Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI BAP

Patyşa Patyşalyk baradaky hakykatlary aýan edýär

Patyşa Patyşalyk baradaky hakykatlary aýan edýär

BABYŇ TEMASY

Hudaýyň halky Patyşalyk we onuň hökümdarlary, raýatlary baradaky wajyp hakykatlara hem-de Patyşalyga wepaly bolmak üçin näme etmelidigine düşünýär

1, 2. Isany näme üçin paýhasly ýolbelede meňzetse bolar?

 GÖZ öňüne getiriň, siz tejribeli ýolbelet bilen bir owadan şäheriň gözel ýerlerine syýahat edýärsiňiz. Siz bu şähere ilkinji gezek gelendigiňiz üçin, ýolbelediň her sözüni örän dykgatly diňleýärsiňiz. Syýahat edip ýörkäňiz, siz ýoldaşlaryňyz bilen heniz görmedik ýerleriňiz barada gyzyklanyp, bilesigelijilik bilen ýolbelede sorag berýärsiňiz. Emma şol ýere barýançaňyz, ol size hiç zat aýtmaýar. Siz onuň akyldarlygyna has-da haýran galýarsyňyz, sebäbi ol size ähli zady öz wagtynda aýdýar.

2 Hakyky mesihçileri hem belli bir manyda syýahatçylara meňzetse bolýar. Biz has gözel şäher, ýagny «berk esasly şäher» bolan Hudaýyň Patyşalygy barada höwes bilen öwrenýäris (Ýewr. 11:10). Isa ýer ýüzünde ýaşanda, şägirtlerine ýol görkezip, Patyşalyk barada çuňňur hakykatlary öwretdi. Emma Isa şägirtleriniň hemme soragyna jogap berdimi ýa-da olara Patyşalyk barada ähli zady birbada aýtdymy? Ýok, ol: «Size aýtjak köp zatlarym bar, ýöne häzir olary kabul edip bilmersiňiz» diýdi (Ýahýa 16:12). Isa iň paýhasly ýolbelet hökmünde şägirtleriniň özleşdirip bilmejek hakykatlaryny gürrüň bermeýärdi.

3, 4. a) Isa wepaly şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygy barada öwretmegini nädip dowam edýär? b) Biz şu bapda nämä serederis?

3 Ýahýa 16:12-nji aýatdaky sözleri Isa ýer ýüzündäki ömrüniň iň soňky gijesi aýdypdy. Isa ölüminden soň, Hudaýa wepaly adamlara Patyşalyk barada öwretmegini nädip dowam eder? Ol şägirtlerine: «Hakykaty açjak mukaddes ruhy alanyňyzda, ol görkezme berip, hakykata doly düşünmäge kömek eder» diýdi a (Ýahýa 16:13). Mukaddes ruha sabyrly ýolbelet diýse bolar. Bu ruh arkaly Isa şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygy barada hakykatlary öz wagtynda düşündirýär.

4 Geliň, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň akýürekli mesihçileri Patyşalyk baradaky çuňňur hakykatlara düşünmäge nädip gönükdirendigini bileliň. Biz, ilki, Hudaýyň Patyşalygynyň haçan höküm sürüp başlandygyna nädip göz ýetirendigimize serederis. Soňra Patyşalygyň hökümdarlarynyň we raýatlarynyň kimdigi hem-de olaryň nähili umydynyň bardygy barada gürrüň ederis. Iň soňunda bolsa, Patyşalyga wepaly bolmak üçin näme etmelidigine Isanyň şägirtleriniň nädip has aýdyň düşünendigini bileris.

Ähmiýetli ýylyň manysyna düşünýäris

5, 6. a) Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Patyşalygyň berkarar edilmegi we hasyl ýygymy babatda nähili nädogry garaýyşda boldular? b) Şeýle nädogry garaýyşlar näme üçin Isanyň öz şägirtlerine ýol görkezmändigini aňlatmaýar?

