Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BAP

Ýehowa adyny beýgeldýär

Ýehowa adyny beýgeldýär

BABYŇ TEMASY

Ýehowanyň halky Hudaýyň adyna çuňňur hormat goýýar

1, 2. «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesi» Hudaýyň adyny nädip beýgeldýär?

 1947-NJI ýylyň dekabr aýynyň 2-sine, sişenbe güni irden Nýu-Ýorkyň Bruklin şäherindäki Beýtelde mesh edilen doganlaryň kiçijik topary ägirt uly işe başlady. Bu agyr iş 12 ýyl dowam etdi. Ahyrsoňy, 1960-njy ýylyň 13-nji martynda, ýekşenbe güni olar Mukaddes Ýazgylaryň täze terjimesini gutarnykly tamamladylar. Şondan üç aý geçensoň, 1960-njy ýylyň 18-nji iýunynda Angliýanyň Mançester şäherinde bolan tolgundyryjy kongresde Neýtan Norr dogan «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň» soňky tomunyň çykandygyny bildiriş etdi. Nutukçy dogan kongrese gatnaşýanlaryň başdan geçirýän duýgularyny begenç bilen beýan edip: «Şu gün bütin dünýädäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň ählisiniň ýüregi şatlykdan doly!» diýdi. Olaryň şatlanmagynyň esasy sebäbi, şol täze terjimede köp gezek Hudaýyň ady ulanylýardy.

1950-nji ýylda geçirilen «Teokratiýanyň ösüşi» atly kongresde «Injiliň Täze dünýä terjimesi» çykdy. Nýu-Ýork şäherindäki Ýanki stadiony. Gana

2 Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinden Hudaýyň adyny aýyrdylar. Emma Ýehowanyň mesh edilen gullukçylary Hudaýyň adyny adamlaryň aňyndan öçürip taşlamak islän Şeýtanyň maksadyny puja çykardylar. Şol «Täze dünýä terjimesiniň» girişinde şeýle diýilýärdi: «Bu terjimäniň esasy aýratynlygy, onda Hudaýyň ady dikeldilip, asyl nusgada duş gelýän ýerleriň ählisinde ulanyldy». «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesinde» Hudaýyň ady 7 müň gezekden gowrak duş gelýär. Dogrudan-da, bu terjime gökdäki Atamyz Ýehowanyň adyny beýgeldýär!

3. a) Doganlarymyz Hudaýyň adynyň manysy babatda nämä göz ýetirdiler? b) Müsürden çykyş 3:13, 14-nji aýatlara nähili düşünmeli? (« Hudaýyň adynyň manysy» diýen çarçuwa serediň).

3 Ilkibaşda, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Hudaýyň ady «Men şol Mendirin» diýmegi aňladýar diýip pikir edýärdiler (Müs. çyk. 3:14, «Korol Ýakowyň terjimesi»). Şol sebäpli 1926-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda: «Hudaýyň adynyň manysy onuň başlangyjynyň we soňunyň ýokdugyny görkezýär» diýip düşündirildi. Emma «Täze dünýä terjimesine» başlananda, Ýehowa halkyna Öz adynyň diňe bir onuň bakylygyny däl, eýsem, hemişe niýetlerini amala aşyrýan Hudaýdygyny aňladýandygyna düşünmäge kömek etdi. Olar Ýehowanyň adynyň göni manyda «Boldurýar» diýmegi aňladýandygyna göz ýetirdiler. Hawa, ähli zady boldurýan Hudaý Älem-jahany, perişdelerdir ynsanlary ýaratdy. Şeýle-de ol islegini we niýetini amala aşyrmagyny dowam edýär. Emma Hudaýyň adyny beýgeltmek näme üçin wajyp we biz ony nädip beýgeldip bileris?

Hudaýyň adynyň mukaddes edilmegi

4, 5. a) Biz «Adyň mukaddes bolsun» diýip doga edenimizde näme barada dileýäris? b) Hudaý adyny haçan we nädip mukaddes eder?

