Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

6-NJY BAP

Hoş habarçylar — Höwes bilen gulluk edýän wagyzçylar

Hoş habarçylar — Höwes bilen gulluk edýän wagyzçylar

BABYŇ TEMASY

Patyşa wagyzçylardan ybarat goşuny ýygnaýar

1, 2. Isa haýsy uly iş barada pygamberlik etdi we nähili wajyp sorag ýüze çykýar?

 HÖKÜMET ÝOLBAŞÇYLARY köplenç sözünde durmaýarlar. Olaryň käbiriniň ýagşy niýeti bolsa-da, beren wadalaryny ýerine ýetirip bilmeýärler. Emma olardan tapawutlylykda, Mesihi Patyşa Isanyň hemişe sözünde tapylýandygy bizi diýseň begendirýär!

2 Isa 1914-nji ýylda Patyşa bolanda, takmynan 1 900 ýyl öň beren wadasyny ýerine ýetirmäge taýyndy. Ol ölüminiň öňüsyrasynda: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň ahyry geler» diýip pygamberlik etdi (Mat. 24:14). Bu sözleriň ýerine ýetmegi Isanyň Patyşalyk tagtyna çykandygyny görkezýän alamatyň bir bölegi bolmalydy. Emma bir wajyp sorag ýüze çykýar: Patyşa soňky günlerde adamlaryň diňe özüni bilýän, ýakynyny we Hudaýy söýmeýän döwründe höwes bilen gulluk edýän wagyzçylardan ybarat goşuny ýygnap bilermi? (Mat. 24:12; 2 Tim. 3:1—5). Biz munuň jogabyny bilmeli, çünki bu mesihçileriň ählisine degişlidir.

3. Isa nämä ynamlydy we muny kimden öwrendi?

3 Geliň, ýene-de Isanyň pygamberligine seredeliň. Eýsem, «wagyz ediler» diýen sözler Isanyň ynamlydygyny görkezmeýärmi? Elbetde, görkezýär! Isa soňky günlerde ony höwes bilen goldajak adamlaryň boljakdygyna şübhelenmeýärdi. Ol näme üçin şeýle ynamlydy? Isa muny Atasy Ýehowadan öwrendi (Ýahýa 12:45; 14:9). Ol ýer ýüzüne gelmezinden öň, Ýehowanyň öz gullukçylarynyň höwes bilen gulluk edýändigine ynamlydygyny görýärdi. Geliň, Ýehowanyň gullukçylaryna ynamlydygyny nädip aýan edendigini bileliň.

«Seniň halkyň höwes bilen gulluk eder»

4. Ýehowa ysraýyllylary haýsy işi goldamaga çagyrdy we olar muňa nähili seslendiler?

4 Ýehowa Musa pygambere ysraýyl halky üçin hakyky seždäniň merkezi boljak mukaddes çadyry gurmagy tabşyranda näme bolandygyny ýadymyza salalyň. Hudaý Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyny bu gurluşygy goldamaga höweslendirdi. Musa olara: «Her kim göwnünden çykaranyny... Rebbe sadaka bersin» diýdi. Ysraýyllylar muňa nähili seslendiler? Olar «her gün irden... meýletin sadakalaryny getirip» başladylar. Olar şeýle bir köp getirýärdi welin, hatda indi hiç zat getirmeli däldigini aýtmaly boldy! (Müs. çyk. 35:5; 36:3, 6). Dogrudan-da, ysraýyllylar Ýehowanyň ynamyny ödediler.

5, 6. Zebur 110:1—3-nji aýatlara laýyklykda, Ýehowa bilen Isa soňky günlerde ýaşaýan gullukçylaryndan nämä garaşýardy?

5 Ýehowa soňky günlerdäki gullukçylarynyň hem höwes bilen gulluk etjekdigine ynanýardymy? Elbetde! Isa dogulmazyndan müň ýyldan gowrak wagt öň, Ýehowa Dawut pygambere Mesih höküm sürüp başlanda boljak wakalary ýazdyrdy (Zebur 110:1, 2-nji aýatlary okaň). Täze bellenen Patyşa Isanyň garşysyna çykjak duşmanlary bolmalydy. Emma ony goldajak goşun hem bolmalydy. Olary Patyşa gulluk etmäge mejbur etmek gerek bolmaz. Hatda ýaşlar hem höwes bilen gulluk eder. Ýaş gullukçylar säher çagy ýere düşýän çyg damjalary deý köp bolar a (Zebur 110:3-i okaň, TD) b.

