Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÜÇÜNJI BAP

«Iman edýänleriň barynyň atasy»

«Iman edýänleriň barynyň atasy»

1, 2. Nuhuň günlerinden bäri dünýä nähili üýtgedi we Ybraýym pygamber muňa nähili garaýardy?

YBRAÝYM PYGAMBER Ur şäherindäki piramida görnüşli belent bina syn edýär. Ol ýerden adamlaryň galmagaly eşidilip, tüsse asmana galýar *. Aý taňrysyna sežde edýän ruhanylar ýene-de gurbanlaryny ýakýar. Ybraýym pygamber yzyna öwrülýär-de, başyny ýaýkap, gaşyny çytýar. Ol märekäniň içinden geçip, Ur şäherini dolduran butparazlyk barada oýlanýar. Nuh pygamberiň günlerinden bäri, ýalan taňrylara sežde edýän adamlar gaty köpelipdi!

2 Nuh pygamberiň aradan çykanyna iki ýyl geçensoň, Ybraýym pygamber dogulýar. Nuh maşgalasy bilen gämiden çykyp, Hudaýa gurban berýär. Ýehowa-da oňa jogap berip, asmanda älemgoşary goýýar (Gel. çyk. 8:20; 9:12—14). Şol wagt ýer ýüzünde adamlar diňe hak Hudaýa sežde edýärdi. Emma Nuhuň günlerinden ýüzlerçe ýyl geçensoň, hak Hudaýa sežde edýän adamlar seýrek duş gelýärdi. Adamlar ähli ýerde ýalan taňrylara sežde edýärdi. Hatda Ybraýymyň kakasy Tera-da butlary ýasap, ýalan taňrylara sežde eden bolmaly (Ýeş. 24:2).

Ybraýym pygamber imanyny nädip berkitdi?

3. Ybraýym pygamber näme üçin köp adamlardan tapawutlanýardy we biz mundan näme öwrenip bileris?

3 Ybraýym pygamber Hudaýa iman edýändigi üçin köp adamlardan tapawutlanýardy. Ýyllar geçdigi saýyn bu hasam aýdyň boldy. Pawlus resul oňa «iman edýänleriň barynyň atasy» diýdi (Rimliler 4:11-i oka). Gel, Ybraýym pygambere imanyny berkitmäge nämäniň kömek edendigine seredeli. Şonda bizem imanymyzy nädip berkidip bolýandygyny bileris.

Tupandan soň Ýehowa gulluk eden adamlar

4, 5. Ybraýym pygamber Ýehowa barada kimden öwrendi we näme üçin şeýle diýse bolar?

4 Ybraýym pygamber Ýehowa Hudaý barada nädip bildi? Şol döwürde ýer ýüzünde Ýehowanyň wepaly gullukçylary bardy. Olaryň biri Samdy. Ol Nuhuň üç oglunyň arasynda iň ulusy bolmasa-da, köplenç onuň ady ilkinji agzalýar. Sebäbi onuň imany berk bolan bolmaly *. Tupandan birnäçe ýyl geçensoň, Nuh pygamber Ýehowa «Samyň Hudaýy» diýdi (Gel. çyk. 9:26). Sam Ýehowa hormat goýup, hakyky seždäni gymmat saýýardy.

5 Ybraýym Samy görüpmidi? Gören bolmaly. Ybraýym oglanjyk wagty 400 ýyl ýaşan we köp wakalaryň şaýady bolan garry atasy Samdan öwrenen zatlary oňa täsir eden bolmaly. Ol Tupandan öň bolan zalymlygyň, ýer ýüzüniň arassalanmagynyň, ilkinji milletleriň döräp, ýer ýüzünde ýaýramagynyň we Nimrodyň Babyl diňini gurup, pitne turuzmagynyň şaýady boldy. Sam pitnä goşulmandygy üçin, Ýehowa diňi guran adamlaryň dilini garyşdyranda, ol we onuň maşgalasy adamzadyň ilkinji, ýagny Nuhuň dilinde gepleýärdi. Ybraýym pygamber hem şol maşgala degişlidi. Elbetde, Ybraýym ulaldygyça Samdan görelde alýardy. Sam Ybraýym pygamberiň döwründe köp ýaşandygy üçin, ol Ýehowa barada Samdan öwrenen bolmaly.