4 Ýehowa öz adynyň beýgeldilmegini isleýär. Isanyň nusgalyk dogasyndaky «Adyň mukaddes bolsun» diýen ilkinji dilegden görnüşi ýaly, Hudaýyň esasy maksady adyny beýgeltmekdir (Mat. 6:9). Biz «Adyň mukaddes bolsun» diýip doga edenimizde näme barada dileýäris?

5 Şu kitabyň 1-nji babyndan bilşimiz ýaly, Isanyň nusgalyk dogasyndaky «Adyň mukaddes bolsun» diýen sözler Ýehowanyň niýeti bilen bagly üç dilegiň biri bolup durýar. Beýleki iki dilegde: «Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, ýerde-de seniň islegiň amala aşsyn» diýilýär (Mat. 6:10). Biz Ýehowanyň Patyşalygynyň gelmegi we onuň isleginiň amala aşmagy barada dileg edenimizde, Hudaýyň adyny mukaddes etmek üçin aýgytly hereket etmegini dileýäris. Başgaça aýdanyňda, biz Ýehowanyň öz adyny Erem bagyndaky pitnede atylan töhmetden aklamagy üçin hereket edip başlamagy barada doga edýäris. Hudaý şeýle dogalara nähili jogap berer? Ol: «Milletleriň arasynda ysnat getirilen... beýik adymyň mukaddesdigini görkezerin» diýýär (Ezek. 36:23; 38:23). Ýehowa Armageddonda ähli erbetligi ýok edende, bütin ýaradylyşyň öňünde adyny mukaddes eder.

6. Biz Hudaýyň adyny nädip mukaddes edip bilýäris?

6 Taryhyň dowamynda Ýehowa gullukçylaryna adynyň mukaddes edilmegine gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Elbetde, biz Hudaýyň adyny has mukaddes edip bilmeýäris. Ol eýýäm doly manyda mukaddes. Onda biz ony nädip mukaddes edip bileris? Işaýa pygamber: «Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň» diýdi. Ýehowanyň özi hem halky barada: «Adymy mukaddes saýarlar... Ysraýyl Hudaýyndan gorkarlar» diýdi (Iş. 8:13; 29:23). Şol sebäpli biz Hudaýyň adyny mukaddes etmek üçin, ony beýleki atlardan has aýratynlandyryp, ýokary hasaplamaly we onuň manysyna çuňňur hormat goýup, başga adamlara-da ony mukaddes saýmaga kömek etmeli. Galyberse-de, biz Ýehowany Hökümdarymyz hökmünde kabul edip, oňa ýürekden gulak assak, Hudaýdan gorkýandygymyzy we adyna hormat goýýandygymyzy görkezýäris (Sül. tym. 3:1; Ylh. 4:11).

Hudaýyň adyny götermek we beýgeltmek üçin taýýarlanylýar

7, 8. a) Ýehowanyň halky onuň adyny göterip biler ýaly näme üçin wagt gerek boldy? b) Biz nämä serederis?

7 Ýehowanyň gullukçylary eýýäm 1870-nji ýyllarda edebiýatlarynda Hudaýyň adyny ulanýardylar. Mysal üçin, 1879-njy ýylyň awgust aýynda çykan «Sion garawul diňi» žurnalynda we şol ýylda çap edilen «Gelniň aýdymlary» diýen aýdym kitapçasynda Hudaýyň ady duş gelýär. Muňa garamazdan, Ýehowa halkynyň Öz mukaddes adyny götermäge mynasypdygyna doly göz ýetirenden soň, olara şeýle hormaty ynandy. Ýehowa adyny götermäge Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleri nädip taýýarlady?

8 1800-nji ýyllaryň ahyryna we 1900-nji ýyllaryň başyna ser salsak, Ýehowanyň öz halkyna ady bilen bagly wajyp hakykatlara has aýdyň düşünmäge nädip kömek edendigine göz ýetirýäris. Geliň, olaryň üçüsine seredeliň.

