Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI BAP

Ýehowa niýetini aýan edýär

Ýehowa niýetini aýan edýär

BABYŇ TEMASY

Ýehowa niýetini kem-kemden we diňe özünden gorkýanlara aýan edýär

1, 2. Ýehowa niýetini adamlara nädip aýan edýär?

 ALADAÇYL ene-atalar maşgalada bir karara gelende, çagalary bilen hem söhbetdeş bolýarlar. Emma olar paýhasly bolup, çagalary bilen ähli zat barada gürrüň etmeýärler. Olar çagalarynyň ýaşyny we kabul edip biljek zatlaryny göz öňünde tutýarlar.

2 Şonuň ýaly-da, Ýehowa niýetini ynsan maşgalasyna kem-kemden aýan edýär. Ol munuň üçin haýsy wagtyň ýerlikli boljakdygyny gowy bilýär. Geliň, taryhyň dowamynda Ýehowanyň Patyşalyk baradaky hakykatlary nädip aýan edendigine gysgaça seredeliň.

Patyşalyk näme üçin gerek boldy?

3, 4. Ýehowa adamzat taryhyny öňünden kesgitledimi? Düşündiriň.

3 Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetinde Mesihi Patyşalyk ýokdy. Näme üçin? Hudaý adamzat taryhyny öňünden kesgitlemedi. Ol adamlary erkin ýaratdy. Ýehowa Adam ata bilen How enä adamzat babatdaky niýetini aýdyp, şeýle diýdi: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň» (Gel. çyk. 1:28). Şeýle-de Hudaý olardan ýagşy-ýaman babatdaky tabşyrygyna gulak asmagy talap etdi (Gel. çyk. 2:16, 17). Elbetde, olar Ýehowa wepaly bolmagy saýlap bilerdiler. Eger Adam ata bilen How ene we olaryň nesilleri dogry ýoly saýlan bolsalar, Hudaýyň niýetini ýerine ýetirmek üçin, Isa Mesihiň hökümdarlygyndaky Patyşalyk gerek bolmazdy. Galyberse-de, häzir ýer ýüzi Ýehowa sežde edýän kämil adamlardan doly bolardy.

4 Ýehowa Şeýtanyň, Adam ata we How enäniň turzan pitnesi sebäpli, adamzat babatdaky niýetini amala aşyrmakdan ýüz öwürmedi. Ol munuň üçin başga usuly ulandy. Hudaýyň niýetini barmaly ýerine ýetýänçä, belli bir ýoldan gidýän otly bilen deňeşdirip bolmaz. Otly käbir zatlar sebäpli demir ýoldan çykyp bilýär. Emma Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagyna Älemde hiç bir zat päsgel berip bilmeýär (Işaýa 55:11-i okaň) a. Eger bir ýolda böwet bolsa, Ýehowa başgasyny ulanýar b (Müs. çyk. 3:14, 15). Amatly pursat gelende, Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin ulanjak täze usuly barada wepaly gullukçylaryna habar berýär.

5. Ýehowa Erem bagyndaky pitnä nädip jogap berdi?

5 Ýehowa Erem bagyndaky pitnä jogap bermek üçin, Mesihi Patyşalygy berkarar etmek isledi (Mat. 25:34). Adamzat hiç hili umytsyz ýaly bolup görnende, Ýehowa olara kämilligi gaýtaryp bermek we Şeýtanyň häkimiýete eýe bolmak üçin eden biderek synanyşygynyň ýetiren zyýanyny aýyrmak üçin nämäni ulanjakdygyny aýan etdi (Gel. çyk. 3:14—19). Emma Ýehowa Patyşalyk barada ähli zady birbada aýtmady.

Ýehowa Patyşalyk baradaky hakykatlary aýan edip başlaýar

6. Ýehowa näme wada berdi, emma nämäni aýan etmedi?

6 Ýehowa ilkinji pygamberlikde «nesliň» ýylany ýok etjekdigini wada berdi (Gelip çykyş 3:15-i okaň) c. Emma şonda nesliň we ýylanyň nesliniň kimdigi belli bolmady. Aslynda, Ýehowa muny takmynan iki müň ýyl geçensoň aýan etdi d.

