Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19-NJY BÖLÜM

Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?

Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?

Biz ruhy iýmitiň gadyryny bilýäris

Isa ölmeziniň öň ýanynda dört şägirdine: Petrusa, Ýakuba, Ýahýa we Andreasa wajyp zady aýtdy. Isa olara soňky günlerde özüniň gelmeginiň alamatyny aýan edip, soňra şeýle sorag berdi: «Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim?» (Matta 24:3, 45; Markus 13:3, 4). Isa adaty iýmit barada gürrüň etmeýärdi. Ol Hudaý baradaky bilimi nahar bilen deňeşdirdi. Diýmek, şägirtleriň «agasy», ýagny Isa zalym dünýäniň soňky günlerinde olara wagtly-wagtynda Hudaý barada bilim berjek «hyzmatkäri» belledi. Bu «hyzmatkär» kim?

«Hyzmatkär» — Isanyň mesh edilen şägirteliriniň kiçi topary. Sadyk hyzmatkäre Ýolbaşçylyk maslahaty hem diýilýär. Bu hyzmatkär Ýehowanyň gullukçylaryna ruhy iýmit berýär. Biz sadyk «hyzmatkäriň» kömegi bilen «wagtly-wagtynda... nahar paýlarymyzy» alýarys (Luka 12:42).

Hudaýyň öýüni dolandyrýar (1 Timoteos 3:15). Isa «hyzmatkäre» jogapkärli ýumuş tabşyrdy, ýagny ol Ýehowanyň ýerdäki guramasyny dolandyrmalydy. Isa «hyzmatkäre» maddy emläge eýeçilik etmegi, wagyz işine ýolbaşçylyk etmegi we ýygnak duşuşyklary arkaly bilim bermegi tabşyrdy. «Sadyk hem akylly hyzmatkär» edebiýatlar, ýygnak duşuşyklary we kongresler arkaly bize ruhy iýmiti berýär.

«Hyzmatkäre» sadyk diýilmeginiň sebäbi, ol Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty we hoş habary wepaly wagyz edýär; oňa akylly diýilmeginiň sebäbi bolsa, ol Isa Mesihiň ýer ýüzündäki ähli emlägini akyldarlyk bilen dolandyrýar (Resullaryň işleri 10:42). Ýehowa guramasyna akýürekli adamlary çekýär we ruhy iýmiti bolluk bilen berýär. Şeýdip, Ol «hyzmatkäriň» çekýän zähmetine pata berýär (Işaýa 60:22; 65:13).

  • Isa ruhy iýmiti paýlamagy kime tabşyrdy?

  • Näme üçin «hyzmatkäre» sadyk hem akylly diýilýär?