9, 10. a) «Garawul diňiniň» ilkinji sanlarynda näme üçin Isa barada köp aýdyldy? b) 1919-njy ýyldan bäri nähili özgerişik boldy we bu nähili netije berdi? (Şeýle-de « „Garawul diňi“ žurnaly Hudaýyň adyny nädip beýgeldýär?» diýen çarçuwa serediň).

9 Birinjiden, Ýehowanyň gullukçylary Hudaýyň adynyň wajypdygyna göz ýetirdiler. Ilkinji Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Isanyň töleg gurbany baradaky düşünjäni Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymaty hasaplaýardylar. Bu bolsa «Garawul diňi» žurnalynda näme üçin Isa barada has köp aýdylandygyna düşünmäge kömek edýär. Mysal üçin, bu žurnalyň ilkinji gezek çykarylan ýylynda Isanyň ady Ýehowanyň adyndan 10 gezek köp duş gelýär. 1976-njy ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňinde» Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň Isa çendenaşa köp üns berendikleri bellenip geçildi. Emma, wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa olara Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adyna aýratyn üns berilýändigine düşünmäge kömek etdi. Bu olara nähili täsir etdi? Ýokarda agzalan «Garawul diňi» žurnalynda olaryň, esasanam, 1919-njy ýyldan bäri «Isa Mesihiň gökdäki Atasy Ýehowa çuňňur hormat goýýandygy» barada aýdyldy. Şeýlelikde, 1919-njy ýyldan soňky 10 ýylyň dowamynda çykan «Garawul diňinde» Hudaýyň ady 6 500 gezekden gowrak duş gelýär!

10 Doganlarymyz Hudaýyň adyna çuňňur hormat goýup, onuň adyny söýýändigini görkezdiler. Gadymy döwürde ýaşan Musa pygamber ýaly, olar Ýehowanyň «adyny jar edip» başladylar (Kan. tag. 32:3; Zeb. 34:3). Mukaddes Ýazgylarda wada berlişi ýaly, Ýehowa hem adyna görkezen söýgüsini görüp, olara merhemet bildirdi (Zeb. 119:132; Ýewr. 6:10).

11, 12. a) 1919-njy ýyldan biraz wagt geçensoň edebiýatlarymyzda nämä has köp üns berlip başlandy? b) Ýehowa gullukçylarynyň ünsüni nämä gönükdirdi we näme üçin?

11 Ikinjiden, hakyky mesihçiler Hudaýyň tabşyran ýumşuna aýdyň düşündiler. 1919-njy ýyldan biraz wagt geçensoň, ýolbaşçylyk edýän mesh edilen doganlar mukaddes ruhuň görkezmesine eýerip, Işaýanyň pygamberligini çuňňur öwrendiler. Şondan soň edebiýatlarymyzda, esasan, wagyz işi barada aýdylyp başlandy. Bu özgerişige näme üçin «wagtly-wagtynda» berlen ruhy iýmit diýse bolar? (Mat. 24:45).

12 1919-njy ýyldan öň, «Garawul diňinde» Işaýanyň pygamberligindäki: «Reb şeýle diýýär: „Siz Meniň şaýadymsyňyz, Öz saýlan bendelerimsiňiz“» diýen sözler barada hiç zat aýdylmandy (Işaýa 43:10—12-nji aýatlary okaň) a. Emma 1919-njy ýyldan biraz wagt geçensoň, edebiýatlarymyzda şol aýatlara üns berlip, mesh edilen doganlaryň ählisi Ýehowanyň tabşyran işine gatnaşmaga, ýagny Hudaý barada şaýatlyk etmäge höweslendirilip başlandy. 1925—1931-nji ýyllarda Işaýa kitabynyň 43-nji babyna «Garawul diňi» žurnalynyň 57 makalasynda seredildi we olaryň her birinde Işaýanyň sözleriniň hakyky mesihçilere degişlidigi düşündirildi. Şol ýyllarda Ýehowa gullukçylarynyň ünsüni olaryň etmeli işine gönükdirdi. Näme üçin? Sebäbi olar «başda synalmalydy» (1 Tim. 3:10). Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Hudaýyň adyny götermäge mynasyp bolmak üçin, hakykatdanam, Ýehowanyň şaýatlarydygyny iş ýüzünde görkezmelidiler (Luka 24:47, 48).