Ybraýym pygamber Ur şäherindäki butlara sežde etmedi

6. a) Ybraýym pygamber Tupanda bolan wakadan näme öwrendi? b) Ybraýym pygamber bilen Saranyň ýaşaýşy nähilidi?

6 Ybraýym pygamber Tupanda bolan wakadan köp zatlary öwrendi. Ol Nuh pygamber ýaly Hudaýyň huzurynda gezdi. Ine, şol sebäpli ol Ur şäheriniň ýaşaýjylarynyň sežde edýän butlaryny ret edýär. Belki, onuň dogan-garyndaşlary-da butlara sežde edendir. Muňa garamazdan, ol özüne gowy gelinlik tapýar. Ol diňe bir owadan däl-de, eýsem Ýehowa berk iman edýän Sara atly gyza öýlenýär *. Olar çagasynyň ýokdugyna garamazdan, Ýehowa bile gulluk edip, şatlyk tapýardy. Şeýle-de olar Ybraýymyň doganoglany Luty ogullyga alýar.

7. Isanyň şägirtleri näme üçin Ybraýym pygamberiň göreldesine eýermeli?

7 Ur şäheriniň ýaşaýjylary butlara sežde etseler-de, Ybraýym pygamber Ýehowany hiç haçan inkär etmeýärdi. Ol aýaly Sara bilen butparaz adamlardan tapawutlanmaga çekinmeýärdi. Bizem imanymyzy berkitmek üçin adamlardan çekinmeli däl. Isa şägirtleriniň dünýäden bolmandygy üçin, dünýäniň olary ýigrenjekdigini aýdypdy (Ýahýa 15:19-y oka). Ýehowa gulluk edýändigiň üçin, dogan-garyndaşlaryň ýa-da adamlar senden ýüz öwürse, ýeke däldigiňi ýatdan çykarma. Sebäbi sen Ybraýym bilen Saranyň göreldesine eýerip, Ýehowa wepaly gulluk edýärsiň.

Ýurduňdan çyk

8, 9. a) Ybraýym pygamberiň durmuşynda nähili ýatdan çykmajak waka boldy? b) Ýehowa Ybraýym pygambere näme diýdi?

8 Günleriň birinde Ybraýymyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bolýar. Onuň bilen Ýehowa gepleşýär. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň onuň bilen nädip gepleşendigi aýdylmasa-da, oňa «şöhratly Hudaý» göründi diýilýär (Resullaryň işleri 7:2, 3-nji aýatlary oka). Belki-de, perişde Ybraýym pygambere Älemiň Hökümdarynyň täsin şöhratyny görkezendir. Göz öňüne getir, Ybraýym pygamber diri Hudaýyň jansyz butlardan tapawutlanýandygyny görüp, haýran galýar.

9 Ýehowa Ybraýym pygambere näme diýdi? Ol oňa: «Ýurduňdan, kowum-garyndaşyň ýanyndan çyk-da, Meniň saňa görkezjek ýurduma git» diýdi. Ýehowa oňa nirä gitmelidigini aýtman, diňe görkezjek ýerine gitmelidigini aýtdy. Ybraýym pygamber dogduk mekanyny we dogan-garyndaşlaryny taşlap gitmelidi. Gadymy Gündogar ýurtlarynda dogan-garyndaşlaryňy taşlap, uzak ýerde ýaşamak ölümdenem erbet hasaplanýardy.