Patyşalygy höwes bilen goldaýan adamlar çyg damjalary deý köpdür (5-nji abzasa serediň)

6 Isa Zebur 110-njy bapdaky sözleriň özüne degişlidigini bilýärdi (Mat. 22:42—45). Şol sebäpli Isanyň bütin dünýäde hoş habary höwes bilen wagyz edip, ony goldajak wepaly adamlaryň boljakdygyna ynanmagyna degerli sebäp bardy. Emma Patyşa soňky günlerde wagyzçylardan ybarat goşuny ýygnap bildimi? Taryhy wakalar nämäni görkezýär?

«Men bu habary yglan etmegi uly hormat we borç hasaplaýaryn»

7. Isa Patyşa bolansoň, şägirtlerini olaryň ýerine ýetirmeli işine nädip taýýarlady?

7 Patyşa bolanyndan biraz wagt geçensoň, Isa şägirtlerini ägirt uly işi ýerine ýetirmäge taýýarlap başlady. Şu kitabyň 2-nji babyndan bilşimiz ýaly, ol 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli Hudaýyň halkyny barlady we arassalady (Mal. 3:1—4). 1919-njy ýylyň ahyrynda Isa şägirtlerine ýolbaşçylyk etjek wepaly hyzmatkäri belledi (Mat. 24:45). Şondan bäri hyzmatkär kongresdäki nutuklar we edebiýatlar arkaly ruhy iýmit paýlap, her bir mesihçiniň wagyz etmek jogapkärçiliginiň bardygyny gaýta-gaýta belläp geçýär.

8—10. Kongresler mesihçileri wagyz etmäge nädip höweslendirdi? Mysal getiriň. (Şeýle-de « Wagyz etmäge höweslendiren kongresler» diýen çarçuwa serediň).

8 Kongreslerdäki nutuklar. Ak ýürekden Hudaýyň görkezmesine eýermek isleýän Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler 1919-njy ýylyň 1—8-nji sentýabrynda Sidar-Poýntda (ABŞ, Ogaýo ştaty) I Jahan urşundan soň ilkinji gezek geçirilen uly kongrese ýygnandylar. Kongresiň ikinji güni Ruterford dogan nutuk bilen çykyş edende: «Mesihçiniň ýer ýüzünde ýerine ýetirmeli ýumşy... Hudaýyň patyşalygy baradaky habary wagyz etmekdir» diýip, açyk aýtdy.

9 Şondan üç gün geçensoň, Ruterford dogan «Işdeşler üçin çagyryş» atly nutuk bilen çykyş edende, iň ähmiýetli pursat gelip ýetdi. Soňra şol nutuk «Garawul diňi» žurnalynda «Patyşalygyň yglan edilmegi» diýip atlandyrylan makala görnüşinde çap edildi. Ruterford dogan nutugynda şeýle diýdi: «Mesihçi çuňňur oýlananda: „Men ýer ýüzünde näme üçin ýaşaýaryn?“ diýip, özüne sorag berýär. Bu soragyň jogaby şeýle bolmaly: „Hudaý çäksiz merhemeti bilen dünýäde onuň ýaraşdyrma habaryny ýaýratmagym üçin, meni öz wekili edip saýlady; men bu habary yglan etmegi uly hormat we borç hasaplaýaryn“».

10 Taryhda yz galdyran şol nutukda Ruterford dogan Patyşalygyň bütin adamzadyň ýeke-täk umydydygyny görkezmek üçin ulanyljak «Altyn asyr» (häzirki «Oýanyň!») atly täze žurnalyň çykjakdygyny habar berdi. Soňra ol diňleýjileriň haýsysynyň bu žurnaly ýaýratmaga gatnaşmak isleýändigini sorady. Kongresiň hasabatynda şeýle diýilýär: «Kongrese gelen 6 müň adamyň ählisi ýerinden turup, bu işe gatnaşmak isleýändigini görkezdi. Bu örän tolgundyryjy boldy» c. Görşümiz ýaly, Patyşany goldap, onuň Patyşalygy barada höwes bilen wagyz etjek adamlar bardy!

11, 12. 1920-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» Isanyň öňünden aýdan işiniň ýerine ýetiriljek wagty barada näme diýildi?

11 Edebiýatlar. «Garawul diňi» žurnalyndaky makalalar Isanyň öňünden aýdan işiniň, ýagny Patyşalyk baradaky hoş habaryň wagyz edilmeginiň wajypdygyny has-da aýan etdi. Geliň, bu žurnalyň 1920-nji ýyllaryň başynda çykan sanlaryndan käbir mysallara seredeliň.

12 Matta 24:14-däki sözleriň ýerine ýetmegi üçin nähili habar wagyz edilmelidi? Bu iş haçan ýerine ýetirilmelidi? 1920-nji ýylyň 1-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Patyşalyk barada hoş habar» atly makalasynda şeýle diýildi: «Hoş habar zalym dünýäniň soňunyň geljekdigi we Mesihi Patyşalygyň berkarar ediljekdigi baradaky habardyr». Şol makalada hoş habaryň haçan wagyz ediljekdigi aýdyň görkezilip: «Bu habar beýik jahan urşy (I Jahan urşy) döwründen „agyr muşakgata“ çenli wagyz edilmeli» diýildi. Soňra şol makalada: «Häzir... bu hoş habary hristian dünýäsine wagyz etmegiň tüýs wagtydyr» diýip bellenip geçildi.

13. 1921-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» mesh edilen mesihçiler höwes bilen gulluk etmäge nädip çagyryldy?

13 Hudaýyň halkyny Isanyň pygamberlik eden işine gatnaşmaga mejbur etmeli bolarmy? Ýok. 1921-nji ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Batyrgaý boluň!» atly makalasynda mesh edilen mesihçiler höwes bilen gulluk etmäge çagyryldy. Olaryň her biri özüne: «Men bu işe gatnaşmagy diňe borç däl-de, uly hormat hasaplaýarynmy?» diýen soragy bermäge höweslendirildi. Soňra şol makalada şeýle diýilýärdi: «Eger siz bu işe gatnaşmaga şeýle garasaňyz (ony hormat hasaplasaňyz), onda siziň hem Hudaýyň sözi „süýeklerine ornaşyp, ýüregine ot berip“, güýçli täsir edendigi üçin, asla dymyp bilmedik Ýermeýa pygamber ýaly boljakdygyňyza ynanýarys» (Ýer. 20:9). Bu ýürekden aýdylan sözler Patyşalygy goldaýan wepaly adamlara Ýehowa bilen Isanyň ynamlydygyny görkezýärdi.

14, 15. 1922-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalynda mesh edilen mesihçiler haýsy usul bilen wagyz etmäge höweslendirildi?

14 Hakyky mesihçiler adamlara Patyşalyk baradaky habary nädip ýetirmeli? 1922-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Garawul diňi» žurnalynda «Wagyz etmek biziň borjumyz» diýen gysga, ýöne oýlandyryjy makala çap edildi. Şol makalada mesh edilen mesihçiler «edebiýatlary ýaýratmaga yhlasly gatnaşmaga we adamlaryň öýüne baryp, gökdäki Patyşalygyň golaýlandygy barada wagyz etmäge» höweslendirildi.

15 1919-njy ýyldan bäri Isa Mesihiň wepaly we paýhasly hyzmatkär arkaly Patyşalyk barada wagyz etmegiň mesihçiler üçin uly hormat hem-de borçdugyny gaýta-gaýta nygtaýandygyny görse bolýar. Ilkinji Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Patyşalyk barada wagyz etmek çakylygyna nähili seslendiler?

«Wepaly adamlar höwes bilen gulluk ederler»

16. Käbir ýaşulular ähli mesihçileriň wagyz etmelidigi baradaky düşünjä nähili garadylar?

16 1920-nji we 1930-njy ýyllarda käbirleri ähli mesh edilen mesihçileriň wagyz etmelidigi baradaky düşünjä garşy çykdylar. 1927-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňinde» bu barada şeýle diýildi: «Şu günler ýygnakda jogapkärli borjy eýeleýän ýaşulular... doganlary wagyz gullugyna gatnaşmaga höweslendirmekden we özleri hem gatnaşmakdan ýüz öwürýärler... Olar öýden-öýe baryp, adamlara Hudaý, onuň Patyşalygy we Patyşasy barada wagyz etmeli diýen maslahatyň üstünden gülýärler». Soňra şol makalada: «Wepaly mesihçileriň şeýle adamlara üns berip, olardan gaça durmagynyň wagty geldi. Biz bu adamlara mundan beýläk ýaşululyk borjuny ynanmaýandygymyzy aýtmaly» diýip, açyk düşündirildi d.

17, 18. Mesihçileriň köpüsi wepaly hyzmatkäriň görkezmesine nähili seslendi we soňky 100 ýylda millionlarça adamlar oňa nähili garady?