13. Hudaýyň Sözünde iň wajyp mesele nädip aýan edilýär?

13 Üçünjiden, Ýehowanyň halky Hudaýyň adynyň mukaddes edilmeginiň wajypdygyna düşündi. 1920-nji ýyllarda olar Hudaýyň adynyň mukaddes edilmegi baradaky jedelli meseläniň iň wajyp meseledigine göz ýetirdiler. Hudaýyň Sözünde bu wajyp hakykat nädip aýan edilýär? Geliň, iki mysala seredeliň. Hudaý ysraýyl halkyny Müsürden esasan näme maksat bilen azat etdi? Ýehowa: «Bütin ýer ýüzünde Meniň adym jar ediler» diýdi (Müs. çyk. 9:16). Şeýle-de Hudaý pitne turzan ysraýyllylara näme üçin rehim etdi? Ýehowa: «Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim» diýdi (Ezek. 20:8—10). Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Hudaýyň Sözündäki şu we beýleki aýatlardan näme öwrendiler?

14. a) 1920-nji ýyllaryň ahyrynda Hudaýyň halky nämä düşündi? b)  Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň düşünjesiniň aýdyňlaşmagy wagyz işine nähili täsir etdi? (Şeýle-de « Wagyz etmäge güýçli itergi» diýen çarçuwa serediň).

14 1920-nji ýyllaryň ahyrynda Hudaýyň halky Işaýa pygamberiň 2 700 ýyl mundan öň aýdan sözleriniň manysyna düşündi. Işaýa pygamber Ýehowa barada: «Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň» diýdi (Iş. 63:14). Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler esasy zadyň adamlaryň halas bolmagy däl-de, Hudaýyň adynyň mukaddes edilmegidigine göz ýetirdiler (Iş. 37:20; Ezek. 38:23). 1929-njy ýylda çykan «Pygamberlik» diýen kitapda bu barada şeýle diýildi: «Ýehowanyň adynyň mukaddes edilmegi bütin ýaradylyş üçin iň wajyp mesele bolmalydyr». Bu täzeçe düşündiriliş Hudaýyň gullukçylaryny Ýehowa barada şaýatlyk etmäge we onuň adyny töhmetden aklamaga has-da höweslendirdi.

15. a) 1930-njy ýyllarda doganlarymyz nämä aýdyň düşündiler? b) Şonda nämäniň wagty geldi?

15 1930-njy ýyllarda doganlarymyz Hudaýyň adynyň wajypdygyna göz ýetirdiler we Hudaýyň tabşyran ýumşuna hem-de iň wajyp meselä aýdyň düşündiler. Şonda Ýehowa gullukçylaryna adyny götermek hormatyny ynanmagyň wagty geldi diýip hasaplady. Geliň, bu babatda geçmişde bolan käbir wakalara seredeliň.

Ýehowa «Öz adyny götermekleri üçin» halk ýygnaýar

16. a) Ýehowa adyny nädip beýgeldýär? b) Geçmişde Hudaýyň adyny ilki kimler göterýärdi?

