Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

27-NJI BÖLÜM

Patyşalyk zalynyň kitaphanasynyň nähili peýdasy bar?

Patyşalyk zalynyň kitaphanasynyň nähili peýdasy bar?

Ysraýyl

Çeh Respublikasy

Benin

Kaýman adalary

Siz Mukaddes Ýazgylara çuňňur düşünmek üçin gözleg geçirmek isleýärmisiňiz? Belki-de, sizi belli bir aýat gyzyklandyrýandyr? Ýa-da siz Mukaddes Ýazgylarda agzalýan bir adam, ýurt ýa-da käbir zatlar barada köpräk bilesiňiz gelýändir? Ähtimal, siz kynçylyklara döz gelmek üçin Mukaddes Ýazgylardan maslahat gözleýänsiňiz? Onda Patyşalyk zalynyň kitaphanasyna hoş geldiňiz!

Gözleg geçirmäge kömek edýär. Belki-de, siziň ene diliňizde Ýehowanyň Şaýatlarynyň çap eden edebiýatlarynyň käbiri ýokdur. Emma Patyşalyk zalynyň kitaphanasynda täze edebiýatlaryň hemmesi bar. Şeýle-de kitaphanada Mukaddes Ýazgylaryň dürli terjimelerini, sözlükleri we başga-da peýdaly edebiýatlary tapyp bolýar. Siz olary ýygnakdan öň ýa-da soň arkaýyn ulanyp bilersiňiz. Siziň Patyşalyk zalyňyzda kompýuter bar bolsa, onda oňa «Ýehowanyň Şaýatlarynyň elektron kitaphanasy» hem goýlandyr. Bu kompýuter programmasynda biziň edebiýatlarymyzyň uly ýygyndysy bar. Siz ol arkaly belli bir tema, söze ýa-da aýada degişli maglumaty aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz.

«Durmuş we wagyz» duşuşygynda berlen ýumşa taýýarlyk görmäge kömek edýär. Eger size «Durmuş we wagyz» duşuşygynda ýumuş berlen bolsa, onda Patyşalyk zalynyň kitaphanasyndan arkaýyn peýdalanyp bilersiňiz. Bu kitaphana «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisi jogapkärdir. Ol kitaphanada täze edebiýatlaryň bolmagyna we tertipli durmagyna gözegçilik edýär. Şol dogan ýa-da size Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän wagyzçy gerekli maglumaty nädip tapmalydygyny görkezip biler. Emma kitaplary öýüňize alyp gitmäge rugsat berilmeýär. Şeýle-de kitaplary aýawly ulanmaly we olara hiç hili bellik etmeli däl.

Mukaddes Ýazgylarda Hudaý baradaky bilimi «gizlin hazyna» kimin gözlemelidigi aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5). Patyşalyk zalynyň kitaphanasy size şeýle gözlegi geçirmäge kömek eder.

  • Patyşalyk zalynyň kitaphanasynda gözleg geçirmek üçin näme zatlar bar?

  • Size kitaphanadan peýdalanmaga kim kömek edip biler?