5 Şu kitabyň 2-nji babyndan bilşimiz ýaly, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler onlarça ýylyň dowamynda Hudaýyň Sözündäki pygamberlikleriň ýerine ýetmeginde 1914-nji ýylyň uly ähmiýetiniň bardygyny aýdýardylar. Emma şol döwürde olar 1874-nji ýylda Isa Mesihiň «gelmeginiň» başlandygyna, 1878-nji ýylda onuň höküm sürüp başlandygyna we 1914-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli Patyşalygyň doly berkarar edilmejekdigine ynanýardylar. Galyberse-de, olar hasyl ýygymy 1874—1914-nji ýyllar aralygynda dowam edip, mesh edilenleriň göge alynmagy bilen tamamlanar diýip pikir edýärdiler. Şeýle nädogry garaýyşlar Isanyň şol mesihçilere mukaddes ruh arkaly ýol görkezmändigini aňladýarmy? Elbetde, ýok!

6 Geliň, ýene-de babyň başyndaky mysala dolanalyň. Syýahatçylaryň nädogry çaklamalary we bilesigelijilik bilen sorag bermegi ýolbelediň ynamdar däldigini aňladýarmy? Elbetde, aňlatmaýar. Şonuň ýaly-da, mukaddes ruh Ýehowanyň niýetiniň käbir jikme-jikliklerini aýan etmänkä, Hudaýyň halkynyň bu hakykatlar bilen gyzyklanmagy Isanyň olara ýol görkezmeýändigini aňlatmaýar. Şol sebäpli Hudaýa wepaly adamlar düzedişleri kabul etmäge taýyn bolup, kiçigöwünlilik bilen garaýyşlaryny üýtgedýärler (Ýakup 4:6).

7. Ruhy nur Hudaýyň halkyna nädip ýalkym saçdy?

7 1919-njy ýyldan soň, ruhy nur Hudaýyň halkyna gitdigiçe ýalkym saçýardy (Süleýmanyň tymsallary 4:18-i okaň). 1925-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda «Halkyň döremegi» atly üýtgeşik makala çap edildi. Bu makalada Mukaddes Ýazgylaryň esasynda degerli subutnamalar getirilip, 1914-nji ýylda Mesihi Patyşalygyň berkarar edilmegi bilen, Ylham kitabynyň 12-nji babynda aýdylýan gökdäki aýalyň çaga dogurmagy baradaky pygamberligiň berjaý bolandygy düşündirildi b. Şol makalada aýdylmagyna görä, uruş döwri Ýehowanyň halkynyň yzarlamalara duş gelip, betbagtçylyklara uçramagy Şeýtanyň gökden ýere zyňlandygyny we «wagtynyň az galandygyny bilip, güýçli gahar-gazap bilen» hereket edýändigini görkezýärdi (Ylh. 12:12).

8, 9. a) Hudaýyň Patyşalygynyň has ähmiýetlidigi nädip görkezildi? b) Biz haýsy soraglara serederis?

8 Hudaýyň Patyşalygynyň nähili ähmiýeti bar? 1928-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda Isanyň töleg gurbany arkaly adamlaryň halas bolmagyndan Patyşalygyň has ähmiýetlidigi barada nygtalyp başlandy. Sebäbi Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly adyny mukaddes edip, hökümdarlygyny aklar we adamzat babatdaky niýetleriniň ählisini amala aşyrar.

9 Isa Mesih bilen Patyşalykda kimler höküm sürer? Şol Patyşalygyň ýer ýüzündäki raýatlary kimler bolar? Isanyň şägirtleri nähili işi ýerine ýetirmeli?

Mesh edilenleriň ýygnalmagy bilen, hasyl ýygymy başlaýar

10. Ençeme ýyldan bäri Hudaýyň halky 144 müňler babatda nämä düşünýär?

10 1914-nji ýyldan onlarça ýyl öň hem, hakyky mesihçiler 144 müň wepaly şägirtleriň gökde Isa Mesih bilen bile höküm sürjekdigine düşünýärdiler c. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler mesh edilenleriň sanynyň göni manyda aýdylandygyna we olaryň b. e. I asyrynda ýygnalyp başlandygyna göz ýetirdiler.