16 Ýehowa adyny beýgeltmek üçin, ýer ýüzünde Öz adyny göterýän halk saýlady. B. e. öň 1513-nji ýyldan başlap, ysraýyllylar Ýehowanyň halky hökmünde Hudaýyň adyny göterýärdi (Iş. 43:12). Emma olar Ýehowa bilen baglaşan ähtini bozdular hem-de b. e. 33-nji ýylynda Hudaý bilen ýakyn gatnaşygyny ýitirdiler. Şondan biraz wagt geçensoň, Ýehowa «Öz adyny götermekleri üçin, özge milletli adamlara... üns berdi» (Res. iş. 15:14). Bu täze saýlanan halk Isa Mesihiň dürli milletden bolan mesh edilen şägirtlerinden ybarat bolup, «Hudaýyň Ysraýyly» diýip tanalýar (Gal. 6:16).

17. Şeýtan näme etmegi başardy?

17 Takmynan b. e. 44-nji ýylynda Isa Mesihiň şägirtleri «Hudaýyň görkezmesi bilen „mesihçi“ diýen ady aldylar» (Res. iş. 11:26). Ilkibaşda, bu aýratyn at diňe hakyky mesihçilere degişlidi (1 Pet. 4:16). Emma Isanyň bugdaý we haşal ot mysalyndan görnüşi ýaly, Şeýtan hakyky mesihçileri aýratynlandyrýan bu ady ýalan mesihçilere-de degişli etmegi başardy. Şol sebäpli asyrlaryň dowamynda hakyky mesihçileri ýalan mesihçilerden tapawutlandyryp bolmaýardy. Emma 1914-nji ýylda «hasyl ýygymy» başlanda, ýagdaý üýtgedi. Nädip? Perişdeler ýalan mesihçileri hakyky mesihçilerden aýryp başladylar (Mat. 13:30, 39—41).

18. Doganlarymyz täze ady almagyň gerekdigine nädip düşündiler?

18 1919-njy ýylda wepaly hyzmatkär bellenensoň, Ýehowa gullukçylaryna nähili ýumşy ýerine ýetirmelidigine düşünmäge kömek etdi. Şonda olar öýden-öýe wagyz etmek bilen ýalan mesihçilerden tapawutlanýandygyna göz ýetirdiler. Soňra Hudaýyň gullukçylary «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler» diýen adynyň olary başga dinlerden doly tapawutlandyrmaýandygyna düşündiler. Olaryň durmuşda esasy maksady diňe bir Mukaddes Ýazgylary öwrenmek däl-de, Hudaý barada şaýatlyk etmek we onuň adyna hormat goýup, beýgeltmekdi. Onda nähili at olaryň edýän işine laýyk geler? Bu soraga 1931-nji ýylda jogap berildi.

Kongresiň meýilnamasy, 1931-nji ýyl

19, 20. a) 1931-nji ýylda bolan kongresde nähili karar kabul edildi? b) Doganlarymyz täze ady almaga nähili garadylar?

19 1931-nji ýylyň iýul aýynda 15 müňe golaý Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Kolumbus şäherinde (ABŞ, Ogaýo ştaty) geçirilen kongrese gatnaşdylar. Kongresiň meýilnamasynyň daşynda «J» we «W» diýip görkezilen iki sany baş harp hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Adamlar: «Bu nämäni aňladýarka?» diýip gyzyklanýardylar. Şol harplara her kim özüçe düşünýärdi. 26-njy iýulda, ýekşenbe güni Ruterford dogan diňleýjileri täze kabul edilen karar bilen tanyşdyryp: «Biz „Ýehowanyň Şaýatlary“ diýen ady alyp, şol at bilen tanalmak isleýäris» diýdi. Şonda diňleýjileriň hemmesi bu iki harpyň Işaýa 43:10-njy aýadyň esasynda «Ýehowanyň Şaýatlary» (iňlisçe — Jehovah’s Witnesses) diýmegi aňladýandygyna düşündiler.