10. Ybraýym pygamber bilen Sara Ur şäherindäki öýüni goýup gitmek näme üçin kyndy?

10 Ybraýym pygambere dogduk mekanyny terk edip gitmek kyn bolandyr. Sebäbi Ur örän uly we baý şäherdi. (« Ybraýym pygamber bilen Saranyň taşlap giden şäheri» atly çarçuwa seret). Gazuw-agtaryş işlerini geçiren alymlar gadymy Ur şäherinde maşgala agzalary we hyzmatkärler üçin köp otagly jaýlaryň bolandygyny aýdýarlar. Şol otaglar daş bilen ýazylan içki howlynyň daş-töwereginde ýerleşýärdi. Jaýlarda fontanlar, hajathanalar we kanalizasiýa bardy. Onsoňam, Ybraýym pygamber bilen Sara ýaş däldi. Ybraýym pygamber 70 ýaşlarynda Sara bolsa, 60 ýaşlaryndady. Elbetde, Ybraýym pygamber gowy maşgalabaşy hökmünde aýalynyň amatly şertlerde we özüne seredip ýaşamagyny isleýärdi. Hudaýyň aýdan sözleri we ýüze çykan soraglar barada olaryň gürrüň edýändigini göz öňüne getir. Saranyň onuň bilen gitmegine razy bolandygyna Ybraýym pygamber nähili begenendir! Sebäbi ol hem Ybraýym pygamber ýaly gowy öýüni taşlap gitmäge taýyndy.

11, 12. a) Ybraýym bilen Sara Ur şäherinden gitmezden öň nähili karara geldi we nädip taýýarlyk gördi? b) Olaryň şäherden giden gününi suratlandyr.

11 Ybraýym pygamber bilen Sara gitmeli diýen karara gelensoňam, olaryň etmeli işleri kändi. Olar goşlaryny ýygnap, göçmäge taýýarlyk görmelidi. Ybraýym bilen Sara näbelli ýere nämäni alyp, nämäni goýmalydygy barada oýlanýardy. Şeýle-de olar dogan-garyndaşlary, hyzmatkärleri, esasanam, kakasy Tera barada pikir edýärdi. Olar kakasyny ýany bilen äkidip, aladasyny etmegi ýüregine düwýär. Tera hem ýürekden razylaşan bolmaly, sebäbi Töwratda Tera maşgalasy bilen Ur şäherinden çykyp gitdi diýilýär. Elbetde, ol butlaryny taşlandyr. Ybraýym pygamberiň doganoglany Lut hem olara goşulyp gitdi (Gel. çyk. 11:31).

12 Indi, olaryň gitmeli wagty gelip ýetdi. Göz öňüne getir, kerwen ir bilen şäheriň daşyndan aýlanýan derýanyň aňyrsynda ýola düşmäge taýýardy. Üsti ýükli düýelerdir, eşekler, mallar, Ybraýymyň maşgalasy we hyzmatkärleri ýerli-ýerinde durdy *. Belki, olaryň hemmesi Ybraýyma seredip, onuň ýöremeli diýen yşaratyna garaşandyr. Ahyry, olar ýola düşüp, Ur şäherini hemişelik terk edip gidýär.

13. Şu günler Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi Ybraýym bilen Saranyň göreldesine nädip eýerýärler?

13 Şu günlerem Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçýär. Başgalar bolsa, has köpräk gulluk etmek üçin dil öwrenýär. Ýa-da wagyz etmegiň täze usullaryny öwrenip, käbir kynçylyklara duş gelýärler. Elbetde, munuň üçin käbir zatlardan geçmeli bolýar. Olaryň janaýamazlygy we Ybraýym pygamber bilen Saranyň göreldesine eýermegi öwgä mynasypdyr! Bizem imanymyzy iş ýüzünde görkezsek, Ýehowanyň oňa berýän zadymyzdan has köp bereket berjekdigine ynanyp bileris. Ol wepaly gullukçylaryny hemişe sylaglaýar (Ýewr. 6:10; 11:6). Ýehowa Ybraýymy hem sylagladymy?

Perat derýasyndan geçýärler

14, 15. Ybraýymyň maşgalasy Urdan Harana çenli nädip ýetdi we olar näme üçin Haranda wagtlaýyn mesgen tutdy?