7. Ýehowa näme üçin Ybraýym pygamberi saýlady we biz mundan näme öwrenýäris?

7 Ýehowa Ybraýym pygamberi wada edilen nesliň atasy edip saýlady. Sebäbi Ybraýym Hudaýyň «sözüne gulak asýardy» (Gel. çyk. 22:18). Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowa niýetini diňe özünden gorkýanlara aýan edýär (Zebur 25:14-i okaň).

8, 9. Ýehowa wada edilen nesil babatda Ybraýyma we Ýakuba nämäni aýan etdi?

8 Hudaý perişdesi arkaly dosty Ybraýym pygamber bilen gepleşende, wada edilen nesliň bir wajyp aýratynlygyny, ýagny onuň ynsan boljakdygyny aýan etdi (Gel. çyk. 22:15—17; Ýakup 2:23). Emma bu ynsan nädip ýylany ýok eder? Aslynda, şol ýylan kim? Wagtyň geçmegi bilen, bu soraglara-da jogap berildi.

9 Ýehowa wada edilen nesliň Ybraýymyň agtygy Ýakubyň neslinden bolmagyny isledi. Sebäbi Ýakup Hudaýa ýürekden iman edýärdi (Gel. çyk. 28:13—22). Hudaý Ýakup arkaly wada edilen nesliň Ýakubyň ogly Ýahudanyň nesil şejeresinden boljakdygyny aýan etdi. Ýakup Ýahudanyň bu nesline «şalyk hasasynyň», ýagny höküm sürmek ygtyýarynyň beriljekdigini we «milletleriň oňa boýun boljakdygyny» öňünden aýtdy (Gel. çyk. 49:1, 10). Ýehowa şol pygamberlik arkaly wada edilen nesliň patyşa bolup höküm sürjekdigini görkezdi.

10, 11. Ýehowa niýetini Dawut we Danyýel pygambere näme üçin aýan etdi?

10 Ýahudanyň günlerinden takmynan 650 ýyl geçensoň, Ýehowa Ýahudanyň neslinden bolan Dawuda niýeti babatda käbir aýratynlyklary äşgär etdi. Hudaý Dawut patyşa: «Göwnüme jaý adam» diýdi (1 Şam. 13:14; 17:12; Res. iş. 13:22). Dawut Ýehowadan gorkýandygy sebäpli, Hudaý onuň bilen äht baglaşyp, neslinden boljak bir patyşanyň ebedi höküm sürjekdigini wada berdi (2 Şam. 7:8, 12—16).

11 Şondan takmynan 500 ýyl geçensoň, Ýehowa Danyýel pygamber arkaly Mesihiň ýer ýüzünde haýsy ýylda peýda boljakdygyny aýtdy (Dan. 9:25). Ýehowa niýetini Danyýel pygambere näme üçin aýan etdi? Sebäbi Danyýel Hudaýa ýürekden hormat goýup, hemişe wepaly gulluk edýärdi. Ýehowa hem ony «juda söýýärdi» (Dan. 6:16; 9:22, 23).

12. Danyýel pygambere nähili tabşyryk berildi we näme üçin?

12 Ýehowa Danyýel ýaly wepaly pygamberleri arkaly wada edilen nesil, ýagny Mesih barada ençeme jikme-jiklikleri ýazdyrsa-da, olar Hudaýyň ylhamy bilen ýazan sözleriniň manysyna doly düşünmeýärdiler. Sebäbi Ýehowa şol döwürde gullukçylaryna bu zatlary aýan etmegiň wagty hasaplamaýardy. Mysal üçin, Danyýel pygambere Hudaýyň Patyşalygynyň nädip berkarar ediljekdigi barada görnüş berlensoň, bu pygamberligi Ýehowanyň bellän wagtyna çenli möhürlemek tabşyryldy. Şol bellenen wagtda hakykat «bilimi artmalydy» (Dan. 12:4).