11. Mesh edilenler ýer ýüzünde ýerine ýetirmeli işine nädip düşündiler?

11 Isanyň «gelniniň» geljekki agzalary bolan mesh edilen mesihçiler ýer ýüzünde ýaşanda nähili iş bilen meşgul bolmalydy? Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Isanyň, esasan, wagyz işine üns berendigine we ony hasyl döwri bilen baglanyşdyrandygyna düşündiler (Mat. 9:37; Ýahýa 4:35). Şu kitabyň 2-nji babynda bellenip geçilişi ýaly, olar hasyl döwri 40 ýyl dowam edip, mesh edilenleriň göge alynmagy bilen tamamlanar diýip pikir edýärdiler. Emma 40 ýyl geçse-de, wagyz işi dowam edýärdi. Diýmek, olaryň düşünjesi has-da aýdyňlaşmalydy. Häzir biz hasyl ýygymynyň — bugdaýyň haşal otdan, ýagny wepaly mesh edilen mesihçileriň ýalan mesihçilerden aýrylmagynyň — 1914-nji ýylda başlandygyny bilýäris. Şonda gökdäki toparyň galan agzalaryny ýygnamagyň wagty gelipdi.

1914-nji ýylda hasyl ýygymy başlandy (11-nji abzasa serediň)

12, 13. Isanyň on gyz we talant mysallary soňky günlerde nädip ýerine ýetdi?

12 1919-njy ýyldan bäri Isa Mesih wepaly we paýhasly hyzmatkäri wagyz işine üns bermäge höweslendirýär. Aslynda, ol bu tabşyrygy I asyrda beripdi (Mat. 28:19, 20). Şeýle-de Isa wagyz etmek tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin mesh edilen şägirtlerine nähili häsiýetleriň wajypdygyny görkezdi. Nädip? Ol on gyz mysalynda mesh edilenleriň ahyrky maksadyna ýetip, Mesih 144 müňlerden ybarat bolan «gelni» bilen birleşende, gökde uludan tutuljak toýa gatnaşyp bilmekleri üçin, olaryň ruhy taýdan oýa we hüşgär bolmalydygyny düşündirdi (Ylh. 21:2). Soňra Isa talant mysaly arkaly mesh edilen gullukçylarynyň wagyz işini yhlasly berjaý etmelidigini öwretdi (Mat. 25:1—30).

13 Geçen asyrda mesh edilen mesihçiler ruhy taýdan oýadygyny we yhlaslydygyny subut etdiler. Olaryň hüşgärligi hökman sylaglanar! Emma Isa Mesih bilen bile höküm sürjek 144 müňleriň ýygnalmagy bilen hasyl ýygymy tamamlanarmy?

Patyşalyk ýer ýüzündäki raýatlaryny ýygnaýar

14, 15. «Gutarnykly syr» diýen kitapda haýsy dört topar barada aýdyldy?

14 Hudaýa wepaly erkekdir aýallar uzak wagtlap Ylham 7:9—14-nji aýatlarda agzalýan «uly märekäniň» kimdigini bilmek isleýärdiler. Isa bu uly toparyň kimdigini öz wagtynda aýan etmänkä, bu babatda aýdylan zatlaryň häzir düşünýän we gymmat saýýan ýönekeý hakykatlarymyzdan düýpgöter tapawutlanýandygy geň galdyrmaýar.