14 Kerwen ýoluny ýuwaş-ýuwaşdan dowam edýär. Göz öňüne getir, Ybraýym bilen Sara käte düýedir, eşekli, käte bolsa pyýada ýöreýärdi. Olaryň edýän gürrüňi haýwanlaryň boýnundaky jaňjagazlaryň sesi bilen gatyşýardy. Olar öň uzak ýola düşüp görmedik bolsa-da, çadyry dikip, sökmegi öwrendiler we garry Teranyň düýedir eşegiň üstünde rahat oturmagynyň aladasyny etdiler. Olar Perat derýanyň boýy bilen demirgazyk-günbatar tarapa barýardylar. Günler hepdelere çalyşýardy we daş-töwerekdäki tebigat ýuwaş-ýuwaşdan üýtgäp durýardy.

15 Olar takmynan 960 kilometr ýol geçensoň, Haranyň çetindäki çadyrlar görnüp başlaýar. Bu gülläp ösýän şäher gündogar-günbatar söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýärdi. Ybraýymyň maşgalasy şol ýerde wagtlaýyn mesgen tutdy. Belki, onuň kakasy Tera uzak ýoly dowam etmäge ýaran däldir.

16, 17. a) Hudaý Ybraýym pygamber bilen nähili äht baglaşdy? b) Ýehowa Ybraýym pygamberi Haranda nädip patalady?

16 Tera 205 ýaşynda aradan çykýar (Gel. çyk. 11:32). Şol wagt Ýehowanyň Ybraýyma görünmegi oňa teselli berýär. Ýehowa oňa Urda aýdan sözlerini gaýtalap, ýene bir wada berýär. Ol Ybraýymdan «beýik millet» dörejekdigini we ýer ýüzündäki ähli milletleriň ondan ak pata aljakdygyny aýdýar (Gelip çykyş 12:2, 3-nji aýatlary oka) *. Ýehowa Ybraýym pygamber bilen äht baglaşansoň, ol ýoluny dowam edýär.

17 Bu gezek Ybraýym pygamberiň ýygnamaly zady öňküsindenem köpdi. Töwratda: «Ol Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny aldy» diýilýär. Sebäbi Haranda Ýehowa oňa bol bereket beripdi (Gel. çyk. 12:5). Ybraýym pygamberden millet dörär ýaly, uly hojalyk, ýagny baýlyk we hyzmatkärler gerekdi. Ýehowa gullukçylaryna hemişe baýlyk bermeýär, emma islegini berjaý eder ýaly gerekli zatlar bilen üpjün edýär. Şeýle baýlygy bilen Ybraýym näbelli ülkä tarap ýola düşýär.

Ybraýym pygamber bilen Sara Ur şäherindäki gowy ýaşaýşyny goýup gitmek kyndy

18. a) Hudaýyň halkynyň taryhyndaky wajyp waka haçan boldy? b) Şondan bäri nisan aýynyň 14-üne nähili wajyp wakalar bolýar? (« Mukaddes Ýazgylardaky wajyp taryhy sene» diýen çarçuwa seret).

18 Olar Harandan çykansoň, birnäçe günden Karkemişe gelýär. Şol ýerde Ybraýym Perat derýasyndan geçýär. Şonda Hudaýyň halkynyň taryhynda wajyp waka boldy. Bu waka b. e. öň 1943-nji ýylyň nisan aýynyň 14-üne bolýar (Müs. çyk. 12:40—43). Ýehowa Ybraýym pygambere günorta tarapa uzalyp giden ülkäni görkezjekdigini wada berýär. Şol gün Ýehowanyň Ybraýym bilen baglaşan ähti güýje girýär.

19. Ýehowa Ybraýym pygambere nämäni wada berdi we onuň ýadyna näme düşen bolmaly?

19 Ybraýym ülkäniň günorta tarapyna gidip, kerweni bilen Şekemiň ýanyndaky Moredäki uly dub agaçlarynyň golaýynda düşleýär. Şol ýerde Ýehowa oňa ýene-de görünýär. Ol şu ýeri Ybraýym pygamberiň nesline berjekdigini wada berýär. Şonda Ýehowanyň Erem bagynda wada eden «nesli» Ybraýym pygamberiň ýadyna düşdümikä? (Gel. çyk. 3:15; 12:7). Mümkin, ýadyna düşendir. Belki, ol Ýehowanyň wajyp niýetiniň käbir zatlaryna düşünip başlandyr.

