Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

21-NJI BÖLÜM

Beýtel diýmek näme?

Beýtel diýmek näme?

Surat we şekillendiriş bölümi (ABŞ)

Germaniýa

Keniýa

Kolumbiýa

«Beýtel» ýewreý dilinden terjime edilende «Hudaýyň öýi» diýmegi aňladýar (Gelip çykyş 28:17, 19). Bu örän ýerlikli dakylan at, çünki olar Ýehowanyň Şaýatlaryna wagyz işini goldamaga we oňa ýolbaşçylyk etmäge ýardam edýärler. Beýtel bütin ýer ýüzünde bar. Ýolbaşçylyk maslahatynyň bütindünýä baş edarasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynda ýerleşýär. Ol ähli ýurtdaky filiallara gözegçilik edýär. Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalar Beýteliň maşgala agzalary hasaplanýar. Bu uly agzybir maşgalanyň agzalary bile ýaşaýarlar, zähmet çekýärler, bile naharlanýarlar we Mukaddes Ýazgylary öwrenýärler (Zebur 133:1).

Meýletin zähmet çekýän ajaýyp maşgala. Beýteliň agzalary Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge we Patyşalyk işini goldamaga bar wagtyny hem güýjüni sarp edýärler (Matta 6:33). Olara hak tölenilmeýär, emma ýaşamak üçin otag we iýmit bilen üpjün edilýär hem-de özlerine gerek zatlary almak üçin birazrak pul berilýär. Beýteliň agzalary dürli bölümlerde gulluk edýärler. Olaryň käbiri ofisde, käbiri naharhanada işleýärler. Käbirleri bolsa çap edilýän bölümlerde ýa-da sahypalary biri-birine berkidýän enjamlaryň başynda işleýärler. Dogan-uýalaryň käbiri bolsa, arassaçylyk işine gatnaşýarlar, egin-eşik ýuwýarlar, ussaçylyk edýärler we şuňa meňzeş wajyp işleri ýerine ýetirýärler.

Wagyz işini goldaýan ýer. Beýtel gullugynyň esasy maksady — Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty ähli adamlara ýetirmek. Muňa şu broşýura mysal bolup biler. Bu broşýura Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesi bilen ýazyldy. Soňra ol elektron görnüşinde bütin dünýädäki terjimeçilik toparlarynyň köpüsine ugradyldy we birnäçe Beýtel çaphanalarynyň ýokary hilli enjamlarynda çap edildi hem-de 110 müňden gowrak ýygnaklara paýlanyldy. Beýteliň her bir agzasy bu işlere yhlasly gatnaşýarlar. Şeýlelikde, olar iň wajyp ýumşa, ýagny hoş habary wagyz etmek işine goşant goşýarlar (Markus 13:10).

  • Beýtelde kimler gulluk edýär we olar nädip ýaşaýarlar?

  • Beýtelde nähili işler ýerine ýetirilýär?