Ýehowa Danyýel ýaly wepaly pygamberleri arkaly Mesihi Patyşalyk barada ençeme jikme-jiklikleri ýazdyrdy

Isa Hudaýyň niýetini has-da aýdyňlaşdyrýar

13. a) Wada edilen nesil kim? b) Isa Gelip çykyş 3:15-däki pygamberligi nädip has-da aýdyňlaşdyrdy?

13 Ýehowa Dawudyň neslinden doguljak hem-de Patyşa bolup höküm sürjek wada edilen nesliň Isadygyny äşgär etdi (Luka 1:30—33; 3:21, 22). Ýaňy dogan Günüň daş-töweregi ýagtyldyşy ýaly, Isa ýer ýüzünde gulluk edip başlanda, Hudaýyň niýetini adamlara has-da aýan etdi (Mat. 4:13—17). Mysal üçin, Isa Iblise «ganhor» we «ýalanyň atasy» diýip, Gelip çykyş 3:14, 15-nji aýatlarda agzalýan «ýylanyň» kimdigini doly mälim etdi (Ýahýa 8:44). Isa Ýahýa beren görnüşinde-de «köne ýylanyň» «Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýandygyny» aýan etdi e (Ylham 1:1; 12:9-njy aýatlary okaň). Şol görnüşde Isa wada edilen nesil hökmünde Erem bagyndaky pygamberligi nädip doly ýerine ýetirjekdigini we Şeýtany ýok etjekdigini görkezdi (Ylh. 20:7—10).

14—16. I asyrda şägirtler Isanyň aýan eden hakykatlarynyň manysyna doly düşündilermi? Düşündiriň.

14 Şu kitabyň birinji babyndan bilşimiz ýaly, Isa adamlara, esasan, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýärdi. Emma ol käte şägirtleriniň bilmek isleýän zatlarynyň ählisini düşündirmeýärdi. Ol käbir zatlar barada jikme-jik aýtsa-da, şägirtler Mugallymynyň aýan eden hakykatlarynyň doly manysyna köp wagtdan soň, hatda ençeme asyr geçensoň düşünip başladylar. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

15 B. e. 33-nji ýylynda Isa Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bilen höküm sürjekleriň ýerden saýlanyp, gökde ýaşamak üçin ruhy şahsyýet hökmünde direljekdigini aýan etdi. Emma şonda Isanyň şägirtleri muňa düşünmediler (Dan. 7:18; Ýahýa 14:2—5). Şol ýylda Isa mysallar arkaly özüniň göge galanyndan köp wagt geçensoň Patyşalygyň berkarar ediljekdigini düşündirdi (Mat. 25:14, 19; Luka 19:11, 12). Şägirtler bu wajyp hakykata düşünmediler. Şol sebäpli olar Isa direlenden soň: «Mugallym, sen Ysraýyl üçin patyşalygy şu wagt dikeltmekçimi?» diýip soradylar. Emma Isa olara bu babatda jikme-jik düşündirmedi (Res. iş. 1:6, 7). Isa özi bilen bile höküm sürjek «kiçi süriniň» agzalaryna degişli bolmadyk «başga goýunlaryň» hem boljakdygyny aýtdy (Ýahýa 10:16; Luka 12:32). Muňa garamazdan, şägirtler şol iki toparyň kimleri aňladýandygyna 1914-nji ýylda Patyşalyk berkarar edileninden birnäçe ýyl geçensoň gowy düşünip başladylar.

16 Isa ýer ýüzünde ýaşanda şägirtlerine köp zatlary gürrüň berip bilerdi, emma olaryň bu zatlaryň ählisine düşünmejekdigini bilýärdi (Ýahýa 16:12). I asyrda Patyşalyk baradaky hakykatlaryň ençemesi aýan bolsa-da, heniz şol bilimiň köpelmeli wagty däldi.

«Soňky günlerde» hakykat bilimi köpelýär

17. Patyşalyk baradaky hakykatlara düşünmek üçin näme etmeli we bize kimiň kömegi gerek?

17 Ýehowa Danyýel pygambere «soňky günlerde» köp adamlaryň «eýläk-beýläk ýörejekdigini» we Hudaýyň niýeti baradaky hakykat biliminiň köpeljekdigini wada berdi (Dan. 12:4, TD). Bu bilimi almak isleýän adamlar köp tagalla etmeli. Bir sözlükde düşündirilmegine görä, «eýläk-beýläk ýöremek» diýip terjime edilen ýewreý işligi kitaby ünsli okap, çuňňur özleşdirmegi aňladýar. Emma Mukaddes Ýazgylary yhlas bilen öwrensek-de, Ýehowa bize kömek etmese, Patyşalyk baradaky hakykatlaryň doly manysyna düşünip bilmeýäris (Matta 13:11-i okaň).

18. Ýehowadan gorkýan adamlar Hudaýa iman edýändigini we kiçigöwünlidigini nädip görkezýärler?

18 Ýehowa 1914-nji ýyldan öň Patyşalyk baradaky hakykatlary kem-kemden aýan edişi ýaly, soňky günlerde-de şeýle etmegini dowam edýär. Biz şu kitabyň 4-nji we 5-nji baplarynda soňky 100 ýylyň dowamynda Hudaýyň halkynyň köp zatlarda garaýşyny üýtgetmeli bolandygy barada gürrüň ederis. Bu Ýehowanyň olary goldamandygyny görkezýärmi? Elbetde, ýok! Hudaý olary goldady. Näme üçin? Sebäbi Ýehowadan gorkýan adamlar Hudaýa ýaramly iki häsiýeti görkezdiler. Olar Hudaýa iman edip, kiçigöwünli boldular (Ýewr. 11:6; Ýakup 4:6). Ýehowanyň gullukçylary Hudaýyň Sözündäki ähli wadalaryň ýerine ýetjekdigine iman edýärler. Olar şol wadalaryň nädip amala aşjakdygyna nädogry düşünendiklerini boýun alyp, kiçigöwünlidigini görkezýärler. Hudaýyň halkynyň pesgöwünlidigini 1925-nji ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky şu sözlerden hem görse bolýar: «Biz düşünjäni Hudaýyň berýändigini we onuň öz Sözüni gullukçylaryna amatly wagty ýerlikli usul bilen düşündirjekdigini bilýäris».

«Hudaý... öz Sözüni gullukçylaryna amatly wagty ýerlikli usul bilen düşündirer»

19. Ýehowa bize nämä düşünmäge kömek edýär we näme üçin?

19 1914-nji ýylda Patyşalyk berkarar edilende, Hudaýyň halky Patyşalyk bilen baglanyşykly pygamberlikleriň nädip ýerine ýetjekdigine doly düşünmeýärdiler (1 Kor. 13:9, 10, 12). Biz Hudaýyň wadalarynyň amala aşmagy bilen ýürekden gyzyklanyp, käwagt nädogry netijä gelýärdik. Ýokarda agzalan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Pygamberlik ýerine ýetýänçä ýa-da ýerine ýetip başlaýança, biz onuň manysyna düşünip bilmeýäris. Bu düzgüne eýermek bizi goraýar». Ýyllar geçdigi saýyn, bu sözleriň paýhaslydygy has-da aýan boldy. Şu soňky günlerde Patyşalyk baradaky pygamberlikleriň köpüsi ýerine ýetdi we ýetýär. Ýehowanyň halkynyň kiçigöwünli bolup, özgerişleri höwes bilen kabul edýändigi üçin, Hudaý olara niýetine has aýdyň düşünmäge kömek edýär. Dogrudan-da, hakykat bilimi köpelýär!

Hakykatyň täzeçe düşündirilişi Hudaýyň halkyny «elekden geçirýär»

20, 21. I asyrdaky mesihçiler täzeçe düşündirişlere nähili garadylar?