15 1917-nji ýylda «Gutarnykly syr» atly kitapda «gökdäki gutulyşyň iki görnüşi we ýerdäki gutulyşyň iki görnüşi» barada aýdyldy. Halas bolmaga dürli umydy bolan bu dört topara kimler degişlidi? Birinjisi, Isa Mesih bilen höküm sürjek 144 müňler, ikinjisi bolsa, uly märeke hasaplanylýardy. Şol döwürde «uly märeke» hristian buthanalarynyň agzasy bolan adamlary aňladýar diýip pikir edilýärdi. Olar iman etseler-de, hakyky seždäni goldamak üçin berk durup bilmeýärdiler. Şol sebäpli olara gökde has pes orun berler öýdýärdiler. Ýer ýüzünde ýaşajak üçünji topar bolsa, gadymy döwürde ýaşan Ybraýym, Musa pygamber ýaly Hudaýa wepaly adamlardan ybarat bolup, dördünji topara, ýagny bütin adamzada ýolbaşçylyk eder diýip pikir edilýärdi.

16. 1923-nji we 1932-nji ýyllarda ruhy nur nädip ýalkym saçdy?

16 Mukaddes ruh Isa Mesihiň şägirtlerine biziň gymmat saýýan hakykatlarymyza düşünmäge nädip kömek etdi? Bu hakykatlar ruhy nuruň ýalkym saçmagy bilen kem-kemden aýan boldy. 1923-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda gökde ýaşamaga islegi bolmadyk we Mesihiň hökümdarlygy astynda ýer ýüzünde ýaşajak topara üns berildi. 1932-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» bolsa, Hudaýyň Ysraýyla bellän patyşasy Ýehuwa ýalan seždä garşy söweşde goldaw beren Ýonadap barada aýdyldy (2 Pat. 10:15—17). Şol makalada şu günler hem Ýonadap ýaly adamlardan ybarat toparyň bardygy we ýer ýüzünde ýaşamaklary üçin, Ýehowanyň olary «Armageddonda boljak heläkçilikden» halas etjekdigi düşündirildi.

17. a) 1935-nji ýylda ruhy nur nädip has-da ýalkym saçdy? b) Uly märeke baradaky täzeçe düşündiriliş wepaly mesihçilere nähili täsir etdi? (« Köpleriň ýüregi ynjaldy» diýen çarçuwa serediň).

17 1935-nji ýylda ruhy nur has-da ýalkym saçdy. Waşingtonda geçirilen kongresde uly märekäniň Isanyň goýunlar we geçiler mysalyndaky goýunlary, ýagny ýer ýüzünde ýaşajak adamlary aňladýandygy düşündirildi (Mat. 25:33—40). Bu uly märeke Isanyň: «Men olary-da getirmelidirin» diýen «başga goýunlaryna» degişlidi (Ýahýa 10:16). Ruterford dogan nutuk bilen çykyş edende: «Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänleriň ählisiniň ýerinden turmagyny haýyş edýärin!» diýdi. Bu sözleri eşidip, kongrese gatnaşýanlaryň ýarysyndan gowragy ýerinden turdy! Şonda ol: «Serediň! Ine, uly märeke!» diýip yglan etdi. Bu köp adamlara güýçli täsir etdi. Ahyrsoňy, olar gelejege bolan umydyna gowy düşündiler.

18. Isanyň şägirtleri wagyz gullugynda ünsüni nämä gönükdirdiler we bu nähili netije berdi?

18 Şondan bäri Isa Mesih şägirtleriniň ünsüni agyr muşakgatdan sag-aman geçjek uly märekäniň agzalaryny ýygnamaga gönükdirýär. Ilkibaşda, hasyl ýygymy netijesiz ýaly görünýärdi. Hatda bir gezek Ruterford dogan: «„Uly märekäniň“ sany beýle köp bolmasa gerek» diýdi. Emma biz Ýehowanyň hasyl ýygymyna bol bereket berendigini görýäris! Isanyň we mukaddes ruhuň görkezmesi bilen, mesh edilen mesihçiler hem-de olaryň ýoldaşlary «başga goýunlar» Isanyň öňünden aýdyşy ýaly, «bir çopana» gulluk edýän «bir süri» boldular.

