Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

22-NJI BÖLÜM

Filiallarda nähili işler edilýär?

Filiallarda nähili işler edilýär?

Süleýman adalary

Kanada

Günorta Afrika

Beýteliň maşgala agzalary dürli bölümlerde işleýärler. Olar bir ýa-da birnäçe ýurtlarda wagyz işini goldaýarlar. Olar edebiýatlary terjime edýärler, çap edýärler, kitaplaryň sahypalaryny birleşdirýärler we olary ýygnaklara ugradýarlar. Şeýle-de edebiýatlaryň audio hem-de wideo ýazgylaryny çykarýarlar we başga-da wajyp işleri ýerine ýetirýärler.

Filialyň komiteti ähli işlere gözegçilik edýär. Ýolbaşçylyk maslahaty filiala gözegçilik etmek işini filialyň komitetine tabşyrýar. Bu komitetde üç ýa-da ondan köp tejribeli ýaşulular gulluk edýär. Filialyň komiteti gözegçilik edýän territoriýasynda ýerine ýetirilýän işler we ýüze çykýan soraglar hakynda Ýolbaşçylyk maslahatyna hasabat berýär. Bu hasabatlaryň netijesinde, Ýolbaşçylyk maslahaty edebiýatlarda, ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde haýsy temalara üns bermelidigini anyklaýarlar. Ýolbaşçylyk maslahaty filiallara doganlary yzygiderli ugradyp, filial komitetleriniň agzalaryna gullugyny dogry ýerine ýetirmäge kömek etmek üçin görkezme berýär (Süleýmanyň tymsallary 11:14). Filialyň territoriýasynda ýaşaýanlary ruhlandyrmak üçin ýörite duşuşyk gurnalýar we onda baş edaradan gelen dogan çykyş edýär.

Ýerli ýygnaklaryň aladasy edilýär. Filialdaky jogapkärli doganlar täze ýygnaklary döretmek babatdaky meseleleri çözýärler. Şeýle-de olar filiala degişli territoriýalarda gulluk edýän pionerleriň, missionerleriň we etrap gözegçileriň işine seredýärler. Olar kongresleri gurnaýarlar, Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işine gözegçilik edýärler we ýygnaklara edebiýatlaryň paýlanmagynyň aladasyny edýärler. Filialda alnyp barylýan işler wagzyň guramaçylykly ýerine ýetirilmegine ýardam edýär (1 Korintoslylar 14:33, 40).

  • Filial komiteti Ýolbaşçylyk maslahaty bilen nädip hyzmatdaşlyk edýär?

  • Filiallar nähili işlere jogap berýärler?