 15:36). Şu günler etrap gözegçisi bolup gulluk edýän doganlar olaryň göreldesine eýermäge jan edýärler.

Olar bizi ruhlandyrýarlar. Etrap gözegçisi ýylda iki gezek takmynan 20 sany ýygnagy (bir etraby) ideg edip, olaryň hersinde bir hepde gulluk edýär. Şeýle-de ol etrap kongreslerine ýolbaşçylyk edýär. Biz bu tejribeli doganlardan we olaryň aýallaryndan köp zatlary öwrenip bilýäris. Olar ýygnagyň ähli agzalary bilen tanyşmaga çalyşýarlar. Şeýle-de olar ýaş we gartaşan dogan-uýalar bilen wagyz edýärler hem-de olaryň geçirýän Mukaddes Ýazgylar okuwyna höwes bilen gatnaşýarlar. Bu aýlanýan gözegçi doganlar ýaşulular bilen bilelikde çopançylyk idegini edip, bizi ruhlandyrýarlar. Şeýle-de ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde çykyş edip, biziň ählimizi ruhy taýdan berkidýärler (Resullaryň işleri 15:35).

Olar biziň her birimiz bilen gyzyklanýarlar. Etrap gözegçileriň maksady — ýygnagyň agzalaryny ruhy taýdan berkitmek. Olar ýaşulular we gulluk hyzmatçylary bilen duşuşyp, gazanylan üstünlikler barada gürrüň edýärler hem-de doganlara maslahat berýärler. Olar pionerlere ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýärler. Şeýle-de olar ýygnagyň täze agzalary bilen tanşyp, olaryň ruhy ösüşi bilen gyzyklanýarlar. Bu doganlaryň her biri biziň bilen işleşmek üçin wagtyny we güýjüni gaýgyrmaýarlar (2 Korintoslylar 8:23). Biz olaryň imanyndan we Hudaýa bolan wepalylygyndan görelde almak üçin tagalla etmeli (Ýewreýler 13:7).

  • Etrap gözegçileri ýygnaklary näme üçin ideg edýärler?

  • Olaryň gullugy size nähili peýda getirýär?