Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

26-NJY BÖLÜM

Biz Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna nädip goşant goşýarys?

Biz Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna nädip goşant goşýarys?

Estoniýa

Zimbabwe

Mongoliýa

Puerto-Riko

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Patyşalyk zallary Hudaýyň mukaddes adyny göterýär. Şol sebäpli biz bu zallaryň arassa, ýakymly we abat bolmagyna goşant goşmagy hormat saýýarys. Biz muny Hudaýa edýän seždämiziň wajyp bölegi hasaplaýarys. Patyşalyk zallarynyň arassaçylyk işlerine hemmeler gatnaşyp bilýär.

Ýygnak duşuşygyndan soň arassaçylyk işine gatnaşýarys. Dogan-uýalar geçirilýän duşuşyklardan soňra Patyşalyk zalyny höwes bilen arassalaýarlar. Hepdede bir gezek bolsa, Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna has-da aýratyn üns berilýär. Bu işe ýygnak ýaşulusy ýa-da gulluk hyzmatçysy berlen görkezme boýunça ýolbaşçylyk edýär. Dogan-uýalar Patyşalyk zalyny süpürýärler, ýuwýarlar ýa-da tozan sorujy bilen arassalaýarlar. Şeýle-de tozan süpürilýär, oturgyçlar tertipleşdirilýär we hajathanalar ýörite serişdeler bilen ýuwulýar. Ýylda azyndan bir gezek Patyşalyk zalynda düýpli arassaçylyk işi geçirilýär. Eger biz käbir işleri çagalara tabşyrsak, olara sežde edilýän ýerlere hormat goýmagy öwrederis (Wagyz kitaby 5:1).

Bejeriş işlerine kömek edýäris. Her ýyl Patyşalyk zalynyň içki we daşky ýagdaýy doly gözden geçirilýär. Şeýle işiň ýerine ýetirilmegi zalyň abat saklanylmagyna ýardam edýär we artykmaç çykdajylar edilmeýär (2 Ýyl ýazgylary 24:13; 34:10). Arassa we abat Patyşalyk zaly Hudaýa sežde etmäge mynasyp ýerdir. Biz bu işe gatnaşyp, Hudaýy söýýändigimizi we Oňa sežde edilýän ýeri gymmat saýýandygymyzy görkezýäris (Zebur 122:1). Arassa we ýakymly Patyşalyk zaly adamlara gowy täsir edýär (2 Korintoslylar 6:3).

  • Biz Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna näme üçin sowuk-sala garamaly däl?

  • Patyşalyk zalynyň arassa bolmagy üçin nähili çäreler geçirilýär?