Ruterford dogan uly märekäniň şeýle köp boljakdygyny bilmeýärdi. Çepden saga: Neýtan Norr, Jozef Ruterford we Heýden Kowington

19. Biz uly märekäniň sanynyň artmagyna nädip goşant goşup bileris?

19 Hudaýa wepaly adamlaryň aglabasy Isa Mesihiň we 144 müňleriň hökümdarlygy astynda ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşarlar. Eýsem, Isa Mesihiň Hudaýyň halkyna Mukaddes Ýazgylara esaslanan umydyna gowy düşünmäge kömek edendigi barada oýlanmak, göwnümizi götermeýärmi näme?! Bu umydymyz barada adamlara wagyz etmek biziň üçin uly hormat! Şol sebäpli, geliň, uly märekäniň sanynyň has-da artmagy we Ýehowanyň adynyň belent ses bilen şöhratlandyrylmagy üçin elimizde baryny edeliň! (Luka 10:2-ni okaň).

Uly märekäniň sany barha artýar

Patyşalyga wepaly bolmak üçin näme etmeli?

20. Şeýtanyň guramasy haýsy toparlardan ybarat we Patyşalyga wepaly bolmak isleýän mesihçiler näme etmeli?

20 Hudaýyň Patyşalygy barada öwrenmegini dowam edýän Ýehowanyň halky şol gökdäki hökümete wepaly bolmak üçin näme etmelidigine hem gowy düşünmelidi. 1922-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» iki sany guramanyň, ýagny Ýehowanyň we Şeýtanyň guramasynyň bardygy hem-de Şeýtanyň guramasynyň söwda, dini we syýasy toparlardan ybaratdygy aýdyldy. Isa Mesihiň hökümdarlygy astynda Hudaýyň Patyşalygyna wepaly bolmak isleýänler Şeýtanyň guramasynyň erbet işlerine goşulyp, özlerini hapalamaly däl (2 Kor. 6:17). Bu nämäni aňladýar?

21. a) Wepaly hyzmatkär Hudaýyň halkyna söwda-satyk guramalary babatda nähili duýduryş berdi? b)  1963-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» «Beýik Wawilon» barada näme aýdyldy?

21 Wepaly we paýhasly hyzmatkär wagtly-wagtynda berilýän ruhy iýmit arkaly Hudaýyň halkyna söwda-satyk guramalarynyň düýbüniň çüýrükdigini aýdyp, baýlyga kowalaşmagyň howpludygyny duýdurýardy (Mat. 6:24). Şeýle-de biziň edebiýatlarymyzda Şeýtanyň guramasynyň dini bölegi paş edilýärdi. 1963-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynda «Beýik Wawilonyň» diňe bir hristian dünýäsini däl-de, ýalan diniň dünýä imperiýasyny aňladýandygy düşündirildi. Şeýdip, ähli milletden we halkdan bolan Hudaýyň halkyna «ol ýerden çykyp», özlerini ýalan diniň erbet işlerinden arassalamaga kömek edildi. Biz bu barada 10-njy bapda giňişleýin bileris (Ylh. 18:2, 4).

22. I Jahan urşy döwründe Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi Rimliler 13:1-däki sözlere nähili düşünýärdi?

22 Şeýtanyň guramasynyň syýasy bölegi barada näme diýse bolar? Hakyky mesihçiler uruşlara we milletleriň dawalaryna goşulsa bolýarmy? I Jahan urşy döwründe Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Isanyň şägirtleriniň adam öldürmeli däldigine düşünýärdiler (Mat. 26:52). Emma olaryň köpüsi Rimliler 13:1-däki «ýokary häkimiýetlere» gulak asmak babatda berlen tabşyryga ýalňyş düşünip, harby gulluga gitmek, esgerleriň eşigini geýmek, hatda eliňe ýarag almak hem nädogry däl diýip pikir edýärdi. Emma duşmanyny öldürmek talap edilende, olar elindäki ýaragy bilen ýokaryk atmalydy.

23, 24. II Jahan urşy döwründe Rimliler 13:1-däki sözlere nähili düşünilýärdi we Isanyň şägirtleri nämä has dogry düşündiler?