20 Diňleýjiler bu karary şowhunly sesler we dowamly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler. Kolumbusdaky şowhunly sesleri radio arkaly ýeriň aňry ujundaky adamlar hem eşitdiler! Awstraliýaly Ernest we Naomi Barber şeýle gürrüň berýär: «Amerikadaky el çarpmalary eşidip, Melburndaky doganlar hem şatlykdan ýaňa böküp, el çarpdylar. Bu biziň üçin ýatdan çykmajak waka boldy!» b

Hudaýyň ady bütin dünýäde beýgeldilýär

21. Täze at wagyz işine nähili täsir etdi?

21 Mukaddes Ýazgylaryň esasynda «Ýehowanyň Şaýatlary» diýen ady almagy Hudaýyň halkyny has-da yhlasly wagyz etmäge höweslendirdi. 1931-nji ýylda Kolumbus şäherindäki kongrese gatnaşan pioner är-aýal Edward we Jessi şeýle gürrüň berýär: «Biz öýümizden Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler bolup gitdik, yzymyza bolsa Ýehowanyň Şaýatlary bolup geldik. Biz Hudaýymyzyň adyny beýgeldýän ady göterýändigimize diýseň begenýäris». Kongresden soňra käbir Şaýatlar Ýehowanyň adyny täze usul bilen şöhratlandyrdylar. Olar öýden-öýe wagyz edenlerinde özlerini tanyşdyrmak üçin, öý eýesine «Hudaýymyz ÝEHOWANYŇ Patyşalygyny wagyz edýän ÝEHOWANYŇ Şaýatlarynyň biri» diýen ýazgyly kartoçkany görkezýärdiler. Hawa, Hudaýyň halky Ýehowanyň adyny göterýändigine buýsanýardy we onuň manysy barada ähli ýerde höwes bilen wagyz edýärdi (Iş. 12:4).

«Biz öýümizden Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler bolup gitdik, yzymyza bolsa Ýehowanyň Şaýatlary bolup geldik»

22. Ýehowanyň halkyny başga dinlerden näme tapawutlandyrýar?

22 Ýehowanyň görkezmesi bilen, mesh edilen doganlaryň başga dinlerden tapawutlandyrýan ady alanyna ençeme ýyl geçdi. Şondan bäri Şeýtan Hudaýyň halkynyň kimdigi asla belli bolmaz ýaly ýa-da olary başga dinlerden tapawutlandyryp bolmaz ýaly etmegi başardymy? Elbetde, başarmady! Biziň Hudaýyň şaýatlarydygymyz öňküden-de has aýdyň boldy (Mika 4:5; Malaky 3:18-nji aýatlary okaň) c. Biz Hudaýyň adyny göterýän halk hökmünde tanalýandygymyz üçin, kimdir biri bu ady köp ulansa, adamlar oňa derrew Ýehowanyň Şaýatlarynyň biridir öýdýärler. Ýehowa edilýän hakyky sežde daga meňzeş ýalan dinleriň aňyrsynda gizlenip galman, gaýtam, «daglaryň iň beýigi deý berkarar edildi» (Iş. 2:2). Şu günler Ýehowa edilýän sežde we onuň mukaddes ady has-da beýgelýär.

23. Zebur 121:5-e görä, Ýehowa baradaky haýsy wajyp hakykat bize has teselli berýär?

23 Ýehowanyň häzir we gelejekde bizi Şeýtanyň hüjümlerinden gorajakdygyny bilmek, örän teselli berýär! (Zeb. 121:5). Şol sebäpli biz hem mezmurçynyň: «Hudaýy Ýehowa bolan millet we onuň özüne miras saýlan halky bagtlydyr» diýen sözlerine goşulýarys (Zeb. 33:12, TD).

a Işaýa 43:10 Reb şeýle diýýär: «Siz Meniň şaýadymsyňyz, Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz. 11 Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur». 12 Reb diýýär: «Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim, araňyzda başga hudaý ýok; siz Meniň şaýatlarym».

b Radionyň nädip ulanylandygy barada köpräk bilmek üçin, 7-nji babyň 72—74-nji sahypalaryna serediň.

c Mika 4:5 Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris.

Malaky 3:18 Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz.