Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY BAP

Wagyz gullugynyň netijeleri — «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir»

Wagyz gullugynyň netijeleri — «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir»

BABYŇ TEMASY

Ýehowa Patyşalyk baradaky hakykat tohumyny ösdürýär

1, 2. a) Şägirtler näme üçin geň galdylar? b) Isa haýsy hasyl ýygymy barada aýtdy?

 ŞÄGIRTLER ör gökden gelýärler, sebäbi Isa olara: «Gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar hasyl ýygymyna ýetişipdir» diýýär. Şägirtler Isanyň görkezen tarapyna ünsli seredýärler, emma ekin meýdanyndaky arpalar ýaňy gögeripdi. Şonuň üçin şägirtler öz içinden: «Ol haýsy hasyl barada aýdýarka? Hasyl ýygymyna ýene birnäçe aý bar ahyry» diýendirler (Ýahýa 4:35).

2 Elbetde, Isa göni manydaky hasyl barada aýtmaýardy. Emma ol mümkinçilikden peýdalanyp, şägirtlerine ruhy hasyl, ýagny adamlary Hudaýyň guramasyna ýygnamak babatda iki sany wajyp zady öwretmek isleýärdi. Geliň, muňa düşünmek üçin şol waka jikme-jik seredeliň.

Çagyryş we wada

3. a) Isa näme üçin «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir» diýdi? b) Isa bu sözleri nädip düşündirdi?

3 Isa bilen şägirtleriniň arasyndaky bu gürrüňdeşlik b. e. 30-njy ýylynyň ahyrynda Samariýanyň Sihar şäheriniň golaýynda bolupdy. Şondan biraz wagt öň, şägirtler şähere gidenlerinde, Isa guýynyň başynda galyp, bir aýala ruhy hakykatlar barada wagyz edýär. Ol aýal Isanyň öwreden zatlarynyň wajypdygyna derrew düşünýär. Şägirtler Isanyň ýanyna gelenlerinde, aýal öwrenen üýtgeşik zatlary barada Sihardaky goňşy-golamlaryna aýtmak üçin howlugyp gidýär. Onuň gürrüň beren zatlary adamlary diýseň gyzyklandyrýar we şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsi Isany görmäge gelýärler. Mümkin, Isa şonda ekin meýdanyna seredip, birgiden samariýalylaryň golaýlaşyp gelýänine gözi düşende: «Gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar hasyl ýygymyna ýetişipdir» diýendir. Soňra Isa göni manydaky däl-de, göçme manydaky hasyl barada aýdýandygyny düşündirmek üçin: «Orakçy... ebedi ýaşaýyş üçin hasyl ýygnap ýör» diýýär (Ýahýa 4:5—30, 36).

4. a) Isa ruhy hasyl ýygymynyň haýsy iki wajyp aýratynlygy barada aýtdy? b) Biz haýsy soraglara serederis?

4 Isa ruhy hasyl ýygymynyň haýsy iki wajyp aýratynlygy barada aýtdy? Birinjiden, bu iş gaýragoýulmasyz. Isanyň: «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir» diýen sözleri şägirtlerini hasyl ýygymyna gatnaşmaga höweslendiren bolmaly. Isa şägirtlerine bu işiň gaýragoýulmasyzdygyny düşündirmek üçin: «Orakçy eýýäm iş hakyny alýar» diýdi. Hawa, hasyl ýygymy eýýäm başlanypdy, indi haýal-ýagallyk etmegiň wagty däldi! Ikinjiden, bu iş işçilere şatlyk berýär. Isa ekenleriň we oranlaryň «bile şatlanjakdygyny» wada berdi (Ýahýa 4:35b, 36). Isa «samariýalylaryň köpüsiniň» oňa iman edendigini görüp begendi. Eger onuň şägirtleri hem hasyl ýygymyna ak ýürekden gatnaşsalar, köp şatlyk taparlar (Ýahýa 4:39—42). I asyrda bolan bu wakanyň biziň üçin hem uly ähmiýeti bar. Sebäbi ol häzirki iň beýik ruhy hasyl ýygymynyň nädip alnyp barylýandygyna düşünmäge kömek edýär. Bu hasyl ýygymy haçan başlandy? Oňa kimler gatnaşýar? Ol nähili netijeleri berýär?