23 1939-njy ýylda II Jahan urşy başlanda, «Garawul diňi» žurnalynda bitaraplygy saklamak baradaky meselä jikme-jik seredildi. Şol makalada Şeýtanyň dünýäsindäki uruşlara we dawalara mesihçileriň asla goşulmaly däldigi aýdyň düşündirildi. Gör, nähili wagtynda berlen görkezme! Bu Isanyň şägirtlerini şol uruşda milletleriň başyndan inen elhenç gandöküşlikden saklady. Emma 1929-njy ýyldan başlap, biziň edebiýatlarymyzda Rimliler 13:1-däki «ýokary häkimiýetleriň» dünýädäki hökümdarlary däl-de, Ýehowany we Isany aňladýandygy düşündirildi. Hawa, bu babatda has dogry düşünje gerekdi.

24 1962-nji ýylda mukaddes ruhuň kömegi bilen, Isanyň şägirtleriniň düşünjesi has-da aýdyňlaşdy. Şol ýylyň 15-nji noýabrynda we 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» Rimliler 13:1—7-nji aýatlar babatda üýtgeşik makalalar çap edildi. Ahyrsoňy, Hudaýyň halky Isanyň: «Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýen sözlerinden tabynlyk babatdaky prinsipe düşündi (Luka 20:25). Häzir hakyky mesihçiler ýokary häkimiýetleriň dünýädäki hökümetleri aňladýandygyna we olara tabyn bolmalydygyna düşünýärler. Emma şeýle tabynlyk çäkli bolmaly. Ýokary häkimiýetler bizden Ýehowa Hudaýa gulak asmazlygy talap edenlerinde, geçmişdäki resullar ýaly: «Biz adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys» diýip jogap berýäris (Res. iş. 5:29). Şu kitabyň 13, 14-nji baplarynda Hudaýyň halkynyň bitaraplygy saklamak babatdaky prinsipe nädip eýerendigi barada köpräk bileris.

Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ebedi ýaşaýşa bolan umydymyz barada adamlara wagyz etmek, biziň üçin uly hormat!

25. Siz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykatlara düşünmegimiz üçin mukaddes ruhuň berýän görkezmesini näme üçin gymmat saýýarsyňyz?

25 Geçen asyrda Isanyň şägirtleriniň Hudaýyň Patyşalygy barada öwrenen zatlaryny ýadymyza salalyň. Biz gökde Hudaýyň Patyşalygynyň haçan berkarar edilendigini we onuň nähili ähmiýetiniň bardygyny bildik. Şeýle-de Hudaýa wepaly adamlaryň gökde we ýerde ýaşamaga umydynyň bardygyna göz ýetirdik. Galyberse-de, dünýädäki häkimiýetlere belli bir derejede tabyn bolmalydygymyzy we Hudaýyň Patyşalygyna wepaly bolmak üçin näme etmelidigimizi öwrendik. Siz özüňize şeýle soragy beriň: «Eger Isa Mesih ýer ýüzündäki wepaly hyzmatkärine aýan etmedik bolsa we başgalara-da öwretmelidigini düşündirmedik bolsa, men bu wajyp hakykatlara düşünermidim?» Hawa, biziň ählimiz Isa Mesihiň we mukaddes ruhuň berýän görkezmesini gymmat saýýarys!

a Bir kitapda aýdylmagyna görä, bu aýatda «görkezme bermek» diýip terjime edilen grek sözi «ýol görkezmegi» aňladýar.

b Şol wagta çenli bu görnüş Rim imperiýasynyň dinleri bilen Rim katolik buthanasynyň arasynda bolan urşy aňladýandyr öýdýärdiler.

c 1880-nji ýylyň iýun aýynda çykan «Sion garawul diňi» žurnalynda 144 müňleriň 1914-nji ýyla çenli hakykaty kabul etjek ýewreýlerden ybaratdygy aýdyldy. Emma 1880-nji ýylyň ahyrynda häzirki düşünjämize has laýyk gelýän düşündiriliş berildi.