17 Mesihçileriň köpüsi wepaly hyzmatkäriň görkezmesine höwes bilen eýerdi. Olar Patyşalyk baradaky habary wagyz etmegi uly hormat hasaplaýardylar. 1926-njy ýylyň mart aýynyň 15-inde çykan «Garawul diňinde» bu barada şeýle diýildi: «Wepaly adamlar höwes bilen gulluk edip... bu habary adamlara gürrüň bererler». Şol wepaly adamlar Zebur 110:3-däki pygamberlik sözleri ýerine ýetirip, Mesihi Patyşany höwes bilen goldadylar.

18 Soňky 100 ýylyň dowamynda millionlarça adamlar Patyşalyk barada höwes bilen wagyz edýärler. Biz indiki baplarda olaryň nädip wagyz edýändigi, ýagny nähili usullary we esbaplary ulanýandygy hem-de munuň nähili netije berýändigi barada gürrüň ederis. Geliň, ilki, bu dünýädäki adamlaryň diňe özüni bilip ýaşaýandygyna garamazdan, millionlarça wagyzçylaryň näme üçin Patyşalyk işine höwes bilen gatnaşýandygyna seredeliň. Siz hem özüňize: «Men näme üçin adamlara hoş habary wagyz edýärin?» diýen soragy berip, oýlansaňyz gowy bolar.

«Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň»

19. Biz Isanyň «Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýmak» baradaky maslahatyna näme üçin eýerýäris?

19 Isa Mesih şägirtlerine: «Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň» diýip maslahat berdi (Mat. 6:33). Biz näme üçin bu maslahata eýerýäris? Biz, esasan, Patyşalygyň ähmiýetine, ýagny Hudaýyň niýetinde wajyp orun tutýandygyna düşünýäris. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, mukaddes ruh Patyşalyk baradaky wajyp hakykatlary kem-kemden aýan edýär. Hudaýyň Patyşalygy baradaky gymmatly hakykat ýüregimize täsir edip, Patyşalygy durmuşymyzda birinji orunda goýmaga höweslendirýär.

Gizlenen hazyna tapan adamyň begenişi ýaly, mesihçiler hem Patyşalyk baradaky hakykaty tapandygyna begenýärler (20-nji abzasa serediň)

20. Isanyň gizlenen hazyna mysalyna görä, şägirtler Patyşalygy birinji orunda goýmak baradaky maslahatyna nähili seslenýär?

20 Isa Patyşalygy birinji orunda goýmak baradaky maslahatyna şägirtleriniň nähili seslenjekdigini bilýärdi. Geliň, Isanyň gizlenen hazyna mysalyna seredeliň (Matta 13:44-i okaň). Ekin meýdanynda işläp ýören adam tötänlikde bir gizlenen hazynany tapýar we onuň gymmatdygyna derrew göz ýetirýär. Soňra ol näme edýär? Ol «begenjine gidip, bar zadyny satýar-da, şol meýdany satyn alýar». Biz mundan näme öwrenip bileris? Bizem Patyşalyk baradaky hakykaty tapyp, onuň ähmiýetine düşünenimizde, Patyşalygyň bähbitlerini durmuşymyzda birinji orunda goýmak üçin islendik zatdan geçmäge taýyn bolýarys e.

21, 22. Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan wepaly adamlar ony durmuşynda birinji orunda goýýandygyny nädip görkezýär? Mysal getiriň.

21 Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan wepaly adamlar ony durmuşynda birinji orunda goýýandygyny diňe bir sözde däl, eýsem, iş ýüzünde-de görkezýärler. Olar Patyşalyk barada wagyz etmek üçin durmuşyny, ukyplaryny we serişdelerini bagyş edýärler. Wagyzçylaryň köpüsi doly wagtly gulluk etmek üçin has köp zatlardan geçýärler. Höwes bilen gulluk edýän wagyzçylar Patyşalygy birinji orunda goýýan adamlary Ýehowanyň ýalkaýandygyna öz durmuşynda göz ýetirýärler. Geliň, birnäçe ýyl mundan öň bolan bir mysala seredeliň.