Patyşa iň beýik hasyl ýygymyna ýolbaşçylyk edýär

5. Bütindünýä hasyl ýygymyna kim ýolbaşçylyk edýär? Ýahýanyň görnüşi bu işiň gaýragoýulmasyzdygyny nädip görkezýär?

5 Ýahýa resula berlen görnüşde Ýehowa Isany bütindünýä hasyl ýygymyna, ýagny adamlaryň ýygnalmagyna ýolbaşçy edip belländigini aýan etdi (Ylham 14:14—16-njy aýatlary okaň). Bu görnüşde Isa başy täçli we eli orakly suratlandyrylýar. Isanyň «kellesindäki altyndan täç» onuň Patyşadygyny görkezýär. Isanyň elindäki «ýiti orak» bolsa, onuň Orakçy wezipesiniň hem bardygyny aňladýar. Ýehowa perişdesi arkaly «ýer ýüzüniň hasylynyň doly ýetişendigini» aýdyp, hasyl ýygymynyň gaýragoýulmasyzdygyny belläp geçdi. Dogrudan-da, «orak döwri geldi», indi haýal-ýagallyk etmegiň wagty däl! Isa Ýehowanyň: «Oragyňy al» diýen tabşyrygyna gulak asyp, oragyny ýer ýüzüne gönükdirýär we ýerde hasyl ýygymy, ýagny adamlaryň ýygymy başlaýar. Bu ruhlandyryjy görnüş bize «ekin meýdanlarynyň... hasyl ýygymyna ýetişendigini» ýene-de bir gezek ýatladýar. Eýsem, şol görnüş bütindünýä hasyl ýygymynyň haçan başlandygyny bilmäge kömek edýärmi? Elbetde.

6. a) «Hasyl döwri» haçan başlady? b) Ýer ýüzüniň hasyl ýygymy haçan başlady? Düşündiriň.

6 Ylham kitabynyň 14-nji babynda aýdylýan Ýahýanyň görnüşinde Orakçy Isanyň başy täçli suratlandyrylmagy (14-nji aýat) onuň eýýäm Patyşa bolup höküm sürýändigini aýan edýär (Dan. 7:13, 14). Isa 1914-nji ýylda Patyşa bellendi. Şondan biraz wagt geçensoň, oňa hasyl ýygymyna başlamak tabşyrylýar (15-nji aýat). Şeýle yzygiderlilikde beýan edilýän wakalar hakda Isanyň bugdaýyň ýygymy baradaky mysalynda hem aýdylýar. Isa: «Hasyl döwri — dünýäniň soňy» diýdi. Şeýlelikde, hasyl döwri hem, dünýäniň soňy hem bir wagtda, ýagny 1914-nji ýylda başlandy (Mat. 13:30, 39). Şu günler biz yzymyza ser salyp, Isanyň Patyşa bolanyna birnäçe ýyl geçensoň, bugdaýlaryň ýygnalyp başlandygyna göz ýetirýäris. 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli Isa mesh edilen şägirtlerini arassalady (Mal. 3:1—3; 1 Pet. 4:17). Soňra 1919-njy ýylda «ýer ýüzüniň hasyl» ýygymy başlandy. Isa hiç hili wagt ýitirmän, täze bellenen wepaly hyzmatkär arkaly doganlarymyza wagyz işiniň gaýragoýulmasyzdygyna düşünmäge kömek etdi. Geliň, şonda näme bolandygyny bileliň.

7. a) Doganlarymyz wagyz işiniň gaýragoýulmasyzdygyna nädip göz ýetirdiler? b) Doganlar näme etmegi ýüregine düwdüler?

7 1920-nji ýylyň iýul aýynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda: «Biz Mukaddes Ýazgylary çuňňur özleşdirip, ýygnaga uly hormatyň ynanylandygyna, ýagny olaryň adamlara Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmelidigine göz ýetirýäris» diýildi. Mysal üçin, Işaýanyň pygamberligi doganlarymyza Patyşalyk baradaky hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmelidigine düşünmäge kömek etdi (Iş. 49:6; 52:7; 61:1—3). Olar bu ägirt uly işiň nädip ýerine ýetiriljekdigini bilmeseler-de, Ýehowanyň çykalga açjakdygyna ynanýardylar (Işaýa 59:1-i okaň) a. Doganlarymyz tabşyrylan ýumşuň gaýragoýulmasyzdygyna has aýdyň düşünip, wagyz işini güýçli depginde alyp barmagy ýüregine düwdüler. Bu nähili netije berdi?

8. 1921-nji ýylda doganlarymyz wagyz işiniň haýsy iki wajyp aýratynlygyna düşündiler?

8 1921-nji ýylyň dekabr aýynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda: «Bu iň netijeli ýyl boldy. Soňky ýyllara garanyňda, 1921-nji ýylda hakykaty has köp adamlar eşitdi» diýip habar berildi. Şeýle-de şol žurnalda: «Heniz edilmeli işler juda köp... Geliň, muny şatlyk bilen edeliň» diýildi. Üns beren bolsaňyz, doganlar Isanyň resullaryna wagyz işi babatda aýdan iki wajyp aýratynlygyna, ýagny bu işiň gaýragoýulmasyzdygyna we işçilere şatlyk berýändigine düşündiler.

9. a) 1954-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» hasyl ýygymy barada näme diýildi we näme üçin? b) Soňky 50 ýylyň içinde wagyzçylaryň sany näderejede artdy? (Şeýle-de « Bütin dünýädäki ösüş» diýen çarçuwa serediň).

9 1930-njy ýyllarda doganlar Patyşalyk baradaky habara köp sanly başga goýunlaryň hem seslenjekdigine göz ýetirdiler. Şondan soň wagyz işi güýçli depginde alnyp baryldy (Iş. 55:5; Ýahýa 10:16; Ylh. 7:9). Munuň netijesi nähili boldy? Patyşalygyň wagyzçylarynyň sany 1934—1953-nji ýyllarda 41 müňden 500 müňe ýetdi! 1954-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynda: «Beýik bütindünýä wagyz işi Ýehowanyň ruhy we onuň Sözüniň güýji arkaly amala aşyrylýar» diýildi. Bu sözler örän ýerliklidi b (Zak. 4:6).

 

BÜTIN DÜNÝÄDÄKI ÖSÜŞ

Ýurt

1962

1987

2013

Awstraliýa

15,927

46,170

66,023

Braziliýa

26,390

216,216

756,455

Fransiýa

18,452

96,954

124,029

Italiýa

6,929

149,870

247,251

Ýaponiýa

2,491

120,722

217,154

Meksika

27,054

222,168

772,628

Nigeriýa

33,956

133,899

344,342

Filippin

36,829

101,735

181,236

ABŞ

289,135

780,676

1,203,642

Zambiýa

30,129

67,144

162,370

 

MUKADDES ÝAZGYLAR OKUWYNYŇ ÖSÜŞI

1950

234,952

1960

646,108

1970

1,146,378

1980

1,371,584

1990

3,624,091

2000

4,766,631

2010

8,058,359

Hasyl ýygymynyň netijeleri barada öňünden aýdylan mysallar

10, 11. Gorçisa dänesi mysalynda tohumyň ösüşiniň haýsy aýratynlyklary bellenip geçilýär?

10 Isa Patyşalyk baradaky mysallarynda hasyl ýygymynyň nähili netijeleri berjekdigini aýdyň görkezdi. Geliň, gorçisa dänesi we hamyrmaýa baradaky mysallara seredeliň. Biz, esasan, olaryň soňky günlerde nädip ýerine ýetýändigine üns bereris.

11 Gorçisa dänesi mysaly. Bir adam gorçisa dänesini ekýär. Ol ösüp, uly agaç bolýar we guşlar onuň saýasynda pena tapýarlar (Matta 13:31, 32-nji aýatlary okaň). Bu mysalda tohumyň ösüşiniň haýsy aýratynlyklary bellenip geçilýär? 1) Ösüşiň möçberi täsin, çünki «tohumlaryň iň kiçisi» uly şahaly agaç bolýar (Mar. 4:31, 32). 2) Ösüşiň boljakdygy şübhesiz, sebäbi ekilen tohum ösýär. Isa: «Belki-de, ol öser» diýmedi. Biz onuň: «Ol (tohum) ösende» diýen sözlerini okaýarys. Hawa, tohumyň ösüşini saklap bolmaýar. 3) Ösýän agajyň şahalary pena bolýar. «Guşlar hem gelip», «onuň kölegesinde höwürtge ýasaýarlar». Bu üç aýratynlygyň häzirki ruhy hasyl ýygymy bilen nähili baglanyşygy bar?

12. Gorçisa dänesi mysalynyň häzirki hasyl ýygymy bilen nähili baglanyşygy bar? (Şeýle-de « Mukaddes Ýazgylar okuwynyň ösüşi» diýen çarçuwa serediň).

12 1) Ösüşiň möçberi. Bu mysalda Patyşalyk baradaky habaryň ýaýramagyna we mesihçiler ýygnagynyň ösüşine üns berilýär. 1919-njy ýyldan bäri yhlasly orakçylar täzeden dikeldilen mesihçiler ýygnagyna ýygnalýar. Ilkibaşda, hasyl ýygymyna gatnaşýan işçiler azdy, emma olaryň sany çalt köpeldi. XX asyryň başlaryndan biziň günlerimize çenli ösüşiň möçberi diýseň haýran galdyrýar (Iş. 60:22). 2) Ösüşiň boljakdygy şübhesiz. Mesihçiler ýygnagynyň ösüşini saklap bolmaýar. Hudaýyň duşmanlary ekilen tohumyň üstüne näçe köp «daşlary» zyňsalar-da, ýagny nähili zalymlyk bilen garşylyk görkezseler-de, tohum ähli päsgelçiliklerden geçip, ösmegini dowam edýär (Iş. 54:17). 3) Pena. Agajyň şahalarynda pena tapýan «guşlar» takmynan 240 ýurtda ýaşaýan millionlarça akýürekli adamlary aňladýar. Olar Patyşalyk baradaky hoş habara seslenip, mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolýarlar (Ezek. 17:23). Ýygnakda olara ruhy iýmit, güýç we gorag berilýär (Iş. 32:1, 2; 54:13).

Gorçisa dänesi mysaly mesihçiler ýygnagynda adamlaryň pena we gorag tapýandygyny görkezýär (11, 12-nji abzaslara serediň)

13. Hamyrmaýa mysalynda tohumyň ösüşiniň haýsy aýratynlyklary bellenip geçilýär?

13 Hamyrmaýa mysaly. Bir aýalyň una goşan hamyrmaýasy bütin hamyry turşadýar (Matta 13:33-i okaň). Bu mysalda tohumyň ösüşiniň haýsy aýratynlyklary bellenip geçilýär? 1) Ösüş özgerişigiň bolmagyna getirýär. Hamyrmaýanyň täsiri netijesinde hamyr turşaýar. 2) Ösüş hemme ýerde bolýar. Hamyrmaýa «üç uly jam uny», ýagny tutuş hamyry turşadýar. Bu iki aýratynlygyň häzirki ruhy hasyl ýygymy bilen nähili baglanyşygy bar?

14. Hamyrmaýa mysalynyň häzirki hasyl ýygymy bilen nähili baglanyşygy bar?

14 1) Özgerişik. Hamyrmaýa Patyşalyk baradaky habary, hamyr bolsa adamzady aňladýar. Hamyra goşulan hamyrmaýanyň ony özgerdişi ýaly, Patyşalyk baradaky habar hem ony kabul edýän adamlaryň ýüregine täsir edýär (Rim. 12:2). 2) Hemme ýerde. Hamyryň turşamagyny Patyşalyk baradaky hoş habaryň ýer ýüzüne ýaýramagy bilen deňeşdirse bolýar. Hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadyşy ýaly, Patyşalyk baradaky habar hem «bütin ýer ýüzünde» wagyz edilýär (Res. iş. 1:8). Hamyrmaýa mysalynyň bu aýratynlygy Ýehowanyň Şaýatlarynyň işi gadagan edilen ýurtlarda-da, wagyz işimiz köp adamlara kän belli bolmadyk ýerlerde-de Patyşalyk baradaky habaryň ýaýraýandygyny görkezýär.

15. Işaýa 60:5, 22-nji aýatlardaky sözler nädip ýerine ýetýär? (Şeýle-de 93-nji sahypadaky « Ýehowa üçin ähli zat mümkin» we 96, 97-nji sahypalardaky « „Iň ejizi“ nädip „güýçli millet“ boldy?» diýen çarçuwalara serediň).

15 Isa bu mysallary aýtmazyndan takmynan 800 ýyl öň, Ýehowa Işaýa pygamber arkaly häzirki ruhy hasyl ýygymynyň möçberini we onuň berýän şatlygyny täsirli sözler bilen beýan etdi c. Ýehowa guramasyna «uzakdan geljek» adamlar barada aýtdy. Hudaý mesh edilen mesihçileriň ýer ýüzünde ýaşaýan galyndysyny aňladýan «aýala» ýüzlenip: «Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler» diýdi (Iş. 60:1, 4, 5, 9). Bu sözler, hakykatdan-da, ýerine ýetdi! Şu günler Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edýän dogan-uýalar öz ýurtlaryndaky Patyşalygyň wagyzçylarynyň sanlyjadan müňlerçä ýetenini görüp, diýseň begenýärler.

Ýehowanyň gullukçylarynyň şatlanmagyna nähili sebäpler bar?

16, 17. Ekenleriň we oranlaryň bilelikde şatlanmagynyň bir sebäbi näme? (Şeýle-de « Iki kitapça Amazonkada ýaşaýan iki adamyň ýüregine täsir edýär» diýen çarçuwa serediň).

16 Ýadyňyza düşýän bolsa, Isa: «Orakçy... ebedi ýaşaýyş üçin hasyl ýygnap ýör. Şonda eken we oran bile şatlanyp biler» diýdi (Ýahýa 4:36). Biz bütin dünýäde alnyp barylýan hasyl ýygymynda nädip «bile şatlanýarys»? Elbetde, munuň birnäçe sebäbi bar. Geliň, olaryň üçüsine seredeliň.

17 Birinjiden, biz wagyz işine Ýehowanyň hut özüniň gatnaşýandygyny bilip begenýäris. Biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde, tohum ekýäris (Mat. 13:18, 19). Adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek edenimizde bolsa, hasylyň miwesini ýygnaýarys. Ýehowanyň Patyşalyk tohumyny «gögerdýändigini we ösdürýändigini» görüp, biziň her birimiziň ýüregimiz minnetdarlykdan hem-de şatlykdan dolýar (Mar. 4:27, 28). Biziň eken tohumlarymyzyň käbiri giç gögerýär we miwesini başgalar ýygnaýar. 60 ýyl mundan ozal suwa çümdürilen Beýik Britaniýada ýaşaýan Joan atly uýa şeýle diýýär: «Käbir adamlar meniň birnäçe ýyl mundan öň olara wagyz edip, ýüreklerinde tohum ekendigimi aýtdylar. Soňra başga Şaýatlar olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek edipdir. Men bolsa bu barada hiç zat bilmeýärdim. Men eken tohumymyň ösendigine we miwe berendigine diýseň begenýärin». Belki-de, sizem şeýle ýagdaýy başdan geçirensiňiz (1 Korinfliler 3:6, 7-nji aýatlary okaň).

18. 1 Korinfliler 3:8-e görä, şatlanmaga nähili sebäp bar?

18 Ikinjiden, biz Pawlus resulyň: «Olaryň hersi eden işine görä sylagyny alar» diýen sözlerini ýatda saklap, wagyz gullugynda şatlygymyzy ýitirmeýäris (1 Kor. 3:8). Dogrudan-da, sylag biziň köp adamlara hakykata gelmäge kömek edendigimiz üçin däl-de, wagyz işine gatnaşýandygymyz üçin berilýär. Bu hoş habara az adamlaryň seslenýän ýerinde wagyz edýän dogan-uýalary, gör, nähili ruhlandyrýandyr! Patyşalyk tohumyny ekmäge gatnaşýan Şaýatlaryň ählisi Hudaýyň nazarynda «köp miwe getirýär» we olarda şatlanmaga degerli sebäp bar (Ýahýa 15:8; Mat. 13:23).

19. a) Matta 24:14-däki Isanyň pygamberligine görä, bizde şatlanmaga nähili sebäp bar? b) Biz heniz ýekeje şägirt taýýarlamadyk bolsak-da nämäni unutmaly däl?

19 Üçünjiden, biz wagyz işine gatnaşmak bilen pygamberligi berjaý edýändigimiz üçin şatlanýarys. Geliň, resullaryň: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar, seniň gelendigiňi we şu dünýäniň soňuny görkezýän alamat nähili bolar?» diýen soragyna Isanyň beren jogabyna seredeliň. Isa bütindünýä wagyz işiniň şol alamatyň bir bölegi boljakdygyny aýtdy. Ol şägirt taýýarlamak barada aýtdymyka? Ýok, Isa: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler» diýdi (Mat. 24:3, 14). Diýmek, tohumyň ekilmegi, ýagny Patyşalyk barada wagyz edilmegi alamatyň bir bölegi bolup durýar. Şol sebäpli biz heniz ýekeje şägirt taýýarlamadyk bolsak-da, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edip, şaýatlyk edýändigimizi unutmaýarys d. Adamlaryň nähili seslenýändigine garamazdan, biz Isanyň pygamberligini ýerine ýetirýäris we «Hudaýyň işdeşleri» bolmagy uly hormat saýýarys (1 Kor. 3:9). Eýsem, bu şatlanmaga degerli sebäp dälmi näme?!

«Gün dogup, ýaşýança»

20, 21. a) Zebur 113:3-däki sözler nädip ýerine ýetýär? b) Siz hasyl ýygymy babatda näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz we näme üçin?

20 I asyrda Isa resullaryna wagyz işiniň gaýragoýulmasyzdygyny düşündirdi. 1919-njy ýyldan bäri ol häzirki şägirtlerine-de muňa düşünmäge kömek edýär. Şol sebäpli Hudaýyň halky has yhlasly wagyz edýär. Hasyl ýygymy hiç haçan bes edilmedi. Zebur 113:3-de aýdylyşy ýaly, şu günler hoş habar «gün dogup, ýaşýança» wagyz edilýär. Hawa, gün dogup, ýaşýança, ýagny gündogardan günbatara çenli ýer ýüzüniň ähli künjeginde ekýänler we orýanlar bilelikde şatlanýar. Şeýle-de biz wagyz işiniň gaýragoýulmasyzdygyna düşünip, gün dogup, ýaşýança, ýagny ertirden agşama çenli yhlasly zähmet çekýäris.

21 Geçen 100 ýyla ser salanymyzda, Hudaýyň ujypsyzja gullukçylarynyň «güýçli millet» bolandygyna göz ýetirip, ýüregimiz şatlykdan dolýar (Iş. 60:5, 22). Goý, bu şatlyk we «hasylyň Hojaýyny» Ýehowa bolan söýgimiz bizi iň beýik hasyl ýygymy tamamlanýança, oňa yhlasly gatnaşmaga höweslendirsin! (Luka 10:2).

a Işaýa 59:1 Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.

b 1919—1992-nji ýyllarda hasyl ýygymynyň nädip amala aşyrylandygy barada köpräk bilmek üçin, «Ýehowanyň Şaýatlary — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» diýen kitabyň (rus.) 425—520-nji sahypalaryny okap bilersiňiz.

c Bu pygamberlik barada jikme-jik bilmek üçin, «Işaýanyň pygamberligi — ähli adamzat üçin nur» atly kitabyň (rus.) II tomunyň 303—320-nji sahypalaryna serediň.

d Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler hem muňa gowy düşünýärdiler. 1895-nji ýylyň 15-nji noýabrynda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýildi: «Ýygnalýan bugdaý az bolsa-da, hakykat barada örän köp şaýatlyk edilýär... Hoş habary hemmeler wagyz edip bilýär».