20. Ybraýym pygamber Ýehowanyň wada eden nesli üçin nädip minnetdarlyk bildirdi?

20 Ybraýym pygamber Ýehowanyň beren berekedine örän minnetdardy. Ol gelen ýurdunda seresap bolmalydy, sebäbi şol ýerde kenganlylar ýaşaýardy. Ybraýym pygamber Ýehowa gurbanlyk sypasyny ilkinji gezek Moredäki uly agaçlaryň golaýynda soňra bolsa, Beýtelde ýasaýar. Ol Ýehowanyň adyny çagyryp, wada eden nesli üçin minnetdarlyk bildirýär. Şeýle-de Ybraýym kenganlylara Ýehowa barada wagyz eden bolmaly (Gelip çykyş 12:7, 8-nji aýatlary oka) * . Elbetde, entek Ybraýym pygambere köp kynçylyklar garaşýardy. Muňa garamazdan, ol Ur şäherindäki öýüni küýsemän, gelejegi barada oýlanýardy. Ýewreýler 11:10-da Ybraýym barada: «Çünki ol ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy» diýilýär.

21. Ybraýym pygamberden tapawutlykda, biz Hudaýyň Patyşalygy barada nämäni bilýäris we bu bizi näme etmäge höweslendirýär?

21 Şu günler biz Ybraýym pygamberden tapawutlykda, göçme manydaky şäher, ýagny Hudaýyň Patyşalygy barada has köp bilýäris. Bu Patyşalyk gökde höküm sürýär we tizden zalym dünýäni ýok eder. Häzir Ybraýyma wada edilen nesil Isa Mesih Patyşalygyň patyşasy boldy. Tizden biz Ybraýym pygamberiň direlip, Ýehowanyň niýetiniň nädip amala aşandygyna doly göz ýetirjekdigini görüp, örän begeneris! Sen Ýehowanyň ähli wadalarynyň ýerini ýetişini göresiň gelýärmi? Onda sen Ybraýym pygamberiň göreldesine eýerip, janyňy aýaman gulluk edip, Ýehowa gulak asyp, onuň ynanan işlerine minnetdarlyk bildir. Sen «iman edýänleriň barynyň atasy bolan» Ybraýym pygamberiň imanyndan görelde alsaň, ol seniň hem ataň bolar!

^ abzas 1 Şol wagt Hudaý Ybrama Ybraýym diýen ady dakdy. Bu «köp milletleriň atasy» diýmegi aňladýar (Gel. çyk. 17:5).

^ abzas 4 Ybraýym pygamber Teranyň ogullarynyň arasynda iň ulusy bolmasa-da, köplenç onuň ady ilkinji agzalýar.

^ abzas 6 Şol wagt Hudaý Sare Sara diýen ady dakýar. Bu şalaryň enesi diýmegi aňladýar (Gel. çyk. 17:15, 16).

^ abzas 12 Käbir alymlar Ybraýymyň döwründe düýeler eldeki däldi diýýärler. Emma olaryň degerli subutnamalary ýok. Sebäbi Töwratda Ybraýymyň mal-mülküniň arasynda düýeleriň bolandygy birnäçe gezek aýdylýar (Gel. çyk. 12:16; 24:35).

^ abzas 16 Gelip çykyş 12:2 Senden beýik bir millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, Seni belende götererin, Adamlar seniň adyňdan Pata bererler biri-birlerine. 3 Seni ýalkany ýalkaryn, Seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler Sen arkaly pata alarlar.

^ abzas 20 Gelip çykyş 12:7 Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady. 8 Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Günbatar tarapynda galan Beýtel we gündogar tarapynda galan Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Reb üçin gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbiň adyna ybadat etdi.