20 Ýehowa biziň hakykata düşünjämizi aýdyňlaşdyranda, ýüregimiz synalýar. Biz Hudaýa iman edip, özgerişleri kiçigöwünlilik bilen kabul ederismi? I asyryň ortalarynda ýaşan mesihçiler şeýle synaga duş geldiler. Aýdaly, siz şol döwürde ýaşaýan ýehudy mesihçi we Musanyň kanunyna ýürekden hormat goýup, ysraýyl halkyna degişlidigiňize buýsanýarsyňyz. Emma siz Pawlus resulyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan hatyny alýarsyňyz. Bu hatda indi Musanyň kanunyny berjaý etmegiň gerek däldigi we Ýehowanyň göni manydaky ysraýyl halkyndan ýüz öwrüp, ýehudylardan hem-de özge milletlerden ruhy Ysraýyly ýygnajakdygy barada aýdylýar (Rim. 10:12; 11:17—24; Gal. 6:15, 16; Kol. 2:13, 14). Siz muňa nähili garardyňyz?

21 Kiçigöwünli mesihçiler Pawlusyň Hudaýyň ylhamy bilen aýdan sözlerini kabul edip, Ýehowanyň bereketlerini aldylar (Res. iş. 13:48). Käbirleri bolsa, garaýşyny üýtgetmek islemän, täzeçe düşündirişleri kabul etmediler (Gal. 5:7—12). Şeýdip, olar Isa Mesih bilen bile höküm sürmek mümkinçiligini elden gidirdiler (2 Pet. 2:1).

22. Siz Hudaýyň niýeti babatda düşünjämiziň aýdyňlaşmagyna nähili garaýarsyňyz?

22 Soňky ýyllarda Ýehowa Patyşalyk baradaky düşünjämizi has-da aýdyňlaşdyrdy. Mysal üçin, Hudaý goýunlaryň geçilerden saýlanyşy ýaly, Patyşalygyň raýatlarynyň hoş habara seslenmeýän adamlardan haçan saýlanjakdygyna dogry düşünmäge kömek etdi. Şeýle-de Hudaý 144 müňleriň haçan doly ýygnalyp boljakdygyny, Isanyň Patyşalyk barada aýdan mysallarynyň manysyny we mesh edilen mesihçileriň iň soňkusynyň haçan göge alynjakdygyny düşündirdi f. Siz bu täzeçe düşündirişlere nähili garaýarsyňyz? Olar siziň imanyňyzy berkidýärmi? Hakykatyň täzeçe düşündirilmegi Ýehowanyň kiçigöwünli halkyna tälim berýändigini subut edýär. Siz muňa göz ýetirýärmisiňiz? Şu kitabyň indiki baplary Ýehowanyň niýetini özünden gorkýanlara kem-kemden aýan edýändigine ynamyňyzy has-da berkider.

a Işaýa 55:11 Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar.

b Hudaýyň ady «bolmak» diýmegi aňladýan ýewreý işliginden gelip çykýar. Bu Ýehowanyň wadalaryny ýerine ýetirýändigini görkezýär. 43-nji sahypadaky «Hudaýyň adynyň manysy» diýen çarçuwa serediň.

c Gelip çykyş 3:15 «Seniň bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.

d Bu biziň üçin gaty köp wagt ýaly bolup görünse-de, şol döwürde adamlaryň uzak ýaşandygyny unutmaly däl. Mysal üçin, Adam ata Nuh pygamberiň kakasy Lamehiň döwürdeşidi, Lameh Nuhuň ogly Simiň döwürdeşidi, Sim Ybraýym pygamberiň döwürdeşidi (Gel. çyk. 5:5, 31; 9:29; 11:10, 11; 25:7).

e «Şeýtan» diýen söz Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylarynda 18 gezek, Injilde bolsa 30 gezekden gowrak duş gelýär. Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylarynda Şeýtana köp üns berilmän, esasan, Mesihiň kimdigi barada aýdylýar. Injilde bolsa, Mesihiň gelip, Şeýtany doly paş edendigi barada gürrüň berilýär.

f Bu täzeçe düşündirişler barada köpräk bilmek üçin, «Garawul diňi» žurnalyndaky şu makalalara serediň: 1995-nji ýyl, 15-nji oktýabr, sah. 23—28 (rus.); 2008-nji ýyl, 15-nji ýanwar, sah. 20—24; 2008-nji ýyl, 15-nji iýul, sah. 17—21; 2013-nji ýyl, 15-nji iýul, sah. 9—14.