22 1920-nji ýyllaryň ahyrynda Eýweri bilen Lowenýa Bristou ABŞ-nyň günortasynda kitap paýlaýan (pioner) bolup gulluk edip başlaýarlar. Birnäçe ýyl geçensoň, Lowenýa şeýle diýýär: «Şondan bäri Eýweri ikimiziň pioner bolup gulluk eden ýyllarymyz diýseň şatlykly boldy. Köplenç biz benzin ýa-da iýmit üçin puly nireden aljagymyzy bilmeýärdik. Emma Ýehowa hemişe bizi gerekli zatlar bilen üpjün edýärdi. Şonuň üçin biz pioner gullugymyzy dowam edip bilýärdik. Biz hiç haçan zada zar bolmaýardyk». Lowenýa uýa Pensakole şäherinde (Florida ştaty) gulluk edenlerinde bolan bir wakany ýatlaýar. Şonda olaryň azajyk puly we iýmiti galypdy. Olar ulaga tirkelýän öýlerine gelenlerinde, iýmitden doly iki sany ullakan sumkany we «Söýgi bilen Pensakole ýygnagyndan» diýen hatjagazy görýärler. Lowenýa doly wagtly gulluk eden ýyllary barada oýlanyp: «Ýehowa bizi hiç haçan taşlamaýar. Ol elmydama biziň ynamymyzy ödeýär» diýdi.

23. Siz Patyşalyk baradaky hakykaty tapandygyňyza nähili garaýarsyňyz we näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

23 Elbetde, biziň ählimiz deň derejede gulluk edip bilmeýäris. Biziň ýagdaýlarymyz dürli-dürli bolýar. Emma ählimiz hoş habary wagyz etmäge ak ýürekden gatnaşmagy uly hormat hasaplaýarys (Kol. 3:23). Biz Patyşalyk baradaky wajyp hakykatlary gymmat saýýandygymyz üçin, mümkin boldugyndan, Hudaýa köpräk gulluk eder ýaly islendik zatdan geçmäge taýyn bolýarys. Siz hem şeýle etmegi ýüregiňize düwdüňizmi?

24. Soňky günlerde Patyşalygyň gazanan üstünlikleriniň biri näme?

24 Soňky 100 ýylyň dowamynda Patyşa Matta 24:14-däki pygamberlik sözlerini ýerine ýetirýär. Emma ol şägirtlerini wagyz etmäge mejbur etmeýär. Isanyň şägirtleri diňe özüni bilýän dünýäden çykyp, höwes bilen wagyz edýärler. Hoş habaryň bütin dünýäde ýaýradylmagy Isanyň gelendigini görkezýän alamatyň bir bölegi bolup, soňky günlerde Patyşalygyň gazanan uly üstünlikleriniň biridir.

a Mukaddes Ýazgylarda çyg bolçulygy suratlandyrýar (Gel. çyk. 27:28; Mika 5:7).

b Zebur 110:3 Goşunyň bilen söweşe çykjak günüňde seniň halkyň höwes bilen gulluk eder. Säheriň bagryndan önen çyg damjalary deý köp sanly ýaşlar mukaddes dabarada seniň huzuryňda durar.

c «Iş kime ynanyldy?» diýen broşýurada şeýle düşündirildi: «„Altyn asyr“ žurnaly bilen gulluk etmek, Hudaýyň Patyşalygy barada öýden-öýe wagyz etmekdir... Şeýle-de her bir öýe baryp, wagyz edenimizden soň, žurnala ýazylmadyklara-da, „Altyn asyr“ žurnalyny bermeli». Köp ýyllaryň dowamynda doganlaryň adamlara «Garawul diňi» we «Altyn asyr» žurnallaryna ýazylmagy teklip etmelidigi barada maslahat berildi. 1940-njy ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Ýehowanyň halky žurnalyň käbir sanlaryny paýlamaga we olaryň sany barada hasabat tabşyrmaga höweslendirildi.

d Şol döwürde ýaşulular ses bermek arkaly saýlanylýardy. Şol sebäpli ýygnak agzalary wagyz gullugyna garşy çykýan adamlara ses bermekden boýun gaçyryp bilýärdiler. Ýaşulularyň indi gurama tarapyndan nädip bellenilýändigi barada şu kitabyň 12-nji babynda gürrüň ederis.

e Isa gowy dürdäneleri gözlemäge gidýän söwdagär baradaky mysalynda-da şuňa meňzeş pikiri aýtdy. Söwdagär bir gymmatbaha dürdänäni tapanda, gidýär-de, bar zadyny satyp, ony satyn alýar (Mat. 13:45, 46). Bu mysallar Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykaty biziň dürli usullar bilen bilýändigimizi görkezýär. Käbir adamlar ony tötänden, başgalar bolsa gözläp tapýarlar. Emma hakykaty nädip tapan bolsak-da, Patyşalygy durmuşymyzda birinji orunda goýmak üçin köp zatlardan geçmäge taýyn bolýarys.